SEKIZINJ BAP AZABYŇ WE JEZANYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » SEKIZINJ BAP AZABYŇ WE JEZANYŇ BEÝANY

Enes ibn Mälik[1] (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Eý adam perzendi, gör azaby üçin Haktagaladan ýardam diläň .

Ýene Resul Huda:

— Bende öler wagtynda rehmet perişdesi geler. Onuň ýüzleri misli gün ýalydyr. Ol mömim bendäniň ýanyna anbar ysly behişden bir ýüpek don alyp geler. Rehmet perişdesi gelip, mömin bendeden gözüni aýyrman oturar. Ondan soň ölüm perişdesi gelip, ol bendäniň düşeginde oturar we: «Eý päk jan, tenden çykgyl!» diýer. Şol wagtda jan asanlyk bilen tenden çykar. Ol wagt rehmet perişdesi gelip jany ölüm perişdesiniň elinden alar. Ony ýüpek dona çolap asmana alyp barar. Ol perişdäniň barýan ýolunda topar-topar perişdeler duşar.       Olar:

— Bu bir päkize jan ekeni. Bu jan kimiň janydyr? – diýerler.

Rehmet perişdesi:

— Bu jan pylan möminiň janydyr. Men ony asmana alyp barýaryn – diýer.

Şol wagt asmanyň işigini açarlar we ýedi gat asmana ýetirerler. Şol wagtda mömim bendäniň janyny aglaýy yllyýyna[2] alyp bararlar. Ondan soň Haktagaladan: «Ol möminiň janyny tenine alyp baryň» diýip owaz geler:

Şol wagtda mömim bendäniň janyny göre alyp bararlar. Ondan soň «Müňkir-Nekir» diýen iki perişde geler we:

— Hudaýyň kimdir, Resulyň kimdir we diniň nämedir? – diýip, sorag eder.

Ol:

— Hudaýym Alladyr, Resulym Muhammet pygamberdir, dinim musulman dinidir – diýer.

Bendäniň beýle jogabyndan soň Haktagaladan ýene: «Meniň bu bendäm hak we dogry aýdýar. Indi ol bendä lybas geýdiriň we behiştde oňa ýagşy röwşen işik açyň. Göri bu dünýäniň mukdary ýaly giň bolsun» diýen owaz geler.

Ýene Resul Huda:

— Eger ol bende betbagt bolsa, oňa azap perişdesi gelip, onuň düşeginiň üstünde oturar. Onuň gözi gök, dişleri agzyndan çykyp duran, dony otdan bolar. Özi uly gazaply we haýbatly bolar. Ol bendäniň ýanynda oturar. Ondan soň ölüm perişdesi geler we ol:

— Eý nejis jan, çykgyl, Hudaýtagalanyň lagnaty (gargyşy) saňa boldy – diýer.

Şol halda bendäniň jany teninden çykman eşidip durar we jyda bolmaz. Ölüm perişdesi onuň janyny tar-tar eder. Şol wagt teniň damarlary para-para bolup çykar. Ölüm perişdesiniň elinden ony azap perişdesi alar we otdan bolan lybasa, çolar. Ol perişde ol jany asmana alyp çykar. Asmanyň işigini açmazlar. Ol wagt Haktagala onuň janyny misli düýe dek eder, çünki iňňäniň gözi dek deşikden ol perişdä emr eder:

— Eý bende, bilgil kim jan niçik bolar? Ondan soň janyny tenine getirerler. Müňkir-Nekir atly iki perişde gelerler we:

— Eý betbagt bende, Hudaýyň kimdir, Resulyň kimdir we diniň nämedir? – diýip sorag ederler.

Ol bende:

— Ah-wah! Men näme diýmelidigini bilmeýärin – diýer. Şol wagt Haktagaladan: «Bu betbagt bendäni dowzaha alyp baryň! Ol betbagta otdan lybas geýdiriň! Görüni dar ediň we garaňky ediň» diýen perman geler.

Ondan soň ol bendäni otdan bolan gürzi bilen urarlar. Ony ýylan-içýana ýoldaş ederler.

Ýene Resul Huda:

— Her kim gör azabyndan halas bolaýyn diýse, onda ol dört zady etsin we dört zady etmesin. Owwal, bäş wagt namazyny jemagat bilen okasyn. Ikinji, malyndan zekat bersin, üçünji, Gurhan okasyn. Dördünji, donuny peşewden päk saklasyn – diýipdim.

Ýene habarda şeýle aýdylypdyr: Her günde ýerden bäş wagt owaz geler:

— Eý adam perzendi bu gün meniň üstümde ýöreseň, taňla-ertir meniň garnyma girersiň – diýer.

