ÜÇÜNJI BAP HAKTAGALANY ÝATLAMAGYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ÜÇÜNJI BAP HAKTAGALANY ÝATLAMAGYŇ BEÝANY

Abu Hüreýre[1] (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Men Resul Hudany[2] gördüm. Resul Huda:

— Haktagala perişdeleri ýaradypdyr. Ol perişdeler dünýäni seýran edip ýörler. Eger olar ylym mejlisini tapsalar biri-birine habar bererler – Biz Hudaýtagalanyň dost bendesini tapdyk. Aşak düşüň, bulara dileg ediň – diýerler. Ol perişdeler ol jemagatlara dileg ederler. Ondan soň asmana çykarlar. Asmana çykandan soň Haktagala:

«Eý perişdelerim! Siz meniň ol bendelerimi näme işläp ýörkä gördüňiz. Haýsy ýolda gördüňiz (erbetlikdemi ýa-da gowulykda) we näme bilen meşgul bolup ýörkä gördüňiz» diýer.

Perişdeler:

— Eý Taňrymyz! Seniň özüň ýagşy bilýärsiň, bendeleriň ylym öwrenip we seniň ýadyňy edip otyrlar – diýer.

Onda Haktagala: «Eý perişdelerim olar näme dileýärler» diýer.

Perişdeler:

— Eý Taňrym! Sen dana sen, görüji sen. Olar senden rehmet dileýärler – diýdiler.

Ondan soň ýene owaz geler: «Eý perişdelerim olar anbar ysly behişdi göripdirlermi?».

Perişdeler:

— Eý bar Hudaýa, görmändirler – diýerler. Hudaýtagala ýene: «Eý perişdelerim! Eger bendelerim anbar ysly behişdi görseler mundan hem beter bendeçilik[3] ederdiler» diýip aýdar.

Ýene-de owaz geler: «Eý perişdelerim! Ol mejlisde nämeden gorkup aglaýarlar».

Şol wagt ol perişdeler ol owazdan soň:

— Eý bar Hudaýa, sen gizlin we syrly zatlary biliji sen! Seniň ol bendeleriň dowzah odundan gorkup aglaýarlar – diýip aýdarlar.

Haktagala: «Eý perişdelerim, olar dowzah oduny göripdirlermi?».

Perişdeler:

— Görmändirler – diýerler.

Haktagala: «Eý perişdeler, siz hemmäňiz güwä boluň! Anbar ysly behişdi ol jemagatlara berdim we hemmelerini dowzahyň odundan halas etdim. Men olaryň jemini ýalkadym» diýer. Perişdeler bolsa:

— Eý bar Hudaýa, olaryň arasynda köp günälileriň hem siziň razylygyňyz üçin gelenleri bar – diýerler.

Haktagala: «Eý perişdelerim, her niçik hem bolsa şol mejlise, gelen jemagatlar hudaýhon bendelerdir. Siz güwä boluň, men olary ýalkadym we olaryň günälerini sogaba öwürdim. Onuň üçin olar ýagşy jemagatlar bilen oturypdyrlar. Her wagt günäkär bolan bolsalar hem ol mejlisde bolanlygy sebäpli olary hem ýalkadym» diýer.

Hezreti Omar:

— Eý jemagatlar, owwal edep öwreniň, ondan soň ylym okaň. Edep ylymdan belent durýar, çünki edepsiz ylym okasaňyz ol ylymdan peýda hasyl bolmaz. Eger kişi sopylyk edebini bilmese, hergiz derejeli bolup bilmez. Çýnki bendäni tagaty we ybadaty jennete dartar. Bendäniň edebi bolsa Haktagala dartar – diýdi. Bu ýerden edebiň tagat we ybadatdan güýçli ekenligi mälim boldy. Muny hemmeleriň bilmegi gerekdir – diýdi.

