KYRK IKINJI BAP DILEG ETMEKLIGIŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » KYRK IKINJI BAP DILEG ETMEKLIGIŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Möminler dileg etse kabul bolman galmaz. Meger kişi süýthor bolsa, ýa gybat ediji ýa töhmet ediži bolsa, ol kişiniň dilegi kabul bolmaz.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Bendäniň dili dileg bilen, köňli dünýä bilen meşgul bolsa, onuň dilegi kabul bolmaz. Şeýle hem bendäniň tagamy ýa lybasy haram bolsa dilegi kabul bolmaz.

Bir gün Musa alaýhyssalam Tur dagyna bardy. Ýolda bir kişi dileg edip, zar-zar aglap ýatyr eken. Musa alaýhyssalamyň oňa rehimi gelip aýtdy:

— Eý bar Hudaýa, bu bendäniň hajaty menden bitýän bolsa men hajatyny rowa ederdim.

Ol wagtda Haktagaladan perman boldy:

— Eý Musa, men senden rehimlidirin. Emma ol bendäniň dili dileg bilen bolsa-da, köňli goýunlary bilen. Men onuň ýaly kişiniň dilegini kabul etmerin.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Eger kişi dünýäde dileg etse, ol eden dilegi kabul bolmasa, kyýamat güni Haktagaladan perman bolar:

— Eý bendelerim! Dünýäde dilän hajatlary bitmedik bendelerim bar bolsa, bu gün olar gelsinler, ol dünýäde bitmedik hajatlaryňyz üçin men bu dünýäde on esse hajat bererin – diýer.

Bendeler aýdarlar:

— Ol dünýäde hiç hajatymyz bitmändi – diýerler.

Haktagala olaryň bitmedik hajatlaryny bitirer.

Musa alaýhyssalam aýtdy:

Eý bar Hudaýa gijäniň haýsy sagady seniň ýanyňda dileg kabul bolmaklyga ýakyndyr.

Hudaýtagala aýtdy:

— Eý Musa, menden bendeler hajat dilär bolsalar ýarym gije ötenden soň tursunlar we hajatyny dilesinler. Men olaryň dileglerini kabul ederin – diýdi. Emma dilegiň kabul bolmaklygynyň şertleri bar: «Ýagny halal iýmek, halal geýmek we dileg eden wagtyňda köňlüňi dünýäniň meşgullygyndan saklamak gerek» diýdi.

Habarda şeýle getiripdirler.

Bir gün Nyşapur patyşasy raýatlaryna pul salgyt saldy we aýtdy:

— Eý halk şol puly berseňiz gutuldyňyz, eger bermeseňiz şu naýza tutuldyňyz – diýip, ant içdi. Ýene men şäheriňizi oda ýakaryn diýip, gazap etdi. Nyşapur halky aljyrady. Her wagt ötünç dilediler weli, peýda etmedi. Bir hepde möhlet dilediler, ol berdi. Ahyr Abu Makama Hindi atly ýolbaşçy ähli nyşapurlylara aýtdy:

— Dileg ediň, ýöne ol dilegiňiz asmana çykmaz. Siz maňa bir zat beriň. Men ony bir ýere sarp edeýin. Ondan soň dileg edeýin – diýdi. Ol jemagatlar bir-birinden soraşdylar. Kyrk tylla enjam boldy. Alyp ony ol eziziň öňünde goýdular. Ol jemagatlar ondan soň iki gollaryny göterip dileg etdiler.

Ol wagt şyhlary aýtdy:

— Baryň, diwaryň üstüne çykyp patyşa tarapa gulak salyň – diýdi. Ol wagt bir adam tamyň üstüne çykdy. Şol wagt patyşa tarapa seretdi. Görse patyşa tarapdan bir sopy gelýär. Ol sopy gelip, ol ezize habar berdi. Ol wagt ol eziz işini goýup takyk kyldy. Eýse ol patyşanyň garny ýarylyp ölüpdir. Şeýdip halklar beladan halas boldular.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Kyýamat güni bir topar adamlaryň namalary sag goluna geler. Namasyny okasa hemme tagat we ybadat ýazylandyr. Ol bende aýdar:

— Eý Hudaýa, men bu tagatlary dünýäde etmändim – diýer. Haktagaladan perman geler:

— Eý bendelerim, dünýäde menden hajatlaryňyzy diläpdiňiz. Ol hajatlaryňyzyň sogabydyr – diýer.