KYRK BIRINJI BAP SALAWATYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » KYRK BIRINJI BAP SALAWATYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Ibn Mesgut (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat edipdir:

Pygamber alaýhyssalam aýty:

— Behiştde bir daragt bardyr. Ol daragtyň ady Et-tahyýýatdyr. Ol daragtyň ýetmiş müň şahasy bardyr. Her şahasy bu dünýä ýedi esse bolar. Ol daragtyň sütüninde bir guş bardyr. Onuň tumşugy ak, aýagy bolsa garadyr. Ol guşyň ady As-salawatdyr. Onuň dört müň ganaty bolup, ol bu dünýä ýedi essedir. Ol daragtyň düýbünde bir howuz bar bolup, ady Et-taýýybatdyr. Ol howzuň ululygy bu dünýä ýedi essedir. Her wagty mömin bende salawat iberse Muhammet Mustapa alaýhyssalam ol daragtdan ol guşy tutup alyp, ol howzyň suwuna çümdirer. Ondan soň ol guş howuzdan çykar. Ol daragtyň üstünde oturup ganatlaryny silker. Her ganatyndan ýetmiş katra suw damar. Onuň her bir katrasyndan Allatagala perişde ýaradar. Her perişdäniň ýetmiş müň başy bolar. Her bir başynda ýetmiş müň agzy bolar. Her agzynda ýetmiş müň diller bilen ol bende üçin kyýamata çenli tesbih we istygpar aýdar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her mömin bende yhlas bilen maňa ýüz mertebe salawat aýtsa, Men oňa ýetmiş hajaty ol dünýäde, otuz hajaty bu dünýäde bererin. Ol dünýäde beren hajatynyň iň bärkisi ýalkanmakdyr.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Her kim salawat okasa ol bendäniň ahyrýetde iki işini bitirerin. Owwal, ony Hudaýtagaladan diläp alaryn. Ikinji, ol bendäni «imanly» diýip güwälik bererin. Her kime men güwälik bersem, ol bende dowzah görmän behişde barar.

Rowaýat etdiler:

Bir gün Sufýan Söwri[1] aýtdy.

Men Käbä zyýarat etmäge barýardym. Bir kişini gördüm. Ol salawatdan özge zat okamaýardy.

Men aýtdym:

— Eý Hoja, bu jaýa hajat dilenýän jaý diýerler. Sen salawatdan özge zat okamaýarsyň. Näme salawatdan bir häsiýet tapdyňmy?

Ol bende aýtdy:

— Men atam bile Käbä barýardym. Bir menzile ýeten wagtymyzda atam dünýäden ötdi. Atam janyndan jyda bolandan soň onuň ýüzi gara boldy. Özge teni ak boldy. Men aglaý-aglaý biçäre boldum we:

— Eger atamy gusul alyp ýuwar bolsalar bu ryswalykdan nädip çykaryn diýip pikir etdim. Ölini ýuwmaga gelenler «Onuň ýüzi gara» diýip dargaşarlar. Men onda näme ederin – diýdim. Atamyň üstüne çadyr ýapdym. Aglaý-aglaý ukladym. Ukuda bir päkize donly we päkize ýüzli kişi geldi. Onyň ýüzi ýagşyzada meňzeýär. Şeýle kişini bu dünýäde görmändim. Ol kişi gelip atamyň düşeginiň üstüne oturdy, atamyň üstündäki çadyrany galdyrdy, bir zat okady we atamyň ýüzüni sypady. Ol wagt atamyň ýüzi dirilikdäki ýaly bolup, belki ondan hem zyýada nurana boldy. Ondan soň ol kişi atamyň ýüzüne çadyrany ýapdy we turdy-da ýoluna rowana boldy. Ol wagt men gorkymdan ýaňa turup, ol kişä gygardym:

— Eý Hudaýyň bendesi, siz kimsiňiz? Dilegiňiziň bereketinden atamyň gara ýüzi ak bolupdyr. Men bu beladan we adamlaryň arasynda şermende bolmakdan halas boldum.

Ol kişi maňa garap aýtdy:

— Eý Hudaýyň bendesi, men kyýamat güni jemi asy we jepaly dowzaha laýyk bolan ymmatlarymyň penakäri bolup, şepagat edip, Haktagaladan günälerini ötmegini soran, dowzah odundan ymmatlarymy halas eden Muhammet Resulalladyryn – diýdi. Men ol wagt agladym, bihuş bolup ýykyldym we bir zamandan soň huşuma geldim. Eýse heniz ol dur eken.

