ÝIGRIMI ÝEDINJI BAP HATYNLARYŇ TELETINBAZLYK ETMEGINIŇ JEZASYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ÝIGRIMI ÝEDINJI BAP HATYNLARYŇ TELETINBAZLYK ETMEGINIŇ JEZASYNYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Men Jebraýyldan sowal soradym:

— Ýa gardaşym Jebraýyl! Hiç möminiň ymmatynda kapyr dinsize bolan azapdan artyk azap bolarmy?

Jebraýyl alaýhyssalam aýtdy:

— Hawa, bar. Ýa Muhammet, – ol hatynlaryň teletinbazlygydyr.[1] Ýene biri Hudaýtagalanyň az beren ryzkyna razy bolmazlykdyr. Ýene biri Hudaýtagalanyň «gulydyryn» diýer. «Muhammet ymmatydyryn» diýer. «Muhammede gelen kitap hakdyr» diýer. Emma dili bilen aýtsalar hem, kalby bilen ynanmazlar. Kalbyna wehim salyp, pal tutup, aýala ynanarlar. Muhammediň ymmatnyň alymlary haram we halaldan, hak we nähakdan aýtsalar, olaryň sözlerine ynanmazlar. Olara: «Biderek söz aýdarlar, bu söz öň ýokdy. Täzelikde peýda bolupdyr» diýerler. Beýle adamlaralara Haktagala azap berer.

Emir Hemzäni bir kapyr şehit etdi. Burnuny we gulagyny kesdi. Resul alaýhyssalam ýaranlary bilen muňa gamgyn boldular. Hiç kim gamgynlykdan ýaňa söz sözlemedi. Hezreti Resul Huda başyny aşak saldy we ol:

— Ýaranlarym, bu gün meni gaty gamgyn gördüňizmi? – diýdi.

Ýaranlary aýtdylar:

— Hiç wagt sizi munuň ýaly gamgyn halda görmändik – diýdiler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Men kyýamat güni Hudaýtagalanyň ýanynda ymmatymyň munuň ýaly erbet iş edeni üçin gaty azaba sezewar boljakdygyna munça gamgyn bolýaryn.

Ýaranlary aýtdylar:

— Ýa Resulalla, olar kimlerdirler?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her hatyn teletinbazlyk etse, atasy bilen ýetmiş sapar zyna eden dek bolar. Meger ol hatyn çyn ýürekden toba etse, onda onuň günäsi geçiler. Ýene ol hatyn her wagt ýadyna getirip puşman etse, oňat bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim bäş zady etse, Haktagala oný bäş zatdan mahrum etmez. Her bende ryzkyna şükür etse, Allatagala onuň ryzkyny artyk eder. Her kim Allatagalanyň beren azabyna sabyr etse, onuň sogaby artyk bolar. Her kim toba etse, Hudaýtagala kabul eder. Her kim dileg etse, dilegi kabul bolar. Her kim istygpar aýtsa (günäni geçmegi dilese) Hudaýtagala günälerini geçer.

Resul alaýhyssalamyň zamanynda otuz üç ýaşynda örän hoşroý bir hatyn bardy.Onuň ady Haýfady. Ol hiç kime äre barmazdy. Bir gün ol Resul alaýhyssalamyň ýanyna geldi we aýtdy:

— Ýa Resulalla, maňa bir iş öwrediň, ol iş sebäpden men behişde baraýyn – diýdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ýa Haýfa, äre bargyn. Ondan soň men saňa bir iş öwredeýin.

Haýfa aýtdy:

— Maňa patyşalar söz aýtdyrdylar. Iki ýüz tylla galyň bereýin diýdiler. Men kabul etmedim. Abdylla ibn Zübeýr[2] hem söz aýtdy. Emma men ony hem kabul etmedim. Indi siz kime ygtyýar etseňiz ony kabul edeýin – diýdi.

Ol wagtda Resul alaýhyssalam ýaranlaryna garady.

