ON BÄŞINJI BAP ŞERAPHORUŇ AZABYNYŇ WE JEZASYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ON BÄŞINJI BAP ŞERAPHORUŇ AZABYNYŇ WE JEZASYNYŇ BEÝANY

Ibn Apbas[1] (Alla ondar razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat edip aýtdy:

— Her kim şerap içse, iman ondan tä toba etmeýänçä gaçar, oňa iman gelmez. Eger bitoba bolsa, imansyz ahyrýete barar.

Abdylla ibn Zyýat[2] aýtdy:

— Men bir wagt Medinede bolupdym. Bir gije Resul alaýhyssalamyň metjidine baryp ygtykafda (metjitden çykman oturmaklykda) bolaýyn diýip barýardym. Ýolda bir hatyn maňa aýtdy:

— Eý, Hoja, eger sogap köp gerek bolsa, munda ýörgil, bir paý bar – diýdi.

Ol hatyn onu öýüne alyp geldi. Ol aýal äriniň şerap içýändiginden arz etdi. Men onyň ärine şerap içmek gadagandyr diýdim. Onuň äri maňa aýtdy:

— Eý, Hoja, men seniň eden keleme taýýybaňdan bizardyryn – diýdi.

Birnäçe wagtdan soň ol adam ýogaldy. Ol wagtda ol jemagatdan:

— Bu kişi dünýäde näme iş we näme kesp ederdi – diýip sowal soradym. Ol jemagatlar aýtdylar:

— Şerap içerdi – diýdiler.

Men aýtdym:

— Men Resul Hudadan eşidipdim, şerap içiji misli butparazlar ýalydyr.

Resul Huda aýtdy:

— Beni Ysraýylda bir abyt bardy. Özi sahypjemaldy. Ol bir çet ýerde ybadathana bina salyp, adamlardan özüni jyda etdi. Ybadata meşgul boldy. Ol bir gün hajat üçin şähere geldi. Şäherde bir bozuk aýal bardy. Ol hatyn ol abydy gördi we oňa aşyk boldy. Ol hatyn bir mamany çagyrdy we aýtdy:

— Eý, mama, saňa bir para tylla bereýin. Ol abydy meniň öýüme getirseň. Myradym hasyl bolsa, onda men ýene tylla bererin – diýdi. Ol ynsapsyz mamady. «Ýagşy, bolýar» diýip abydyň ýanyna bardy.

Aýtdy:

— Eý, abyt, biziň öýe barsaňyz we bir dileg etseňiz nähili bolar ?

Abyt aýtdy:

— Eý, mama, şähere halk üçin gelmedim, men öz bir hajatyn üçin geldim – diýdi.

Mama aýtdy:

— Eý abyt, men gurply çarwa araplardan däldirin. Bir biçäre garypdyryn – diýip aglaberdi. Özüni her zatlary uruberdi. Abydyň ol wagt oňa rehimi geldi.

— Mama, gel, ýörgül! – diýdi.

Mama aglaý-aglaý abydyň öňünden ýöräberdi. Mama ýöredigiçe, abydyň oňa rehimi geldi. Ol wagtda abydy öýe girizdi. Abyt görse, bir ajaýyp sahypjemal hatyn tagt üstünde oturypdyr. Bir şiriň çagasy gapdalynda ýatyrdy. Bir put (gymmat zatlar saklanýan ýaglyk) hem taýýar edip goýupdyr. Ol wagtda mama işikleri mäkäm etdi.

Hatyn abyda aýtdy:

— Eý, abyt, meniň myradymy hasyl etgil – diýdi.

Abyt aýtdy:

— Eý, Alla! Men hergiz beýle işi etmerin.

Hatyn aýtdy:

— Eý, abyt, köp sözi goýgul, meniň bilen iş etmän giderin diýme.

— Eý, abyt, men seniň öňüňde üç şert goýýaryn. Şolaryň birini saýlap al.

Abyt aýtdy:

— Olar näme şertlerdir?

Ol aýtdy:

— Biri meniň bilen zyna etmek. Ýene biri bu gaplaňyň çagasyny öldürmek. Ýene biri bolsa – şerap içmek – diýdi.

Ol hatyn ýene aýtdy

— Eý, abyt, ýogsa men: «Bu abyt meniň öýüme girdi we maňa zorluk etdi» diýip, owaz ederin. Adamlar seni tutarlar we seni tutup daşlap öldürerler.

Ol wagtda abyt haýran boldy. Ol zyna etmek uly günädir. Ýolbars çagasyny öldürmek hem günädir. Hemmesinden ýagşyragy şerap içmek eken. Men bir mertebe şerap içip, bu hatyndan gutulaýyn, ondan soň toba ederin – diýdi.

Abyt aýtdy:

— Men şeraby ygtyýar etdim.

Ol hatyn abydyň goluna şerap berdi. Abyt şeraby içdi. Eýse şerap Abydyň başyna çykdy. Abyt özünden gitdi. Ol ýolbarsyň çagasyny öldürdi. Buta sejde etdi we hatyn bilen hem zyna etdi. Hemmesiniň maýasy şerap eken. Eger abyt mundan özgesiniň birini etsedi, özgelerinden gutulardy.

Resul alaýhyssalam bir görüstandan ötüp barýardy. Bir görden «Elaman-elaman!» diýen bir owaz çykýar.

Resul aýtdy:

— Eý, görde ýatan bende, sen nähili adamdyň?

Ol bende jogap berdi:

— Eý, Resulalla, men bir hatyndym.

Resul aýtdy:

— Bu azaba näme sebäpden duçar bolduň?

Hatyn aýtdy:

— Men bir şeraphoruň goňşusydym. Ol maňa bir mertebe nan bişirmegi buýurdy. Oňa men nan bişirip berdim. Hudaýtagala maňa şonuň üçin ýigrimi ýyl azap beripdir.

Resul bu sözi eşitdi we aýtdy:

— Eý, päk Alla, nan bişireniň üçin şunça azap berseň, şerap içen kişiniň haly niçik bolar? – diýdi.

Resul Huda aýtdy:

— Her kim bir ýola şerap içse, ondan soň otuz güne çenli içmese hem jaýy dowzah bolar.

 

 


[1]Ibn Apbas - Muhammet pygamberiň doganoglany, Apbasy ogly 687-nji ýylda Taýyfda ýogalýar.

[2]Abytulla ibn Zyýat - Kufäniň häkimi.