OTUZ ALTYNJY BAP METJIDE YZZAT WE HORMAT ETMEGIŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » OTUZ ALTYNJY BAP METJIDE YZZAT WE HORMAT ETMEGIŇ BEÝANY

Her kimiň agzyna balgam (gakylyk) gelse, ony ýuwutsa, ýa ol balgamy metjitden çykaryp taşlasa, Hudaýtagala hemişe ol bendäni öýünde aman saklagaý. Ol bendä sogap bergeý we günälerini ýok etgeý.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim metjitde çyra ýaksa şol bendä ýedi dowzahyň öýi haram bolar. Ol bendäniň her gijesine on müň sogap amal depderine ýazar. On müň günäsini bolsa ýok eder.

— Her kim metjitde çyra ýaksa, ol bendä behiştde bir jaý berer we bir daragt berer. Ol daragtyň astyndan bu dünýäniň ýüwrük aty ýüz ýyl ýüwürip ol tarapyna çykyp bilmez.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Her kim metjide düşek düşese Haktagala ol bendä ýetmiş müň perişde bergeý. Ol perişdeler tä ol düşek topraga goşulýança, ol bendäniň günäsini geçilmegini dilär,

Resul alaýhyssalam aýtdy:

—Namaz okaýanda metjidiň on bäş sany haky bardyr.

Birinji, her bir kişi metjide girse hala içinde kişi bolsun, hala bolmasyn, salam bilen girgeý. Ikinji, metjide giren kişä iki rekagat namaz okamak gerek. Üçünji, metjitde söwda-satyk etmezlik gerek. Dördünji, iki kişiniň dawasy bolsa metjitde dawa etmezlik gerek. Bäşinji, bir kişi bir zadyny ýogatsa metjitde talap etmezlik gerek. Altynjy, metjitde dünýä sözüni sözlemezlik gerek. Ýedinji, metjide giren kişi ýokaryny talap etmezlik gerek. Sekizinji, metjitde orun üçin uruşmazlyk gerek. Dokuzynjy, her jaýda bolsa oturmak gerek. Onunjy, bir kişi namaz okasa öňünden ötmezlik gerek. On birinji, metjitde oýnamazlyk gerek. On ikinji, ýaş oglany metjide getirmezlik gerek. On üçünji, Hudaýtagalanyň zikrinden (ýadyndan) özge işi etmezlik gerek. On dördünji, agzyň we burnuň suwuny daşary taşlamazlyk gerek. On bäşinji metjide girensoň Haktagalanyň ýady bilen bolmak gerek.

Selman Parsy (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

Bir gün Resul bir daragtyň şahasyny tutdy we aýtdy:

— Eý Selman Parsy, gördüňmi bu daragtyň ýapragy niçik döküldi?! Her wagt ymmatym täreti dürs etse, namaz üçin metjide ýörese, ol ymmatymyň günäleri şol daragtyň ýapragy dek döküler.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

Her mömin metjide barsa her gadamyna on sogap ýazar we on günäni ýok eder. Ýene-de jennetde on öý – barýança we gelýänçä öten ýollary üçin bina eder.

Resul alaýhyssalam zamanynda bir kişi şeýtana ýolugypdyr. Ol kişi şeýtana aýtdy:

— Eý şeýtan, men saňa meňzesem diýip arzuw edip ýördüm. Niçik saňa meňzärin?

Şeýtan aýtdy:

— Namaz okama we ýalan sözle. Şonda maňa meňzärsiň – diýdi.

Ol kişi aýtdy:

— Onuň ýaly bolsa men ant içdim namazy galdyrmaryn. Ýalan hem sözlemerin – diýdi.

Onda şeýtan aýtdy:

— Men-de saňa indi nesihat etmerin – diýip, ant içdim.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Namazda on iki müň sogap bardyr. Bu on iki müň sogaby kim on iki parzy berjaý etse şonda tapar.