ON BIRINJI BAP TOBA ETMEKLIGIŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ON BIRINJI BAP TOBA ETMEKLIGIŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Enes bin Mälik[1] (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat aýdypdyr.

Men Resul Hudadan sowal soradym:

— Eý Resul Huda, hakyky tobanyň nyşanasy haýsydyr?

Resul Huda aýtdy:

— Eý Mälik, hakyky toba, toba eden kişiniň soň gaýdyp ýene günä işiň başyna barmazlygydyr. Eger şonuň ýaly toba etseň, göýä hiç wagt günä etmedik ýaly bolarsyň.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Her kim günä etse we ondan soň täret alsa, we iki Rekagat tärete şükür namazyny okasa ýa-da sadaka berse, günäden halas bolmaga umyt bolar. Haktagala ol bendäni ol günäden halas eder.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Her adamda iki perişde bardyr. Sag golunda birisi, çep golunda birisi. Bende her wagt sogap etse, sag golundaky perişde ol bendäniň eden sogabyna laýyk sogap ýazar. Eger bende günä etse, sol golundaky perişde sowal eder:

— Bu bende günä iş etdi. Men ony ýazaýynmy? Şol wagtda onuň sag golundaky perişde aýdar:

— Ýazmagyl, sen bir sagat durgul. Belki bu bende günäsinden gaýdyp toba eder.

Eger ol bende günäsinden gaýdyp şol işden toba etse, ýa Haktagaladan gorkup Hudaýdan «günämi geç» diýip ýyglasa, ol perişde günäsini ýazmaz. Eger ol bende toba etmese, Hudaýdan günäsini geçmegi dilemese, ýene sol golyndaky perişde onuň günäsini ýazar.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Her kim günälerinden toba etse, Haktagala ol bendäniň günäsini ýazgyç perişdäge unutdyrar. Ol bendäniň gol-aýagyna we jemi agzalaryna unutdyrar. Ol bendäniň şol günäsini ol ýerden öçürer. Ol perişdeler kyýamat güni toba edenligi sebäpli Haktagalany gören wagtynda onuň günäsine güwälik bermezler.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Her kim toba etse, Haktagala laýykdyr.»

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Kim jan çykmazyndan öň toba etse, Haktagala ol bendäniň tobasyny kabul eder. Gün batandan tä dogýança puşman etmeklik hem tobadyr.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Gün gatyşanda bir işik bardyr. Ol işigiň giňligi ýetmiş ýyllyk ýoldyr. Ol işige toba işigi diýerler. Haktagala şol işigi jemi mahlukdan öň ýaradypdyr. Gün batyşandan tä dogýança ol işik açyk durar.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Haktagala, adam ölümden halaslyk tapanda hoşwagt bolşy dek, bendäniň toba edenine hoş wagt bolar. Hudaýtagalany biliň! Şonda ondan hem zyýadarak hoş wagt bolarsyňyz.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Her kim kapyr bolsa, kapyrlykdan toba etmek wajypdyr. Eger musulman bolsa, günäden boş bolmaz. Oňa günäden toba etmek wajypdyr. Eger bende günäden boş bolsa hem, onuň içi günäden boş däldir. Sebäbi ýagşy tagam we ýagşy lybas geýip, hezzet-hormaty dost tutýar. Tekepbirlik etmek we tagaty ryýa tutmak bular bir meňzeş zatlardyr. Bu aýdylanlaryň hemmesi köňlüňi öldürer. Ol günäniň aslydyr. Bulardan hem toba etmek wajypdyr. Eger kişiler bulardan hem boş bolsa, Haktagalany unutmakdan boş däldir. Her wagt bir zerre günä bolsa hem bulardan toba etmek wajypdyr.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Eý bendeler, günde ýetmiş ýola istygpar aýtmakdan boş bolmaň.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Her kim günä etse, ol günäden soň bir ýagşy tagat we ybadat etse, ol tagat we ybadat ol günäni ýok etmäge umyt döreder.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Ýagşylyk, misli sabynyň donuň kirini ýok edişi dek günäni ýok eder.

