OTUZYNJY BAP ÝAS TUTMAKLYGYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » OTUZYNJY BAP ÝAS TUTMAKLYGYŇ BEÝANY

Magaz bin Jebel[1] rowaýat etdi:

— Resul alaýhyssalamyň bir ogly bardy. Ol öldi. Resul alaýhyssalam aglady.

Sahabalar aýtdylar:

— Ýa Resulalla, siz: «Aglamaň» diýip öň aýdypdyňyz. Indi özüňiz näme üçin aglaýarsyňyz?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Men muny donuny ýyrtyp, başyndan gum sowrup, özüňi ýere urup, ýüzüni ýyrtyp, perýat bilen aglaýan adama aýtdym. Biowaz, binagma aglamak bolar. Sebäbi, bagyr köýenden soň, göz ýaşyny togtadyp bolmaz – diýdi.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

—    Her kim gaýgy-gamy dost tutsa, donuny ýyrtsa, ýa kükregine ursa, göýä ol kişi goluna naýza alyp Haktagala bilen uruş eden dek bolar.

Seýit Älem aýtdy:

—    Her kim ýas üçin eşigini gara etse, ýa donuny gara geýse, ýa donuny ýyrtsa, ýa öýe ot berse ýa daragtlary ýyksa, ýa saç-sakgalyny ýolsa Haktagala ol bendäniň tenindäki tüýüniň sanyça dowzahda öý bina eder. Ýene ol bendä günäsiniň üstüne ýetmiş pygamberi öldüreniň günäsi ýüklener. Ýene ol bendäniň namaz-orazasyny, tagat ybadatyny tä ol eden garasy ýok bolýança kabul etmez. Ol gara isle işiginde bolsun, isle donunda – ol bende şol arada toba etse, kabul bolmaz. Ol bende şol arada ölse, görüni garaňky eder, azabyny zor eder, hasabyny gaty eder. Ol bendä asmanyň we ýeriň perişdeleri lagnat eder. ýene Allatagala kirama kätibeýna[2] ol bendä günäsiniň üstüne müň günä ýazmagy buýurar we ol bende kyýamat güni görden ýalaňaç direler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim ýas tutanda ýakasyny ýyrtsa, ol bendäniň dini ýyrtylar.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Her kim ýas tutanda maňlaýyna ursa, ýa ýüzüni ýyrtsa, Allatagala oňa didaryny görmekligi haram eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim: «Eý, perzentlerim, eý, dogan-garyndaşlarym men ölemde aglaň» diýip wesýet etse we ol bende ölse, mirasdüşerleri hem aglasa, ol aýdana we aglana nälet ederler. Olaryň hemmesi azaba sezewar bolarlar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim nala etse, ol nala edeniň ýanynda oturanlary, ol nalany eşidenleri, ol nala edene ýardam berijileriň hemmesine Allatagala hem, perişdeler hem, Hezreti Adam atadan bäri öten adamlar hem toplanyp nälet ederler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim ýashana tagam alyp barsa, sogap tapar. Eger ol ýashana ýerde nala bolsa, ol tagamy alyp barana hem Allatagala nälet eder

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim ýasda bolsa, ol bende perýat edip aglasa, Allatagala ol bendä rehmet nazaryny etmez we gazap eder. Kyýamat güni ol bende it suratynda bolup durar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her mömin bende ýas ýetse, ol bende ol işe sabyr etse, perýat edip aglamasa, Allatagala ol bendä uçmahda dokuz mülk berer. Her mülküň giňligi ýedi gat asmandan we ýedi gat ýerden giň bolar. Sabyr edeniň manysy şunuň ýaly bolar.

Ýas ýerinde hergiz perýat edip aglamaň. Ýas ýeten wagtynda bir salym perýat edip aglasa, soň goýsa, ondan soň toba etse, uly mülke eýe bolmaz. Emma tobasy yhlas bilen bolsa ýagşydyr. Emma kişi perýat etmän, bagry köýüp gözünden ýaş akdyrsa, ol ýas kişini azaba goýmaz.

