ELLI IKINJI BAP AŞYR AÝYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ELLI IKINJI BAP AŞYR AÝYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Ulamalaryň arasynda (bu mesele barada) yhtylap[1] bardyr. Emma sahabalaryň köpüsi aýdypdyr:

Bu sogaply gün Muharramyň onunjy günüdir. Amal hem şol sözedir.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Her kim Aşyr aýynda oraza tutsa, Haktagala ol bendä on müň sapar oraza tutanyň we on şäheri bina edeniň sogabyny berer. Her kim Aşyr güni bir oraza tutan kişiniň agzyny açdyrsa, jemi Muhammet ymmatynyň orazadarlarynyň agzyny açdyranynyň sogabyny berer.

Ýene Allatagala asmany, ýeri, dagy we derýany[2] Aşyra güni[3] ýaratdy. Olaryň hersini uly etdi.

Hezreti Adam ata behiştden Aşyr güni çykdy we toba etdi. Tobasy kabul boldy. Şol güni hem Aşyr günüdi.

Nuh pygamber Aşyr güni halaslyk tapdy.

Ybraýym alaýhyssalam Nemrudyň odundan Aşyr güni halas boldy.

Musa alaýhyssalam Aşyr güni derýa düşdi.

Pyrgun Aşyr güni gark boldy.

Aşyra güni Eýýup alaýhyssalam gurt belasyndan halas boldy.

Hezreti Gün Aşyr güni dogdy.

Muhammet Mustapa alaýhyssalam Aşyr güni jahana geldi.

Kyýamat hem Aşyr güni gaýym bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Her kime hajat düşse, ol hajatyň alajyny tapyp bilmese Aşyr güni iki rekagat namaz okasa, her rekagatda bir ýola «Fatyha» we bir ýola «Ýasyn» okagaý.

Eger «Ýasyny» bilmese her rekagatda ýigrimi bäş ýola «Kulhuwallahu ahady» okasa Allatagala aýdar:

— Eý perişdelerim, bu namazy okan bendäme men sogap bererin. Ol perişdeler aýdarlar:

— Eý bar Hudaýa! Elbetde Seniň özüň ýagşy bilijisiň!

Ol wagt Allatagala aýdar:

— Onuň ýanyndaky ybadatlar üçin perişdeler ýazgysyna müň sogaby ol bendä ýazarlar. Uçmahda müň dereje bina ederler. Ol bendä sekiz behişdiň işigini açarlar. Müň günäsini ol bendeden ýok ederler.

Rowaýat etdiler: Bir musulman bir kapyra ýesir bolupdyr. Ol musulman bir gün ondan gaçdy. Ony dört müň kapyr kowdy. Ol musulman yzyndan uly bir leşger gelýändigini gördi. Gizlenmäge hiç ýer tapmady. Şol wagt Aşyr güni ekenligi ýadyna düşdi. Elhal ýerinden turdy. Elini göterip dileg etdi: «Eý, bar Hudaýa, Aşyr gününiň hormaty üçin meni bu kapyrlardan halas et!» diýdi. Ol wagt kapyrlaryň leşgeri ýetip geldi. Onuň iki ýanyndan ötüberdiler. Hiç biri muny görmedi. Şeýdip ol kapyrlardan gutuldy we olardan halas tapanlygynyň şükranasy üçin ol musulman oraza tutdy. Emma iýmäge hiç zat tapmady. Aç ýatdy. Eýse ukuda bir kişi bir desterhan tagam we bir käse suw alyp geldi we aýtdy:

— Eý bende, ajap jaýdan ýardam dilediň. Bu gün Aşyr günüdir. Hemme hajatlaryň kabul we rowa boldy. Bu tagamy iý – diýdi. Ol tagamy iýdim we ol suwy içdim. Hergiz onuň ýaly tagam iýmändim. Ukudan oýandym, garnym doýup dur. Agzymdan tagamyň lezzeti gelip dur. Bularyň hemmesi Aşyr gününiň hormatyndandyr.