Ýene rowaýat aýtdylar: Beni Ysraýylda bir kişi bardy. Ol kişi togsan dokuz kişini şerigata laýyk däl halda öldüripdir. Bir gün ol özüne geldi. Şol wagtda hasrat-gaýga düşüp, aýtdy:

— Meniň eden işim hata eken. Ol zamananyň bir muktedasy[2] bardy. Ol kişi ol muktedanyň gaşyna baryp aýtdy:

— Eý zamananyň ýolbaşçysy, togsan dokuz kişini öldürip, indi men toba etsem bolarmy?

Şol wagtda ol abyt aýtdy:

—    Toba etseň bolmaz.

Ol kişi abytdan[3] bu sözi eşitdi. Eýse, şol wagtda ol abydy hem urup öldürdi we ýüz adam bilen tamam boldy. Ol zamanada bir alym bardy. Ol kişi ol alymyň gaşyna bardy. Ol alymdan sorady:

— Eý alym! Men ýüz kişini öldürdim. Maňa toba barmy? Şol wagtda ol alym aýtdy:

— Saňa toba bardyr. Emma sen toba etseň, ol watandan çykgyl we pylan jaýa bargyl. Ol jaýyň halky ýagşydyr diýdi. Ol kişi şol jaýa (ýurda) gitdi we heniz ol jaýa ýetmän öldi. Ol wagt rehmet perişdeleri bilen gazap perişdeleri dawa etdiler. Her biri aýtdy:

—    Makamyna[4] men alyp barar men.

Ol wagtda Haktagaladan owaz geldi. Onuň ol çykan ýerinden barýan ýeriniň arasyny ölçäňler. Ol perişdeler iki aralygy ölçediler. Eýse, toba etmäge baran jaýyndan bir garyş ýer öten eken. Şol wagt Haktagala rehmet perişdesini iberdi:

— Eý perişdeler, bu bende toba eden eken. Ony rehmet perişdesiniň goluna beriň – diýdi.

Ol jennetiň iň ýokary derejeli ýerine bardy.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Halklaryň tobasyny ýedi zat bilen tapar men. Owwal, dilini gybatdan saklasyn, kişä töhmet etmesin we ýalançylykdan gaçsyn. Ikinji, husytdan, bahyldan we halklary duşman tutmakdan daşda bolsun. Üçünji, zalymlara goşulmasyn we olardan gaçsyn. Dördünji, hemişe ol kişi ölmäge özüni taýýar eder. Ölmäge özüni taýýar edeniň nyşanasy budur: dünýä ýygmaz, eger dünýäni ýygsa, özüne harç etmez. Ýene halklara hemişe sadaka berer. Öten günäleri üçin özi mydama puşmanda we tobada bolar. Bäşinji, Haktagalanyň tagat we ybadatyna meşgul bolar. Altynjy, toba edenden soň, günä işiň başyna barsa, şol wagt toba eder we aýdar:

— Men günä edip men. Hudaýa ol günäden toba etdim – diýer.

Ýedinji: Toba edenden soň alym bolmasa, imandan, yslamdan, parzdan,wajypdan, sünnetden we mustahabytdan ylym öwrener. Kaza namazyny, orazasyny, eger eýesi mälim bolsa, beýlekileriň hem öz boýnundaky hakyny ödär. Eger eýesi mälim bolmasa, onuň eýesi üçin niýet edip şol mukdardaky baýlygyny bir garyba berer.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Kim istygpar (Estagfuralla) okasa, günäni etmedik ýaly bolar. Eger ol bir günä işe gaýdyp gelse, günde ýetmiş ýola istygpar okasyn.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Bu iş dogrudyr we dürsdir. Bende bir günä iş etse, ol ikinji bir günä iş edýänçä, onuň birinji günäsi oňa ýazylmaz. Bende şonuň ýaly ýene bäş ýola günä edip, ondan soň bir ýola tagat we ybadat etse, ol bendäniň bäş sany günäsi üçin bäş sany haýr iş ýazylar. Onuň üstesine ýene-de bäş sany haýr işi artyk ýazylar.

