ELLI BÄŞINJI BAP ORAZ AÝYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ELLI BÄŞINJI BAP ORAZ AÝYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Kagbal Ahbar (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi:

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý ýaranlar, Haktagala sizleri uluglap remezan aýyny iberdi. Taňry ony başga hiç pygamberiň ymmatyna ibermedi. Ol remezan aýynyň orazasyny meniň ymmatym üçin sylaglady. Siz hem ony uluglaň we eziz tutuň. Çünki siz özge ymmatlaryň arasynda kyýamat güni bu sebäpden eziz bolarsyňyz. Her kim remezan aýynda bir gije ybadat etse, gündiz ýalançylykdan, gybatdan, töhmetden we şugulçylykdan özüni saklasa, Haktagala ol bendä müň aý ybadat edeniň sogabyndan hem köp sogap berer.

Enes bin Mälik (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan şeýle rowaýat etdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Kyýamat güni bolsa Haktagala üç dürli halklara rehmet berer. Owwal, şagban aýynda remezan aýynyň orazasyna ulaşdyryp, oraza tutsa. Ikinji, Gurhanhonlara. Üçünji, remezan aýynda tarawadan soň namaz okanlara.

Hezreti Aly (Allatagala onuň ýüzüni nurana etsin) aýtdy:

— Men Seýit Älemden eşitdim. Seýit Älem aýtdy:

Haktagala üç dürli halklara näçe mukdar sogap berse, bir ýalňyz kişä hem bu mukdar sogaby bergeý.

Sahabalar aýtdylar:

— Ýa Aly, ol bir kişi diýýäniň kimdir?

Hezreti Aly aýtdy:

— Ol şeýle bendedir, ýagny orazadarlaryň agzyny açdyran bendedir.

Seýit Älem aýtdy:

— Remezan aýynda Haktagala her günde ýetmiş müň asylary azat eder. Juma gijesi hem ýetmiş mün asylary azat eder. Remezan aýynyň içinde näçe müň asylary azat etse, aýt baýram gijesi hem şonça mukdar asylary azat eder.

Abu Hüreýra (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat etdi. Remezan aýy gelse, Haktagala Jebraýyl alaýhyssalama perman eder:

— Eý Jebraýyl, behişde bargyl. Ondan bir käse jennetiň päk şerabyny alyp, Muhammet Mustapanyň gabryna bargyl we aýtgyl:

— Eý Resulalla, remezan aýy gelipdir. Ymmatyňa laýykçylyk edip jennetiň päk şerabyndan içgil. Ol wagt Jebraýyl alaýhyssalam Haktagalanyň permanyny tutup, behiştden bir käse jennetiň päk şerabyny alyp geler we:

— Eý Resulalla, Haktagala saňa perman etdi, bu päk şeraby içsin – diýip aýdar.

Resul alaýhyssalam aýdar:

— Ymmatsyz niçik päk şeraby içerin?

Ol wagt Haktagaladan perman bolar:«Eý Habybym! Owwal sen içgil! Sagadatly sarkydyňdan ymmatyňa hem nesip edeýin».

Resul alaýhyssalam ol wagt päk şeraby içer. Ondan soň käsäni Jebraýyl alaýhyssalama berer. Ol halda Jebraýyl alaýhyssalama:

— Käseden galan sarkyty ol habybyň orazadar ymmatlarynyň gözlerine salgyl – diýen perman bolar. Sebäbi olar hem päk şeraby içsinler we şeraban tehuran[1] içenleriň sogabyny tapsynlar – diýer. Her kim dünýäde päk şeraby içse, ahyrýetde dowzah oňa haram bolar. Şeýle hem remezan aýy gelse, mälik dowzahdan perman berer:

— Tä remezan aýy tamam bolýança ýedi dowzahy baglagyl – diýer. Dowzahdan müň asy we jepaly bendeleri çykararlar. Her günde Jebraýyl alaýhyssalam owaz eder:

— Eý ähli görüstan, hoş boluňlar, remezan aýy geldi. Şol aý Haktagala gördäki hiç bir kişä azap etmez we jemi görleri nur bilen ýagty eder. Her wagty kyýamat peýda bolsa remezan aýy ýagşy surnaýly kişi bolup, Arşyň üstünde häzir bolar. Haktagala metjide geler. Ol wagt Haktagaladan perman bolar:

— Eý remezan aýy, bu gün sejde güni däldir. Bu gün sahylyk günüdir. Näme dileseň dilegil. Bu gün meniň hezzetimden näçe isleseňiz bererin.

