ELLI ÜÇÜNJI BAP REJEP AÝYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ELLI ÜÇÜNJI BAP REJEP AÝYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Bilgil, bu aý hemme aýyň ulusydyr. Bu aýyň üç ady bardyr. Owwal, ady rejep, ikinji, ady şehralla[1], üçünji ady mahker[2]. Rejebiň manysy «uly» diýmekdir.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Rejep aýynyň özge aýlardan sogaplylygy Gurhanyň özge kitaplardan artykmaç görünişi ýalydyr (misli Töwrat, Injil, Zebur). Bu aý zyýada, bereketli aýdyr. Başagaý bolanlar we gamgyn bolanlar bu aýda oraza tutsa ýa bir dirhem sadaka berse, özge aýlarda berenden iki esse sogap bolar. Bu aýda istygpar aýtmak gerek. Bu aý remezandan soň, iň uly aýlaryň biridir. Bu aýda Hudaýtagala möminlere rehmet eder. Emma kapyrlara we birek-birekden içi kitüwli adamlara rehim etmez. Eger iki mömin şeýtan waswasyna gidip uruşsalar we üç günden artyk kine saklap ýörseler, olara hem rehim etmez. Ýene Hudaýtagala garyndaşlaryndan mähribanlygyny üzenlere we ata-enesini agyrdanlara hem rehim etmez. Emma rast bilen toba etseler, onda olara rehmet eder.

Söwban (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat etdi.

Bir gün Resul alaýhyssalamyň ýoly görüstanyň üstünden düşdi. Ol görüstanda bir salym saklandy. Ondan soň ýörediler. Şol wagt Resul alaýhyssalam aglady. Sahabalar hem agladylar.

Men soradym:

— Eý Resulalla, size näme boldy?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Şu görüstanyň tamam ähline azap berýärler. Olaryň nalasy meniň gulagyma geldi. Muňa meniň takatym bolmady. Ol sebäpden agladym we ol jemagatyň günälerini Haktagaladan diledim. Taňry olaryň günälerini ötdi. Ol ýene aýtdy:

— Eý Söwban, eger şol görüstandan bir kişi rejep aýynda bir gün oraza tutan bolsady, Haktagala hemmesiniň günäsini ýalkardym – diýdi.

Söwban aýtdy:

— Eý Resulalla, rejep aýynda her kim oraza tutsa, namaz okasa, gör azabyny görermi?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

—Ýok, görmez. Oňa Müňkir, Nekiriň sowalyny ýeňil eder. Ol kyýamatyň gyzgynyndan aman bolar. Ol bendä kabul bolan müň hajyň we müň gazatyň sogabyny ýazar. Ýene ol bendäniň amal depderine mün guly azat edeniň we müň ýalaňaja don bereniň sogabyny ýazar. Ýene müň ýerde köpri salanyň we müň tylla sadaka bereniň sogabyny berer.

Söwban ýene aýtdy:

— Bir gün oraza tutana, bir mertebe namaz okana munça sogaplar berjek bolsa, bendäniň ol günde eden ybadaty mundan zyýada gelse ýene berermi?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý Söwban! Bu mukdar sogap kim Hudaýtagalanyň gudratyna müňkir bolmasa, wadalaryna kaýyl bolup, tagat we ybadat etse we ymmatynyň aýdan sözüne kaýyl bolup inkär etmese ol kişä bolar.

Söwban aýtdy:

— Men Resul Hudadan ol sözi eşidipdim. Ondan soň hergiz rejep orazasyny terk etmedim. Bu aýyň bir ady şehralladyr, onuň üçin Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Rejep aýy Allatagalanyň aýydyr, şagban meniň aýymdyr. Remezan ymmatlarymyň aýydyr. Her kim rejepde oraza tutsa, şol aýyň sogaplaryna ynanyp we azaplaryna guwanyp, sabyr edip razy bolsa, Allatagala ol bendä Behiştden uly jaý berer.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ol kişi rejep aýynda iki rekagat namaz okasa, ol gijesi ýa ol günduzi her rekagatda bir «Fatyha» bilen bäş ýola «Kulhuwallahu ahady» okasa ol bendäniň behişde girmegine men kepildirin.

Sahabalar aýtdylar:

— Eý Resulalla, haýz (aýbaşy) gelen, ýa nefas (çaga dogandan soň gelýän gan) gelen aýal biçäreler ol namazy okap bilmeseler, olar onuň sogabyndan mahrum bolarlarmy? Ýa näme ederler?

Resul Huda aýtdy:

— Namazy okamaga güýji ýetmese, ol gije-gündiz ýüz ýola keleme töwhidi okagaý. Ýene ol gije ýa gündiz ýüz ýola «Yhlas» süresini okasa ol bendäniň behişde girmegine men ýardam bererin. Bularyň hiç haýsysyny edip bilmese, günäden özüni saklagaý.

