KYRK BÄŞINJI BAP SADAKANYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » KYRK BÄŞINJI BAP SADAKANYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Her kim bir mömine don berse, ony geýen musulman bolsa, namaz-orazanyň haýryndan ol bendä Haktagala näçe mukdar sogap berse, bu don berene hem tä ol tozup ýok bolýança şol mukdar sogap berer.

Her kim mömine tagam berse, ol bende ol tagamyň kuwwaty gidýänçä tagat etse, Haktagala ol bendä näçe sogap berse, tagam berene hem şol sogaby berer.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Sadaka iki hilidir:

Parz sadaka we nepl sadaka.

Parz sadaka zekat, hüşür, pitre, nezr (hudaý ýoluna aýtmak) we kefarat (günä işi ýuwmak üçin berilýän) sadakadyr.

Her kim bu sadakalary berse Hudaýtagala ol bendä şeýle köp ýagşylyk berer welin, hiç hasaby bolmaz. Eger bermese ol bendelere azap eder. Hiç bende şonuň ýaly azaby görmegeý.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Adam dört dürlüdir. Kerim, sahy, bahyl we leýim. Kerim oldur – özi iýmez, diňe özge kişä berer. Sahy oldur - özi hem iýer, başga kişä hem berer. Bahyl oldur - özi iýer emma , kişä hiç zat bermez. Leýim oldur – özi hem iýmez, kişä hem zat bermez. Kerim bilen sahy jennete barar. Bahyl bilen Leýim dowzahda bolar.

Haktagala aýtdy:

— Eý Bendelerim! Iman getiriň we sadakany köp beriň. Men beren sadakalaryňyzy size artykmajy bilen yzyna gaýtararyn.

Ibn Apbas (Alla ondan razy bolsun!) Pygamber alaýhyssalamdan rowaýat etdi:

— Iki zat Hudaýtagaladandyr, iki zat bolsa şeýtandandyr. Hudaýtagaladan bolan ol iki zat:

Owwal-kerim we sahy bolmak, ikinji tagat etmek.

Şeýtandan bolan iki zat.

Owwal – bahyl bolmak, ikinji – günä etmek.

Fakyh Abulleýs aýtdy:

 — Sadaka bermekde on sogap bardyr. Onuň bäşi bu dünýäde, bäşi bolsa ahyrýetde berler.

Ol dünýäde beriljek bäşisi owwal, ol maly haramdan päk eder. Ikinji, tenini günäden päk eder. Üçünji, belalalary gaýtarar. Dördünji, sadaka alanda bendäniň göwni hoşwagt bolar. Bir bendäniň köňlüni hoşwagt etmeklik haç edenden ýagşyrakdyr. Bäşinji, malyňy zyýada eder we ryzkyňy giň eder.

Ahyrýetde beriljek bäşisi owwal, ol sadaka saýa bolar. Ikinji, kyýamatda hasaby ýeňil bolar. Üçünji, terezide amalyny ölçände sogaby agyr geler. Dördünji, syratdan aňsat öter. Bäşinji, behiştde derejesi belent bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Sadaka sogabyna görä dürli bolar: Birine bir berer, birine on berer, birine ýetmiş berer, birine ýüz berer, birine ýetmiş müň berer, birine beriljek sogabyň hasabyny Allatagaladan özge kişi bilmez. Emma birine bir sogap berýän sadaka, ony zalymlara we bozuklara bermekdir. Emma birine on sogap berýän sadaka, ony sag-salamat pakyrlara bermekdir. Emma birine ýetmiş sogap berýän sadaka, ony derwüşlere bermekdir. Emma birine yýz sogap beryän sadaka ony maýyp-müjriplere bermekdir. Emma birine ýetmiş müň sogap berýän sadaka ony talyplara bermekdir. Emma birine hasaby ýok sogap, asmana we ýere sygmaz – ol alymlara hem ölenleriň ruhy üçin berilen sadakadyr. Her kim ölenlere sadaka berse, ol sadaka sebäpli ölenlere Haktagala rehmet eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Üç zat üç zada ýakyndyr. Üç zat üç zatsyz kabul bolmaz. Namaz zekata ýakyndyr. Namaz zekatsyz we hüşürsiz kabul bolmaz.

Ýene parz sünnete ýakyndyr. Parz sünnetsiz kabul bolmaz.

