BIRINJI BAP DÜNÝÄNI DOST TUTMAKLYGYŇ AZABYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » BIRINJI BAP DÜNÝÄNI DOST TUTMAKLYGYŇ AZABYNYŇ BEÝANY

Abdylla ibn Apbasdan1 (Alla ondan razy bolsun!) aýdylýan rowaýatda pygamber aýdypdyr: Kyýamat güni perişdeleri we terezini Arşyň ýanynda goýarlar. Syrat köprüsi gylyçdan ýiti, gyldan inçe bolar. Ony azapdan doly dowzahyň üstüne çekerler. Ol dowzah garadyr we hemişe gaýnap durandyr. Halaýyklar onuň başyny we ahyryny bilmezler. Olaryň tenleri we gözleri hemişe aglamakda bolarlar. Garynlary aç, dodaklary gury bolar we ýüzlerini aşak tutup «nebsim-nebsim»2 diýerler. Hudaýtagaladan özlerine rahatlyk dilärler hem-de:

— Eý, bar Hudaýa, bizleri bu dowzah odundan we kösençlikden halas et! – diýerler.

Olar ýene:

— Biziň perzentlerimiz bilen işimiz ýok, olara her näme etseň Özüňiz bilersiňiz – diýerler. Şol wagtda biçäre adamlaryň hemmesine:

— Syrat köprüsine tarap ýöräň – diýen emr bolar. Ol syrat köprüsiniň uzynlygy üç müň ýyllyk ýoldur. Müň ýyl çykmak üçin, müň ýyl ýokarsy üçin, müň ýyl bolsa düşmek üçindir. Bu wakada Haktagala bizden para alyp hiç iş etmez. Her kim bu dünýäde näme iş eden bolsa beýik we päk Taňry ony her kimiň ýüzüne basyp aýdar. Ol wagtda kirame kätibeýn[1] iki mukarrap[2]perişde geler. Ol bende näme iş amal edipdir isle ýagşy, isle ýaman, bu ikisi olary amal depderine ýazyp durarlar we ony ol bendeleriň ellerine bererler. Ol gapyl bendeler bu amal depderini alarlar we ony açyp okarlar. Bu pany dünýäde her näme ýagşylyk we ýamanlyk eden bolsalar, olar onda hemmesini äşgär görerler. Ol bende bu pany dünýäde näme ýamanlyk eden bolsa, ony belent ses bilen okarlar. Ol gaty şermende bolar we şermendelikden ýaňa özünden gidip, ýaz ýagyşy dek zar-zar aglap puşman eder. Şol wagtda hiç kim oňa ýardam bermez.

Eý, musulmanlar! Biakyl günä etmekden saklanyň. Häli hem pursat bardyr. Toba geliň we Haktagala ybadat etmeklige meşgul boluň!

Azapdan doly kyýamat güni günä edenleri we tobasyzlary agladar. Ondan soň Beýik we päk Taňrydan: «Hemme kişi magşara taýýar bolsun» diýen perman bolar. Şol wagtda Hezreti Adam alaýhyssalamdan tä şu döwre çenli bolan halaýyklar direlerler we taýýar bolarlar. Şol wagt Allatagala öz emri bilen Güni naýza boýy ýere ýetirer. Ol naýza boýy bolup duran Günüň gyzgynlygyndan adamlaryň beýnisi misli gazan dek gaýnap, burnunyň deşiginden ot çykar. Adamlar derlärler we olaryň derleri suw dek akar. Adamlar öz derlerine gark bolarlar. Derden bolan suw olaryň birnäçesiniň dyz-bilinden bolar, birnäçesiniň bolsa damagyndan bolar. Bularyň gark bolmagynyň sebäbi dünýäni dost tutup söýenleri üçindir.

Her kim dünýäni söýmese ol ahyrýet belasyndan amanda bolar we arşy azymyň[3] saýasynda oturar.

Her kim pany dünýäde toplan baýlygyndan bendelere sarp eden bolsa, kyýamat güni halklaryň beýnisi gazan ýaly gaýnap duran mahalynda şol haýyr iş eden bende arşy azymyň saýasynda oturar.

Taňrynyň Resuly:

— Dünýä melgundyr[4]. Her kim Hudaýtagalanyň permanyny terk edip, melgun dünýä meşgul bolsa, ol hem melgun bolar – diýip aýtdy.

