ÝIGRIMI ALTYNJY BAP BEÇEBAZLYGYŇ JEZASYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ÝIGRIMI ALTYNJY BAP BEÇEBAZLYGYŇ JEZASYNYŇ BEÝANY

Bir gün Süleýman alaýhyssalam şeýtana ýolukdy.

Aýtdy:

— Eý, melgun! Ol nämedir – Hudaýtagalanyň ýanynda onuň ýaly dost bolmaz, seniň ýanyňda onuň ýaly duşman bolmaz?

Şeýtan aýtdy:

— Eý Süleýman, Hudaýtagalanyň ýanynda namazdan başga hiç dost bolmaz, meniň ýanymda namaz okaýandan başga duşman bolmaz. Çünki, iki är jem bolsa, Hudaýtagala bulara ot iberse: «Bizi hem köýdürmesin» diýip döwler gaçar.

Rowaýat etdiler: Iblis (oňa nälet bolsun!) bir gün bir Gurhan okyjynyň suratynda bolup Lut pygamberiň kowmunyň ýanyna geldi. Bir ýyl ybadat etdi. Göz ýumup açýança tagatdan hiç boş bolmady. Lut alaýhyssalamyň kowmunyň hemmesi jem boldular. Olar Iblisi:

— Bu bir perişdedir. Eger perişde bolmasa, adam golundan beýle iş gelmez – diýdi.

Ol melgun adamlara wagyz aýdardy. Hemme adamlar ondan aýrylmazdy. Bir gün wagyzdan soň ol aýtdy:

— Eý, adamlar! Her kişi hatynyndan daş düşse, ýaş oglana barmak dürsdür. Ýa dört aýakly janawere barmak zeruryýetde dürsdir – diýdi. Halklar bu işi amal etdiler. Ol halklaryň köpüsi söwdagärlik ederdiler. Şeýtan betbagtyň bu maslahaty adamlaryň göwnüne hoş ýarady. Ondan soň ol adamlar daýym oglana bardylar. Ondan soň hatynlar tamamy galdylar. Şeýtanyň maksady hasyl boldy.Ondan soň ol şeýtan ol jaýdan gaýyp boldy. Ol jemagatlar aýtdylar:

— Perişde boldumy ýa weli boldumy – öz-ä bu jaýdan gaýyp boldy – diýdiler. Ondan soň ol bir kempiriň sypatyna girip ýene geldi. Bir ýyl ybadat etdi. Hemme hatynlar onuň ýanyna bardylar. Hatynlara wagyz etdi. Tagat we ybadatlary olara öwretdi. Bir gün hatynlar aýtdylar:

— Eý, işanymyz, ärlerimiz bize hiç garamaýar. Olar saparda bolýarlar. Hatynlar jemagatynda äriň ýakynlygyna arzuw bar.

Şeýtan aýtdy:

— Teletinbazlyk ediň – diýip tälim berdi. Hatynlar teletinbazlyga meşgul boldular. Ärleri oglan bilen ýörediler we olaryň nesilleri kesildi. Ol wagt Haktagala Lut alaýhyssalamy ol kowumyň üstüne iberdi. Lut alaýhyssalam olara bu bozuklyklardan saklanmaklygy ündedi. Olar hergiz kabul etmediler. Hudaýtagala olara bir bela iberdi. Ondan soň Jebraýyl alaýhyssalamy:

— Ol jemagatlary ýok et – diýip iberdi.

Jebraýyl alaýhyssalam geldi. Ganatyny ol şähere urdy. Eýse, ol şäher ganaty bilen asmana uçdy. Adamlar bozlaşyp, owaz etdiler.Ol owazy perişdeler eşidip, nala etdiler:

— Eý bar Hudaýa, bularyň owazyna tagat we ybadat edip bilmedik. Biz olaryň owazyny ýaman görýäris. Bizi olaryň ýaman owazyndan halas et.

Şol wagt Haktagaladan buluda:

— Eý, bulut, bularyň başyny aşak – ýere ur – diýip emr boldy. Bulut şäheri bir mertebe aýlap ýere urdy. Şäher ýer bilen ýegsan boldy. Hemme halklar heläk boldy. Haktagala bendelerini heläkçilige tutsa, munuň ýaly tutar.

Eý, Taňrymyz! Munuň ýaly gaty tutmakdan aman kylgaý Sen. Ämin Ýa Rebbil älemin!