ON IKINJI BAP ÝAGŞY IŞLERI ÜNDEMEKLIGIŇ WE ÝAMAN IŞLERDEN SAKLANMAKLYGYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ON IKINJI BAP ÝAGŞY IŞLERI ÜNDEMEKLIGIŇ WE ÝAMAN IŞLERDEN SAKLANMAKLYGYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Her bende emr magruf etse[1], Hudaýtagalanyň we Resul Hudanyň naýyby (orunbasary) bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Alymlar patyşany emr magrufa müňkir bolanlygy sebäpli zalym hökümdar hasap ederler. Halklaryň arasynda gymmatçylyk bolar we nähak gan döküler. Ondan soň dileg etse, dilegi kabul bolar.

Möminleriň emiri Aly (Alla onuň ýüzüni nurana etsin!) aýtdy:

— Bir zamana bolar, şonda halklar on bölek bolar. Dokuz bölegi şerap içerler, ogurlyk ederler, bozuk, bedkär we zalym bolarlar. Olar erbet işlerden gaçmazlar. Bir bölegi Hudaýtagalanyň emri bilen bolar. Olar emr magrufy bilerler. Özileri bilmeseler hem ony diňlärler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Kyýamat güni bir topar adamlary Arasata getirerler. Hemmesiniň suraty doňuza meňzär. Arasat halky:

— Bu adamlar nähili adamlardy? – diýip sowal sorar.

Haktagala aýdar: «Bu adamlar dünýäde günäden gaçmadylar. Halkyny hem ondan gaçyrmadylar. Ýagny emr magruf etmediler. Hudaýtagalanyň beren tagamlaryndan möminlere bermediler. Şonuň üçin olaryň suraty şeýledir».

Resul aýtdy:

— Her bende emr magruf etse, ol bendä bäş şert gerekdir. Owwal, özi alym bolgaý, jahyl (nadan) bolmagaý. Jahyl emr magruf edip başarmaz. Ikinji, maksady Haktagalanyň razylygy bolgaý. Üçünji, emr magruf eden wagtynda adamlara müşfik (mähirli) bolgaý. Dördünji, sabrly bolgaý. Halklar her nähili söz aýtsalar hem sabyr etgeý. Bäşinji, Emr magruf eden kişi özi gorkuda bolgaý. Ondan soň adamlara emr magruf etgeý.

Adyna şäherinde bir daragt bardy. Ol daragtda bir şeýtan watan tutupdy. Adamlar sübse edinmek üçin ol daragta barsa, owaz gelerdi:

— Eý adamlar, maňa ybadat ediň. Men siziň hudaýyňyz. Men sizi dünýä we ahyrýet belasyndan aman edeýin.

Tamam halk ol permany kabul etdiler. Ol daragta sejde edip başladylar. Şeýtan owaz edip aýtdy:

— Adamlardan birnäçe halk ýaratdym, ýöne hiç birini siz dek rehmete duçar etmedim. Men keramaty we ýagşylygy diňe size etdim. Siz her gün bu daragta sejde ediň – diýdi.

Adamlar şonuň ýaly hem etdiler. Bu habar etraba we ýurda ýaýrady.Köp adamlar jem boldular. Şeýtan ýene owaz etdi:

— Eý halklar, siziň Hudaýynyz mendirin.Bu daragty watan tutup, hemişe şol daragtda bolýaryn. Her näme hajatlaryňyz bolsa men berjaý ederin. Sejdä meşgul boluň.

Adamlar ol daragta tylla-kümüş çoladylar.

Ol zamanda bir är bardy. Özi dana musulmandy.Ol eline bir palta aldy.

Ol:

— Men daragty keseýin we adamlary bu ygtykatlaryndan gaýtaraýyn. Goý, olar dogry ýola düşsün – diýip daragta ýakyn geldi.

Şol wagt şeýtan ol adamyň gelýänini bilip, onuň aldyndan çykyp aýtdy:

— Eý, bende näme işe geldiň?

Ol är aýtdy:

— Bu daragty kesmäge we halaýyklary Hudaýtagalanyň bendeçiligine gaýtarmaga geldim. Halklar saňa hemra boldular. Şeýtan aýtdy:

— Eý Hudaýyň bendesi, bu daragty kesenden saňa ne peýda?

Ol adam aýtdy:

— Men Taňrydan sogap umyt edýärin.

Şeýtan aýtdy:

— Eger sen sogap üçin edýän bolsaň, onda men saňa her günde bir gapjyk pul bereýin we ony seniň düşegiň astynda goýaýyn. Sen ony alyp pakyr, misgin we mätäçlere sadaka ber. Köp sogap hasyl bolar – diýdi.