Ýene Taňrynyň Resuly:

— Kyýamat güni bir kişini getirerler. Ol bende maly halaldan ýygnap, harama harç eden eken. Şonuň üçin ony Haktagalanyň permany bilen dowzaha ibererler. Ýene bir kişini getirdiler. Ol bende maly halaldan ýygnap halala harç edipdir. Şol wagt Haktagala: «Ony hasaba alyp baryň we hasap soraň. Her bir teňňe we her bir däne üçin Syratyň üstünde durzup hasap soraň. Eger ol döwletli bendeler jogap berse, behişde ibererler. Eger jogap bermese, otdan doly dowzaha ibererler» diýip aýdar.

Ýene Allanyň Resuly:

— Her kim dünýäni talap etse, ahyrýeti golundan berer – diýip aýtdy.

Habarda şeýle aýdylypdyr:

Bir kişiniň gözi Harun Reşidiň[5] köşki-eýwanyna düşdi. Ol bende garyp derwüş:

— Eý, Harun Reşit! Dünýäde köşki-eýwanyň belent bolan eken. Ahyrýet öýüňi belent etdiňmi ýa etmediňmi? – diýdi.

Harun Reşit ol kişiden bu sözi eşidip misli ýaz ýagyşy dek zar-zar aglady we:

— Eý, Hudaýşynas adam! Maňa bir ýagşy nesihat bergin – diýdi. Ol derwüş garyp:

— Eý, Harun Reşit! Eger sen bir çölde galsaň we teşne bolsaň, hiç suw tapyp bilmeseň, ol demde bir suw satyjy bolsa we şol wagtda sen bir damja suwa näçe mal berersiň? – diýdi.

Harun Reşit:

— Eger bir damja ýeterlik suw berse, ähli malymy bererin – diýdi.

Ol derwüş:

— Eý, Harun Reşit, dünýäde bir sapar suwdan ganmak üçin ähli malyňy bermäge taýyn bolsaň, ahyrýetde suwsamazlyk üçin ähli malyňy näme üçin harç etmeýärsiň?! – diýdi.

Harun Reşit bu sözi eşidip zar-zar aglady. Şondan soň ol dünýäden umydyny üzüp, Haktagalanyň ybadatyna meşgul boldy.

Bir gün Hezreti Isa alaýhyssalam bir ýere barýardy.Ýolda oňa üç kişi hemra boldy. Olar Şam[6] welaýatyna ýetdiler we şol ýerde bir kerpiç altyny gördiler. Ol üç kişi şol altynyň ýanynda galdylar. Hezreti Isa alaýhyssalam ol ýerden gitdi. Ol gidenden soňra bu üç kişi maslahat etdiler we aýtdylar:

— Biziň maksadymyz hasyl boldy, indi biz nahar edineli – diýip, birisini şähere tagam getirmäge iberdiler. Ikisi bolsa şol altyn kerpijiň gaşynda galyp maslahat etdiler. Olar:

— Biz ikimiz altyny bölüşip alaly we ony bolsa öldürelin – diýip taýak häzir edip goýdular. Ol tagam üçin barýan biçäre şähere girdi. Şol wagt onuň köňlüne bir hyýal geldi we:

— Ol altyny üçe bölmän, olary öldürip hemmesini ýalňyz özüm alaýyn – diýip, tagama zäher goşup alyp geldi.

Tagamy ol ikisiniň öňünde goýan wagtynda olar muny urup öldürdiler. Ondan soň ol ikisi:

— Biziň maksadymyz hasyl boldy, gel, indi nahar iýeli – diýip maslahatlaşdylar. Olar tagamy alyp iýdiler we şol wagt ikisi-de jan berdiler. Şol wagt Hezreti Isanyň ýoly ýene-de şol ýerden düşdi. Görse, şol üç kişi altynyň gaşynda ölüp ýatyr. Hezreti Isa alaýhyssalam aýtdy:

— Eý, melgun dünýä! Olaryň gollaryna girmänkäň, olar jan berdi. Eger gollaryna giren bolsaň, imanlaryndan aýrylardy – diýip olardan daşlaşdy.

Zeýt bin Sabyt1:

— Her kim dünýä meýil etse, dünýä hem ahyrýet işiniň bereketi bolmagaý – diýdi.