Men aýtdym:

— Eý Muhammet! Atamyň ýüzi näme üçin gara boldy. Ol nähili häsiýet bilen beýle boldy.

Ol aýtdy:

— Ataň halk içinde ýamandy. Ol ýamanlykdan ýüzi gara boldy. Emma maňa salawat ibermegi adat edipdi. Ataňyň ýüzi gara bolandan ol salawat maňa aýtdy. Ondan soň men geldim. Ataňy bu beladan halas etdim – diýdi. Ol ýene aýtdy:

— Her kim maňa yhlas bilen salawat iberse, ol bendä dünýäde we ahyrýetde penakär bolaryn – diýdi. Şonuň üçin men dilimden salawaty goýmaýaryn – diýip, sözüni soňlady.

Abdylla Turaby aýtdy:

Men bir gardaşymyň öler halyna duçar boldum. Görsem jan berer halynda dur. Ol wagt men ol gardaşyma aýtdym:

— Eý gardaşym, maňa jan bermekligiň ajygyndan habar bergil.

Ol aýtdy:

— Eý gardaşym, alymlardan eşidipdim. Her kim salawaty yhlas bilen köp okasa jan ajygyny görmez – diýdi. Ondan soň men her gije-gündizde ýüz mertebe salawat okardym. Belki ondan hem zyýada okamaklygy adat edendirin. Şonuň üçin elhal jan ajygyny görmedim – diýdi. Ol şondan soň keleme şahadaty okady we jan berdi.

Ibn Apbas aýtdy:

— Men hezreti Resuldan eşitdim. Dilegiň owwalynda we ahyrynda salawat okan kişiniň dilegi kabul bolman galmaz.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Mömim bende her bir mertebe salawat iberse oňa Allatagala on mertebe salawat iberer.

Mömin bende namazdan boşandan soň Muhammet Mustapa salawat iberse perişdeler on mertebe salawat aýdanyň sogabynyň hasabyny biler. Ondan zyýada bolsa onuň üçin beren sogabynyň hasabyny bilip bilmez. Ol wagt perişdeler aýdar:

— Eý bar Hudaýa, biz bu bendä beren sogabyň hasabyny edip bilmedik – diýerler. Ol wagt Hudaýtagala aýdar:

— Eý perişdelerim, sizl on mertebe aýdan salawatyň sogabyny hasap edersiňiz, on mertebeden zyýada eden salawatyny sogabynyň hasabatyny Özüm bilerin. Özümden özge hiç kimse bilmez – diýdi.

Emma bu sogaplar ol bendelere bolar:

— Her kim salawat eden wagtynda Haktagaladan gapyl bolmasyn. Hormat bilen aýtsynlar.

Her kim namazy adat üçin okasa Hudaýtagalany gaflat bilen ýat etse we salawaty hormatsyz etse ol namazy we ol ýady kyýamat güni Haktagalanyň huzuryna alyp bararlar. Emma ol sary çybynyň ganatyça bolup barabilmez.

Namaz okap onuň sogabyny umyt edýän bende ol namazy Haktagaladan gorkup okagaý. Haktagaladan gorkanyň nyşany ol bolar:

— Namaz wagty bolsa ol bende tä ol namazy wagtynda jemagat bilen okamaýança dünýä işine maýyl bolmaz. Ol bende Haktagalany ýat eder bolsa, «Men Haktagalany görmesem hem ol meni görip durandyr» diýip, köňlüni hiç ýere ibermez. Eger şeýtan köňlüni alyp gitse, ol bende her zaman köňlüni yzyna gaýtarar diýip garap durar. Eger kişi salawat aýtsa hormat bilen etgeý. Hormat bilen edeni budur:

— Salawat aýdan wagtynda köňli gapyl bolgaý we «Bu aýdan salawatym kabul boldumy ýa bolmadymy?» diýip, köňli kelamda bolgaý. Eger bende şol mertebe bilen okasa ol namazyň, ol kelamyň ýadynyň we ol eden salawatynyň belli bahasy ýokdur. Her wagty ýedi gat asmandan we ýedi gat ýeriň halky bilen bahalasalar bahasy bolmaz.

Eý Taňrymyz, ähli bendäni gaflat bilen ýat etmekden özüň saklagaýsyň. Ämin.Ýa repbil älemin.

 



[1]Sufýan Söwri (715-778) meşhur muhaddis we sopy alym.