Halypanyň bir kenizegi bardy. Zyýada sahypjemaldy. Ol kenizegiň ady Şems el Zahydy. Ol kenizek ýaly hoşroý maşgala ýokdy. Halypa hemişe ol kenizek bilen bolardy. Halypa bir gije hadymlara:

Şems el Zahyny getiriň – diýip buýurdy. Hadymlar Şems el Zahynyň ýanyna bardylar we:

— Eý Şems el Zahy, seni halypa çagyrýar – diýdiler. Kenizek aýtdy:

— Eý hadymlar, men Hudaýtagalanyň bendeçiliginde oturandyryn. Halypanyň ýanyna barsam bendeçilikden galyp günä düşerin. Men halypa bilen bolup bilmerin. Maňa bu gije dahyl etmesin. Eý, hadym, bu sözi saňa aýtdym, sen bolsa ony halypa aýtgyl – diýdi. Hadym halypanyň ýanyna bardy we aýtdy:

— Eý halypa, men oňa ençe sapar aýtdym, emma ol jogap bermedi. Ol halda halypa özünden gitdi. Birnäçe wagtdan soň özüne geldi. Hadymlary çagyrdy. Hadymlar geldiler.

Halypa:

— Şems el Zahyny şirlere taşlaň! Goý, ol para-para bolsun – diýdi.

Olar şirbana:

— Kenizegi şirlere taşla! – diýip aýtdylar.

Şirban Şems el Zahynyň ýanyna bardy we aýtdy:

— Eý aý ýüzli gyz, sen näme günä etdiň? Halypa seni şirlere taşla – diýip emr etdi.

Şems el Zahy aýtdy:

— Eý şirban, bu sözler bilen seniň näme işiň bar? Patyşa näme emr etse, ol emr bilen bolgul. Bu söze şirbanyň gazaby artdy. Şirban şir ýatan ýeriniň işigini açdy. Ol kenizegi şirleriň öňüne taşlady. Şirleriň öýüniň işigini baglady we gitdi. Ol halda Şems el Zahy iki goluny göterip mynajata meşgul boldy we aglap aýtdy:

— Eý bar Hudaýa! Sen ýagşy biliji sen! Bu bela maňa geldi. Seniň permanyň bilen bu şirlerden maňa aman bergil.

Ol halda şirler gazaplanyp iýmäge geldiler. Şems el Zahyny ysgadylar. Eýse birden tagzym bilen durdular. Erte boldy. Halypa ukudan oýandy. Meslikden halas boldy. Ol:

— Şems el Zahyny barlaň – diýdi. Şems el Zahynyň wakasyny halypa aýtdylar. Halypa bir ah urdy. Üstündäki dony ýyrtylyp para-para boldy. Şol wagt turdy-da şirhana geldi. Işigi açdy. Görse Şems el Zahy sag-salamat otyr. Şirler iki goluny gowşuryp daşrakda durlar. Halypa şat bolup öýüne geldi. Pukaralara köp mal paýlady. Ondan soň halypa şäheriň ýagşyzadalaryndan:

— Şems el Zahy şirlerden näme üçin salamat galypdyr? -diýip sorady. Bir kişi aýtdy:

— Başdan aýagy tamam ýüpek don bolsa, onuň ysyndan şirler gaçar – diýdiler. Bir bölek kişiler bolsa:

— Başdan aýagy yslydyr. Şonuň üçin ondan gaçandyr – diýdiler. Her kim bir söz aýtdy. Ahyr bolmady. Kenizegiň özünden soradylar.            Kenizek aýtdy:

— Men hadym gelmeýänçä bu wakany aýtmaryn. Halypa hadymy getirdi. Kenizek hadyma öz aýdan sözüni aýtdy.

Hadym aýtdy:

— Eý halypa, kenizek galat söz sözleýär.

Halypa şirbany getirdi. Kenizegiň şirban bilen sözleşen sözüni sorady.

Şirban aýtdy:

— Kenizek rast aýdýar. Ol halda ol hadymy şirlere taşladylar. Şirler ony para-para etdi. Halypa şirbana:

— Sen näme üçin meniň sözüme ynam etmediň? – diýip ony şäherden kowdurdy. Kenizege bir uly şäheri berdi.

Eý musulmanlar, her kim Haktagala hyzmat etse, ol dünýä we ahyrýet belasyndan aman bolar. Eger oňa dünýäniň belasyndan aman etmese, ahyrýet belasyndan aman eder.

Rejep aýynyň bir ady kerdir. Näme üçin «ker» diýipdirler? Çünki, ol diňe rejep aýy Haktagalanyň eden ýagşylygyny eşider we Haktagala bu aýda eden günäňe kyýamat gün güwälik bermez.

 Bende başga bir aýda günä etse ol aý güwälik berer. Emma rejep aýy güwälik bermez.