Ol wagt remezan aýy aýdar:

— Muhammet ymmatynyň tenleri ýalaňaç görden turupdyr. Olara don bergil.

Ol wagt perman bolar. Ondan soň perişdeler behiştden hülleler getirerler. Şol wagt remezan aýy ýene aýdar:

— Eý bar Hudaýa, bu orazadarlaryň başy ýalaňaçdir.

Ol wagt perman bolar:

— Behiştden bu orazadarlar üçin täç getiriň. Perişdeler baryp täç alyp getirip geýdirerler.

Ondan soň ýene remezan aýy aýdar:

— Eý bar Hudaýa, bu orazadarlaryň aýaklary ýalaňaçdyr.

Ol wagt ýene perman bolar:

— Eý perişdeler, bu orazadarlaryň her birine ýetmiş müň jübüt köwüş geýdiriň. Ol perişdeler Haktagalanyň permanyny tutup, köwüş geýdirerler. Ondan soň remezan aýy aýdar:

Eý bar Hudaýa, orazadarlar göründe aç durarlar. Bu orazadarlaryňy öz keremiň bilen doýurgyl.

Ol wagt perişdelere perman bolar:

— Eý perişdeler, ol ýedi gat ýeri göterip duran öküzi öz gudratym bilen olara bagyş kyldym. Onuň göşüni (etini) olara beriň! Ol wagt perişdeler permany ýerine ýetirip jemi orazadarlara ol göşi berer. Hemme orazadarlar iýerler. Ondan soň remezan aýy aýdar:

— Eý bar Hudaýa, senden bir umydym bar.

Haktagala aýdar:

— Eý remezan aýy, näme islegiň bolsa dilegil! Men kabul ederin. Ol wagt remezan aýy aýdar:

— Eý bar Hudaýa, men jemi orazadarlary behişde alyp bararyn! Ol wagt perman bolar:

— Eý remezan aýy, jemi orazadarlaryňy behişde alyp bargyl. Ol wagt Haktagaladan behişde perman bolar: «Eý perişdeler, bu orazadarlaryň soňundan ýöräp, nagma kylyp, behişde alyp baryň».

Perişdeler hoşwagtlyk bilen olary behişde alyp bararlar. Ol wagt Arasat halky «bu jemagat haýsy amaly eden ekeni?» –diýip, haýran bolarlar. Onda ol perişdeler aýdarlar:

— Bular orazadarlardyr. Olara bu gün Haktagaladan lutfy kerem bar – diýip durarlar.

Ol jemagat behişdiň işigine bararlar. Eýse remezan aýy aýdar:

— Eý Muhammet ymmatynyň orazadarlary, hoş galyň, ähli maksadyňyza ýetdiňiz – diýer.

Şeýlelik bilen, remezan aýy hemme orazadarlary maksadyna ýetirer.

— Eý möminler, Haktagalanyň emrini remezan aýynda ýagşy berjaý ediň we yhlas bilen ýagşy ötüriň. Dilleriňizi gybatdan we göriplikden, ýalan sözden we töhmetden saklaň. Gözleriňizi şerigata laýyk däl işlere seretmeklikden saklaň. Binika işi we şerigata laýyk bolmadyk iş peýda bolsa, şol zaman tiz toba ediň we puşmanda boluň. Eger bu aýdanym dek etmeseňiz size aç bolmakdan we suwsamakdan özge zat ýok.

Abu Hüreýra (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi.

