IKINJI BAP TERKIDÜNÝÄLIGIŇ WE TAKWALYGYŇ (DÜNÝÄ HÖWES BILDIRMEZLIGIŇ) BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » IKINJI BAP TERKIDÜNÝÄLIGIŇ WE TAKWALYGYŇ (DÜNÝÄ HÖWES BILDIRMEZLIGIŇ) BEÝANY

Allanyň Resuly hemişe aç gezerdi we nan iýmezdi. Bir gün Hezreti Äşe (Alla ondan razy bolsun!): «Men Resul Hudanyň garnyna golumy saldym we ony zyýada aç gördüm. Şol wagt meniň Allanyň resulyna rehimim geldi. Men köp-köp agladym we:

— Eý Allanyň Resuly! Meniň bu janym saňa pida bolsun! Bu dünýäniň tagamyndan bir mertebe kemsiz datsaňyz näme bolardy? – diýdim.

Allanyň Resuly:

— Eý Äşe, pygamberler we olaryň atalary Taňrynyň erk-karar beren şasydy. Bizden öň hem köp pygamberler dünýäden ötdüler we adamlar olardan köp-köp keramatlary görüpdirler. Olar bu derejeleri açlykdan we berhizkärlikden tapdylar. Eger men bu dünýäniň nygmatyndan doýsam meniň derejäm olardan kem bolar diýip gorkýaryn – diýdi.

— Eý Äşe! Bu gün sabyr edeýin. Bu dünýäniň açlygyndan gorkmaýyn. Sebäbi men doganlarymdan kem bolmaýyn – diýdi.

Resul Huda ýene:

— Ahyrzamanda meniň ymmatym dört bölek bolar. Bir bölegi göge (asmana) meňzär. Olar maňa gelen ylmy okap amal ederler. Ýene bir bölegi Aýa meňzär. Olar ylym talap edip ol ylmy öwrenerler. Ýene bir bölegi ýyldyzlara meňzär. Olar meniň ymmatymyň alymlarynyň mejlisinde bolup oturarlar. Kyýamat güni bu üç dürli halk meniň bilen anbar ysly behişde girerler.

Ýene bir bölegi bardyr. Olar gara doňuza meňzärler. Gara doňuzyň pişesi bolsa, nejasat ýygnar. Ahyr hem şol nejasatyň teýinde galyp ýok bolarlar.

Ýene bir bölegi bolsa, hemişe dünýäni[1] talap ederler. Dünýäni köp-köp ýygnarlar we haýyr-yhsan etmezler. Belki olar ol dünýäden özlerine ýa-da perzentlerine hem sarp etmezler we şol iş bilen hem dünýäden öterler. Eger olaryň ol ýygnan maly halal bolsa, hasabyny bererler. Eger maly halal bolmasa azabyny görerler. Ol malyň rahatyny bolsa miras eýeleri görerler – diýdi.

Resul huda ýene:

— Her kim kyýamata müňkir bolsa, ol bendäniň alty nyşanasy bolar.

Birinji: Onuň köňlünde rehimdarlyk bolmaz. Ikinji: musulmanlaryň we ýetimleriň malyny iýer. Üçünji: dünýäni dost tutar we söwdagärlik eder. Söwdagärligiň nyşany budur. Kim birini ikä berer we söwdasyny nädürs eder. Dördünji: Binamaz ýörerler. Bäşinji: Käwagt namazyny okarlar, käwagt okamazlar. Altynjy: Galladan hüşür bermezler. Her kim kyýamaty ykrar etse, alty işiň haýry ol bendede hasyl bolar – diýdi.

Allanyň Resuly ýene:

— Dört zat adamlaryň köňlüni öldürer. Birinji dünýäni dost tutmak we söýmek. Dünýäni söýmegiň nyşany budur:

Birinji, peýdasyz sözleri köp sözlemek. Peýdasyz sözleri köp sözleseň köňül öler. Ikinji zalymlar we bozuklar bilen oturmak. Üçünji haram tagam iýmek. Dördünji köp-köp sözlemek köňlüň doňýürekliliginiň nyşanydyr.

Köňül salamatlygynyň nyşany budyr:

Owwal çirkden we ikiýüzli möminleri duşman tutmakdan we harsydünýäden, dini nadanlykdan azat bolar we hemişe musulmanlyk yzlap ýörer.

Ýene özüne Haktagaladan başgany hemaýatçy etmez.

