OTUZ BIRINJI BAP TÄRETIŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » OTUZ BIRINJI BAP TÄRETIŇ BEÝANY

Osman (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan şeýle hadys aýtdy:

Her kim täret etse, ondan soň iki rekagat şükür namazyny we zikr okasa Haktagala ol bendäniň günälerini geçer.

Her kim täretde agzyna suw alsa, dili bilen eden günäsinden päk bolar.

Her kim ýüzüni ýuwsa, ol bende bir günä ýüz guraldan ybarat bolsa hem Haktagala ol günäni geçer.

Her kim aýagyny ýuwsa, Hudaýtagala aýak günäsini geçer. Kyýamat güni ol bendäniň ýüzi on dördi gijäniň aýy dek bolar.

Her kim täretden soň: «Subhaneke allahumme, bihamdike, eşhedu ellä ilähe illä ente wahduke lä şerike leke westagfiruke we etubu ileýke we eşhedu enne Muhammeden abyduke we resuluk» ýagny «Allatagala, saňa öwgüler ýar bolsun! Senden başga Hudaý we şärik ýokdur. Seniň günälerimizi geçirmegiňi senden soraýaryn we saňa toba edýärin. Muhammediň hem seniň Resulyňdygyna we bendäňdigine şaýatlyk edýärin» diýse, ol bendäniň amallaryny bir perişdä: «Arşa alyp bar» diýip emr eder. Ol perişde ony arşa alyp barar we oňa tä kyýamat gününe çenli möhür bolsun diýer.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Her bende täret alar bolsa Haktagala oňa bir perişde goýar. Ol perişde ol bendäniň ýanynda durar. Ol täreti tamam etse, ol perişde aýdar:

— Eý, bar Hudaýa, bu bende işini tamam etdi. Sen hem bu bendäniň dünýäde we ahyrýetde işini tamam et!?

Şol wagt Haktagala:

— Tamam etdim – diýer.

Eger ol bende täreti tamam etmese, ol bendä nälet eder. Her agzany üç gezek ýuwmaklyk täretiň tamam bolandygy bolar.

Pygamber alaýhyssalam aýtdy:

— Mömin bende täreti tamam etse, iki rekagat namaz okasa we hajatlaryny soramasa, onda onuň özüne zulum etdigidir. Eger ol täreti tamam edip, iki rekagat namaz okasa we hajatyny sorasa, Allatagala aýdar:

— Men onuň hajatyny gaýtarsam, oňa zulum etdigim bolar we meniň zalym adam boldugym bolar.

Ýagşyzadalar aýdýarlar:

— Bir waka boldy. Şonda Allatagala täretde dört agzany ýuwmagy parz etdi.

Ol waka şeýle boldy: Allatagala Adam atany ýaratdy. Hezreti Adam ata ýüzi bilen bugdaýa garady, goly bilen bugdaýy tutdy, aýagy bilen bugdaýa tarap ýöräp bardy. Ol bugdaýy iýdi we ondan soň toba etdi.

Ol wagt Adam alaýhyssalama Allatagala aýtdy:

— Ýüzüňi ýuwgul, ýüzüň günäsi ýok bolsun, goluňy ýuwgyl, goluň günäsi ýok bolsun. Aýagyňy ýuwgyl, aýagyň günäsi ýok bolsun. Başyňy ýuwgul, başyň günäsi ýok bolsun.

Allatagala ýene aýtdy:

— Günä dört dürlüdir: Gündiz günäsi, gije günäsi, aýan günä, ýaşyryn günä. Her kim şol dört agzasyny ýuwsa, gündiz eden günäsini gije eden günäsini, ýaşyryn eden günäsini we aýan eden günäsini ýok eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Täret günäleri misli oduň oduny ýok edişi dek ýok eder.

Täretiň üç peýdasy bar. Owwal, günäleri ýok eder. Ikinji, Hudaýtagala razy bolar. Üçünji, täret bu bendä dowzahda perde bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý, Bilal, seniň ne tagatyň bar bolsa, maňa habar bergil! Çünki men behiştde seniň köwşüň owazyny eşitdim.