Ýer ýene:

— Bu gün meniň üstümde tagam iýseň, taňla- ertir meniň garnymda seni ýylan-içýanlar iýer – diýer.

Ýene ýer:

— Bu gün meniň üstümde hoş wagt ýörer sen. Ertir meniň garnymda gaýgy bilen ýatarsyň – diýer.

Ýene ýer:

— Eý adam perzendi, bu gün meniň üstümde günä etseň, ertir meniň garnymda azap görersiň – diýer.

Hezreti Isadan rowaýat etdiler:

Isa bir ýana barýardy. Şol wagtda bir ýumrulan şähere ýetişdi. Ol bu şäheriň halkyndan hiç nam-nyşan ýokdugyny gördi.    Hezreti Isa:

— Eý şäher, munuň halky nirededir? – diýip sorady. Ol şäher:

— Eý Isa, bu halklaryň hemmesi ýok boldular – diýdi.

Isa:

— Ne sebäpden ýok boldy? diýdi.

Ol şäher:

— Eý Isa, bu halklar ulamalara töleg bererdiler we minnet edip:

— Eý ulamalar, siziň ryzkyňyzy biz berýäris – diýip aýdardylar. Olar:

— Eý nadan adamlar, bize bu tölegi Haktagala berer. Özge kişi bermez. Bu ygtykady siz goýuň – diýdiler.

Olar bu sözlerinden hiç gaýtmadylar. Şol wagtda Haktagala olara bela berdi. Olaryň hemmesi bir günde öldüler.

Ondan soň Isa ileri ýöredi. Bir mazara duşdy. Şol wagt Isa aýtdy:

— Eý bende, sözleş – diýdi. Şol wagtda ol bende:

— Eý Isa! Men näme sözläýin – diýdi.

Isa:

— Sen ne sebäpden bu azaby dartýarsyň? Ol bende biçäre:

— Eý Isa, men hammalçydym (ýükçidim) we bir Emiriň odunyny göterip barýardym. Men ondan bir çöp alyp dişimi köwledim. Çünki öý eýesi bilen razylaşman alypdym. Ol çöp üçin kyrk ýyl bäri, azap baryny tartýaryn – diýdi.

 Bir çöp üçin Haktagala kyrk ýyl azap berse waý ol bendeleriň janyna, kim kişiniň hakyny basyp, ogurlap alyp iýip durar. Kim birini ikä berip durar. Eý gapyl bendeler, habardar boluň. Bu iman gaty muşakgatly işdir.

Ýene bir gün Resul Hudanyň ýoly bir gabyryň üstünden düşdi. Görse, görden bir gara tütün çykyp dur. Şol wagtda ol Resul Huda dileg etdi welin görden bir hatyn çykdy. Onuň başyndan-aýagyna çenli ot ýanyp dur. Resul Huda ol odyň haýbatyndan gorkup başyny sejdä goýdy. Şol wagtda Haktagaladan: «Eý Muhammet, ol hatyndan: «Sen näme sebäpden bu azaba sezewar bolup dursuň diýip sowal sora» diýen owaz geldi.

Resul Huda:

— Eý hatyn, sen näme sebäpden bu azaba sezewar bolduň? – diýip sorady.

Hatyn:

— Eý Resulalla, men bir hatyndym. Ysraýylda namaz okardym we oraza tutardym. Meniň öýümde bir urkaçy pişigim bardy. Bir gün ol pişik maňa zyýan ýetirdi. Men pişigiň boýnuna ýüp salyp bir agaja asdym we köp-köp urup, ony öldürdim. Ondan soň bir hepde bolman bu pany dünýäden ötdüm. Şol pişigi öldürenim sebäpli Hudaýtagala maňa segsen ýyl bäri azap berýär we ol:

— Sen niçik meniň ol bigünä bendämi urup öldürdiň? – diýip aýdýar. Ýa Resulalla, Siz Hudaýtagalanyň bir ýagşy dosty. Sizlerden dilegim budur: «Siz maňa bir ýagşy dileg etseňiz, men azapdan halas bolsam» diýdi.

Resul Huda bu sözi eşidenden soň, köp-köp ýyglady. Ondan soň Resul Huda ol hatynyň bu azapdan halas bolmaklygy üçin dileg etdi. Şol wagt Resul Hudanyň Päk Taňrynyň dergähinde dilegi kabul bolup, ol hatyn azapdan halas boldy.

Eý Taňrymyz! Hemmeleri azapdan halas et. (Ämin. Ýa rebbil-älemin.)

 

 


[1]Enes ibn Mälik - sahabalaryň biri. Ol 100 ýaşynda 710-nji ýylda aradan çykýar.

[2]Aglaýy yllyýyn-asmanyň çür depesi.