Hezreti Omar ýene:

— Iman misli bäş derwezeli şähere meňzär. Ol şäheriň owwalky derwezesi tylladandyr, ikinji derwezesi kümüşdendir, üçünji derwezesi demirdendir. Dördünji derwezesi kerpiçdendir. Bäşinji derwezesi laýdandyr. Ol derwezeleri saklap duran kişi mäkäm durup, başgalardan umydyny üzer we özge derwezeden kireý almaz. Eger ol derwezeçi biperwaýlyk edip laýdan derwezesini duşmana berse, duşman – demir derwezäni hem, kümüş derwezäni hem alaryn – diýip umyt eder. Imanyň hem bäş derwezesi bardyr. Owwal ykrar derwezesi, ikinji tassyk derwezesi, üçünji parz derwezesi, dördünji wajyp derwezesi, bäşinji sünnet derwezesi. Şeýle hem kabul edilen edep derwezeleri bardyr. Her mömim bende edebi özi bilen saklasa, şeýtan ondan umyt üzer. Eger bende edebi terk etse, şeýtan ondan umyt eder, parz, ykrar we tassygy bozar – diýdi.

Her mömim bende ylym okasa, ýa sopuçylyk etse, ondan öňürti edebi berjaý etsin. Ondan soň Haktagalanyň ady bilen meşgul bolsun. Eger ol Alla zikr aýdar bolsa, täretli bolup, ýüzüni kybla tutup, «Ettehiýýaty» okan wagtynda niçik oturýan bolsa şonuň ýaly halda oturar.

Zikr aýtmaklygyň bäş şerti bardyr. Birinji, Allatagalanyň halamaýan zatlaryny görmekden gözüni saklasyn. Ikinji, Allatagalanyň eşidesi gelmeýän zatlaryndan gulagyny saklasyn. Üçünji, Allatagalanyň halamaýan sözlerinden dilini saklasyn. Emma dil saklamak uly işdir. Hudaýyň ýolundaky adam gadagan sözlerden dilini saklamasa, eden zikri we pikiriniň hemmesi şeýtanyňky bolar, olaryň oňa peýdasy degmez. Dördünji, Hak tagamyny arassa etgeý, haram şübheden, hususan haramdan saklanmak gerek. Allanyň ähliniň tagamyna mäkäm bolmagy gerek. Haram tagam iýme. Haram söwda etme. Haram iş etme we harama şärikli bolup rehimlilik etme. Haram maly öýüňde goýma. Eger şol aýdylan zatlaryň biri peýda bolsa, onda onuň hemme edeni peýdasyzdyr. Eger şol aýdylanlaryň birini guşlara, ýa ýetimlere, ýa hatynyna ýa jorasyna etse, ol Allanyň ähliniň edenidir. Eger ol – Men özüm ol işi etmedim – diýip aýtsa, halal bileni bolar. Bäşinji, ýalançylaryň söhbetinden özüni daş tutsun. Eger Hudaýyň ýolundaky adam zalymlaryň we bozuklaryň söhbetine goşulsa, olar bilen oturyp peýdasyz söz etse we edenim özüm bilendir – diýse, onda biliň şeýtan ol bendäniň boýnuna gol salandyr.

Ýene Resul Huda:

— Kimiň dili päk we Beýik Taňry bilen bolsa, ýa haram tagam iýip Haktagalanyň zikrini aýtsa, ol aýdan zikri üçin kyýamatda näçe ýyllap azap bererler. Hiç kişi bu dünýäde Haktagalany gözi bilen görmez. Adamlar Haktagalany köňli bilen taparlar. Ençe bendeler kyýamat güni Haktagalanyň didaryny görerler – diýdi.

Bir gün Hezreti Dawut pygamber Haktagala mynajat edipdir:

— Eý bar Hudaýa, ýer ýüzündäki ähli patyşalaryň hazynasy bar. Seniň hazynaň hany?

