KYRK ÝEDINJI BAP HALYFLARA ÝAGŞYLYK ETMEKLIGIŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » KYRK ÝEDINJI BAP HALYFLARA ÝAGŞYLYK ETMEKLIGIŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Hemişe pespälligi ýagşy görüň. Özüňiziň tagamyňyzy iýiň. Özüňiziň donuňyzy kişä beriň.

Ibn Mesgut (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy:

— Men bu gün bir kişini gördüm. Ol guluny urýar. Ol gul owaz edýär: «Eý adam, maňa ýardam ber» diýýär. Ol wagt Resul Hudany gördüm. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý hoja, guluňy näme üçin urýarsyň? Huda güýji ýetijidir. Ol senden sowal eder.

Ol kişi aýtdy:

— Eý Resulalla, men toba etdim. Indi hergiz gulumy urmaryn – diýdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her hatyn äriniň emrinde bolmasy we her gul hojasynyň emrinde bolmasa ol hatyn we ol gul meniň ymmatymdan bolmaz.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

Her kim ýetimiň başyny sypasa, Haktagala ol bendä bir ýyl ybadat edeniň sogabyny berer we bir ýyllyk günäsini ýok eder.

Ebu Zer Gifary[1] aýtdy:

Bir gün Seýit älemiň ýanyna bir kişi gelip aýtdy:

— Eý Resulalla, köňlüm gara bolupdyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Köňlüň gara bolsa sadaka bergil. Ýetimleriň başyny sypagyl – diýdi.

Ibn Apbas Resul Hudadan sowal sorady:

— Uly günä haýsydyr?

Ol aýtdy:

— Hudaýa şirk getirmek, musulmany öldürmek we şerigat düzgünlerine laýyk gelmeýän ýagdaýlarda onuň malyny almak, ýetimiň malyny almak, olara yza bermek we ata-enäni agyrtmak.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Her kim ýetimleriň aladasyny etse, ol bendäni Hudaýtagala behişde bihasap iberer.

Her kim kazaga razy bolsa Hudaýtagala ol bendeden razy bolar.

Her bendeden Hudaýtagala hem razy bolsa ol bendede dünýäde we ahyrýetde gam bolmaz.

Resul alaýhyssalamyň gaşyna bir kişi gelip aýtdy:

— Ey Resulalla, bir ýetim bar, nähili terbiýe bersem azaba galmaryn?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Öz perzendiň dek görseňiz azaba galmarsyňyz. Eger her kişi ýetime azar berse Arş titrär.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ýetimleriň aladasyny etseňiz iki jahanyň belasyndan aman bolarsyňyz.

 


[1]Ebu Zer Gifary - sahabalaryň biri (653-nji ýylda ölýär).