Bilal aýtdy:

— Eý Resulalla, her wagt täret kylsam, iki rekagat şükür we zikr namazyny okardym.

Seýit Älem aýtdy:

— Her kim şükür we zikr namazyny okasa, ol bendäniň tagaty kabul, makamy belent bolar.

Rowaýat etdiler:

Hezreti Isa alaýhyssalam zamanynda bir hatyn bardy. Onuň hemişe täret bilen bolmak adaty bardy. Bir gün ol hatyn tamdyra nan ýapmak üçin bardy. Tamdyry gyzdyrdy. Nanyny ýapar wagtynda azan eşitdi.

Ol hatyn aýtdy:

— Nany ýapsam, namazym gijä galar. Tamdyr sowuk bolsa, ýene biraz odun bilen gyzdyraryn. Namazym gijä galmasyn – diýip namaza meşgul boldy. Ol wagt öýden ogly çykyp:

— Nan bişdimi? – diýip tamdyra garady. Eýse şeýtan ol ýerde häzir boldy. Ol çaganyň aýagyndan göterip, tamdyra taşlady. Ondan soň hatyny waswas etdi:

— Eý, hatyn, şu wagt namazyň wagtymydyr? Tamdyryň haýryndan aýryldyň – diýip her wagt ses etdi.

Hatyn köňlüni bermedi. Ahyr şeýtan öz hakyky görnüşinde boldy. Ol wagt şeýtan ol çaganyň gulagyndan tutup burdy. Ol çaga çyrlap aglady.          

Şeýtan şol wagt:

— Eý, hatyn, namazyňy bozman, näme iş edip otyrsyň? Çagaň tamdyrda köýüp ýatyr. Namaz her wagtda-da tapylar, çaga tapylmaz – diýdi.

Emma ol hatyn üns bermedi.

Şeýtan ýene:

— Tamdyrdan çagaňy algyn – diýen sesi aýtdy.

Hatyn:

— Meniň çagam Hudaýtagala üçin pida bolsun. Haktagalanyň zikri-senasy bir çaga barabar bolmaz – diýip, namazyny bozmady. Şol wagt ol hatynyň äri nan üçin tamdyra geldi. Tamdyryň içine garady, görse, tamdyryň içinde balasy otlary kakyşdyryp oýnap otyr. Ol wagt haýran boldy. Ol Hezreti Isa alaýhyssalamyň ýanyna bardy.

Hezreti Isa alaýhyssalam aýtdy:

— Eý Hudaýyň bendesi, nähili geň iş gördüň?

Ol äriniň gören wakasyny äşgär etdi. Onda Hezreti Isa alaýhyssalam ol wakany görmek üçin tamdyryň ýanyna bardy. Görse, çaga tamdyryň içinde ot oýnap otyr. Şol wagt Isa alaýhyssalam ol hatynyň ýanyna geldi.

Oňa aýtdy:

— Eý, hatyn, syryňy aýtgyn?! Näme tagat etdiň? Sende bu keramatlar nähili peýda boldy?

Ol wagt hatyn aýtdy:

— Ýa Resulalla, üç işim bardyr. Hergiz ol işlerimi terk eden wagtym ýokdur. Hemişe täretli ýöreýärin. Ikinji, dünýä işi bilen ahyrýet işi bir gelse, dünýä işini goýup, ahyrýet işini edýärin. Üçünji – Allatagalanyň beren nygmatyna razy bolýaryn we bela sabyr edýärin.

Hezreti Isa alaýhyssalam aýtdy:

— Eý, hatyn, eger är bolsaňdyň onda pygamber bolardyň! Her kim bu üç işi etse, dünýäde we ahyrýetde azapdan aman bolar – diýdi.

Hudaýtagala hemmäni amanda etgeý. Ämin. Ýa repbil älemin!