ON ÝEDINJI BAP ŞUGULÇYLYK ETMEGIŇ JEZASYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ON ÝEDINJI BAP ŞUGULÇYLYK ETMEGIŇ JEZASYNYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

«Behişde şugulçylar girmezler».

Bir gün Resul alaýhyssalam iki görüň arasyndan ötdi. Ikisi hem azapda ýatypdyrlar. Seýit Älem[1] aýtdy:

— Bu iki görüň biri özüniň siýdigini ýyrak etmedik eken. Ýene biri şugulçy eken – diýdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Kyýamat güni dört dürli jemagatlara hiç kim şepagat etmez. Owwal ýalan söz sözleýänler. Ikinji, ýetimleri agladanlar. Üçünji, şugulçylar. Dördünji, göripler.

Beni Ysraýylda bir wagt gahatlyk (açlyk) peýda boldy. Ýagmyr ýagmady. Musa alaýhyssalam alty ýüz müň kişi bilen sähra çykdy. Her näçe dileg etse hem dilegi kabul bolmady.

Musa aýtdy:

— Eý, bar Hudaýa! Halklara Sen rehim etmediň we bu dilegi kabul etmediň.

Haktagala aýtdy:

— Eý, Musa, halklaryň arasynda şugulçy bardyr. Her jaýda şugulçy bolsa, men olaryň dilegini kabul etmerin – diýdi.

Musa alaýhyssalam aýtdy:

— Indi men näme alaç edeýin?

Haktagala aýtdy:

— Eý, Musa, bu halklara toba bergil.

Ondan soň hemmesine toba berdiler. Tobadan soň olar dileg etdiler. Haktagala ýagmyr berdi.

Habarda şeýle gelipdir: Bir adam bardy. Ol adam bir gul satyn aldy.

Ol guluň eýesi aýtdy:

— Meniň gulum şugulçydyr.

Alyjy aýtdy:

— Şugulçylyk sähelçe zatdyr – diýdi.

Birnäçe wagtlar ötüpdi. Bu gul hojasynyň hatynyna aýtdy:

— Eý, bibim, seniň habaryň barmy, hojam «hatyn alaýyn» diýip ýör.

Bibisi aýtdy:

— Alajy näme bolar?

Gul aýtdy:

— Bibim, sen gam iýmegil, men ol işiň alajyny ederin. Sen hojamyň sakgalyndan üç gyl alyp bergil.

Bibi sözüni kabul etdi. Ondan soň gul hojasynyň ýanyna geldi.

Aýtdy:

— Eý, hoja, seniň habaryň barmy; bibim «seni öldüreýin» diýip ýör.

Hoja onuň sözüne ynanmady.

Gul aýtdy:

— Eý, hoja, eger sen ynanmasaň, özüň bu gije uklan bolup ýatgyl, näme görer sen – diýdi.

Bu söz hojanyň köňlüne makul boldy. Ondan soň öýüne bardy. Uklan bolup ýatdy. Ol wagt hatyn äriniň gaşyna geldi. Äriniň ýanyndan pyçagyny aldy. Ony äriniň damagyna ýakyn getirdi. Şol wagtda äriniň hyýalyna şol pikir geldi. «Bu hatyn meni öldürer» diýip, ýerinden turdy. Hatynyň golundan pyçagy aldy we hatynyny öldürdi. Ondan soň gul hatynynyň garyndaşlaryna: «Hoja bibimi bigünä öldürdi» diýip habar berdi.

Hatynyň garyndaşlary gelip ol kişini öldürdiler. Ondan soň iki tarap bolup uruş etdiler. Bu kişiniň şugulçylygy sebäpli segsen kişi öldi. Şonuň üçin Seýit Älem aýtdy:

— Şugulçylar behişde girmez.

Biz biri rast iş etse, ony ýalan diýen kişä şugulçy diýip aýdýarys. Allanyň özi bizi şugulçylyk belasyndan amanda saklasyn. Ämin. Ýa repbil älemin!

 


[1]Seýit Älem- Dünýäniň seýidi. Muhammet pygamberiň bir lakamy.