ÝIGRIMI DÖRDÜNJI BAP HUDAÝTAGALANYŇ REHMETINDEN UMYT ETMEKLIGIŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ÝIGRIMI DÖRDÜNJI BAP HUDAÝTAGALANYŇ REHMETINDEN UMYT ETMEKLIGIŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eger bende sag we ýigit bolsa, onda onuň Taňrydan gorkusynyň zyýada bolmagy gerek, eger bende garry ýa-da hassa bolsa, onda onuň Taňrynyň rehmetinden umydynyň zyýada bolmagy gerek.

Ahmet (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Ýahýa bin Erkam wepat boldy. Ondan soň men ony düýşümde gördüm.

Men aýtdym:

— Hudaýtagala saňa näme iş etdi?

Ýahýa aýtdy:

— Hudaýtagala meni dergähine alyp bardy we aýtdy:

— Eý garry Ýahýa, ýaman pikiriň bilen günä edip, maňa jepa bermäge uýalmadyňmy?

Ol wagt men aýtdym:

— Eý, bar Hudaýa, öz aýdanyňa ynandym.

Hudaýtagala aýtdy:

— Men näme aýdypdyryn?

Ol wagt men aýtdym:

— Sen danasyň, Sen aýan edijisiň.

Taňrynyň bu sözüni Abdyrazzak Ezheriden, Ezheri Äşeden, Äşe Muhammet Mustapadan, Muhammet Mustapa Jebraýyl alaýhyssalamdan eşidipdirler:

— Her mömim bendäniň saçy we sakgaly agarsa hem men musulmandyryn. «Ol meniň günämi öter diýip umyt edýärin» diýse, men ol bendäme azap etmerin – diýipdir. Ondan soň Haktagala aýtdy:

— Eý, Abdyrazzak! Ezheri, Äşe, Mustapa, Jebraýyl rast aýdypdyrlar, men seni ýalkadym – diýdi. Eý, Ahmet! Şonuň üçin men rahatlykdadyryn, hiç mähnetim ýokdur.

Hezreti Omar (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Bir gün men Resul alaýhyssalamyň gaşyna geldim. Olaryň aglap oturanyny gördüm. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam geldi we aýtdy:

— Eý, Muhammet, Hudaýtagala saňa salam aýtdy. Sen näme üçin aglaýarsyň?

Muhammet aýtdy:

— Taňry: «Men her mömin bendäniň saçyny we sakgalyny agartdym, eýse men ondan utanyp, ol bendä azap bermerin. Emma ol bende bolsa näme üçin utanman agaran saçy we sakgaly bilen maňa günä edýär» diýýär. Men bu sebäpden aglaýaryn – diýdi.

Rowaýat aýdypdyrlar:

— Bir gün Hezreti Hemzäni[1] öldüren wagşy Medinä nama iberdi:

— Men musulman bolmagy arzuw edýärin. Men keramatly aýaty eşitdim. Hudaýtagala: «Her bende Taňra şirk getirmese, nähak gan dökmese, musulman bolar diýip aýdypdyr». Men bu üç işi hem etdim – diýdi.

Ol halda:

— Kişi toba etse, iman getirse we ýagşy iş etse, ol bendäni ýalkadym – diýen bu aýat geldi: Resul alaýhyssalam bu sözi ol wagşa ýazyp iberdi, wagşy bolsa bu söze jogap ýazyp iberdi: «Men ýagşy işi alaryn, ýaman işi almaryn. Hudaýtagala amal salyhy şert kylypdyr». Ol wagt: «Ol bendeleri islesem ýalkaryn» – diýen bu aýat geldi. Resul alaýhyssalam bu sözi wagşa ýazyp iberdi we wagşy aýtdy: Hudaýtagala: «Islesem» – diýipdir. «Islemese niçik bolar?» diýdi. Ol halda: «Eý, özlerini günäde isrip eden Taňrynyň bendeleri, Allanyň ýagşylygyndan birjik-de umydyňyzy üzmäň. Allatagala hemmeleriň günäsini ötýändir» – diýen bu aýat geldi.[2] Aýat: «Eý Muhammet! Meniň bendelerim butparazlyk etse, nähak gan dökse, zyna we lywate (beçebazlyk) etse hem musulman bolsa, meniň rehmetimden näumyt bolmasyn, onuň hemme günälerini ýalkaryn men we behiştde didaryma duçar ederin».

 

 


[1]Hemze - Muhammet Pygamberiň doganoglany. Ol 630-njy ýylda söweşde öldürilýär.

[2]Zumer süresiniň 53-nji aýaty.