Ýene eger ol bendäniň perzendi, ýa maly bir tarap bolsa hem gamda bolmaz we howpda galmaz. Beýle bende tagat we ybadat etse hem:

— Men tagat we ybadat etdim – diýip öwünmez. Hergiz zyna etmez. Ýene ol bendäniň hergiz günä etmäge meýli bolmaz. Çünki hemişe şek we şikaýata köňli we dili barmaz – diýdi.

Ýene Allanyň Resuly:

— Her kim Haktagala hyzmat etse dünýä hergiz meýli bolmaz. Dünýä meýil etmedigiň nyşanasy budur. Ol: «Haktagalanyň herne berip duranyny özüne, maşgalasyna we ähline, halka sarp etse, onuň baýlyga meýli ýok diýip hasap edýäris» diýer. Onuň ýaly kişiniň ýanyna baryň we pent-nesihatlaryny eşidiň – diýdi.

Ýene Allanyň Resuly:

— Her kim anbar ysly behişdi höweslese, takwalyk etsin – diýdi.

Allanyň Resulyndan şeýle sowal soradylar:

— Eý Allanyň resuly! Haýsy kişiler takwadyr? Allanyň Resuly:

— Biz kim ölümini, Müňkir Nekiriň sowalyny, mizan terezisini we Syrat köprüsini unutmasa, şol kişä takwa diýeris – diýdi.

Hezreti Isa (Alla ondan razy bolsun!) bir daşa başyny goýup, ondan rahat bolupdy. Şol halda nälet siňen şeýtan gelip:

— Eý Isa, men dünýäden hiç peýda almazdym – diýip aýdardyň. Daş dünýäden dälmi? – diýdi.

Şol wagt Hezreti Isa ol daşy alyp nälet siňen şeýtana tarap zyňdy we ol:

— Bu daş hem saňa bolsun – diýdi.

Hezreti Isa orazadardy. Ol bir gün güneşde ýatyrdy. Bu haly görip halaýyklar:

— Eý Allanyň Resuly! Biziň hemmämiz siziň başyňyza saýa bolaly – diýdiler.

Olar Hezreti Isa saýa etmäge girişdiler we ony taýyn etdiler. Ondan soň:

— Eý Allanyň Resuly saýa ýörüň – diýdiler.

Hezreti Isa ol saýa bardy. Görse örän ýagşy ýer eken. Hezreti Isa:

— Eý päk Alla, men bu kowumdan däldirin – diýdi we şol wagt ol ýerden gitdi, ölýänçä öýe girmedi we hiç onuň ýaly ýerde rahatlyk tapmady. Hergiz tenlerine täze don geýmedi, at münmedi, hergiz nan iýmedi we hergiz gije röwşen jaýda oturmady. Hergiz hoş boýly nemerseleri ysgamady. Hergiz mübärek tenlerine düşek düşemedi. Hergiz nahar wagty boldy diýip nahar üçin gam iýmedi. Hergiz dünýäniň ýagşy nygmatlaryny, we zynatly lybaslaryny arzuw etmedi. Haktagaladan her ne gelse, şükür edip razy boldy. Çünki ol orazadardy. Gije-gündüz namaz okardy we şonuň bilen hem dünýäden ötdi.

Ibn Mesgutdan getirilen rowaýatda Allanyň Resuly aýtdy (Alla ondan razy bolsun!).

Bir gün Isa bir daga bardy. Görse, dagyň bir burçunda bir abyt[2] oturyp, Haktagala ybadat edýärdi. Ol abydyň öňünde bir çeşme akyp ýatyrdy. Ol abyt bu çeşmeden täret alýar ekeni. Abydyň öňünde bolsa bir bag bar ekeni. Ol abyt ol bagdan iýmit ediner ekeni. Şol wagtda Hezreti Isa ol abyda salam berip, onuň ýanyna geldi. Salamdan soň Hezreti Isa ol abytdan: – Eý berhizkär, sen bu jaýda näçe ýyl bäri tagat we ybadat edýärsiň? – diýdi.

Şol wagt ol abyt:

— Segsen ýyldan bäri bu dagyň başynda tagat we ybadat edýärin. Emma Hudaýtagaladan näçe hajatymy dilesem-de rowa bolman dur – diýdi.

Şol wagt Isa alaýhyssalam täret aldy. Iki rekagat namaz okady we namazyny tamam edenden soň aýtdy:

— Eý bar Hudaýa! Bu bendäniň her ne hajaty bolsa, sen öz keremiň bilen rowa etgeý – diýip gitdi.