Hezreti Omar (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Men bir gün Taňrynyň Resulynyň ýanyna bardym. Taňrynyň Resuly gamyş sekiniň üstünde ýatyrdy. Sekiniň gamyşlary onuň mübärek ýüzüne batyp durdy. Men muny görip köp-köp agladym. Allanyň Resuly:

— Eý, Omar, näme üçin aglaýarsyň? – diýdi.

Şol wagt men aýtdym:

— Ýa Resulalla, şu sagat siziň patyşalaryňyzyň patyşasy Kesra2 patyşasyndan zyýadadyr. Olar rahatda boldular. Emma Siz rahatdyr eşreti terk edipsiňiz – diýdim.

Şol wagtda Allanyň Resuly:

— Eý, Omar, olar ahyrýet rahatyny dünýä satdylar. Biz dünýä rahatyny ahyrýete satdyk – diýdi.

Her kim bu dünýäden rahatlyk gözlese, onda ahyrýetde oňa rahatlyk ýokdur.

Her kim dünýäni terk etse, onda oňa ahyrýetde rahatlyk bolar. Her kişi dünýäni terk etmese, Haktagalany tapmaz – diýdi.

Dünýäni terk etmekligiň manysy budur:

— Her kim Hudaýtagala üçin adamlara zat berse, biz ony dünýäni terk etdi diýip hasap ederis – diýdi.

Jabyr ibn Abdylla Ensary1 (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat etdi:

Men bir gün Allanyň Resulynyň ýanynda otyrdym. Şol wagtda bir çarwa arap geldi. Alla Resulyna salam berdi. Salamdan soň ol çarwa arap:

— Eý, Allanyň Resuly, dünýä niçik zatdyr? – diýip sorady.

Resul alaýhyssalam:

— Eý, çarwa arap, dünýä melgundyr. Näletsiňen şeýtanyň dowzahydyr. Halklar ol dowzaha düşüp, giriftar bolarlar – diýdi.

Ýene ol çarwa arap:

— Eý, Allanyň Resuly, ahyrýet niçik zatdyr? – diýdi.

Allanyň Resuly:

— Eý, çarwa arap, ahyrýet iki dürli bolar. Biri jennet öýüdir. Ol pygamberleriň, möminleriň we müritleriň we sopylaryň öýüdir. Ýene biri – onuň ady dowzahdyr. Ol kapyrlaryň, ikiýüzlileriň, zalymlaryň we dinsizleriň öýüdir – diýdi.

Ýene çarwa arap:

— Eý, Allanyň Resuly, ymmatlaryň ýagşysy haýsy ymmatdyr? – diýdi.

Resulalla aýtdy:

— Meniň ymmatlarymyň ýagşysy Hudaýtagalanyň emrini we sünnetini berjaý edýän kişidir – diýdi.

Rowaýatda aýdylşyna görä, Beni Ysraýylda bir är bardy. Onuň hiç dünýäsi ýokdy. Diňe bir hyrkasy (derwüşleriň geýýän geýimi) we bir müşgi bardy. Ol bir gün öler wagty bir kişä wesýet etdi:

— Meniň hyrkam bilen müşkümi zamananyň patyşasyna alyp baryň. Eger ol: «Derwüş näme üçin maňa hyrka bilen müşküni iberdi?» diýse, onda siz oňa:

— Bir derwüş Kyýamat güni bu hyrka bilen müşkümiň hasabyna tagatym ýokdur – diýip size iberdi. Ol: «Çünki kim özi ölmän malyny ýok etse, ony hasaba tutmagaýlar» diýdi diýiň – diýdi. Ondan soň ol adam bu hyrka bilen müşki zamananyň patyşasynyň ýanyna alyp bardy.

Zamananyň patyşasy:

— Näme üçin ol derwüş bize bu hyrka bilen müşküni iberdi? – diýdi.

Ol adam:

— Bu hyrka bilen müşkümiň hasabyna tagatym ýokdur diýip iberdi – diýdi.

Patyşa bu sözi ol kişiden eşidip, pikirlenip, başyny aşak salyp durdy. Bir wagtdan soň başyny göterdi we:

— Eý, jemagat! Bu derwüş bir köne hyrka bilen müşküniň hasabyna tagat getirmändir. Özi ölmänkä bu hyrka bilen müşküni sarp edipdir. Men bu ýurt we bu dünýäniň hasabyny niçik bererin? – diýip, jaýyndan turup jemi mallaryny Hudaýyň razylygy üçin biçärelere paýlady. Ol öten işlerine puşman edip, toba geldi. Şol wagtda onda bir ahy dert-alada peýda bolup, jany çykdy. Perişdeler gelip onuň ruhuny Allanyň ýanyna alyp bardylar.