Taňry dilegi sadaka ýakyn edipdir. Dileg sadakasyz kabul bolmaz.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim malyndan sadaka bermese, ol mal tiz ýok bolar. Dünýäde sadakasy berilmedik maly ot edip ol bendä ýapyşdyrarlar. Ol bendä şonuň ýaly azap berler.

Seýit Älemden rowaýat edipdirler:

Seýit Älemiň ýaşan döwründe Saglaba atly bir kişi bardy. Ol kişi metjide hemmeden öň gelip oturardy. Bir gün ol Resul alaýhyssalama arz edip:

— Eý Resulalla, maňa dileg ediň, men zyýada garyp boldum. Haktagala maňa mal bersin. Ol maly perzentlerime sarp edeýin we Hudaýtagalanyň ýoluna sadaka bereýin – diýdi. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý Saglaba, köp mal kişileri azaşdyrýandyr – diýdi. Saglabynyň köňli köp maly arzuw etdi. Onda Resul alaýhyssalam dileg etdi. Hudaýtagala Saglaba çenden köp mal berdi.

Bir gün Resul alaýhyssalam Saglaba «Zekat bersin» diýip kişi iberdi. Ol kişi gelip muny oňa habar berdi. Saglaba mallarynyň hasabyny çykaryp gördi. Zyýada köp mal boldy. Zekat bermäge gözi gyýmady.

Ol aýtdy:

— Men munça maly kişä bermerin.

Resul alaýhyssalam oňa ýene bir kişi iberdi. Ol Resul alaýhyssalamyň hyzmatyna zekatyny alyp geldi.

Resul alaýhyssalam:

— Maňa seniň zekatyňy almaga perman ýok – diýdi. Ol aýtdy:

— Eý Resulalla, siz näme aýtsaňyz men ol işi edeýin – diýdi. Emma Resul alaýhyssalam ol zekaty almady. Maly köp bolup, zekat bermänligi sebäpli Saglaba mynapyk (ikiýüzli) bolup galdy. Mynapyklyk bilen Saglabanyň imany gitdi. Ol mynapyklyk (ikiýüzli) bilen hem öldi.

Bir kişiniň haja sapar edişi barada şeýle rowaýat etdiler:

Ol kişiniň müň tyllasy bardy. Ol onyň zekatyny berdi. Ondan soň ol ýene ençe tyllany alyp gapjyga saldy. Ony biline baglady. Käbä ýöredi. Ol kişi Nyşapura baryp ýetdi. Täret almak üçin bir kärize girdi. Gapjygyny bilinden aýryp ýere goýdy. Täret aldy we turdy. Soňra gapjygyny şol ýerde unudyp ýola rowana boldy. Bir menzil ýol ýöredi. Eýse tyllasy ýadyna düşüp: «Ol kärizden ençe kişiler täret alandyr. Ol jaýda gapjyk galarmy?» diýip, ol yzyna gaýtmady. Hemrasyndan (ýoldaşyndan) tylla karz aldy. Käbä bardy. Haj etdi. Ýene-de yzyna gaýtdy we ýene ol kärize täret almak üçin girdi. Eýse bir kişi aýtdy:

— Eý hajy, şol wagt bu jaýda täret alaňda seniň biliňden bir ýylan düşüp galypdy. Ol ýylan şol jaýda watan tutupdy.

Hajy täret aldy. Ondan soň ýylana garady. Eýse onyň ýylan diýeni munuň tyllaly gapžygydy. Ol ony alyp biline baglady.

Ol kişi aýtdy:

— Eý hajy, bu ýylany biliňe baglap näme etjeksiň?

Hajy:

— Eý bende, bu ýylan däl. Bu bilimdäki tyllaly gapjyk. Şol jaýda täret üçin gelemde unudyp galdyrypdyryn – diýdi. Ol bende haýran boldy. Şol wagt bir alym geldi.

Ol alymdan soradylar:

— Eý alym, bu hajy bir wagt şu jaýda täret aldy. Bilinden bir ýylan gaçdy. Halklar anyk gördüler. Şol wagtdan bäri ol ýylan ýatyrdy. Bu gün bu hajy geldi. Ol ýylany biline baglady.

Biz ondan:

— Ony biliňe baglap näme iş edersiň – diýip soradyk.

Ol:

— Bu ýylan däldir. Ol bir wagt täret alanymda unudyp giden tyllaly gapjygymdyr – diýýär. Bu nähili sözdür – diýdi?

Ol wagt ol alym aýtdy:

— Her kim malynyň zekatyny çykarsa, ol maly Hudaýtagala belalardan aman saklar. Bu gapjyk size tä eýesi gelýänçä ýylan suratynda görnüpdir.

