OTUZ SEKIZINJI BAP BÄŞ WAGT NAMAZYŇ SOGABYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » OTUZ SEKIZINJI BAP BÄŞ WAGT NAMAZYŇ SOGABYNYŇ BEÝANY

Enes ben Mälik (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Bir wagty mömim bende namaz üçin ýerinden tursa, namaza girişip tekbir tahryma etse, Haktagala ol bendäniň günäsini aýyryp, ony eneden ýaňy dogan çaga dek päk eder. Ol bende «Subhaneke allahumme» okasa Allatagala onuň sag tarapyndaky perişdä perman eder:

— Bu bendäniň tenindäki tüýüniň her birisi üçin altmyş ýyllyk ybadatyň sogabyny ber – diýer.

Ol tagaty gündüz oraza bilen, gije namaz bilen öten bolgaý. Ol bende «Aguzu billäni we «Bismillani» okasa ol bendä dört müň sogap ýazar. Dört müň günäni ýok eder.

Her wagty ol bende «Fatyha» süresini okasa göýä ol bende haj eden dek bolar. Ondan soň rukug etse bir gapjyk tyllany Hudaýtagalanyň razylygy üçin sadaka edeniň sogabyny berer. Ol bende «Subhani rebbi elazym» diýse, oňa jemi pygamberlere gelen kitaplaryň sogabyny berer.

Ol bende «Semiallahu limen hamideh» diýse, Allatagala oňa rehmet nazary bilen garap «Lepbeý bendäm» diýgeý. Ondan soň Allatagala Kirama Kätibeýni[1] iberer. Bu bendäniň nama amalyna adamlaryň sanyça sogap ýazar we her wagty ol bende sejde etse, Allatagala ol bendä ýedi ýüz dereje we mertebe berer, Resul Hudanyň öwladyna beren mertebeden berer.

Her wagty mömim bende «Et-tahyýýaty» okasa Allatagala sabyrlylara beren sogabyny bergeý. Ol bende namazdan boşandan soň, iki tarapyna salam berende, Allatagala sekiz behişdiň işigini açar we:

— Eý bendäm, haýsyndan isleseň, şondan gir – diýip rehmet eder.

Hezreti Osmandan (Alla ondan razy bolsun!) we Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdiler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim täret alsa we öýle namazyny jemagat bilen okasa, Haktagala onuň günäsinden ýalkar.

— Her kim ikindi namazyny jemagat bilen okasa öýle namazy bilen ikindi namazyň arasynda eden günäsini ýalkar.

— Her kim agşam namazyny jemagat bilen okasa, öýle namazy bilen agşam namazynyň arasynda eden günäsini ýalkar.

— Her kim ýassy namazy jemagat bilen okasa, agşam namazy bilen ýassy namazynyň arasyndaky eden günälerinden ýalkar.

— Her kim erte namazy jemagat bilen okasa, ýassy namazy bilen erte namazynyň arasynda eden günäsiniden ýalkar. Şeýle hem Gurhan okanyň sogabyny berer. Ýagşy amaldan myrat, bäş wagt namazy jemagat bilen okamakdyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim bäş wagt namazy jemagat bilen okasa, kyýamat güni ol bendä Haktagaladan:

— Bende hasapsyz jennete girsin – diýip, perman bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý meniň ymmatym, namaz okaň. Jemagat bilen okaň, namazyňyz kyýamat güni goluňyzdan tutujydyr. Eger namazy jemagat bilen okamasaňyz, kyýamat güni ol namaz siziň goluňyzdan tutujy bolmaz.

Abdylla bin Mesgut (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Eý Resulalla, men bir tekbir tehrimäni geçirdim. Onuň üçin bir guly azat etsem bolarmy? – diýip soradym.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ýer ýüzüniň mülki seniňki bolsa, ony Hudaýtagalanyň razylygy üçin sarp etseň, onuň sogaby tekbir tehrimäniň sogabyna ýeter.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ahyrzaman ýakyn bolsa meniň ymmatym namaz wagtyny kaza etmese hiç gamy bolmaz.

Resul alaýhyssalamyň ýanyna bir kişi geldi. Ol namaz okady we namazyň rukug sejdesini berjaý getirmedi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Gaýta başdan okagyl.

Ol kişi gaýta başdan okady.

Resul alaýhyssalam ýene kabul etmedi. Ol üç mertebe okady. Ahyrynda Resulalla ýerinden turdy. Iki rekagat namazy okady. Ondan soň aýtdy:

— Eý bende, şunuň ýaly okagyl – diýdi. Ol bende şol tertip bilen okady. Ondan soň Resul alaýhyssalama «salam» berdi. Resul Huda jogap berdi we:

— Namaz okap başlanyňa näçe ýyl boldy? – diýip sorady.

Ol aýtdy:

— Sekiz ýyl boldy.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Şol sekiz ýylky namazyňy gaýtadan okagyl. Eger şol namaz okaýşyň bilen okan bolsaň Muhammediň dininde bolmarsyň – diýdi.

Huzaýfa (Alla ondan razy bolsun!) namaz okap duran bir kişini gördi. Namazdan soň Huzaýfa sowal berdi:

— Seniň namaz okalyň bäri näçe ýyl boldy.

Ol kişi aýtdy:

— Kyrk ýyldyr. Huzaýfa aýtdy:

—    Kyrk ýyldan bäri okan namazyňy gaýta başdan okagyl. Şol okan namazyň üçin Hudaýtagala saňa nazar salmaz. Namazyň rukug bilen sejdesini berjaý etmeli – diýdi.

 


[1]Kirama kätibeýn - her bir adamyň iki egninde bolan iki perişde.