Ol aýtdy:

— Remezan aýynyň owwaly rehmetdir, ortasy magryfetdir, (ylym, bilim) ahyry dowzah odundan azatlykdyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy.

— Her zadyň köňli bardyr. Iliň köňli remezan aýyndadyr. Her kim remezan aýynda salamat bolsa, günäden salamat bolar. Tamam iller beladan we günäden salamat bolar. Her kim bir köňli şat etse ol bendeden jemi perişdeler şat bolar. Her kim remezan aýyny şat etse, ol bendeden Haktagala şat bolar. Ol bendäniň günälerini geçer. Her kimden Allatagala şat bolsa, ol bendä dowzah haram bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Iki aýyň arasyndaky nika ýagşy däldir. Çünki onuň üçin Adam alaýhyssalam agzaçar baýramynda wepat boldy. How ene gurban baýramynda wepat boldy. Bu iki baýramyň arasynda nika etmek gowy däl.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Remezan aýy gelende dowzahyň işigini baglarlar, behişdiň işigini açarlar we şeýtany bent ederler. Her kim oraza tutsa, ýalan sözlemese, göriplikden we töhmetden daş dursa we gybat etmese, bäş wagt namazyny jemagat bilen okasa, şol mertebe bilen remezany ötürse, Haktagala ol bendäniň şol ýyl eden günäsini geçer. Ol bende remezan aýyny şol mertebe bilen ötürse günäden päk bolar we eneden ýaňy dogan çaga dek bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim Tarawa namazyny okasa, Taňry oňa Arşyň töwereginde perişdeleriň sanyça sogap berer. Olaryň sanyny Allatagaladan özge bilmez.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Kyýamat güni bolanda bendeler hasap üçin jem bolarlar. Ol wagtda orazadarlar görden başyny götererler. Ondan soň Arasada bararlar. Agyzlaryndan behişt yslary geler. Ol hemme Arasadyň halklaryna täsir eder. Ähli Arasat halky ol ysyň ýakymlylygy üçin kyýamat güni «ne tagatyň bar, ýa ne günäň bar?» diýip, kişi-kişiden soramaz. Emma günäli adamlar bar bolsa olar günüň haýbatyndan eden günäleri aýan bolarlar. Eger hamr içen bolsa agzyndan hamr (arak) ysy geler. Eger zyna eden bolsa, äriň ferjlerinden akar. Süýthor bolsa, garny misli uly gümbez dek bolar.

Abu Juheýza Hurryýýadan rowaýat etdiler:

Ol Basrada bir dagyň üstünde bir jaý bina etdi. Adamlardan özüni jyda etdi. Ol jaýda gije-gündiz ybadatdan gapyl bolmady.

Salyh Merwi aýtdy:

— Men bir gün Abu Juheýza Hurryýýanyň ýanyna zyýarat etmek üçin öýden çykyp gelýärdim. Ýolda Muhammet ibn Wasyg, Mälik Dinar, Sabyt Bennany we Habyp Ajamy ýolukdy. Ol jemagatlar aýtdylar:

— Eý Salyh Merwi, sen nirä barýarsyň? – diýdiler. Men aýtdym:

— Abu Juheýza Hurryýýanyň ýanyna zyýarata barýaryn. Onuň ýaly bolsa biz hem baraly – diýip, biz bäş Allanyň welisi bolup ýöredik. Ol wagt ol jemagat onuň işigine gelip ýetdiler. Abu Juheýza azan aýtdy. Bu gelen bäş Allanyň welisi bilen namaz okadylar. Namaz wagty gutardy. Eýse Muhammet ibn Wasyg turup baryp Abu Juheýza bilen elleşdi.

Abu Juheýza aýtdy:

— Siz kim?

Ol aýtdy:

— Men Muhammet bin Wasygdyryn.

Ol aýtdy:

— Basra şäheriniň ýagşy mertebeli adamsy sizmi? – diýdi. Muhammet ben Wasyg jogap bermedi. Ondan soň Habyp elleşdi. Oňa hem aýtdy:

— Siz kim?