Nyşapur halky ondan soň zekat bermeklige ýykgyn etdi.

Rowaýat etdiler:

Emir Hirri hassa boldy. Köp tebipler oňa bejergi geçdiler. Hiç birinden şypa tapmady. Ony bejererden olaryň hemmesi ejiz boldular. Ondan soň Emir Hirriniň özüne aýtdylar. Munça wagt berhiz tutup geldiň. Hiç peýda bolmady. Indi her näme hörek bolsa ölýänçäň iý diýdiler. Ondan soň patyşa janyndan umyt üzdi. Hemmeler aglaşdylar. Ol zamanda bir abyt bardy. Ol abyda adamlar aýtdylar:

— Eý abyt, häzir biziň patyşamyza ölüm ýakyn bolupdyr. Oňa näme bolýarka? Baryp halyny sorasaňyz! Ol abyt Emir Hirriniň ýanyna geldi. Patyşanyň halyny sorady. Patyşa aýtdy:

— Janymdan el üzdüm. Indi şunuň ýaly bolup ýaşanymdan ölenim ýagşydyr.

Abyt aýtdy:

— Bir işiň galypdyr. Kabul etseň aýdaýyn.

Patyşa aýtdy:

— Eý abyt, goldan gelýän iş bolsa ederin.

Abyt aýtdy:

— Ol işi etmek her kişiniň elinden gelmez.

Patyşa aýtdy:

— Eý abyt, meniň golumdan geler. Eger şäherimde, hazynamda bar zat bolsa.

Abyt aýtdy:

— Eý patyşa, mallaryň barmy?

Patyşa aýtdy:

— Ýigrimi müň tyllam bardyr. Ol tyllany hiç hazynama salmandym.

Onda abyt aýtdy:

— Onuň ýaly bolsa şol malyňy Hudaýtagalanyň razylygy üçin bergil.

Patyşa aýtdy:

— Ýagşy gören malyňy Hudaýtagalanyň razylgy üçin berende bu gaty beladan halas bolýarsyň? – diýip nirede habar berilýär – diýdi.

Abyt aýtdy:

— Haktagala habar berdi. Ýagny:

— Eý bendelerim, tä janyň köýýän zadyňy sadaka berýänçäň gaty beladan halas bolmarsyň – diýdi. Ol halda ýigrimi müň tyllany alyp geldiler. Ony abyda berdiler. Ol abyt tyllany ýagşy adamlara sadaka paýlady. Patyşa ondan soň ol dertden halas boldy.

Bir gün bir kişi haja ýöredi. Bir näçe menzil ýöräp, bir wagt täret kylyp namaz okady. Şeýdip ol kerwenden daş düşdi. Ol öz ugruna ýöräberdi. Öňünden bir kişi çykdy. Ol kişi: «Eý hajy, tiz ýöregil, kerwene ýetişeli» – diýdi. Ol ikisi gyssagly ýol ýörediler. Görse iki ýol peýda boldy. Ol kişi: «Bu ýoldan ýöräli, Käbä tiz ýetişeris» diýdi. Ol kişiniň aýdan ýolundan ýörediler. Birnäçe ýol ýöräp, bir çukura bardylar. Ol çukurda adamlaryň jesetleri toprak bolup ýatyrdy. Ol garakçy betbagt aýtdy:

— Men adamlary aldap, ol ýoldan azdyryp, bu ýere alyp gelýärin. Soňra olary öldürip malyny talap alýaryn. Men garakçydyryn.

Ol kapyr ony öldürmek üçin gylyjyny gynyndan çykardy. Bu kişi aýtdy:

— Eý kapyr, meni bir zaman goýgul, iki rekagat namaz okaýyn.

Ol kapyr aýtdy:

— Okagyl. Ol kişi iki rekagat namaz okady. Başyny sejdä goýdy we aýtdy:

— Eý bar Hudaýa, meni bu beladan halas etseň, otuz müň tyllalyk göwherim bar. Ol saňa menden sowgat bolsun – diýdi. Ol wagt bir gara atly kişi geldi. Naýza bilen ol kapyryň kükreginden urdy we ony dowzaha iberdi. Ol bendäniň başy kerwene goşuldy.

Ol bende aýtdy:

— Eý gara atly, sen nähili adam sen, maňa munuň ýaly ýagşylyk etdiň?