Aýdar:

— Men hiç zat eşidemok. Bu bendäniň günä edenini hem bilemok – diýer. Onuň üçin bu aýyň bir ady «ker» diýlip goýlupdyr.

Rejep aýynda beden bilen ybadat etmek, on kysym durar. Owwal, on günüň orazasyny tutmakdyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Rejep aýynyň owwalynda üç gün oraza tutsa, ol bende tä jennetde jaýyny görmeýänçä dünýäden gitmez. Allatagala ol bendäniň elli sany uly günäsini ýok eder. Ol bendäniň elli hajatyny şu dünýäde, ýetmiş hajatyny terezä salan wagtynda we ýetmiş hajatyny Syratyň üstünde wagty rowa eder.

Ýene ol bende üç seýit bendäni azat eden dek bolar.

Ýene ol bende göýä ýetmiş mertebe Gurhan okan dek, Hudaýtagala üçin ýetmiş gala bina eden dek, ýetmiş mertebe gazata baryp, kapyry gyran dek, ýetmiş metjit bina eden dek we ýetmiş köpri bina eden dek bolar.

Ol bende kyýamat güni ýetmiş kişini dowzahdan diläp alar.

Ol bendä ýetmiş jaý, her jaýda bir howly bolar. Her howluda bir öý bolar. Her öýde bir tagt bolar. Her bir tagtda hüýrler oturyp, ol hüýrler ony togap etmäge gelerler. Bu aýyň ýene bir häsiýeti her gün ybadat we tagat edip namaz okamakdyr.

Rowaýat etdiler:

Bir hatyn bardy. Ol hemişe rejep aýynda ybadat ederdi. Bu hatyn hassa boldy. Bir ogly bardy. Ol ogluna aýtdy:

— Eý oglum, men ölsem bu şal köýnegime dolap goýgul. Ol hatyn öldi. Ogly gymmat zatlardan kepen etdi. Onuň enesini jaýladylar. Gije ogly ýatypka enesi onuň düýşüne girdi we:

— Eý oglum, men şal köýnagime dolap jaýlaýançaň senden razy däldirin – diýipdim. Ogly oýandy. Ertir namazyndan boşandan soň, eline bir pil aldy we mazarystanlyga tarap ýöredi. Enesiniň görüni açdy. Eýse enesini görden tapmady. Ogly melul boldy we aglady.

Ol aýtdy:

— Eý bar Hudaýa, enemi haýsy dowzaha iberdiň. Ol wagt şeýle ses geldi:

— Rejep aýynda üç gün oraza tutan bendäni Haktagala görde ýalňyz goýmaz – diýip dünýäde eşitmediňmi? Eneň behişt içindedir.

Ýene bir ybadat sadaka bermekdir. Resul alaýhyssalam aýtdy:

Her kim rejep aýynda sadaka berse, ol bendäniň amallaryny terezä salanda ýagşylyklary Uhud dagyndan agyr geler.

Rejep aýynda bir teňňe sadaka berseň, müň teňňe bereniň sogabyndan hem artyk bolar.

Ýene bir ybadat syrkawy baryp görmekdir we halyny soramakdyr. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim rejep aýynda syrkawyň halyny sorasa, Allatagala jennetde bir jaý berer. Ol jaýy özi biler. Özge bilmez.

Her kim rejep aýynda jynaza namazyny okasa, ol bendäniň jynazasyny perişdeler okagaý.

Ýene bir ybadat alymlar mejlisinde oturmakdyr. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim rejep aýynda alymlaryň mejlisinde bir ýola otursa, özge aýlarda müň ýola oturan dek bolar.

Ýene bir ybadat alymlary zyýarat etmekdir. Her kim rejep aýynda alymlar bilen görüşse, kyýamat güni ol bende ruhanyýun we mukarrap perişdeleriň[3] topary bilen görüşen dek bolar, we Syratdan öter wagtynda ol perişdeler oňa köňül berip durarlar.

Ýene bir ybadat metjitde çyra ýakmakdyr. Her kim metjitde çyra ýaksa, ol bendä beren sogabynyň hasabyny Allatagala biler. Özge bilmez.

Ýene bir ybadat Gurhan okamakdyr. Her kim rejepde Gurhan okasa onuň sogabyny Allatagala biler, özge bilmez. Allatagala oňa ýagşylyk eder we ähli işini ýeňil eder. Ol ýeňilligiň hiç soňy-ahyry bolmaz.

Ýene bir ybadat istygpardyr (günäni soramak) zikr we salawat okamakdyr. Her kim bu aýda istygpar okasa Allatagala onuň günälerini ýok eder. Ol bendäniň günäsi topragyň sanyndan köp bolsa-da ony iki dünýäniň eýesi eder.

 

 


[1]Şehralla – Allanyň ady

[2]Mahker – Ker aý

[3]Mukarrap perişdeler – Taňrynyň ýakyn perişdeleri.