Bu söz ol adamyň göwnüne hoş geldi. Tylla meýli gitdi. Ol öýüne bardy we ýatdy. Ertir bilen turdy, görse ýassygynyň aşagynda bir gapjyk teňňe bar. Ol teňňäni alyp sandyga saldy. Agşam boldy. Ol adam uklady. Ertir turdy. Görse, teňňe ýok. Ol adamyň gahary geldi. Goluna palta alyp daragta tarap ýöredi. Daragta ýakyn bardy. Şeýtan aldyndan çykdy we aýtdy:

— Eý adam, sen nirä bararsyň?

Ol adam aýtdy:

— Ol daragty kesmäge barýaryn.

Şeýtan aýtdy:

—    Bar aňry git, bolmasa men seni daş bilen uraryn welin, sen eneden dogmadyk ýaly bolarsyň. Onda ol adam:

—    Siz munça belent söz aýdarsyňyz – diýdi. Ol şeýtan aýtdy:

— Men şeýtan men, näçe renç (azap), mähnetler we muşakgatlar bilen adamlary azdyryp, muny Hudaýtagala diýip bildirip durun. Sen indi bu işleri bozup bilmersiň – diýdi.

Ol melgun bu adama ýene-de aýtdy:

— Eý adam, sen ilki dünýä gelende, Hudaýyň razylygy bilen gelipdiň. Şonuň üçin hem Hudaýa hyzmat etdiň. Onuň üçin Hudaýtagala asmanyň perişdelerine emr edip, perişdeleri iberdi we aýtdy:

— Eý perişdeler, baryň ol bendäm maňa hyzmat edip dur. Ony her ýerde bolsa hem saklaň – diýdi. Asmanyň we ýeriň perişdeleri seni ýany bilen alyp geldi. Şol gezek meniň deprenere halym bolmady. Ahyr çäresiz bolup, men seni tylla köňül beren bende etdim. Bu gün sen Hudaýtagala üçin gelmediň, eýsem teňňe açlygyndan geldiň. Seniň bilen gelen bir perişde hem ýok. Sen sag-aman tur-da git – diýdi.

Ol adam bu sözi eşitdi. Eýse gaýdyberdi. Her kim ýagşylygy Hudaýtagala üçin etse, her iş haýyr iş bolar.

Ýagşylyk eden kişi mylaýymlyk bilen etgeý. Adamlaryň ýüzüne gülüp garaň, şonda adamlaryň köňli size hem mylaýym bolar.

Bir gün Hatym[2] (Alla ondan razy bolsun!) Balhyň degresinde ýördi. Bir kowum şerap içip otyrdylar. Ýarym mest bolupdyrlar. Birdenkä, Hatymy gördüler. Bir-birine aýdyşdylar:

— Eger şu ýere gelse, Hatymy tutuň. Goluna şerap beriň. Içmese, agzyna guýuň. Hatym hem özüne aýtdy:

— Indi maňa wajyp boldy. Bulary emr magruf kylaýyn – diýip, mesleriň ýanyna bardy. Eýse mesler onuň goluna şeraply käse berdiler:

— Al, bol iç! – diýdiler.

Şol wagt Hatym aýtdy:

— Meni goýberiň, maňa päsgel bermäň. Şeraby nagma bilen[3] içmekligi şert edeli. Ondan soň içeýin – diýdi.

Mesler hoşwagt boldular. Hatym şerabyň nagmasyny aýdan bolup şeraply käsäni ýere guýdy we ýüzüni kybla tutdy. Meslere aýtdy:

— Eý, jemagatlar, ýadyňyza salyň! Ezraýyl bir haýbatly perişdedir. Geler janlaryňyzy aýagyňyzyň ujyndan agyz tarapa tartar we jan bermekligiň ajygyny berer. Perzentleriňizi, doganlaryňyzy, ata we eneleriňizi sizden jyda eder. Sizi ýeke edip göre salarlar. Üstüňizi toprak bilen örterler we sizi ýeke edip taşlap giderler. Müňkir, Nekir gelip: «repbiň kim, pygamberiň kim we diniň näme?» – diýip sowal bererler.

Ýene ýadyňyza salyň, kyýamat güni namalaryňyz sagdan ýa soldan gelermi? Terezide amallaryňyzy ölçände, ýagşylyk agyr gelermi, ýa ýamanlyk.