Ol aýtdy:

— Men bir perişdedirin. Sen özüňi Haktagala tabşyrdyň. Eýse Taňry meni: «Ol bendämi beladan halas et» diýip, saňa iberdi. Men seni beladan halas etdim – diýip onuň gözünden gaýyp boldy.

Fakyh Abu Leýs aýtdy:

— Sadaka bermekden köp peýda bardyr. Owwal, sadaka maldan şübhäni päk eder. Ýene biri, bendeden günäni ýok eder. Ýene biri, gelen belany gaýtarar.           Aýdylypdyr:

— Sadaka dünýäniň peýdasydyr. Onuň ahyrýetde alty peýdasy bolar. Owwal – arşyň saýasynda oturar. Ikinji – kyýamat güni hasaby aňsat bolar. Üçünji – amal hasabyny terezä salanda onuň sogap tarapy agyr geler. Dördünji – Syratdan misli ýyldyrym dek öter. Bäşinji – derejesi behiştde belent bolar. Altynjy – bu dünýäden barsa iman bilen barar.

Resul alaýhyssalamyň bir hatyn goňşusy bardy. Ol hatyn bir gün gyzyny Hudaýyň Resulynyň ýanyna iberdi. Gyz Hudaýyň Resulynyň garşysyna geldi we aýtdy:

— Eý Resulalla! Biz siziň garyndaşlaryňyzdan bolarys. Atam ýok. Enem bardyr. Enem meni siziň ýanyňyza iberdi. Namaz okamaga eşik tapmadyk. Maňa bir eşik berseň – diýdi.

Resul alaýhyssalam köýnegini çykaryp berdi. Özi bir şala çolanyp galdy. Don tapmady. Şonuň üçin jemagata barman galdy. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam geldi we aýtdy:

— Eý Muhammet, Hudaýtagala salam iberdi. Salamdan soň şuny aýt diýip iberdi.

Aýtmaly zadyň manysy budur:

— Eý Muhammet, özüňe zerur bolsa goluňdaky zady kişä berme. Ondan soň bir zady enjam edip berseň, güwäligiňi berdigiňdir. Özüň jemagatdan galarsyň. Ol wagt Resulalla bu wakany Ala aýtdy. Hezreti Aly (Taňry onuň ýüzüni nurana etsin!):

— Eý Resulalla, meniň on alty teňňäm bar. Sekizini size bereýin. Sekizi özüme bolsun. Ol sekiz teňňäni Resul Huda alyp berdi. Resul Huda dört teňňesine köýnek aldy. Galan dört teňňäni bolsa sadaka edeýin diýdi. Şol wagt ol bir köre uçrady. Görse üstünde don ýok. Kör Pygamber alaýhyssalamyň mübärek aýaklarynyň owazyny eşitdi.

Eýse ol aýtdy:

— Her kim maňa bir köýnek berse, Haktagala ol bendä behiştde hülle geýdirer.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Bu dünýä köýnegini ahyrýet hüllesine satan ýagşyrakdyr – diýip, ol köýnegi köre berdi. Galan dört teňňäni köýnek üçin goýarys diýdi. Ol halda ol körüň Resul Hudanyň geýen köýnegini geýeni sebäpli gözi açyldy.

Indi Resul alaýhyssalam köýnek alaýyn diýip maksat edindi. Şol wagt bir kenizegiň aglap duranyny gördi. Resul Huda ol kenizekden sorady:

— Eý kenizek, sen näme üçin aglaýarysyň?

Kenizek aýtdy:

— Eý Resulalla! Bir teňňä çüýşe al, bir teňňä hem ýag al – diýip, hojam iki teňňe beripdi.Ýag alyp gelýärdim. Çüýşäm golumdan gaçyp döwüldi, ýagym hem döküldi. Ol wagt Resul Huda bir teňňä çüýşe alyp berdi. Bir teňňä hem ýag alyp kenizegiň goluna berdi. Kenizek heniz hem aglap dur.

Resul alaýhyssalam:

— Eý kenizek, indi näme üçin aglaýarsyň? – diýdi. Ol kenizek:

— Eý Resulalla, men musulmandyryn. Hojam jöhitdir. Men gijä galdym. Ol meni urar öýdüp aglaýaryn – diýdi.

Ol halda Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý kenizek, eger hoja urar bolsa, sen oňa:«Işikde Abulkasym Kuraýşy[1] dur»diýgil – diýdi.

Kenizek öýe girdi. Hoja ony urmak isledi.