Haktagala Hezreti Dawuda: «Eý Dawut! Meniň hazynam bardyr. Ol Arşy mejitden hem ulurakdyr, Kürsden hem giňiräkdir. Jennetden hem täzedir. Jemi asmandan röwşendir. Meniň ol hazynamyň biri ylym-bilimdir. Meniň ol hazynamyň asmany imandyr. Meniň ol hazynamyň güni bendämiň küýseýän we dadýan zadydyr. Meniň ol hazynamyň aýy sähetdir. Meniň ol hazynamyň ýyldyzy bendämiň hatarydyr. Meniň ol hazynamyň topragy hümmetdir. Meniň ol hazynamyň diwary yhlasdyr. Meniň ol hazynamyň dört derwezesi bardyr. Biri ylym, biri ýuka ýüreklilik, biri sabyr etmeklik, biri kaýyl bolmakdyr. Meniň ol hazynamyň öýi bendämiň köňlüdir. Lakamy syrdyr. Hezreti Jebraýyldan, Mykaýyldan, we näletlenen Şeýtandan üsti örtüglidir. Maňa ol hazynam hemişe nazar salar. Men hem ol hazynama hemişe nazar salýaryn. Meniň bendämiň köňli şunuň ýaly uludyr. Eger ýedi gat asmany, ýedi gat ýeri we jemi halaýyklary, arşy kürsi şol köňüle salsalar bir dänäni bir öýe salan dek bolar. Şonuň üçin Hudaýyň ýolundaky adamlara hemişe köňüllerini diri saklamak parzdyr.

Bu köňül diriligi rastlyk bilen, halal iýmek bilen we ýagşylaryň söhbetine barmak bilen hasyl bolar. Tä bende özüni ähli mahlukdan kem görmeýänçä ol ýoldan peýda görmez» diýdi.

Hezreti Aly:

— Hiç kişi tä on işi berjaý etmeýänçä tarykatdan peýda görmez. Owwal Hudaýyň ýolundaky adam özüni ýere meňzeder. Bu many bilen köňlüniň ýerini görýplikden, ulumsylykdan we öýke-kineden jyda eder. Ikinji, ylym tohumyny ýere ekmek. Manysy budur.

Kimdir biri her nähili işe emr etse, şol işe ýüregi bilen meşgul bolmak gerek. Üçünji, göz ýaş bilen ol ekini suwarmak gerek. Ol ekiniň kemala gelmeginiň sogabynda bolmak gerek. Onuň manysy budur.

 Bu tarapa gadam goýan adam bir sebäp bilen gije-gündiz adamlara özüni melamat etdirer. Çýnki ekine hapa dökseň ol tiz ýeter. Hudaýyň ýolundaky adama hem adamlar melamat etseler, tiz ýeter. Eger özi sopy bolup melamatsyz söhbet etse, Haktagalanyň ýanynda ýol alyp bilmez. Tä sopy ruhy dünýäsini arassa edip, daş görnüşini halklara melamat etdirse, Haktagalany tiz tapar. Dördünji, Ryýazat[4] eli bilen ol ekini ormak gerek. Bäşinji, Hormat taýagy bilen ol ekini döwmek gerek. Altynjy, şowk we zowk bilen ol ekini sowurmak gerek. Ýedinji, gündiz bu ekine mürehet bilen nazar salmak gerek. Sekizinji takwa degirmeni bilen ol dänäni un etmek gerek. Dokuzynjy yşk älemi bilen eýläp hamyr – nan edip hyzmatlary üçin ulylara ol nany bermek gerek. Emma sopy tä özüni doňuzdan we kapyrdan beter görmeýänçä, onda hakyky iman hasyl bolmaz – diýdi.

Bir gün Hoja Buzurg bir tarapa barýardy. Şol wagt bir adama duşdy. Hoja:

— Bu adam menden ýagşyrakdyr – diýdi.

Ondan soň ol ýene bir tarapa ýöräp barýardy. Şol wagtda öňünden eti halal bir janaweri gördi. Hoja:

— Bu hem menden ýagşyrakdyr – diýdi.