Ondan soň birnäçe wagt ötdi. Ýene bir gün Isa alaýhyssalamyň ýoly şol ýerden, ol abydyň jaýyndan düşdi. Hezreti Isa ol ýere bardy. Görse, ol çeşme gurap, baglar harap bolupdyr. Muny görip Hezreti Isa:

— Eý bar Hudaýa! Men ol bendäniň hajatyny rowa et diýip aýtdym. Ol bendäniň çeşmesini we bagyny gurat diýmedim – diýdi.

Şol wagt Haktagaladan şeýle owaz geldi.

— Eý Isa ol bende tä rahatlykdan aýrylmaýança, onuň hajaty rowa bolmaz. Eý Isa! Eger sen tomaşa edeýin diýseň ol abydyň ýanyna bar. Ol pylan ýerdedir. Isa alaýhyssalam ol abydyň bolýan ýerine bardy. Ol abydy gördi. Isa belent owaz bilen oňa gygyrdy. Ol abyt jogap bermedi. Şol wagt Haktagala: «Eý Isa! Bu bende meniň bilen meşgul bolup dur. Ol diňe maňa ybadat etmeklige başagaýdyr. Eger şu wagt ony gylyç bilen paralasaň-da ol senden habar almaz» diýdi. Hezreti Isa: «Eý bar Hudaýa, meni hem şol bende ýaly etseň ne bolar» diýdi. Şol wagt Haktagala: «Eý Isa! Seniň bu bende ýaly bolmagyň üçin köp işler we köp wagtlar gerekdir» diýdi. Hezreti Isa: «Eý perwerdigärim! Bu bende meniň dilegimiň bereketinden bu derejä ýetdi. Men munça bolubilmerin» diýdi. Haktagala: «Eý Isa, meniň bendelerimiň dilegi ýene bir bendäm üçin kabul bolar. Onuň üçin bir bendämiň hajaty düşse we ýene bir bendäme baryp maly jany bilen yhlas etse, ol bendämiň hajatyny rowa ederin» diýdi.

Bu sözden mälim boldy kim bir möminiň dilegi ýene bir mömine kabul bolar.

Hezreti Isanyň derejesi bolsa hiç weliniň makamyndan kem däldir – diýdi. Pygamber bu sözi bendelere ybrat[3] üçin aýdypdyr.

Hezreti Isa ol ýerden ötüp ýene bir daga barypdyr. Görse ol dagyň güneşinde bir adam Hudaýtagala tagat we ybadat edip otyr. Hezreti Isa ol adama salam berdi. Ol adam jogap berdi. Şol wagt Hezreti Isa:

— Eý derwüş! Näme üçin sen özüňe ybadathana etmediň? – diýdi.

Ol derwüş:

— Eý Isa! Men Resul Hudadan Seniň ömrüň ýüz ýyl diýip eşitdim. Maňa ýüz ýyllyk ömrüm üçin tagat we ybadathana salyp Haktagaladan gapyl bolmaga ne hajat bar – diýdi. Hezreti Isa:

— Eý derwüş, indi ahyrzaman pygamberi peýda bolar. Onuň ymmatynyň köpüsiniň ömri 60 bilen 70-den artyk bolmaz. Emma olar saraý we köşki eýwanlar bina ederler. Olaryň ol saraý we köşki eýwanlary tiz harap bolar – diýdi.

Ol derwüş: – Eger men ol zamanda bolsadym, tä ömrüm ahyr bolýança, başymy sejdeden hergiz götermezdim – diýdi. Ondan soň ol adam ýene:

— Eý Isa! Bu derä girgil. Bu derede bir gör bardyr. Sen ondan habar algyl – diýdi.

Hezreti Isa ol derä bardy. Görse bir gör bar. Ol görüň üstünde bir tagta bar. Ol tagta bir hat ýazylypdyr. Ol hatda şeýle diýilýär: «Kim men, Beni Ysraýylyň patyşasydym. Men müň ýyl dünýä ýygdym we müň ýyl patyşalyk sürdüm. Indi meniň bolanym bu boldy. Her kim meni görse, many alsyn».

     Äşe (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy: Bir gün atam Abu Bekr Syddygyň (Alla ondan razy bolsun!) öler wagty ýakyn geldi. Atam – Taňry bizi musulmanlara halypa etdi. Biz musulmanlardan bir dinar hem almadyk. Biz ýagşy tagam iýsek diýmedik. Bizde köp arzuw bolmady. Bizden diňe bir hebeşi gul bilen bir düýe galdy – diýdi. Atam bize: «Siz bulary Hezreti Omara tabşyryň» diýdi. Biz muny ýanymyz bilen getirdik. Indi bolsa size tabşyrýarys diýiň – diýdi.