Ýene oýlarňyza salyň, Haktagala: «ýagşylary ýamandan halas ediň!» diýende ýagşydan bolarmy siz, ýa ýamandan bolarmy siz bilmersiňiz?

Ýene ýadynyza salyň, munda bir käse, şerap içenlere kyýamatda müň käse, otdan zäher we zakgun bererler – diýdi. Mesler bu sözi eşitdiler. Eýse, hemmelerden galmagal peýda boldy. Hemmeleri toba etdiler we tobaly boldular.

Hasan Basrydan rowaýat etdiler: (Alla ondan razy bolsun!) Müritleri bir gün jem bolup Şyh Hasanyň ýanyna geldiler we aýtdylar:

— Eý, Şyh Hasan, sen bize ýagşylyga ündeseň. Biz niçe wagtlardan bäri beýle ündewi arzuw edýäris – diýdiler.

Şyh aýtdy:

— Daň bilen geliň, ýagşylyga ündew geçeýin – diýdi.

Ol jemagatlar gitdiler. Daň bilen ýene geldiler. Şyh Hasan tagtyň üstüne münüp oturdy. Ol wagtda Şyh garrylara garady we aýtdy:

— Eý garrylar, ýagşylyga ündemekden öň sizden bir söz sowal soraýyn.

Ol garrylar:

— Sowal beriň – diýdiler.

Ol wagt Şyh Hasan aýtdy:

— Eý, garrylar! Her wagty ekin bişse, ol ekini näme edýärsiňiz.

Olar aýtdylar:

— Ol ekini orýarys, döwýäris, däne edip ýere gömýäris.

Ondan soň ol ýigitlere aýtdy:

— Eý, ýigitler, siz ýaş ekini orup, ot-iýme salnanyny gördüňizmi? Ol ýigitler aýtdylar:

— Biz bu işi köp gördük. Ondan soň ol ýene garrylara aýtdy:

— Siz misli bişen ekin ýaly. Siz üçin haýsy gün orup, haýsy gün ekin ekip, däne edip gömülmegi mälimmi ýa-da ýok. Siz gapyl bolmaň.

Ondan soň ol ýene ýigitlere aýtdy:

— Eý, ýigitler, siz bolsa mysaly ýaş ekin deksiňiz. Birden wagtyňyz ýakyn gelip kemala ýetmezden öň ormasynlar. Gapyl bolmaň. Şol wagtda oturan garrylar we ýigitler nagra urdular, bihuş boldular we ýygladylar. Bir näçe wagtdan soň huşlaryna geldiler. Eýse, Şyh gidipdir. Olar aýtdylar:

— Biz jemagatlar hem öýmüze gideli. Biz emr magruf namazyny tapdyk – diýdiler we öýlerine gaýtdylar.

Ondan soň ol jemagatlar hergiz ölýänçä Haktagalanyň ýadyndan gapyl bolmadylar.

Hoja Abulkasymdan şeýle rowaýat etdiler:

Ol bir gün metjitde oturypdyr. Bir kişi geldi we namaz okady. Ol rukug we sejdäni berjaý etmedi. Abulkasym aýtdy:

— Eý doganlar, ýörüň biziň öýe baralyň. Ol kişi ýöredi. Abulkasymyň öýüne bardylar. Abulkasym hyzmatkärine buýurdy:

— Eý hyzmatkär, halwa, hurma we badamyň ýagy, onuň şiresini we baly alyp geliň. Bu kişiniň bili agyrýan eken. Ol aýdylan nygmatlar agyra peýda eder. Abulkasymyň buýran zatlaryny getirdiler. Abulkasym aýtdy:

— Eý derwüş! Bu zatlary iýgil. Goý biliň gutulsun.

Ol kişi aýtdy:

— Eý eziz, meniň bilim agyranok.

Abulkasym aýtdy:

— Şeýle bolsa namazy näme üçin nädürs okadyň?

Ol kişi aýtdy:

— Niçik nädürs boldy?

Abulkasym aýtdy:

— Rukug we sejdäni berjaý etmediň. Haktagalanyň musulman bendeleri munuň ýaly etmeýärler. Ondan soň ol bende hergiz namazyny mekruh okamady we Hudaýtagalanyň razylygyça etdi.

 

 


[1]Emri magruf etse - ýagşy işleri etmeklige ündese.

[2]Abu Abdyrahman Hatym bin Unwan Asam Balhy 842-nji ýylyň töwereginde ölen meşhur balhly sopy.

[3]Nagma bilen – şerap içmezden söz (tost) aýtmak bilen.