Äşeden rowaýat etdiler (Alla ondan razy bolsun): Resul Hudadan soradylar:

— Eý Resulalla, günä näçe bölek bolar?

Ol aýtdy:

— Bir görnüş günäni Haktagala mähribanlyk etse, geçer. Ýene bir görnüş günäni Haktagala ol bendäniň boýnundan taşlar. Ýene bir günä bolar, Haktagala ol günäni ötmez, ol günä boýnunda durar. Emma Haktagalanyň geçjek günäsi bende bilen Haktagalanyň arasynda bolar. Ol günäni bendäniň boýnundan aýryp taşlamaz. Ol iki bendäniň bir-biriniň boýnundaky haky bolar. Şonuň üçin ol bende bu dünýäde kişiniň hakyny eda etmäge yhlas eder. Her wagtda iki bendäniň arasynda günä bolsa, Haktagala rehim eder. Bendäniň toba etmekligi, istygpar etmekligi bilen ol günäni öter. Emma ol günä iki bendäniň bir-biriniň arasynda bolsa, kyýamat güni, elbetde, talap eder. Kişiniň haky toba bilen, tä ikisi razylaşmaýança eda bolmaz. Bir kişi dünýäde ol haky eda etmedik bolsa, kyýamat güni Haktagala öz emri bilen ol haky hakyna laýyk alyp berer. Eger bende birinden bir mysgal kümşüň altydan birini basyp alsa we dünýäde eda etmän öten bolsa, Haktagala ol bendeden ýedi ýüz gezek jemagat bilen okan parz namazynyň sogabyny alyp, şol mömim bendä berer. Şol hasap bilen hem hakyny berjaý eder. Emma töhmet toba bilen hem eda bolmaz. Töhmete üç şert gerekdir. Ýagny bir kişi bir üýşmeleňde bir mömine töhmet etse, ondan soň puşman etse, ol bende ol töhmeti aýdan jemagata barar we aýdar:

— Eý jemagatlar, men pylan kişä siz jemagatlaryň ýanynda töhmet atypdym, emma meniň ol aýdanym ýalandy – diýer.

Ondan soň ol kişiniň ýanyna barar we aýdar:

— Eý doganym! Men saňa töhmet edipdim. Indi sen «razy boldum» diýgeý. Ondan soň men bu işimden toba edeýin. Çünki günäler toba etmeklige mätäç bolar.

Üç zatda, üç ýerde töhmetiň günäsi kapyrlyga ýakyn bolar.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Her mömim bende toba eden wagtynda köňli Haktarapa rast bolsun. Şonda ol bende eneden ýaňy dogan çaga dek günäden päk bolar. Emma hemişe bendäniň köňli Huda tarapynda bolmaklygy gaty kyndyr. Her wagt Hak tarapynda bolmaklyk, elbetde, şertdir. Çünki mömim bende çyn ýüregi bilen toba etse, onda nälet siňen şeýtan tobasyny syndyrsa, owwalky günäsiniň ornuna Haktagala günä ýazdyrmaz.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Her kim toba etse, nejat[5] tapar, ahyrýet belasyndan we azabyndan amanda bolar. Her kim tobasyz bolsa, ol bendäni nälet siňen şeýtan bent edip dowzaha iberer.

Eý adamlar, bu sebäpden, siz ölümden öň toba etmeklige howlugyň. Baryň, namaz wagty ötmezden öň toba ediň.

Bir gün Fuzeýyl ibn Yýaz toba etdi we hat ýazdyrdy. Ol haty bütin etraba we töwerege iberdi. Ol hatda:

— Her kim otuz ýyl içinde etrapda we töwerekde mal aldyran bolsa, menden talap etsin – diýdi.

