ELLINJI BAP MÜBÄREK WAGTLARYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ELLINJI BAP MÜBÄREK WAGTLARYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Hudaýtagala Resul Hudanyň ymmatyna sogaply wagtlary keramat etdi. Her bendäniň bu ýylda tagat-ybadatdaky etmiş günäsi bu wagtlarda Taňrynyň dergähinde kabul bolgaý. Sogaply wagtlaryň biri Aşyr aýydyr.

Äşe Syddyka aýtdy:

— Bir gije Resul alaýhyssalam meniň hüjrämde boldy. Ol gije uklady. Soň turdy we täret aldy. Metjidiň işigine baryp, şahadat barmaklaryny asmana garatdy we: «Subhan el melik el kuddus» diýip üç mertebe gaýtalady. Ondan soň iki rekagat namaz okady. Her rekagatda bir ýola «Fatyha», üç ýola «Kulhuwallahu ahady» okady. Ondan soň dileg etdi. Ummatynyň günäsini Haktagaladan diledi. Iki gije şunuň ýaly etdi. Üçünji gije hem şunuň ýaly etdi. Ondan soň Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Meniň ymmatymdan bir mömin muharrem gijesi namaz okady we dileg etdi.

— Eý, Äşe, sen gördüňmi, muharrem aýy şunuň ýaly namaz okasaň, ondan soň dileg etseň Haktagala ol möminiň bereketinden bir topar adamlaryň uly günälerini geçer. Özüniň harajatyny bolsa oňa rowa eder we ahyrýet azabyndan halas eder – diýdi.