Ol kenizek aýtdy:

— Eý hoja, işikde Abulkasym dur.

Jöhit aýtdy:

— Eý Resul, näme iş üçin gelipdirsiň?

Resul alaýhyssalam ol wakany jöhide aýtdy.

Jöhit aýtdy:

— Eý Resulalla, sen uly atly-abraýly kişi bolsaň hem bir kenizek üçin meniň işigime gelmekligi özüňe ar görmediň.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Maňa älemdäkilere rehmet ediji – diýerler. Meniň ululygym mähribanlygymdandyr.

Resul alaýhyssalamyň bu sözi jöhide täsir etdi. Jöhit musulman boldy. Ol jöhit dört düýe ýüklenen ýüki bilen düýäniň başyny tutup Resul Huda berdi. Ýene imanyň şükranasy üçin ol kenizegi azat etdi. Resul alaýhyssalam öýlerine geldi we aýtdy:

— Eý ýaranlar, meniň dört teňňäni sadaka etmegim bilen kör gözli boldy, kapyr musulman boldy, bende azat boldy, dört düýe hem mal geldi. Ençe ýakyn ýerdäki aç sahabalar doýdy. Gör bu nähili bagtlylykdyr! – diýdi.

Enes bin Mälikden (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat etdiler.

Ol aýtdy:

— Eý Resulalla, bir lukma tagam beren ýagşymy ýa ýüz rekagat nepil namazyny okan ýagşy?

Resul Huda aýtdy:

— Iki ýüz rekagat namazdan, bir lukma tagam beren ýagşydyr – diýdi.

Men ýene Resula sowal berdim:

— Iki ýüz rekagat namaz okan ýagşymy ýa musulmanlaryň hajatyny bitirmek ýagşymy?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý Enes bin Mälik, müň rekagat namazdan musulmanlaryň hajatyny rowa etmek ýagşyrakdyr

Ýene sowal soradym:

Müň rekagat namaz okamak ýagşymy ýa bir lukma haram tagamdan gaçmak ýagşymy?

Ol aýtdy:

— Iki müň rekagat nepil namazyny okanyňdan haramdan gaçmak ýagşyrakdyr. Men ýene sowal soradym:

— Eý Resulalla, gybatdan saklanmak ýagşymy ýa müň rekagat namaz okan ýagşymy.

Pygamber alaýhyssalam:

— Gybatdan saklanmak on müň rekagat nepil namazyny okandan ýagşydyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy: Sadaka dört harpdyr, «Sad» harpy oňa dünýä belasyndan we ahyrýet belasyndan penakär bolar. «Dal» harpy kyýamat güni ol sadakanyň eýesini jennete çeker. «Kaf» harpy sadaka eýesini jennete ýakyn eder. «Ha» harpy eýesini ýagşy amallara başladar. Ol ýagşy amallary edenligi sebäpli uly mülke eýe bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Bir bendä herne azap ýetişse ol bende tä sadaka berýänçä halas bolmaz. Her bende bir wagt hassa bolsa, sadaka berse ol hassalykdan gutular. Eger hassalyk sadaka bilen gitmese, Allatagala ol bendä ol hassalygyny ajy (ölüm) üçin iberendir. Şonuň üçin ol hassalyk ol bendeden sadaka bilen gitmez. Ol bendäniň imany bilen barmaga sebäp bolar.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Sadaka Haktagalanyň azabyny ýok eder we bendäni belalardan aman saklar.

Hezreti Süleýman alaýhyssalamyň wagtynda bir ýabany kepderi bardy. Ol Süleýman alaýhyssalama aýtdy:

— Üç balam bardy. Onuň birini bir kişi alyp, hatynyna berdi. Ol kişiniň hatyny ärine aýtdy:

— Galanyny hem alyp bergin.

Şeýdip, indi men çagasyz galar boldum. Siz patyşamyz bolsaňyz, biziň alajymyzy görseňiz bolmazmy? – diýdi.

Ol wagt Süleýman alaýhyssalam iki döwe emr edip iberdi:

— Baryň, ol kişi kepderiniň balasyny almaga gelse, siz ony demiňiz bilen ýok ediň.

Ol iki döw ol wagt onda häzir boldular. Muny görip, ol kişi hatynyna aýtdy:

— Men indi barmaga gorkýaryn.

Onda ol hatyn:

— Gorksaň bu iki nany algyl, ýolda pakyrlara bergil. Hiç waka bolmaz – diýdi.