Bu sözi eşidenden soň bütin etrabyň töwereginden halklar topar-topar bolup gelip başladylar. Her kim «Menden munça mal alypdyňyz» diýip aýtdylar. Şol wagt Fuzeýyl ibn Yýaz:

— Eý jemagatlar, özüňiz hazyna girip sanap, öz malyňyza çakly maly alyp gidiň – diýdi.

Bir gün Ýemen tarapdan bir jöhit geldi we aýtdy:

— Eý Fuzeýyl ibn Yýaz! On ýyl boldy, men Ýemen ýurdundan ýüz tyllalyk malymy aldyrypdym. Men maly senden talap etmäge geldim.

Şol wagtda Yýaz aýtdy:

— Ýagşy bolupdyr. Siz hem hazyna baryň we sanap malyňyza derek puly alyň – diýdi.

Şol zaman jöhit hazyna bardy we hazynada hiç zat ýokdygyny gördi. Ol gaýdyp Fuzeýyl ibn Yýazyň ýanyna geldi we aýtdy:

— Eý Fuzeýyl ibn Yýaz, hazynalaryň tamam bolupdyr. Şol wagtda Fuzeýyl ibn Yýaz aýtdy:

— Eý jöhit, bu hazynadan özge ýerde pulum ýokdur.

Şol wagtda jöhit aýtdy:

— Eý Fuzeýyl ibn Yýaz, indi näme eder siz!

Fuzeýyl ibn Yýaz aýtdy:

— Eý jöhit, ýüz tyllany hudaý üçin sen maňa ötgül!

Şol wagt jöhit aýtdy:

— Eý Fuzeýyl, men ýüz tyllany saňa ötmerin.

Fuzeýyl aýtdy:

— Meniň saňa bererlik hiç zadym ýok.

Ýene şol wagtda Fuzeýyl aýtdy: «Jöhit maňa bu hakyňy ötseň näme bolar?!».

Jöhit aýtdy:

— Eý Fuzeýyl, sen munça halklaryň malyny kimden gorkup berdiň.

Şol wagtda Fuzeýyl aýtdy:

— Haktagaladan gorkup eda etdim.

Jöhit aýtdy:

— Eý Fuzeýyl, jöhidiň hakyny soramazlarmy? – diýdi.

Şol wagtda Fuzeýyl aýtdy:

— Haktagala seniň hakyň üçin sorar. Jöhit aýtdy:

— Eý Fuzeýyl! Onuň ýaly bolsa, munda bermeseň ahyrýetde alaryn – diýip ýöriberdi. Şol wagtda Fuzeýyl ýerinden turdy we jöhidi tutdy. Fuzeýyl köp-köp ýyglap ötünç sorady we aýtdy:

— Ikimiziň Hudaýymyz bir Hudaýdyr. Gel, sen Haktagala üçin ýüz tyllany ötgül – diýdi we ibermedi. Ahyr ikisi bir ýerde oturdylar. Şol wagtda Fuzeýyl ýene bir sapar ýalbardy.Ol wagtda jöhit aýtdy:

— Eý Fuzeýyl, men bir oýlanaýyn.

Jöhit oýlanyp, Töwraty ýadyna saldy. Görse, Töwratda göripdi kim pygamber ahyrzamanyň ymmaty Hudaýtagalanyň tarapyna rast toba etse, ol bende topraga «altyn bol» diýse, altyn bolar. Ol wagt jöhit başyny ýerden göterdi.

Şol wagtda aýtdy:

— Eý Fuzeýyl, aldyňda ýatan daşy goluňa alyp «altyn bol» diýgil. Ondan soň men hakymy öteýin – diýdi. Fuzeýyl ol daşy goluna aldy. Aýtdy:

— Eý daş, altyn bol.

