ON SEKIZINJI BAP GÖZ GÜNÄSINIŇ WE GULAK GÜNÄSINIŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ON SEKIZINJI BAP GÖZ GÜNÄSINIŇ WE GULAK GÜNÄSINIŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Haktagalanyň bendelerine ýaman göz bilen garamaň. Ol uly günädir. Haktagala öwlüýä[1] bendelerini halklar arasynda pynhan edendir. Eger kemsitmek bilen garasaňyz birden öwlüýä Alla[2] bolup, ol kemsitme bilen garanlygyň sebäpli Haktagaladan daş düşersiňiz. Eden ybadatlaryňyzdan aýrylarsyňyz. Tagat ybadatlaryňyzdan aýrylmaň.

Baýezit Bistamy[3] (goý, Taňry onuň gabryny mukaddes etsin!) bir jaýa barýardy. Görse, bir it gelýär, tamam agzasy haldan düşen, tüýi uzyn bolup, görnüşi erbetdi. Baýezit onuň ýamanlygyndan tisginip, bir tarapa çekildi.

Ol wagt it aýtdy:

— Eý, Baýezit, bu aýyby Hudaýtagala etdi. Bu sypaty men etmedim – diýdi.

Baýezit ol ite aýyp edeni üçin toba etdi.

Ýene bir bulutly gün Baýezit bir tarapa barýardy. Ol wagt ýagmyr ýagdy. Gördi, bir it gelýär. Tamam agzalary we tüýi ezilipdir. It ýakyn gelipdi.      Baýezit:

— Bu itiň suwy üstüme dökülmesin – diýip, donuny ýygnady.

Ol wagtda it aýtdy:

— Eý, Baýezit, donuň myrdar bolsa, suw päk eder. Ol ýeňil işdir. Eger sen jismiň myrdar bolsa, bu myrdarlygy näme bilen päk edersiň? – diýdi.

Ol wagt Baýezit özünden gitdi. Birnäçe wagtdan soň özüne geldi. Eýse, it gidipdir. Ondan soň barjak ýerine barmady. Yzyna gaýtdy we birnäçe gün toba edip, Taňra ýalbardy.

Bir gün Resul alaýhyssalam ertir namazyny okady we ýaranlaryna garap aýtdy:

— Eý, sahabalar, hiç biriňiz düýş görmediňizmi?

Sahabalardan hiç hili jogap bolmady. Ondan soň Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Biz bu gije bir düýş gördük. Bizi iki kişi alyp gitdi. Bir jaýa alyp bardylar. Ol jaýda bir kişi mestana[4] ýatyr. Onuň başujynda bir kişi durupdyr. Onuň golunda bir uly daş bar. Ol ýatan kişiniň başyna urdy welin, onuň başy para-para boldy. Bir sagatdan soň ol baş ýene jem boldy.Ol ony ýene urdy, baş ýene para-para boldy. Soňundan onuň başy ýene saglyk tapýar. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Men ol kişiden: «Bu nähili beýle bolýar?» diýip sowal soradym.

Ol kişi aýtdy:

— Bular dünýäde Gurhan okap, ony unudan adamlardyr. Bularyň azaby budur.

Ondan soň ýene bir jaýa bardym. Bir ýerde bir kişi mestana ýatypdyr. Ýene bir kişiniň golunda pyçak bar. Ol ýatan kişiniň ýeňsesinden çaldy. Ol baş göwreden jyda boldy. Bu kişi her gezek pyçagyny dartyp alandan soň, baş gaýtadan göwrä goşulyp, sagat boldy. Ol ýene urdy, ýene baş göwrä bitdi. Men ol kişiden sowal soradym:

— Bu ne wakadyr?

Ol aýtdy:

— Bular bu dünýäde toba etmän ol dünýä baranlardyr we bu dünýädäki ýalançylardyr.

Ondan soň ýene bir jaýa bardyk. Ol jaýda bir kişi oturypdyr. Üstünde ýanyp duran ot bar. Ot onuň depesine misli tamdyr ody dek bolyp çykypdyr. Hemme agzasy ot alyp, kül bolupdyr. Biraz wagt geçenden soň bolsa ýene gaýta başdan ten bolýar. Ýene öňki ýaly oda köýýär we ýene-de gaýta başdan ten bolýar.

Men olardan:

— Bular nämedirler? – diýip sowal soradym.

Olar aýtdylar:

— Bular dünýäde söwdagärlik bilen meşgul bolup, söwdasyny nädürs edenlerdir.

Ondan soň ýene bir jaýa bardyk. Ol jaýda tagtyň üstünde bir kişi oturypdyr. Özi arassa. Öňünde ýaş oglanlar hyzmata garaşyp gol gowşuryp, durlar. Men ol iki kişiden: «Bu kim?» diýip sowal soradym.

Olar aýtdylar:

— Ol Ybraýym Halylulladyr.

Ondan soň men aýtdym:

— Sizler kimsiňiz?