Hezreti Osman aýtdy:

— Eger Hudaýtagala maňa bir perzent berse, üç günden soň ol perzendi goluma alyp ol perzendiň synasyny öz synama goýsam, ýüzünden öpsem – diýdi.

Ýaranlary aýtdylar:

— Näme üçin beýle eder sen?

Osman aýtdy:

— Oňa meniň mährim geçsin diýýärin. Eger ölse, bagrym köýse, gözümden ýaş çyksa, sogap köp bolar – diýdi.

Möminleriň emiri Omar (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Bir adam bardy. Onuň bir ogly bardy. Hemişe göterip, Hezreti Alynyň ýanyna getirerdi. Birnäçe wagt boldy, ol gelmedi. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Pylan adam nirededir?

Sahabalar aýtdylar:

— Ýa Resulalla, bir ogly bardy. Ol ogly öldi – diýdiler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý, ýaranlar, ýörüň ýas ýerine baralyň – diýdi. Ol wagty ýas ýerine bardylar. Resul alaýhyssalam ol adamy zyýada gamgyn gördi. Aýtdy:

— Eý, adam, näme üçin şat bolmaz sen? Ýaşlykda ölen ogluň üçin behişde girersiň. Sebäbi, kyýamat güni bolanda ýaşlykda ölen perzende Haktagala aýdar:

— Eý, çagalar, behişde giriň – diýer.

Ol çagalar aýdarlar:

— Atasyz-enesiz behişde girmeris.

Ol wagta Allatagala aýdar:

—    Eý, çagalar, ata-eneňiziň günäleri bar. Onuň üçin niçe ýyllar azap ederin. Ondan soň behişde bararlar.

Onda ol çagalar aýdarlar:

— Onuň ýaly bolsa, behişdiň bize hajaty ýok – diýerler.

Ondan soň Haktagaladan owaz geler:

— Eý çagalar, ata-eneňiz bilen behişde baryňlar – diýer.

Ol adam bu sözi eşitdi. Eýse hesret eden adam şat boldy.

Resul alaýhyssalam aýtdy. Hiç tagat-ybadat matama sabyr etmese, kabul bolmaz. Her kim matama sabyr etse, çenden köp sogap bergeý. Ahyrýetde ol bendäniň hasabyny hiç kim bilmez. Ýene ol bendeden Hudaýtagala razy bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim matamly kişiniň halyny sorasa ýasly kişä näme sogap berse ol bendä hem ol sogapdan berer.

Resul Huda aýtdy:

— Sabyr üç hilidir. Owwal, tagata sabyr etmek. ikinji, matam tutmaklyga sabyr etmek. Üçünji, gazaba sabyr etmek. Tagada sabyr edene iki ýüz dereje bergeý, matama sabyr edene üç ýüz dereje bergeý, gazaba sabyr edene bolsa günäsi köp bolsa hem, behiştden ýer berer. Ol bendäniň amalyna ýüz dereje ýazar.

Beni Ysraýylda bir hatyn bardy. Ol ajaýyp ahlaklydy we ak göwünlidi. Onuň adamsy kazydy. Iki sany ogly bardy. Olar saraýyň içinde oýnardylar. Saraýda bir guýy bardy. Iki dogan oýnap ýörkä, birdenkä, biri guýa ýykyldy. Beýleki biri ony guýydan çykaraýyn diýip, golundan ýapyşdy, şeýdip, ikisi hem guýa gitdi we öldi. Kazynyň hatyny bu habary eşidip, guýynyň ýanyna geldi, iki ogluny-da guýudan çykaryp alyp, öýüne getirdi. Öýüniň bir tarapynda goýdy. Biri baryp kaza habar beräýmesin diýip,ýüzlerine perde ýapdy. Çünki kazy mejlisde otyrdy. Namaz wagty boldy. Kazy täret kylmak üçin öýüne geldi. Hatyny şol wagt kazynyň öňüne tagam äberdi. Kazynyň, her wagt tagam iýer bolsa, ýaňky iki ogluny çagyryp, olar bilen bile iýmek edähedi bardy.