Ol daş derhal altyn boldy. Fuzeýyl ony jöhidiň ýanyna taşlady. Jöhit goluna aldy we gördi. Görse daş bir halta altyn bolupdyr. Şol wagtda jöhit aýtdy:

— Eý bar Hudaýa, bu Fuzeýyl seniň bir duşman bendäňdi. Saňa toba etmek bilen bu derejä ýetiripsiň. Men hem seniň bir bigäne bendäňdirin. Men saňa bendeligini yhtyýar etdim – diýdi.

Jöhit Fuzeýle aýtdy:

— Eý Fuzeýyl. Meni imana sal.

Fuzeýyl şol wagt imana saldy. Jöhit iman getirip keleme şahadaty diline ýöredip, musulman boldy we Fuzeýlyň ol hakyny ötdi. Ol hem Allanyň welilerinden boldy.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Her kim ýaşap ýörse ölýänçä toba talap etse, toba edenden soň ylym talap eder. Ondan soň imanyň şertlerini, erkanlaryny[6], wajyplaryny we hökümlerini talap eder. Ondan soň namazyň parz, wajyp, sünnet we mustahablaryny talap eder. Ondan soň namazy ýagşy okamagy adat eder. Ýagny namazy mustahab[7] wagtynda okar. Ruku (egilmek) we sejde berjaý getirerler we oturma-turmasyny gowy berjaý getirerler. Ondan soň Haktagalanyň beren amallaryny özüne we ýagşylyklara gowudan-gowy haýyr eder. Eger kişi toba etse, ondan soň ylym talap etse we maldan haýyr-yhsan etmese, onuň tobasy toba bolmaz. Bu onuň Haktagalany aldanydyr. Her kim dünýäde Haktagalany aldasa, kyýamat güni Haktagala ol bendäni şermende eder. Her kim dogry toba etse, ol tobasyny bozsa, ýene derhal toba etse, ol bende şol talap bilen ölse, kyýamat güni ol bendäniň işiniň hatasy ýokdur. Onuň işi aňsat bolar.

Bir gün Omar ibn Hattap (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudaýyň gaşyna geldi we köp-köp ýyglady. Şol wagt Resul Huda sorady:

— Eý Omar, näme üçin ýyglar sen.

Hezreti Omar aýtdy:

— Eý Resulalla, metjidiň işiginde bir ýigit ýyglap dur. Meniň oňa bagrym köýdi. Şol sebäpden ýyglaýaryn – diýdi.

Resul Huda aýtdy:

— Ol ýigidi alyp geliň.

Şol wagt ol ýigidi alyp geldiler. Resul Huda ol ýigitden sorady:

— Eý ýigit, näme üçin ýyglar sen.

Ol ýigit aýtdy:

— Eý Resulalla, men köp günä iş edipdim. Şol sebäpden ýyglaýaryn.

Resul Huda aýtdy:

— Eý ýigit Hudaýtagala şirik getirdiňmi?

Ol ýigit aýtdy:

— Ýok.

Şol wagt Resul Huda aýtdy:

— Günä köp etseň hem Haktagalanyň rehmeti hem köpdür. Ol günäni öter.

Şol wagtda ol ýigit aýtdy:

— Eý, Resulalla, günäm hetden artykdyr. Meniň günämi ötmez – diýdi.

Resul Huda aýtdy:

— Eý, ýigit, näme günä iş etdiň, habar ber – diýdi.

Şol wagtda ol ýigit aýtdy:

— Eý Resulalla! Ýedi ýyldan bäri Medinede gör gazardym. Bir gün Ensarylardan[8] bir gyz ýogaldy. Ol gyzy zyb we zynat bilen göre goýdular. Birnäçe wagtdan soň gije boldy. Eýse, onuň görüni açdym. Tamam zyb we zynatyny aldym. Ol gyz zyýada owadandy. Ol wagt nälet siňen şeýtan maňa üstün boldy we men ol gyza zyna kyldym we turup barýardym. Şol wagt ol gyz aýtdy:

— Eý, ýigit, sen älemleriň patyşasyndan utanmadyň. Meni munuň ýaly namysda goýduň? Kyýamat güni Hudaýtagala zalymlardan mazlumyň hakyny alyp berende näme jogap berersiň? Meni bu ähli görüstana şermende etdiň. Hudaýtagala seni iki dünýäde şermende we har-zar etgeý – diýdi.