Elkyssa, Abu Bekr Syddyk (Alla ondan razy bolsun!) pany dünýäden ötdi. Ol dünýäden ötenden soň Hezreti Äşe atasynyň wesýetini berjaý etdi. Ol hebeşi gul bilen bir düýäni Hezreti Omara destur boýunça tabşyrdy. Şol wagt Abdylla ibn Awf[4] (Alla ondan razy bolsun!) häzir boldy. Ol aýtdy:

— Eý Omar, Hezreti Abu Bekr Syddygyň öýlerinde hiç zat galmady. Sen bu hebeşi gul bilen düýäni gaýdyp özlerine ber – diýdi.

Hezreti Omar:

— Abu Bekr Syddyk kyýamatda agyr günüň hasabyndan we azabyndan gorkup, bize wesýet edip tabşyrypdyr. Bize indi onuň wesýetlerini mäkäm tutup, bozmazlyk galýar – diýdi.

Eý bendeler, öten ulularymyz şonuň ýaly bolupdyrlar. Siz jemagatlar hem gapyl bolup, bu dünýäni mäkäm tutup Hudaýtagala üçin haýyr we sahawat etmän ahyrýetden aýrylyp, Resul Hudanyň ýanynda şermende bolmaň.

Men Resul Hudadan eşitdim.

Resul Huda:

— Her bende öz rysgalyna kanagat edip, razy we hoşwagt bolsa, onuň az tagat we ybadatyna hem razy bolaryn – diýdi.

Resul Huda ýene:

— Kyýamat güni üç dürli jemagatda hesret we ökünç köp bolar. Birinji: Hojasy bozuk bolsa, bendesi Hudanyň razylygynda we hoşnutlygynda bolsa, çünki ikisi ahyrýete barsalar hojasy dowzaha barar, bendesi anbar ysly behişde barar. Ikinji: Ol kişi dünýäde maly köp ýygyp, haýrat etmese, ol maly mirasdüşerler alyp haýyr-yhsan etseler, kyýamat güni şol malyň hasabyny we azabyny ol kişi çeker. Mirasdüşerler haýyr edeni sebäpli behişde bararlar. Üçünji: Alymlar okap ol ylym bilen amal etmeseler, emma öwredenleri amal edenleri sebäpli kyýamat güni nygmatdan doly behişde barar, ol ussdady bolsa dowzaha barar. Mundan ýaman hesret, mundan ýaman ökünç bolarmy? – diýdi.

Eý gapyl bendeler munuň ýaly pursatlardan sizler habardar boluň.

Rowaýat etdiler: Bir kazy bardy. Ol kazy Mübärek atly bir guly satyn aldy.

Kazy ol gula:

— Eý Mübärek! Sen bagban bolgul. Maňa seniň hyzmatyň şol bolsun – diýdi.

Bir gün kazynyň öýüne köp ulamalar geldi. Kazy ol myhmanlary Mübäregiň bagbançylyk edýän bagyna alyp bardy. Myhmanlar baga gelip düşdiler.

Eýse, kazy Mübärege:

— Eý Mübärek, myhmanlara üzüm alyp gelgil –diýdi.

Şol wagt Mübärek baga girip üzüm getirdi. Ol jemagatlar üzüm iýdiler. Eýse üzümiň hiç tagamy ýokdy. Şol wagt myhmanlar:

— Bu üzümiň tagamy ýok eken – diýdiler.

Kazy:

— Eý Mübärek, tagamly üzümden üzüp getirgil – diýdi.

Şol wagt Mübärek aýtdy:

— Eý kazy, men tagamly haýsy, tagamsyz haýsy bilmeýärin – diýdi.

Şol wagt kazy:

— Sen bu baga birnäçe wagtdan bäri bagbanlyk edip ýörsüň. Hiç üzüm datmadyňmy? – diýdi.

Onda Mübärek:

— Eý musulmanlaryň kazysy! Siz maňa bu baga bagban bol! – diýdiň. Bu bagdan üzüm iýgil diýmediňiz – diýdi.

Şol wagt kazy:

— Hawa, diýmedim – diýdi.

Ol oturan ulamalar we jemi halaýyklar kaza haýran galdylar. Şol halda kazy:

— Eý Mübärek! Men seni bu ýagşyzadalaryň huzurynda azat etdim – diýdi.

