OTUZ ÝEDINJI BAP NEPIL NAMAZYNYŇ[1]SOGABYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » OTUZ ÝEDINJI BAP NEPIL NAMAZYNYŇ[1]SOGABYNYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim agşam namazyndan soň alty rekagat namaz, ýa dört rekagat namaz okasa Allatagala ol bende üçin behiştde iki köşk bina eder. Olaryň biri gyzyldan, beýlekisi ýakutdan bolar. Ol köşgüň arasynda baglar bolar. Ony Hudaýtagaladan özge hiç kim bilmez.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

—Her kim ertir namazyny wagtynda okasa, ondan soň tä gün çykýança otursa, ondan soň iki rekagat namaz okasa Haktagala oňa bir perişde iberer. Ol perişdäniň goluna behiştden bir tabak berer. Ol kişiniň namazyny tabaga salar. Tabagyň üstüni ýapar. Ol perişde ony alyp bir jaýa barar. Ol jaýy Haktagalanyň özi biler. Aňyrda topar-topar perişdeler ony görip, ol namazyň eýesine istygpar aýdar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim gün bir naýza boýy bolansoň iki rekagat namaz okasa Hudaýtagala oňa segsen ýyllyk tagatyň sogabyny ýazar. Segsen ýyllyk günäsini bolsa ýok eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Her kim tejehhud namazyny[2] okasa, behişt oňa wajyp bolar. Tejehhud namazyndan soň namazlaryň ýagşysy nepil namazdyr. Her kim tejehhud namazyny okasa, dowzah oňa haram bolar. Tejehhud namazy on iki rekagat namazdan ybaratdyr. Owwal her rekagatyna bir ýola «Fatyha», bir mertebe «Aýatul kürsini» okamak gerek. Ondan soň galan sekizinde «Ýasyn» süresini okamak gerek. Gudraty ýetse ony dört mertebe okamak gerek. Ondan soň «Ýassy namazyny» okamak gerek. Oňa gudraty ýetmese, «Ýasyny» sekize bölmek gerek. Her bölegini bir rekagatda okamak gerek. «Ýasyny» bilmese, onda her rekagatyna üç mertebe «Kulhuwallahu ahady» okamak gerek. Eger wagt giç bolsa dört rekagat okamaly.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Her kim agşam namazyny okasa ondan soň iki rekagat namaz sünneti okasa, ondan soň kişi bilen sözleşmän turup, dört rekagat namazyny okasa, owwabin[3] okasa, her rekagata bir ýola «Fatyha», üç ýola «Yhlas» süresini okasa, Allatagala ol bendäni günäden boşanlaryň hatarynda ýazdyrar. Ol bendäniň günäsi gumlardan, ýyldyzlardan, derýanyň içindäki janawerlerden köp bolsa-da Haktagala ol bendäniň hemme günälerini geçer we ony ýalkar. Ol bendäniň imany öz ornunda berk bolar we ony nebsine tabyn etmez.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ol meniň bilen behiştde maňa iki barmagyň ýakynlygy ýaly ýakyn bolar.

Möwlana Nejmeddin Omar Nesefi[4] aýtdy:

— Her kim iki rekagat namazy juma gijesi okasa sogaplydyr. Owwalky rekagatyna bir ýola «Fatyha» okasa, «Kul eýýuhany» on ýola okasa soňky rekagata bir ýola «Fatyha» we «Yhlas» süresini on ýola okasa, ondan soň başyny sejdä goýsa, on ýola salawat okasa, on ýola «Rebbena ätinäni» okasa, on ýola «Subhanalla welhemdilullahy» tä ahyryna çenli okasa, on ýola – «Ýa Gaýýas al-mustagysynyg-syny[5]» diýip dileg aýtsa, ondan soň hajatlaryny birme-bir dilese Allatagala ol bendäniň dünýä hajatlarynyň hemmesini rowa eder.

Eger bendäniň Allatagala bir hajaty düşse iki rekagat namaz okagaý. Ondan soň ýüzüni kybla garadyp kyrk ýola «Fatyha» okagaý. Her birinde bismillany okagaý. Ondan soň başyny sejdä goýgaý we hajatlaryny dilegeý. Jemi hajatlary rowa bolar.

 

 


[1]Nepil namazy – parz bolmadyk, emma meýletin sogap üçin okalýan namaz.

[2]Tejehhud namazy - parz namazlar tamam bolandan soň gije uklaman okalýan namaz.

[3]Owwabin – toba edýänleriň namazy.

[4]Nejmeddin Abu Hafs Omar bin Muhammet Nesefi meşhur fakyh alymlaryň biri (1142-nji ýylda ölen).

[5]Ýa Gaýýas al-mustagysynyg-syny– Eý ýardam beriji Taňry maňa ýardam ber!