KYRK SEKIZINJI BAP PARZ WE NEPIL ORAZALARYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » KYRK SEKIZINJI BAP PARZ WE NEPIL ORAZALARYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Bilgil! Oraza iki dürlüdir. Olaryň biri parz, biri nepil orazadyr.

Ibn Mesgutdan (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat etdiler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Bir mömin remezan aýynda oraza tutsa, Haktagala ol bendä behiştde hüýr bergeý. Her hüýri ýetmiş hülle geýgeý. Bu hülleden ol hülle görüngeý. Her biri bir reňkde bolgaý. Ýene ol hüýrlerden ýetmiş dürli ýagşy işler peýda bolar. Her hüýr bir tagtyň üstünde oturar. Ol tagt bir däne ýakutdan bolar. Her tagtda ýetmiş dürli düşek bolar. Ol düşekleriň daşyndan içi bilner. Bahasyny Haktagalanyň özi biler.

Her mömin orazany iman bilen, yhsan bilen tutsa, ol bendeleriň günäsini geçer. Ýene indiki oraza gelýänçä ol bendede günä bar bolsa, ony hem ol bendeden öter. Ol wagt ýaranlary soradylar:

— Eý Resulalla, iman bilen, yhsan bilen diýeniň manysy näme?

Resul Huda aýtdy:

— Iman bilen diýmekligiň manysy orazanyň parzlygyna ynanmakdyr.

— Yhsan bilen diýmekligiň manysy bolsa, oraza gelende guwanmak, gidende bolsa gamgyn bolmakdyr, biz oňa «ýene oraza ýeterismi, ýa-da ýetmerismi?» diýip, orazanyň muşakgatlaryna razy bolmakdyr. Haktagala orazadarlara:

— Orazadarlar, geliň arşyň saýasynda oturyň, siz dünýäde meniň emrim üçin özleriňizi iýmekden, içmekden we şöhbetden saklap gitdiňiz – diýer. Onda orazadarlar arşyň saýasynda arassa bolup oturarlar. Arasat halky aýdyşarlar:

— Käşki, dünýäde tamam ömrümizi nepil orazasy bilen ötüren bolsadyk, onda biz bu sagadata ýetişerdik – diýerler.

Rowaýat etdiler:

Abu Japar Hudary aýtdy:

Men gije düýş gördüm. Düýşümde behişde giripdirin. Behişdi seýran edip ýördüm. Bir kişi bir tagtyň üstünde oturypdyr. Töwereginde hyzmatkärler iki gollaryny kükregine tutup durlar. Ol kişiniň agzyna bir nygmat göni giripdir. Olar:

— Eý, bende, meni iýgil, dünýäde Hudaýyň razylygy üçin sen meni iýmändiň – diýer. Sol ýanynda bir şerbet agzyna göni gelip durar. Ol aýdar:

— Eý, bende, meni içgil. Dünýäde Hudaýyň razylygy üçin meni içmändiň – diýer. Men ol hakda:

— Ol kimdir? – diýip soradym. Onda ol maňa aýtdy:

— Bu Bişr Hafydyr. Dünýäde ömrüni oraza bilen ötüripdir. Ýene bir kişini gördüm, iki gözüni Arşa tutupdyr. Ol Behişdiň nygmatlaryna we hüýrlerine tä Haktagalanyň didaryny görmeýänçä tabyn bolman dur. Nygmatlar we hüýrler aýdarlar:

— Bizden iýgil we guçgul. Hudaýtagala saňa didaryny şeksiz görkezer.

Ol:

— Men ol bendäni kabul ederin – diýer. Men ýene:

— Bu kimdir? – diýip soradym. Onda olar aýtdylar:

— Bu Magruf Kerhidir.

Ol wagt men ukudan oýandym. Ondan soň galan ömrümi oraza sarp etdim – diýdi.