KYRK ÜÇÜNJI BAP GURHAN OKAMAGYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » KYRK ÜÇÜNJI BAP GURHAN OKAMAGYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim namazda Gurhan okasa bir harpy üçin ýüz sogap berer we bir ýüz günäni ondan ýok eder. Kyýamat güni halklar başagaý bolup ýören wagtynda Gurhan geler we ol bendä aýdar:

— Sen meni tanamaýarsyňmy?

Ol kişi aýdar:

— Sen kimsiň?

Ol aýdar:

— Men ol dünýäde okan Gurhanyňdyryn. Sen indi gorkma! Men seni goluňdan tutup, behişde alyp bararyn – diýer.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Haktagala dowzahda bir jaý ýaradypdyr. Ol jaýda bir guýy ýaradyp goýupdyr. Ol guýynyň ady Weýildir. Ol ýer Gurhany okap unudan we galat okan kişileriň jaýydyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Adamlaryň seýidi Hezreti Adam pygamberdir, çarwa araplaryň seýidi mendirin. Parsyň seýidi Selmandyr, Rum halkynyň seýidi Suheýbdir. Hebeşi halkynyň seýidi Bilaldyr. Günleriň seýidi anna günüdir. Aýlaryň seýidi remezan aýydyr. Gijeleriň seýidi gadyr gijesidir. Gurhanyň seýidi Bakara süresidir. Bakara süresiniň seýidi «Aýatul kürsidir».

Aýatul kürsiniň alty kelemesi bardyr. Her kelemesinde alty bereket bardyr. Her bende namazdan soň «Aýatul kürsini» okasa, ol namaz:

— Eý bar Hudaýa, men ol bendäniň namazydyryn. Ol Dünýäde namazdan soň «Aýatul kürsini okandygy sebäpli ony behişde iberiň – diýer

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim parz namazyndan soň «Aýatul kürsini» okasa Haktagala ol bendä alty keramat bergeý. Ikisi-dünýäde, ikisi-görde, ikisi ahyrýetde. Ol dünýädäki ikisi budyr:

Owwal, ol bendäniň ryzky giň bolar. Ikinji, jemi belalardan aman bolar.

Ikisi gördedir:

Owwal, göri giň bolar. Ikinji, Müňkir, Nekir sowaly ýeňil bolar.

Emma ol ikisi ahyrýetdedir:

Owwal, ol bende Syratdan ýyldyrym dek öter. Ikinji, Haktagala kyýamatdan aman eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim «Gurhan okasam» diýip arzuw etse, «Kulhuwallahu ahady» üç ýola okasa, Gurhany bir ýola okanyň sogabyny berer.

Şyh Magruf Kerhiniň[1] ýanyna bir kişi geldi.

Aýtdy:

— Eý şyh, zyýada garyp boldum. Maldan hiç zadym ýok. Maňa dileg etgil, baý bolaýyn – diýdi.

Şyh aýtdy:

— «Kulhuwallahu ahady» köp okagyn, baý bolarsyň – diýdi. Ol bende şonuň ýaly etdi we baý boldy.

Resul alaýhyssalamyň ýanyna bir kişi geldi. Aýtdy:

— Eý Resulalla, pezendiň Gurhanhon bolmaklygyndan ne mukdar sogap bar?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Kim perzendini Gurhanhon etse, oňa şeýle sogap hasyl bolar: Müň sapar haç edeniň, müň musulmana tagam bereniň, müň guly azat edeniň we müň ýola kapyr gyranyň sogabyny berer. Ol perzent Gurhandan näçe harp okasa her harpyna on sogap nama amalyna ýazylar. On günäni ýok eder. Ol perzent Gurhanhon bolsa ol bendäniň amalyny terezä salanda sogap tarapy agyr geler. Ol bende syratdan ýyldyrym dek öter.

Bir gün Jebraýyl alaýhyssalam aýtdy:

 — Eý Muhammet Haktagala aýtdy: «Her kim perzendini Gurhanhon etse Men ol perzendiň ata-enesini dowzaha salmagy rowa görmerin. Her wagt ata-enesi kapyrlaryň eden günäsine barabar günä etse hem, olara gör azabyny bermerin. Eger olaryň günäsi çölleriň ot-çöpleriniň sanyndan hem köp bolsa ýalkaryn».

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Tälim beriji mugallym çaga «Bismillahy-r- rahmany-rahymy» öwretse we ol bir mertebe aýtsa Haktagala: «Bu mugallymyň amal depderine on sogap ýaz!» diýip, perman berer. Onuň on günäsini ýok eder we behiştde on öý bina eder. Haýsy mugallym «Bismillahy-r-rahmany-rahymy» çagalara bildirse Haktagaladan: «Bu mugallymyň we ol perzendiň ata-enesini dowzah odundan halas etdim» diýen perman bolar.

Hezreti Ymam Hüseýin Aly Esger diýen ogluny mekdebe iberdi. Aly Esger «Fatyha» süresini öwrenip geldi. Ony atasynyň öňünde dürs okady. Hezreti Hüseýin Aly Esgeriň ussadyna müň tylla pul we müň teňňe hem kümüş pul berdi. Şeýle hem gowy serpaý iberdi. Ussady Abdyrahman aýtdy:

— Men ne mukdar zat öwretdim? Maňa munça zat iberipdir.

Möminleriň emiri Hüseýin aýtdy:

— Babam Muhammet Mustapa alaýhyssalam:

— Kim «Fatyha» süresinden bir aýat bilse, ýer ýüzüniň hazynasyny berseler hem barabar bolmaz – diýip aýdypdy.

— Men ne mukdar sowgat berdim, «Fatyha» süresini tamam öwrenipdir – diýdi.

Bir gün Ymam Agzam ogly Hammady ussada beripdir. Ussady «Fatyha» süresini öwredipdir. Ymam Agzam bäş ýüz tylla oglunyň goluna berdi. Ogly ol tyllany ussadyna alyp bardy we oňa berdi.

Ussady aýtdy:

— Onuň ýaly hyzmata munça tylla haýp dälmi?

Ymam Agzam bu sözi eşitdi. Eýse ogullaryny ol ussatdan çykardy we aýtdy:

— Haktagalanyň keremini horlan kişiden hiç kim peýda almaz.

 


[1]Şyh Magruf Kerhi (874-952) - hanapy mezhebiniň meşhur alymlarynyň biri we bu mezhebiň meselelerine degişli ençeme kitaplaryň ýazary.