OTUZ IKINJI BAP MISWAKY ULANMAGYŇ SOGAPLARYNYŇ (DIŞ ARASSALANÝAN ÇÖP) BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » OTUZ IKINJI BAP MISWAKY ULANMAGYŇ SOGAPLARYNYŇ (DIŞ ARASSALANÝAN ÇÖP) BEÝANY

Abu Bekr Syddyk (Alla ondan razy bolsun!), Resul alaýhyssalam bilen gürrüň etdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Täret imanyň ýarysydyr. Namaz hem imanyň beýleki ýarymydyr. Her wagt iman olarsyz zyýada bolmaz. Bu söz oňa mysaldyr. Namaz täretsiz dürs bolmaz, täret namazsyz dürs bolmaz. Ýagny bende namaz okamasa, imany bozular. Eger bende binamaz ýörse, imany öz-özünden bozular Emma täretiň kämilligi miswak bilendir.

Seýit Älem aýtdy:

— Miswakly okalan iki rekagat namaz, miswaksyz okalan ýetmiş müň rekagat namazdan ýagşyrakdyr. Namazy selleli okamak hem şonuň ýaly bolar.

Seýit Älem ýene aýtdy:

— Miswakyň ýigrimi bäş häsiýeti bardyr: Owwal, agzyňy arassa eder. Ikinji, Hudaýtagala razy bolar. Üçünji, perişdeler şat bolar. Dördünji, gözi röwşen bolar. Bäşinji, dişi arassa bolar. Altynjy, miswakly iki rekagat okan namazyň, miswaksyz ýetmiş müň rekagat namaz okandan sogaplydyr. Ýedinji, dişi mäkäm bolar. Sekizinji, ryzkyň giňligi girer we darlygy çykar. Dokuzynjy, agzyň ýaman ysyny ýok eder. Onunjy, dişiň etini mäkäm eder. On birinji, diş agyryny ýok eder. On ikinji, metjide barýançaň we gelýänçän perişdeler goragçy bolar. On dördünji, bu bende üçin arşy göteren perişdeler günäsini geçmegini Taňrydan sorar. On bäşinji, hemme pygamberlere we erenlere beren sogabyny berer. On altynjy, ol bendäniň agzyna behişt ysyndan bir ys berer. On ýedinji, ol bendäniň namaz amalyna şol zamandan tä kyýamata çenli ötjek adamlaryň sanyça köp sogaplar ýazylar. On sekizinji, ol bende üçin ýedi dowzahyň işigini baglar. On dokuzynjy, jemi pygamberler onuň üçin günäsini sorarlar. Ýigriminji, ölüm perişdesi onuň janyny ýeňillik we päklik bilen alar. Ýigrimi birinji, ölüm perişdesi janyny alar bolsa öz suraty bilen bolup almaz, pygamberler suratynda bolup alar. Ýigrimi ikinji, bu dünýäden jany çykmazdan öň jamdan jennetiň päk şerabyny içer. Ýigrimi üçünji, ol bende her zady öwrense hergiz unutmaz. Ýigrimi dördünji, ol bende ölse göri giň bolar we bu dünýäniň giňliginden zyýada bolar. Ýigrimi bäşinji, ol bendä ýeriň zatlary azar bermez. Ýene ol bendä pygambere beren sogaplaryndan berer. Ol bende hasapsyz behişde girer.

Muhammet bin Yshak rowaýat etdi:

— Bir gün Resul alaýhyssalam ýaranlary bilen otyrdy. Bir kapyr hatyn ötüp barýardy. Elinde süýt emdirýän çagasy bardy. Hatyn: «Resul Hudany görmäýin» diýip ýüzüni öwürdi. Şol wagtda Haktagala ol oglana dil berdi. Ol çaga şol wagt Resul alaýhyssalama salam berdi.

Resul alaýhyssalam hem:

— Waleýkum essalam! – diýip jogap berdi. Ol wagt Resul Huda aýtdy:

— Eý, oglan, meniň Resulalla ekenligimi kim bildirdi?

Onda oglan aýtdy:

— Haktagala bildirdi.

Şol wagt hatyn oglandaky bu wakany gördi we geň galdy.

Resul alaýhyssalam:

— Eý oglan, seniň adyň Abdylla bolsun – diýdi.

Onda ol oglan:

— Ýagşy bolar – diýip tagzym etdi.

Ondan soň oglan ýene:

— Ýa Resulalla, siz maňa at goýduňyz, indi maňa dileg hem ediň. Men behiştde siziň hyzmatkäriňiz bolaýyn – diýdi.

Resul Huda oňa dileg etdi.

Oglan ýene:

— Ýa Resulalla! Her kim saňa ynansa, seniň sünnetiňe gol ursa, ol bende bagtly bolar. Dünýäde we ahyrýetde her kim seniň sünnetiňi terk etse, betbagt bolar diýdi.

Ol bir ah urdy we jan berdi.

Ol wagt hatyn aýtdy:

— Eý, ten, gördüňmi? Süýt emip duran çaga hakykat keramaty görkezip Haktagala jan tabşyrdy.

— Muhammediň pygamberligine şek-şübhe ýok. Janyň teniňde duran wagtynda musulman bolawer – diýdi.

Ol hatyn:

— Ýa Resulalla! Meni hem imana sal! – diýdi.

Ol wagt Resulalla keleme şahadaty aýtdy. Hatyn hem ony gaýtalap: «Lä-illahä illallahu, Muhammet Resulalla, eşhedu enlä ilähe illallahu we eşhedu enne Muhammeden abduhu we Resuluh» diýip musulman boldy.

Hatyn ýene:

— Haýp, men gapyl bolup, niçe ýyllar ömrümi zaýa edip, duşmançylyk bilen ötüripdirin. Haktagala, indi maňa rehmet edewer! – diýdi.

Ol wagt Haktagala aýtdy:

— Eý, hatyn, Hudaýtagalanyň rehmeti saňa boldy. Behiştden saňa hem ýer boldy. Hüýrler saňa tomaşa gelipdirler – diýdi.

Ol hatyn bu sözi eşidip iki-üç sapar ah etdi we Haktagalanyň takdyry bilen şol wagt jan berdi.

Resul alaýhyssalam ol hatyny ol oglan bilen bile ýuwdurdy. Jynaza namazyny okadylar. Ikisini birlikde bir ýerde goýdular.

Her kim amal etse, ol hatyn dek bagtly bolup dünýäden öter – diýdiler.