ÝIGRIMI BIRINJ BAP JYNAZA NAMAZYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ÝIGRIMI BIRINJ BAP JYNAZA NAMAZYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Abdylla ibn Omar[1] Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim namaz jynaza namazyny okasa, bir karat[2] sogap berer. Eger ol meýidi gömse, iki karat sogap berer.

Sahabalar sowal etdiler:

— Ýa Resulalla, karat ne mukdar bolar?    

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Karatyň mukdary Uhut dagy ýaly bolar.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Her kim jesede kepen etse, Haktagala ol bendä hasapsyz sogap berer.

Resul alaýhyssalamyň gaşyna bir kişi geldi we aýtdy:

— Ýa Resulalla, köňlüm gara bolupdyr, tagatym netije bermeýär.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Onda sen hassanyň halyny sora, jynaza namazyny oka, ýetimiň başyny sypa we görüstana zyýarat et.

Ondan soň ol kişi şonuň ýaly etdi. Onuň köňli açylyp, ak boldy.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Görüstanyň içinde tagam iýmäň. Görüstanda tagam iýenler kyýamatda doňuz suratynda bolarlar.

 


[1]Abdylla bin Omar - 693-nji ýylda 84 ýaşynda aradan çykan alym.

[2]Karat - gymmatbaha daşlarda agyrlyk birligi