ÝIGRIMI ÜÇÜNJI BAP GAHARY ÝUWTMAGYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ÝIGRIMI ÜÇÜNJI BAP GAHARY ÝUWTMAGYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Abu Sagyt Hudary[1] Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi: Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Kişiniň gahary gelse, ol gahar göýä dowzahyň odydyr. Ol ody kişi bu dünýäde ýuwtsa, ahyrýetde oňa ot kär etmez. Kyýamatda perişdeler owaz eder:

— Gahary ýuwdan bendeler geliň – diýer. Ol halda gaharyny ýuwdanlar turarlar we aýdarlar:

— Olar bizlerdiris – diýerler.

Olara aýdarlar:

— Ýörüň, behişde baralyň – diýerler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Kyýamatyň batyry we pälwany üç topar adamlardyr. Owwal, döwletli, mally bolup, gaharly bolmadyklar. Ikinji, gahary gelen wagtda şol gaharyny ýuwdanlar. Üçünji, bendä bir zat berip, oňa minnet etmedikler.

Bir gün Ymam Japar[2] otyrdy. Çorylar bir tabak aşy alyp gelýärdi. Ony tötänden Ymamyň başyna dökdüler. Donlary bulaşdy. Ymamyň gahary geldi. Urmak üçin turdy. Çory aýtdy:

— Hudaýtagalanyň amalyny haýr et.

Ymam Japar aýtdy:

— Hudaýtagala näme amaly haýyr etmeli? – diýdi.

Çory aýtdy:

— Hudaýtagala Gurhanda: «Eý, bende, gaharyňy ýuwtgyn» diýip habar beripdir.

Ol wagt Ymam Japar:

— Toba etdim we seni azat etdim­ diýdi.

Abu Hüreýra (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat edipdir:

— Bir gün Resul alaýhyssalamyň ýanyna bir kişi geldi we hezreti Abu Bekre sögdi. Hezreti Abu Bekr jogap bermedi. Ol adam ýene sögdi. Abu Bekr Syddyk jogaba meşgul boldy. Eýse, Resul alaýhyssalam turdy we gitdi. Abu Bekr Syddyk ol kişiniň jogabyny berenden soň Resul alaýhyssalamyň ýanyna bardy we aýtdy:

— Ýa Resulalla! Ol kişi maňa sögende birden turmadyňyz, emma men oňa gaty jogap aýdyp başlanymda, turup, ýöräberdiňiz?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ýa Abu Bekr Syddyk! Siz jogaba meşgul bolanyňyzda, perişdeler daşyňyzdan gitdiler we şeýtanlar üýşdiler. Ikiňiziň araňyzda oturmazlyk üçin men ol ýerden gitdim.

Ol:

— Hudaýtagala hemme bendä gaharyny ýuwtmagy nesip we mynasyp etsin – diýdi.

 


[1]Abu Sagyt Hudary - sahabalaryň biri.

[2]Ymam Japar Sadyk (700-765) - meşhur ymam.