Ondan soň Hoja ýene bir tarapa ýöräp barýardy. Ýolunda bir doňuza we ite duşdy. Hoja:

— Bular hem menden ýagşyrakdyr – diýdi.

Ol ýene ýöräp barýardy. Bir ýerde bir itiň tezegini gördi. Şol wagtda Hoja Buzurg:

— Hemmämiz, barymyz mundan ýagşyrakdyrys – diýdi.

Ol wagt nejasat:

— Eý Hoja Buzurg! Men hem kişä hajatyna gerekli we derkar bolýaryn, emma siz kime derkarsyňyz – diýdi.

Hoja ol nejasatdan bu sözi eşidenden soň hergiz hiç bir zady özünden kem görmedi. Şol wagtda bir adam peýda bolyp, ol nejasaty şol ýerden alyp gitdi.

Bir gün Hezreti Omar (Alla ondan razy bolsun!) Medinede otyrdy. Şol wagt sahabalar bilen bir kişi geldi we:

— Eý ýaranlar metjitde halklar Resul Hudanyň mirasyny gözläp otyrdylar. Olar mal görmek umydy bilen barypdyrlar. Hiç mal görmän gaýdyp geldiler –diýdi.

Hezreti Omar:

— Eý ýaranlar sizler näme iş üçin geldiňiz? – diýdi.

Olar:

— Eý Omar! Biz hem mal umydy üçin gelipdik, ýöne hiç mal görmedik. Emma şol wagt bir bölek jemagatlar ylym gözläp oturypdylar – diýdiler.

Hezreti Omar:

— Eý ýaranlar Resulyň mirasy: «Men Muhammet Allanyň Resulydyryn» diýdi. Ol: «Eger olar ertir namazyny okandan soň ol namaz okalan jaýda Hudaýtagalanyň ýady bilen tä gün çykýança şol dessur bilen otursalar, bu oturanlara Ysmaýyl pygamberiň perzentlerinden dört perzendi kapyryň elinden satyn alyp azat eden hem-de bir gapjyk zeri Hudaýtagalanyň ýoluna beren kowmuny höwes ederin. Alla mukaddes Käbäni zyýarat edeniň sogabyny berer. Ýene Haktagala ol bendä bu keramatlary berer» diýdi.

Ol bendäniň ryzky bol bolar. Her kesp etse, bereketli bolar. Ol bende ölende imanly bolar. Bu panydan baka göçende göri röwşen bolar. Müňkir-Nekir sowaly ondan aňsat göteriler. Syrat köprüsinden misli ýyldyrym dek öter. Mizan terezisine amal depderini salanda sogaby agyr geler. Halklary iki bölege bölende ol jennet bölegine düşer.

Başga namazda ýagny ikindi namazyny okandan soň otursa, oňa hem şol sogaplar miýesser bolar.

Resul Huda:

— Her kim şol jaýda otursa, ondan soň turup bu dogany okasa, mejlisiň başynda ýagşy iş eden bolsa, ol dogasy ýagşy işe tä kyýamata çenli mähir bolar. Eger ol mejlisiň başynda günä iş eden bolsa, ol dileg oňa ol günäsini ýuwmaga kömek berer. Dileg budur: (Subhaneke Allahumme we eşhedu ellä ilähe illä ente lä şerike leke we estagfiruke we etubu ileýke bihamdike ente wahdeke)[5] – diýdi.

 



[1]Abu Hureýra - sahabalaryň biri (676-nji ýylda ölen).

[2]Resul Huda - Hudanyň ilçisi.

[3]Bendeçilik - Hudanyň öňünde öňküden hem köp ybadat etmek.

[4]Ryýazat - yzygiderli yhlaslylyk.

[5]Eý, Taňrym, sen päksiň! Men senden başga Taňrynyň ýokdugyna şaýatdyryn. Seniň şärigiň ýokdur. Senden günämi geçmegiňi soraýaryn we saňa toba getirýärin. Seniň ýekeligiňe taryp bolsun!