Şyh Hasan Basrydan1 (Alla ondan razy bolsun!) aýdylan rowaýatda Hezreti Hydyr alaýhyssalam: «Men bir gün zamananyň patyşasynyň ýanyna bardym. Oňa nesihat etdim we:

— Eý, zamananyň patyşasy! Hudaýdan gorkgul we habardar bolgul. Çünki Hudaýtagala Gurhanda: «Hudaýyň kuwwaty örän berkdir we güýçlidir» diýip aýdypdyr. Ol ýene:

— Meniň bir gün bu şähere ýolum düşdi. Ol şäheri zyýada uly we abadan şäher gördüm. Halky örän köpdi. Men ondan ötüp gitdim. Men gidenden soň aradan üç ýüz ýyl ötdi we ýene dolanyp geldim. Görsem, ol şäheriň özüni derýa alypdyr. Bezirgenler ol derýadan geçip bilmän durlar. Ondan soň men ýene gitdim. Ýene bu aradan ýüz ýyl ötdi. Men ýene ol şähere gaýdyp geldim. Gördüm, derýa gurapdyr. Bu ýerde doňuzlar, şagallar, ýolbarslar we dürli-dürli haýwanlar jaý edinipdirler. Adamlar olary awlap durlar. Men bulary görüp, ondan soň ýene gitdim. Ýene bu iki aradan ýedi ýüz ýyl ötdi. Men ýene şol ýere geldim. Gördüm, ol jeňňellikler ýok bolupdyr. Ol janawerler ol ýerden gidipdirler. Halklar ýene ol ýerde täzeden şäher bina edipdirler. Oňa patyşa saýlapdyrlar. Bagy-bossanlyk bolupdyr. Men ondan soň ýene gitdim. Ýene bu aradan bäş ýüz ýyl ötdi we ýene men gelip seni gördüm. Indi bolsa sen tagatda otyrsyň – diýdim.

Men ýene:

— Eý patyşa, waka şunuň ýaly bolup durar. Sen Haktagala bilen bolgul. Sen ömrüňi biderek ötürmegil. Bu ýurt we patyşalyk senden we hemmelerden öter – diýdim.

Şol wagtda patyşa Haktagala tagzym etmek bilen:

— Eý, derwüş! Herne aýdanyňy kabul etdim –diýdi.

Bu sözden soň patyşa:

— Eý, derwüş siz nähili adamsyňyz? – diýdi.

Onda ol:

— Men hoja Hydyrdyryn. Men nesihat edip ýörün – diýip, gözden gaýyp boldy.

Şol wagt patyşa pikir etdi we bir zamandan soňra ýurduny Hudaýtagalanyň razylygy üçin pakyrlara sarp etdi we Haktagalanyň ýagşy ýoluna düşdi. Köp sagat ötmän Haktagalany tapdy. Elbetde, şunuň ýaly eden kişi Haktagalany tapar.

 



1Abdylla ibn Apbas ibn Abdylmutallyp ibn Haşym ibn Abdy Menaf (688-nji ýylda Taýyfda ölýär). Pygamber alaýhyssalamyň dolanany.

2Özüm-özüm diýip öz aladalaryny ederler.

[1]Kirame kätibeýn - her bir adamyň iki egnindäki onuň amallaryny ýazýan iki perişde.

[2]Mukarrap -Taňra ýakyn bolan.

[3]Arşy azym - Hudaýyň beýik mertebeli arşy.

[4]Melgun - näletlenen.

[5]Harun Reşit – Apbasylar neberesinden bolan meşhur halypa (808-nji ýylda ölýär.)

[6]Şam - Siriýa.

1Zeýt bin Sabyt - pygamber alaýhyssalamyň kätibi (666-njy ýylda ölýär).

2Kesra – Eýran şasy Hysrow şa (597-628).

1Jabyr bin Abdylla Ensary–beýik sahabalaryň biri. Ol Uhud söweşinde 625-nji ýylda ölýär.

1Hasan Basry - tabygynlaryň (sahabalary gören alymlaryň) biri (641-731 ý.).