Çünki, Resul Huda bu sözi eşitdi. Eýse şol wagt ol ýigide bir ýumruk urdy. Ondan soň Resul Huda aýtdy:

— Eý, ýigit, bu ýerden tur. Seniň oduň bu halky köýdürmesin. Ol ýigit näumyt bolup, beýawana baryp, ýyglap, nala-zary edip, özüni dag-daşlara urdy. Kyrk gün dagystanda ýöredi.

Şol wagtda Jebraýyl alaýhyssalam geldi we aýtdy:

— Eý Resulalla! Haktagala saňa salam aýtdy. Ol ýigidiň dilegini kabul etdim we ony ýalkadym. Ol ýigidi çagyr – diýdi.

Ol ýigidi çagyrmaga bir kişini iberdiler. Ol kişi ol daga bardy. Oňa bir çopan ýolukdy. Ol çopandan sowal sorady:

— Eý çopan, şu arada bir ýigit gördüňmi? Şol wagtda çopan aýtdy:

— «Elaman-elaman» diýen bir owaz çykýar – diýdi.

Ýene ol çopan aýtdy:

— Eý, dogan, sen bu jaýda biraz saklan. Uşbu sagat ol ýigit geler. Şol wagt ol ýigit nala perýat bilen geldi. Ol kişi aýtdy:

— Eý ýigit seni Resul Huda çagyrýar – diýdi.

Ol ýigit Resul Hudanyň hyzmatyna geldi. Resul Huda ol ýigide Hudaýtagaladan gelen sözi aýtdy. Çünki ol ýigit ol sözi eşitdi, eýse bir ah urdy we şowkydan jan berdi. Resul Huda aýtdy:

— Ol ýigidi ýuwuň, tabyda salyň. Ol jemagatlar Resul Hudanyň emrini berjaý etdiler we jynazasyny okap jesedini göterip ýörediler. Resul Huda jesediň soňundan ýöredi. Mübärek iki aýaklarynyň ujyny ýere basyp ýöredi. Şol wagtda ýaranlary sorady:

— Eý Resulalla! Sen näme üçin mübärek iki aýaklaryňyzy ýere basmaýarsyňyz.

Resul Huda aýtdy:

— Eý ýaranlar, ýer ýüzüne perişdeler dolupdyr. Aýak basmaga ýer ýokdur – diýdi.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Kim ölümden bir sagat öňünçä toba etse, Haktagala şol wagt ol bendäni ýalkar.

Ýene Resul Hudadan:

— Eý Resulalla, toba nusuh[9] haýsydyr? – diýip sorady.

Resul Huda aýtdy:

— Eý jemagatlar, toba nusuh ol durar: Kim eden günäleriňden toba etse we ýene gaýdyp günä başyna barsa, ondan gaýdyp puşman etse we aýtsa:

— Eý bar Hudaýa, men günä etdim welin Senden özge günä geçiji ýokdur. Maňa ýagşylyk et diýse, Haktagaladan şol wagtda owaz geler: «Eý perişdelerim, siz güwä boluň. Ol bendäniň günäsin geçdim we ony ýalkadym. Bu günäni ýok etdim» diýer.

Bu günäni gizlemek Muhammet ymmatynyň özündendir. Bizden öň gelen ymmatlar günä etmän durardylar. Eger olar günä etseler, onda ony olaryň maňlaýlaryna ýa-da işiklerini äşgär edip ýazardylar. «Kim pylan ogly pylany şunuň ýaly günä etdi we halal bolan zatlary haram boldy. Olar özge zadyň suratyna öwrülerler».

Aýdypdyrlar:

— Hudaýtagala bu ymmata toba etmeklik bilen günä geçmegi aňsat etdi.

