ÝIGRIMI SEKIZINJI BAP PAKYRLYGYŇ (GARYPLYGYŇ) BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ÝIGRIMI SEKIZINJI BAP PAKYRLYGYŇ (GARYPLYGYŇ) BEÝANY

— Pakyrlar baýlardan bäş ýüz ýyl öň behişde girermişin – diýip rowaýat etdiler.

Haktagala Musa alaýhyssalama wehi (owaz) iberdi:

— Ýa Musa, sen derwüşleri görseň halyndan habar soragyl. Şonuň ýaly etmeseň, men seniň pygamberlik adyňy depderden çykararyn – diýdi. Ondan soň Musa alaýhyssalam hemişe derwüşler bilen oturdy. Olaryň halyndan habardar boldy.

Enes bin Mälik (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat etdi:

— Bir gün Resul alaýhyssalamyň ýanyna bir adam geldi.

Aýtdy:

— Ýa Resulalla, ýagşylygy baýlara edýärler. Olar haja barýarlar, sadaka we zekat berýärler. Bizde sadaka bermäge mal ýok.

Resul Huda aýtdy:

— Her kim derwüşlige sabyr etse, Taňry oňa üç dürli sogap berer. Baýlarda olar bolmaz. Owwal, behişdiň, asmanyň ýyldyzlarynyň sanyça küýzeleri bardyr. Ol küýze bilen howzy köwserden suw alyp içerler, ikinji, derwüşler baýlardan bäş ýüz ýyl öň behişde girerler. Üçünji, derwüşler «Subhanallah welhamdu-lilläh we lä ilähä illallah wellahu ekber we lä howla we lä kuwwate illä billähil-alaýýyl-azym[1]» diýse, Hudaýtagala derwüşlere ol sogaby berer. Baýlar müň tylla berseler hem, ony tapmaz.

Ol kişi bu sözi eşitdi hoşal boldy we sabyr etdi.

 

 


[1]Allatagala (kemçiliklerden) päkdir, Taňry taryplanmaga mynasypdyr. Allatagaladan başga Hudaý ýokdur. Uly we Beýik Taňrynyňky ýaly güýç hem, kuwwat hem ýokdur.