Kazy:

— Oglanlar nirede, çagyr! Gelip, biz bile nahar iýsinler – diýdi.

Onda hatyny:

— Eý kazy! Olar uklap ýatyr. Ukudan oýanyp, çagalaryň tagam iýesleri gelmez – diýdi. Kazy, çäresiz, tagamy ýeke özi iýmeli boldy, we ondan soň turup, ýaňadan täret kyldy. Ol hergiz täretsiz ýörmezdi. Kazy täzeden iki rekagat namaz okady. Ondan soň:

«Bir salym garaşaýyn» – diýdi.

Hatyny:

— Eý kazy, parz namazy okagyl, namazy wagtynda okamak hemme ybadatlaryň ýagşysydyr – diýdi.

Kazy namaza durdy, okap boldy. Namazdan soň kazy ogullaryny oýarmak üçin olaryň ýanyna bardy. Görse, oglanlaryň ikisi hem oýa. Ikisem kazynyň ýanyna geldi. Bu haly enesi görüp nagra çekdi. Bihuş bolup ýykyldy. Birnäçe wagtdan soň huşuna geldi. Hatyn başyny sejdä goýdy. Hudaýtagala şükür etdi, Taňra hetsiz şükranalar aýtdy.

Onda kazy:

— Eý, hatyn, men seni geň ýagdaýda gördüm! – diýdi.

Hatyny aýtdy:

— Eý, kazy, mundan ajaýyp zat bolarmy?! Iki ogluň guýa gaçyp ölüpdi. Siz parahat tagam iýsin we parahat namaz okasyn, ondan soň jynaza çykyp jaýladaryn diýip, muny ýaşyryp goýupdym. Haktagalanyň permany bilen olar turupdyrlar.

Kazy bu sözi eşidip:

— Eý hatyn, Hudaýtagala saňa rehmet edipdir. Günäleriňi ýalkapdyr. Seniň sabyr edeniň we äriňe hormat goýanyň bereketinden bu oglanlar direlipdir – diýdi.

Her kim ýasa sabyr etse, Hudaýagalanyň ol bendä beren sogabanyň hasabynyň mukdaryny Taňrynyň özünden özge bilmez.

Ibn Mesgut (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Bir kişi azap çekip sabyr etse, Hudaýtagala ol bendäniň günäsini hazanyň we ýeliň daragtyň ýapraklaryny ýok edişi dek ýok eder.

Selman Parsy (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Resul Hudadan eşitdim. Ol jenap aýtdy: –Wagty ýetip, tene jan ajygy gelse jan aýdar: «Eý, ten, sen bu ejiz jandan näme isleýärsiň?». Onda jan ajygy aýdar: «Eý, ten we eý, jan, günä bilen başagaý bolup ýörsüň. Men seni günäden arassa etmek isleýärin».

Ondan soň jan: «Rugsat berdim. Näme etseň etgil»diýer.

Magaz ibn Jebel (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat etdi:

Resul Huda aýtdy:

— Haktagala bendäni biçärelige duçar etse, sol golundaky perişde galamyny goýar.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Bende biçäre belent owaz bilen nala etse oňa «Lä-ilähä illalahy, Muhammet Resulalla» diýip aýdanyň sogabyny bergeý. Onuň alan demi sadakadyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy: «Üç zat behişdiň genjidir».

Owwal, syrkawlygy ýaşyrmak, ikinji, sadakany ýaşyryn bermek, üçünji, ýasy ýaşyrmakdyr.

 

 


[1]Magaz bin Jebel - sahabalaryň biri.

[2]Kirama kätibeýn – iki keramatly perişde. Ol ikisiniň biri adamyň sag egninde, beýlekisi bolsa onuň çep egninde bolýar.