Bir mömim bende örän akyllydy. Ol Resul Hudanyň bereketinden günde ýüz mertebe toba etmek bilen dilini hemişe istygpardan jyda etmeýärdi.

Beni Ysraýylda bir hatyn bardy. Ol hatyn köp-köp sahypjemaldy. Tamam ärler oňa barardylar. Oňa tylla we teňňe bererdiler. Onsoň olaryň myratlary hasyl bolardy. Ol hatyny gören kişi şol wagt aşyk bolardy. Beni Ysraýylda bir abyt bardy. Bir gün ol abydyň ýoly ol sahypjemal hatynyň köçesinden düşdi. Eýse, şol wagtda ol hatyn saraýyň işiginde oturyp, özüne timar berip otyrdy. Şol wagtda ol abydyň gözi ol bihaýa hatyna düşdi. Ol abyt şol wagt ol hatyna jan-dil bilen aşyk boldy. Ol abydyň ol aýala bolan hyjuwy artyp, soň öýüne baryp dileg we zikre meşgul boldy, weli hiç peýda bolmady. Ol hatyn üçin içi köýüp ýatdy we karary ýetmedi. Ahyr abyt hatynyň ýanyna bir para teňňe bilen bardy. Hatyn bildi, abyt hyjuwa duçar bolupdyr. Derhal hatyn tagtyndan düşdi, goluny abydyň boýnuna saldy. Abydyň akyl huşyny alyp, abydy tartyp tagtyň üstüne çykardy. Ondan soň hatyn aýtdy:

— Eý abyt, hyjuwyňa maýyl bolup gelipsiň. Indi ne myradyň bolsa, hasyl kylgyl – diýdi.

Ol abyt aýny iş kylar wagtda bir pikire gitdi we aýtdy:

— Eý bar Hudaýa, seniň buýrugyňda we seniň emriňdedim. Bu gün men ýüzi gara boldum – diýdi. Şol wagt ol abyt ýene aýtdy:

— Eý bar Hudaýa! Men seniň tarapyňa toba etdim – diýdi.

Abyt ol hatyna aýtdy:

— Eý hatyn! Meni günüme goýgul. Men öz jaýyma baraýyn – diýdi.

Hatyn aýtdy:

— Sen mundan öň munuň ýaly iş etmedige meňzeýärsiň.

Abyt aýtdy:

— Hergiz men beýle iş etmändim.

Hatyn aýtdy:

— Eý abyt, indi munuň ýaly iş eder sen. Sen meni bir iş edip git. Teňňäni zaýa etme – diýdi.

Abyt:

— Teňňäni saňa halal kyldym, meni günüme goý – diýdi.

Abyt tagtdan düşdi we gitdi. Menzile bardy, toba we estagfyrulla etdi[10]. Nala-zarlar çekip aglady. Tötänden ol hatynda bir gorkunçlyk peýda boldy. Ol hatyn aýtdy:

— Ol abyt ömründe bir mertebe günä etmekçi bolanlygy sebäpli Hudaýtagaladan şunuň ýaly gorksa, men näme ederin. Meniň hem Hudaýym şol bir Hudaýdyr. Maňa ne şermendelikdir – diýdi we eden günälerinden toba etdi. Özüni gadagan işden päk saklady. Tagata meşgul boldy. Ondan soň ol hatyn abydy isledi. Ol abydyň jaýyna bardy.

Abyda:

— Bir hatyn seni sorap gelip dur – diýip habar berdiler.

Abyt öýden çykdy, görse ol bozuk hatyn dur. Abydyň ol eden günäsi ýadyna düşdi. Eýse, bihuş bolup ýykyldy. Ýaranlary ýanyna bardylar. Görseler abyt jan tabşyrypdyr. Ol hatyn ahy-nala pygan we perýat etdi.

Elkyssa, ol abydy jaýladylar. Ondan soň ol hatyn aýtdy:

— Abydyň dogany barmy? – diýdi.