Kazy myhmanlaryny ugradyp, öýüne geldi. Bir sagatdan soň kazy Mübäregi çagyrdy we:

— Eý Mübärek, men gyzymy saňa berdim – diýdi. Mübärek:

— Eý kazy! Musulman men. Men hem kabul etdim – diýdi. Kazy ikisini bir öýe saldy. Mübärek dört güne çenli ol gyza gol uzatmady. Ahyr ol gyz Mübäregi tutdy we:

— Eý Mübärek! Atamyň eden işi azmy? Ol meni işigindäki gula berdi. Bu işiň üstüne munyň ne işdir – diýdi.

Şol wagtda Mübärek:

— Eý janym, eý gözümiň nury, ataň-eneň kazylygyň nygmatyny köp iýdiler. Sen şol nygmatdan iýip ulaldyň. Biz iki kişi är we hatyn bolmagymyzyň manysy budur: «Perzendiň ata-enä dileg etmegi gerek. Seniň teniňde şypaly tagamyň kuwwaty bar mahalynda söhbet etmek bilen perzent bolsa, ol perzent saňa we maňa dileg etmäge ýaramaz. Sen kyrk güne çenli sabyr et. Kyrk gün tamam bolandan soň men saňa bir tagam bereýin we ondan soň biz söhbet edeli. Men şaýat, biz ikimizden perzent bolsa, şol perzent bize dileg etmäge ýarar – diýdi. Şol wagt gyz: – Ýagşy bolar – diýdi.

Mübärek kyrk güne çenli hammallyk edip ol gyza halal tagam berdi. Kyrk günden soň söhbet etdi. Onuň bir ýagşy ogly boldy. Ol oglanyň adyna Abdylla[5] goýdy. Ol alymlar we dana adamlaryň arasynda boldy. Birnäçe wagtdan soň Abdylla kethuda boldy.

Bir gün birnäçe adamlar myhman bolup Abdyllanyň öýüne geldiler. Ol şol wagt golunda her ne bar bolsa, myhmanlara sarp etdi. Emma hatyny gowga etdi. Abdylla şol wagt:

— Eý hatyn, myhman Haktagalanyň iberen sowgadydyr. Kim myhmany sylasa Haktagala ol bendäni iki dünýäde-de sylar. Eger myhman üçin meniň bilen gowga etseň, sen menden talak – diýdi.

Şol wagt hatyny talak bolupdyr.

Bir gün Abdyllanyň mejlisine bir gyz geldi we Abdylladan emr mägruf[6] eşitdi. Abdyllanyň aýdan emr magrufy ol gyza köp-köp hoş ýarady. Ol gyz emr mägruf gutarandan soň öz öýüne geldi. Şol wagt atasyna kişi iberip:

— Meni atam Abdylla berse, neneň bolar – diýdi.

Ol kişi şol wagt baryp gyzyň atasyna şirin söz bilen:

— Eý Taňryny tanaýan adam. Seniň gyzyň şunuň ýaly arz etdi – diýdi.

Atasy:

— Ýagşy bolýar – diýip, gyzyny Abdylla bermäge razy boldy.

Ol gyzy bilen Abdylla iki müň tylla berdi. Ol gije Abdylla düýş gördi. Düýşünde gulagyna bir owaz geldi.

Ol owazda:

«Eý Abdylla, sen meniň üçin hatynyňy talak etdiň. Men saňa onuň üçin bir hoşraý we päkize hatyn iberdim» diýdi.

Eý möminler, eý jemagatlar, Hudaýtagala üçin iş edenler elbetde hiç zatdan mahrum we näumyt galmazlar. Enşalla.



[1]Dünýä - mal, baýlyk.

[2]Abyt - Taňrynyň ybadatyna meşgul bolýan adam.

[3]Ybrat – öwüt - nesihat.

[4]Abdylla ibn Awf - sahabalaryň biri.

[5]Abdulla ibn Mübärek Merwezi - Merwli türkmen alymy, köp kitaplaryň ýazary, sahy adam we edermen esger. Ol 737-nji milady ýylynda Merwde doguldy we 798-nji ýylda Bagdadyň golaýynda ýerleşen Heýt şäherinde rumlular bilen bolan söweşden gaýdyp gelýärkä ýolda öldi. Onuň gabry şol şäherdedir.

[6]Emr magruf - ýagşy işleri etmeklik üçin ündew.