Olar aýtdylar:

— Biz Jebraýyl we Mykaýyl alaýhyssalamdyrys – diýdiler.

Ondan soň men aýtdym:

— Bulary näme waka üçin bize görkezdiň?

Ol aýtdy:

— Hudaýtagala bizlere buýurdy: «Habybym Muhammet Mustapa şol işleri görkeziň. Onuň ymmaty şunuň ýaly işler ederler» diýdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý, ýaranlar, bu işlerden habardar boluň! Munuň ýaly işi hergiz etmäň! – diýdi.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Her kim kişiniň malyny razy etmän alsa, her teňňe üçin ýigrimi bäş müň ýyl azap görer. Eger her kişi haram maly öýünde goýsa, Haktagalany ýat etmese, Haktagala aýdar: «Eý, ýalançy bendelerim! Hudaý bileň bolsaňyz, onda öýüňizde haram malu goýmazdyňuz! Indi sen meni Hudaý bilseň, tä ol haram maly eýesine berýänçäň men saňa rehmet etmerin. Eger ol haram mal öýüňde dursa, her günde amal depderiňe günä ýazdyraryn. Ol günäniň ululygy Kap dagyndan hem uly bolar. Eger perzendiň bolsa, ol perzent haram, bozuk we azgyn bolar. Eger sen olardan öň ölseň, saňa ýagşy dileg etmez. Eger dileg etse hem onyň dilegi kabul bolmaz».

Hoja hekim Termiziden[5] (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat etdiler: Ol çäksiz zahytdy we takwady. Emma bir ogly bardy. Ol barypýatan bozuk we azgyndy. Müritleri biri-birine aýtdylar:

— Biz Şyhymyzdan: «Perzendiň bozuk bolmagy ata-enesiniň haram lukma iýmegindendir» diýip köp eşidipdik. Bu halda şyhymyz örän arassadyr we hatunu hem şonuň ýalydyr. Bu ogul munuň ýaly bolsa, näme sebäpdendir?». Ol wagt Hoja aýtdy:

— Eý, ýaranlar, birwagtlar ýurdumyzyň patyşasy raýatlaryna pul salgyt saldy. Olar maňa geldiler we aýtdylar:

— Bizi bu beladan halas ediň! – diýdiler.

Ol wagt men naçar bolup häkimiň ýanyna bardym we aýtdym:

— Eý, häkim, bu işi goýgul! Senden Hudaýtagala, Resul Huda we perişdeler bizardyr – diýdim.

Häkim:

— Siz meniň tagamymy iýseňiz, onda men bu puly almaryn – diýdi. Ahyr maňa zeruryýet boldy. Men häkime aýtdym:

— Eý, häkim, meni tagam iýmeklikde öz ygtyýaryma goýgul! Meni köp zorlama – diýdim.

Häkim «bolýar» diýip, şol wagt tagam getirmekligi buýurdy. Hadymlar ol dem desterhan ýazyp dürli-dümen tagamlary getirip goýdular. Owwal men bir lukma çörek alyp agzyma saldym. Tä mejlis ahyr bolýança ol çöregi çeýnedim. Häkim menden gözüni aýyrmady . Ahyr men ol çöregi mejbury bolup ýuwutdym. Ondan soň öýüme bardym. Ol gije hatynym bilen söhbet etdim. Ol söhbetden şu perzent hasyl boldy. Ol lukmanyň kuwwatyndan bu oglan munuň ýaly bolupdyr – diýdi.

Bir gün Baýezit Bistamy enesiniň gaşyna geldi we aýtdy:

— Eý, ene, tagatyň lezzetsiz bolmaklygy lukmanyň haram bolmagyndandyr. Men hiç wagt haram lukma iýmändim, emma siz maňa haram süýt beripsiňiz – diýdi.

Enesi:

— Men bile-göre haram süýt bermedim. Emma bir gün seni göterip goňşy öýe barypdym. Goňşym öýünde ýok eken. Gözüm sürmedana düşdi. Ol sürmedandan sürme alyp, seniň gözüňe sürtdim. Ondan soň onuň hakyny unutdym we razylaşman galdym – diýdi.

Ol wagt Baýezit Bestamy:

— Eý, ene, maňa jepa edipsiňiz – diýdi.

Eý Taňrymyz! Hemmäni haramlykdan we haram işlerden saklagaý Sen.[6] Ämin. Ýa repbil älemin!

 

 


[1]Öwlüýa – weli, Allanyň ýakyn dosty.

[2]Öwlüýa Alla – Allanyň ýakyn dosty.

3 Baýezit Bistamy (777-875ý.) – uly sopy pirleriň biri.

[4]Mestana - serhoş.

[5]Isa Termizi - meşhur muhaddis (892-nji ýylda aradan çykan).

[6]Abulleýs Nasr bin Muhammet Samarkandy - meşhur fakyh alym (Ol 983-nji ýylyň töwereginde ölýär).