OTUZ DÖRDÜNJI BAP JUMA NAMAZYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » OTUZ DÖRDÜNJI BAP JUMA NAMAZYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Günleriň ýagşysy anna günüdir. Allatagala Hezreti Adamy anna güni ýaratdy we ýene Adamy behiştden anna güni çykardy. Ysrafyl alaýhyssalam suryna juma güni dem berer.

Her kim anna güni Resul alaýhyssalama salawat iberse, kyýamat güni ol bendäniň ýüzi on dördünji gije dogan Aý dek bolar.

Her kim anna gijesi salawat aýtsa, Resul alaýhyssalam mübärek gollary bilen onuň salawatyny kabul edip alar.

Salyh Merwi diýen bir kişi anna gijesi görüstana zyýarata barypdyr. Ondan soň iki rekagat namaz okapdyr. Ondan soň bolsa metjitde bolupdyr. Ol ýerde birnäçe wagt oturypdyr. Eýse ukysy tutupdyr. Görse, şol ähli görüstanyň adamlary halka gurap şady-horramçylyk bilen otyrlar. Ol halda men bir ýigidi gördüm. Adamlardan daşgary gamgynlyk bilen oturypdyr. Egninde köne eşigi bar. Şol wagt ol halka gurap oturan adamlara tabak-tabak tagamlar we päkize donlar geldi. Emma ol ýigide hiç zat gelmedi. Ol jemagatlar tagamlaryndan oňa bermediler. Men ol kişiniň gaşyna bardym. Ol ýigitden soradym:

— Bu tagamlardan size näme üçin bermediler?

Ol ýigit aýtdy:

— Men bu görüstanyň adamlaryndan däldirin. Bularyň garyndaşlary her hepdede dileg edýärler we Gurhan okap, bular üçin sadaka berýärler. Onuň sogaby bulara lybas bolýar. Men garyp bu şäherden däldirin. Arada haç kylyp ýördüm. Şu şähere gelenimden soň öldüm. Meni adamlar şu görüstanda goýdular. Meniň atam ölüpdi. Enem meni unutdy. Her anna gijeleri bu jemagatlara tagam gelip dur. Maňa hiç zat gelmeýär – diýip aglaý-aglaý görüne girip ýatdy.

Ondan soň men ol ýigidiň enesiniň jaýyny we adyny soradym. Ol maňa aýtdy. Men ony yzlap tapdym. Görsem, bir garry hatyn ekeni.

Men oňa aýtdym:

— Eý, mama, ogluň barmy?

Ol aýtdy:

— Oglum bar. Käbä gidipdi. Käbe ýolunda ölüpdir. Men ol hatyna oglunyň wakasyny beýan etdim. Ol wagt ol hatyn bir ah urdy we aglap aýtdy:

— Haýp, oglumy unudan ekenim – diýdi.

Ondan soň ol sorady:

— Eý, adam, seniň adyň nämedir? – diýdi.

Men aýtdym:

— Meniň adym Salyh Merwidir.

Ol hatyn aýtdy:

— Men seni namazhon diýip eşidipdim.

Ol maňa on müň tylla berdi we aýtdy:

— Eý, Salyh, sen öz goluň bilen oglum üçin sadaka etgin – diýdi.

Men on müň tyllany onuň üçin ýagşy jemagatlara sarp etdim. Ondan soň ýene bir gün anna gijesi görüstana bardym. Ol görüstana zyýarat etdim. Ondan soň ukladym. Düýşümde ýene ol ýigidi gördüm. Ol hoşwagt, ýüzleri päkize, merdana oturypdyr. Ol meni görip, ýöräp ýanyma geldi we aýtdy:

— Eý, Salyh, Hudaýtagala saňa rehmet etsin! Ol wagt biziň ahwalymyzy hossarlarymyza habardar etdiň. Seniň delalatyň bilen görüň muşakgatyndan halas boldum we Hudaýtagalanyň rehmetine dahyl boldum – diýdi.

Men aýtdym:

— Eý, ýigit, siz anna gijesini nireden bilýärsiňiz?

Ol aýtdy:

— Ölüleriň barysy bilýärler. Ony howadaky guşlar hem bilýärler – diýdi.

Mütran Şejerden rowaýat etdiler.

Ol aýtdy:

— Men bir gün anna gijesi bir görüstandan ötüp barýardym. Bir bölek jemagatlar aglaşyp durdylar. Men olara salam berdim. Olar salamymy almadylar. Olar:

— Sen Mütran Şejeriň oglusyň – diýdiler.

Men olara ýene salam berdim. Olar ýene salamymy almadylar.

Men olara aýtdym:

— Eý, jemagatlar, meniň atamyň adyny nireden bildiňiz? Näme üçin siz meniň salamymy almadyňyz?

Olar aýtdylar:

— Biz ölüleriň sahypalary kesilipdir. Bizden salama jogap ýokdur.

Men ýene olara aýtdym:

— Siz näme üçin ýalaňaç ýörsiňiz?

Olar aýtdylar:

— Kepenlerimiz köne boldy. Garyndaşlarymyzdan hiç zat gelmedi.

Mütran Şejer olara aýtdy:

— Siz näme üçin jem bolup dursuňyz?

Olar aýtdylar:

— Biz bir taýpanyň adamlarydyrys. Biziň hemmämiz bir barýarys we hemmämiz hem bir gaýdýarys.

Ýene men olara aýtdym:

— Siz näme üçin är-aýal ýaly biri-biriňizden uýalmaýarsyňyz? Siziň bedenleriňiz ýalaňaç.

Olar aýtdylar:

— Ölüm ajygyndan akylymyz gidipdir. Haýsymyz är, haýsymyz hatyn, bilmeýäris.

Olar aýtdylar:

— Haktagala juma gijesi bize rugsat beripdir. Biz bir taýpa bolup garyndaşlarymyzyň işigine barýarys. Işikde bir sagat garaşyp durýarys. Biz: «Eý, garyndaşlar, bize dileg ediň, Gurhan okaň we sadaka beriň» diýip zarlaşyp durýarys. Olar bize dileg etmeseler biziň kepenlerimiz köne bolupdyr we bedenlerimiz çorlapdyr. Özleri günde nahar iýerler. Donlar geýerler. Bizden habardar bolmaýarlar. Eý Mütran! Biziň saňa bir hajatymyz bar ony etgil.

Men aýtdym:

— Eý, jemagatlar, näme hajatyňyz bar?

Olar aýtdylar:

— Sen biziň jemagatlarymyzyň tarapyndan garyndaşlarymyza emr magruf etseňiz.

Olar emr magruf diňläp, biziň ruhymyza dileg etseler – diýdi. Ol wagt men ol jemagatlaryň garyndaşlaryna emr magruf etdim. Ol emr magrufy diňläp, indi olar dileg edip durlar, sadaka berip durlar. Ondan soň olardan habar alsam, olar hem şadyman bolupdyrlar we päkize donlar geýip hoşwagt bolupdyrlar.