Ýaranlarynyň hemmesi:

— Bizlere beriň – diýip yşarat etdiler.       

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý, ýaranlar, haýsyňyz ertir namazyna öň gelseňiz, Haýfany ol kişä nika gyýyp bereli – diýdi. Hemme sahabalar razy boldular. Hemmeleri metjide: «Erte ir bilen baraýyn» diýip, ol gije ir ýatdylar. Haktagala olaryň hemmesine uky iberdi. Daňdan ir oýanyp bilmediler. Eger oýanany bolsa hem, ýolda täreti bozuldy we gijä galdy. Resul alaýhyssalam: «Bu döwlet kime nesip bolar?» diýip ertir ir bilen metjide gelip oturdy. Suhaýp diýen bir garyp sahaba metjide ilki geldi. Resul alaýhyssalama salam berdi. Bu Suhaýp rumlydy. Özi bolsa garypdy. Janyndan özge zady ýokdy. Zyýada garady, lebleri sallanyp durdy we özi-özüne ýükdi. Resul alaýhyssalam erte namazyny okady. Ol sahabalara Suhaýbyň gelenini habar berdi. Sahabalar aýtdylar:

— Ýa Resulalla, Haýfa Suhaýba mynasypmydyr?

Ol wagt Haýfa Suhaýba garady. Bir zaman oýlandy.

Ondan soň aýtdy:

— Ýa Resul alaýhyssalam, kabul etdim.

Ol halda Resul alaýhyssalam nika gyýdy. Ondan soň Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Suhaýp, Haýfany öýüňe alyp bargyl.

Suhaýb aýtdy:

— Ýa Resulalla, meniň öýüm metjitdir.

Ol wagt Haýfa aýtdy:

— Ýöriň, meniň bir saraýym bardyr. Ony size bagyş etdim – diýdi.

Ol wagt Resul Huda Haýfa dileg etdi we hemme sahabalary «Ämin» diýdiler. Haýfa Suhaýby alyp, öýüne bardy. Gije boldy.

Haýfa Suhaýbyň golundan tutup aýtdy:

— Eý, Suhaýp, men saňa nygmat alyp geldim. Bu nygmatyň şükranasy üçin bu gijäni tagat we ybadat bilen ötür. Meniň bilen söhbet kylma. Men sabyr edeýin. Bu gije men hem tagat we ybadat bilen bolaýyn. Sen şükürli bol, men hem sabyrly bolaýyn – diýdi.

Suhaýp:

— Ýagşy bolýar – diýdi.

Ikisi täzeden täret aldylar we tagata meşgul boldular. Daň atdy. Suhaýp metjide gitdi. Şol wagt hezreti Jebraýyl Suhaýbyň wakasyny Seýit Äleme beýan etdi. Seýit Älem Hudaýtagala aýtdy.

Hudaýtagala:

— Suhaýby ýalkadym, behişde wajyp etdim, didarymy oňa görkezerin – diýdi. Ol wagt Resul alaýhyssalam Hudaýtagala­nyň bu wadalaryny Suhaýba aýtdy. Eýse Suhaýp başyny seždä goýdy we aýtdy:

— Eý, bar Hudaýa, munuň ýaly döwleti maňa berdiň. Indi meni günä duçar etmän janymy al – diýdi. Dilegi kabul boldy. Resul alaýhyssalam sahabalara: «Suhaýpdan habar alyň» diýdi.

Sahabalar barsalar, Suhaýp eýýäm jan beripdir.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Haýfa hem jan berendir – diýdi. Görseler, ol hem ölüpdir. Ondan soň ikisine hem jynaza namazyny okadylar we ol ikisini bir jaýda goýdular.

 

 


[1]Teletinbazlyk - hatynlaryň tenlerini bir-birlerine süýkemekleri.

[2]Abdylla ibn Zübeýr (622-693 ý.) - Muhammet pygamberiň aýaly Äşäniň ýegeni.