Onda ol kişi bu iki nany alyp ýöredi. Ony ýolda bir pakyra berdi. Ol pakyr:

— Saňa hiç bela gelmesin – diýip dileg etdi.

Ondan soň ol kişi kepderiniň balasyny almak üçin daragta çykdy. Eýse iki döw ol kişini heläk etmek üçin taýýar bolup durdy. Ol wagt bir jaýdan iki aždarha peýda boldy. Ol iki döwi demi bilen uçuryp goýberdi. Eýse ol iki döw aždarhalaryň demi bilen çykan ýerine baryp düşdi. Ol kişi kepderiniň balasyny aldy. Öe geldi. Kepderi ýene Hezreti Süleýmanyň ýanyna geldi we aýtdy:

— Ol kişi balalarymy alyp gitdi.

Süleýman sorady:

— Döwler hany?

Kepderi aýtdy:

— Döwler ol kişini ýok edeýin diýip ýerinden ýaňy turupdylar. Iki aždarha peýda boldy. Iki döwi demi bilen howa uçuryp iberdi. Hezreti Süleýman alaýhyssalam:

— Onuň ýaly bolsa ol kişi sadaka beripdir. Döwüň sadaka ne alajy bolar? – diýdi.

Kepderi gamgyn bolup gaýdyberdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Bir gün Bibi Äşe (Alla ondan razy bolsun!) otyrdy. Bir gyz geldi. Äşe oňa sadaka uzatdy. Ol gyz sol goly berdi.

Äşe aýtdy:

— Eý gyz, näme üçin sol goluňy berdiň?

Ol gyz aýtdy:

— Atam-enem ölüpdi. Men bu gije düýş gördüm. Kyýamat gaýym bolup dur. Halklary hasap jaýyna jem edipdirler. Ol Arasat halkynyň arasyna girdim. Eýse ol jaýda bir öý gördüm. Onda doly ot ýanyp dur. Ol wagt oduň içinde bir hatyn köýüp dur. Ol hatynyň sag golunda bir gawun bar. Sol golunda bir köýnegiň bölegi bar. Sagdan gelen oda gawuny tutýar. Soldan gelen oda şol köýnegiň bölegini tutýar. Öňünden we arkasyndan gelen oda we üstünden gelen oda hiç alajy ýokdur. Men ol halda ileri bardym we enemi gördüm we:

— Eý ene, bu ne haldyr? – diýip soradym.

Enem maňa jogap berebilmedi. Oduň azabyndan perýat etdi. Birnäçe wagtdan soň enem maňa garady we aýtdy:

— Eý gyzym, bu jaý bahyllaryň jaýydyr. Men dünýäde bahyldym we dünýäde bar eden sadakam bir gawun bilen köýnek boldy. Meniň halym şonuň ýalydyr. Suwsamakdan ýaňa seniň bilen sözleşere halym ýokdur. Men ol wagtda aýtdym:

— Eý ene! Atam nirededir?

Enem aýtdy:

— Ataň dünýäde sahydy. Ýagşy işi köp edipdi. Her wagt men saňa sadaka etdirmerin – diýip goh ederdim. Emma onyň sadaka bermeýän güni ýokdy. Ataň Köwser howzundan jennetiň päk şerabyny adamlara berip durandyr. Ol halda men atamy gördüm. Ol Köwser howzundan suw alyp adamlara berip dur.

Men aýtdym:

— Eý ata! Başgalara beren suwyňdan eneme hem berseň näme bolar? – diýdim.

Onda atam elime bir owurt suw guýdy. Ony men alyp enemiň ýanyna geldim. Ol wagtda:

— Behişt nygmatyny dowzaha ibereniň goluny guratsyn – diýen owaz eşitdim. Ol owazyň haýbatyndan ýaňa ukudan oýandym. Öň golumyň guranyny gördüm. Indi ýa Resulalla! Golum gutulsyn – diýip bir dileg etseň.

Resul alaýhyssalam aýtdy.

— Eý bar Hudaýa, bu gyzyň düýşi rast bolsa, onuň goluny sagat et – diýip, dileg etdi. Şol wagt goly sagat boldy.

Eý Taňrymyz, barçany bahyllykdan saklagaý Sen! Ämin. Ýa repbil älemin!

 

 


[1]Abulkasym Kuraýşy – Pygamber alaýhyssalamyň bir ady. Abulkasym (Kasymyň kakasy) onuň künýesidir, Kuraýşy – bolsa onuň tiresine görä nisbesidir.