Oňa aýtdylar:

— Bir dogany bardy.

Şol wagt ol ýurduň patyşasy ony eşitdi. Ol aýtdy:

— Bu hatyn äre barar bolsa maňa barsyn – diýdi we aýtdy:

— Maňa hatyn bol!

Hatyn aýtdy:

— Patyşalygyňy terk et we malyňy hudýyň razylygy üçin sarp et. Onsoň men saňa hatyn bolaýyn. Ýogsa, maňa azar berme – diýdi.

Patyşa ol sözi eşidip kabul etmedi. Hatyn abydyň doganyna bardy. Ol hatynyň ýedi ogly boldy. Ýedisi hem pygamber bolup ýetişdi.

Rowaýat etdiler:

Beni Ysraýylda bir adam bardy. Ady Merdasdy. Altmyş ýyl Hudaýtagala ybadat etdi. Bir gün bir sähra çykdy. Görse, bir ýagşy sähra ekeni.

Merdas aýtdy:

— Bu derä, bu sähra suw gelse, beni Ysraýylda bir ýagşy ýer bolardy! – diýdi. Merdas bu sözi aýtdy. Eýse, gaýypdan owaz geldi:

— Eý Merdas! Maňa bendeçilik etmekden myradyň zer ýygmak ekeni. Indi tagata meşgul bolma. tagat üçin gedaý bolup Hudaýdan zer talap eder sen. Tagata zer bermerin. Merdas bu sözi eşitdi. Ol:

— Men hata iş eden ekenim – diýip gorkdy we ýyglap çöl-beýabana ýüz goýdy. Her eden günäsine toba etdi.

Şol wagtda ýöräp bir ile bardy. Ol gün baýram güni eken. Halklar bu gelen adamyň Merdas ekenligini bildiler we aýtdylar:

— Alhamdulilla, siziň mübärek ýüzüňizi görip şat bolduk – diýdiler. Şol wagt tagam getirdiler. Merdas tagam iýmedi. Adamlar aýtdylar:

— Näme üçin tagam iýmeýärsiňiz?

Merdas aýdy:

— Men bir günä iş edipdim. Tä Haktagala günämi ötýänçä tagam iýmerin. Adamlar aýtdylar:

— Siz näme günä etdiňiz?

Merdas aýtdy:

— Men Lahta dagyna barypdym. Onda bir jaý gurdum we: «Bu jaýda suw bolsa, beni Ysraýyla ýagşy bolardy» – diýip piker etdim. Ol sebäpden Haktagala maňa azap etdi.

Adamlar aýtdylar:

— Günäň sähel ekeni, biraz nahar iýseň hem bolar.

Bular Merdas bilen tagam iýdiler. Ol wagt Taňrydan owaz geldi:

— Eý Merdas! Bularyň arasyndan çykgyl. Men bulara bir bela bererin. Olar bu günälerini sähel bildiler. Merdas ol ýerden çykdy. Haktagala ol halklaryň hemmesiniň başyna tupan turuzdy. Her kişi günäsini sähel bilse, kyýamat güni ol bendäniň başynyň tupany ony dowzaha alyp barar.

 

 


[1]Doly ady Enes bin Mälik bin Nadr Abu Hamza Ensary Hezreti. Ol 91-nji hijri ýylynda ýogalýar. Sahaba.

[2]Mukteda - uýulýan ymam.

[3]Abyt - ybadathon.

[4]Makamyn - armaly ýerine (jennete ýa-da dowzaha).

[5]Nejat - dowzahdan halaslyk

[6]Erkan - sütünler.

[7]Mustahab - ýagny görülýän iş.

[8]Ensarylar - Muhammet pygamber Medinä göçüp gelende oňa ýardam beren medineliler.

[9]Toba nusuh – çyn ýürekden edilen toba.

[10]Estagfyrulla etdi – Taňrydan günäsini geçmegi sorady.