ÝIGRIMI DOKUZYNJY BAP ŞÜKÜR ETMEKLIGIŇ WE SABYRLY BOLMAKLYGYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ÝIGRIMI DOKUZYNJY BAP ŞÜKÜR ETMEKLIGIŇ WE SABYRLY BOLMAKLYGYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Hoşwagtlyk ýetse, şükür etmek möminligiň nyşanydyr. Ol gamgynlyk ýetse, sabyr eder.

Bir gün Resul alaýhyssalamyň gaşyna bir kişi geldi.

Aýtdy:

— Ýa Resulalla, köp hassalyk çekdim. Malym gitdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

—Kimiň maly gitmese, derdi gitmez – diýdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eger bir mömin ölse, behişde barar.

Bir gün sahabalar Resul alaýhyssalamyň ýanyna geldiler we aýtdylar:

— Ýa Resulalla, bize dileg ediň, kapyrlardan azap köp gelýär – diýdiler.

Resul alaýhyssalam:

— Eý, ýaranlar, sizden öňki jemagatlar başyny azaba sizden hem köp goýdular. Onda hem sabyr edipdirler. Elhal siz hem ýagşy şükür ediň. Näme üçin nala edýärsiňiz? – diýdi.