Rowaýat etdiler:

Bir baý kazy bardy. Aşyr güni ol kazynyň öýüne bir derwüş geldi we aýtdy:

— Eý kazy, men kişiden hiç zat soramandym. Bu gün maňa bir zeruryýet boldy. Meniň hajatymy rowa etgil.

Kazy aýtdy:

— Eý derwüş, ne hajatyň bar?

Derwüş aýtdy:

— On batman nan, iki batman et, iki ýüz teňňe ber.

Kazy aýtdy:

— Ikindi namazyndan soň gel. Hemmesini taýýar edip bereýin – diýdi. Ol kişi gitdi. Ikindi namazynyň wagty geldi.

Derwüş aýtdy:

— Eý kazy, hany taýýar bolsa dilän zatlarymy bergil – diýdi.

Kazy gaharlanyp jogap berdi we oňa hiç zat bermedi. Ol derwüş ýüregi agyrly bolup, aglaý-aglaý gaýdyberdi. Derwüş gelýärdi. Bir jöhit işikde durdy. Ol derwüş aglap gelýärdi. Jöhit onuň ýanyna geldi we:

— Sen näme üçin aglaýarsyň? – diýip sorady.

Derwüş wakany jöhide aýtdy. Ondan soň derwüş ol jöhitden:

—Özüňiziň diniňiziň hormatyny tutmaýarsyňyzmy? – diýip sorady.

Jöhit aýtdy:

— Hawa, tutýarys.

Derwüş aýtdy:

— Onuň ýaly bolsa meniň hajatymy rowa etgil.

Jöhit aýtdy:

— Eý derwüş, sen maňa uly ant berdiň. Indi hajatyňy aýtgyl.

Derwüş aýtdy:

— On batman nan, iki batman et, iki ýüz tenňe pul bergil. Ol jöhit ol halda on batman nan, iki batman bişen eti we iki ýüz teňňäni düýä ýükledi.

Kazy öýüne bardy. Ol gije düýş gördi. Düýşünde tylladan bolan bir köşk gördi. Ol halda kazy sorady:

— Bu kimiň köşgidir?

Behişdiň halaýyklary aýtdylar:

— Bu köşgi seniň üçin bina edipdik. Emma sen derwüşe rehimiň inmändir we hiç zat bermän iberdiň. Indi ol köşki jöhide berdik.

Şol wagt men ukudan oýandym. Daň atdy. Ol jöhidüň öýüne gelip aýtdym:

— Eý jöhit, bu Aşyr güni näme haýyr etdiň? Jöhit derwüşiň wakasynyny kaza beýan etdi.

Onda kazy aýtdy:

— Ol eden ýagşylygyňy on müň tylla satarmysyň?

Jöhit aýtdy:

— Ýüz müň tylla hem bermerin.

Jöhit aýtdy:

— Eý kazy, näme üçin ol ýagşylygy menden satyn aljak bolýarsyň? Wakasyny maňa aýtgyl.

Kazy düýşüniň wakasyny aýtdy. Eýse jöhit aglaberdi. Şol zaman pikir etdi. Bigäne bolup bigänä munça ýagşylyk etdim. Emma bu Hudaýdan özge Hudaý bar diýenimiň hemmesi batyl eken – diýdi.

Ol ýene:

— Eý kazy, men dinimden gaýtdym. Hemme Hudany batyl bildim. Bir Hudaýdan özge Hudaý ýokdur: «Lä-ilähä illallahu, Muhammet Resulalla, eşhedu en lä ilähä illallahu we eşhede enne Muhammeden abdyhu we resuluh» diýip, musulman boldy.

 


[1]Yhtylap - gapma-garşy pikirler.

[2]Derýa – bu ýerde Nil derýasy göz öňünde tutulýar.

[3]Aşyr güni – muharrem aýynyň ony.