Ol aýtdy:

— Men Habyp Ajamydyryn.

Ol aýtdy:

— Basra şäheriniň dilegi kabul bolýan adamsy sizmi? Ondan soň Sabyt Bennany bilen elleşdi. Ondan soň Mälik Dinar bilen gürrüňdeş boldy. Salyh Merwi bilen hemmeden soň gürrüňdeş boldy. Soň maňa aýtdy:

— Sen kim?

Men aýtdym:

— Salyh Merwi.

Ol aýtdy:

— Men siz ýagşy Gurhan okaýarsyňyz diýip eşidipdim, hany bir Gurhan okaň – diýdi. Ol wagtda men bu keramatly aýaty okadym. (Ýewme ýerawnel-meläikete lä buşra ýewme-izin bilmujrimine we ýakuluna hijranan mahjura).[2] Kim kyýamat güni halaýyklar arasynda häzir bolarlar. Perişdeleri görerler. Perişdeler owaz ederler. Bu gün şatlyk ýok, günäkärler Hudaýtagaladan daş durar. Ýene Hudaýtagalanyň tarapyndan:

— Günäkärler dergähimden daş duryň – diýen owaz geler.

Salyh Merwi aýtdy:

— Men şol jaýa ýetişipdim. Abu Juheýza Hurryýýa bir nagra urdy we ýykyldy. Men ol wagt onuň başyny dyzyma söýedim. Görsem ol eýýäm jan beripdir. Abu Juheýzanyň bir hyzmatkäri bardy. Ol menden sorady:

— Siz kim?

Men:

— Men Salyh Merwi bolaryn we Allanyň dört welisiniň biridirin – diýdim.

Ol:

— Meniň pirim öldi – diýip aglaberdi. Men aýtdym:

— Niçik bildiň.

Ol aýtdy:

— Meniň pirim hemişe mynajat ederdi: «Eý, bar Hudaýa, her wagt maňa ajal ýetse bir bölek welini getirgil, goy olar meniň bilen namaz okasyn. Namazdan soň meniň jynazamy okasyn. Ondan soň ol jemagatlar meni gömsünler» diýerdi. Olaryň hergiz dilegi kabul bolman galan wagty ýokdur. Men sizliň adyňyzy eşitdim. Eýse pirimiň ölenini bildim. Ondan soň olar ony ýuwdular, jynazasyny okadylar we göre goýdular. Ondan soň ol jemagatlar Abu Juheýza Hurryýýanyň hyzmatkärinden soradylar:

— Eý gardaş, piriň bu makama (orun dereje) haýsy tagatdan ýetişdi?

Ol hyzmatkär aýtdy:

— Pirimiň tagaty mydama oraza tutmak bolardy. Ol jemagatlar aýtdy:

— Hyzmatkär dogry aýdýar. Biz indi kimiň tagatynyň köpüsi oraza bolsa, onda onuň bu derejä eýe boljakdygyny bildik.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ol günde bendeleri behişde ibermäge perman bererler. Bir perişde, ol bendäniň ýanyna geler. Onuň golunda käsesi bolup, ol käse müşkden mähirli jennetiň päk şerabyndan doly bolar. Ol perişde käsäni onuň goluna berer we bendä Haktagalanyň salamyny ýetirer. Ol käsä şeýle diýip ýazylypdyr:

— Bu perişde hergiz sizden daş bolmaz we hergiz siz ölmersiňiz.

Rowaýat etdiler:

Syrry Sakaty mydama oraza tutardy. Onuň bir küýzesi bardy. Gije ol küýzä suw guýup daşarda goýardy. Ol küýzäniň suwy sowuk bolardy. Ol sowuk suw bilen agzyny açardy.

Şyh Jüneýt Bagdady aýtdy:

— Men bir gün onuň öýüne zyýarata bardym. Onuň öňünde bir döwük küýze ýatyr. Ol wagt men oňa aýtdym:

— Bu nähili küýzedir? Ol aýtdy:

— Men bu küýzä suw salyp goýýardym. Ol suw bilen orazamy açardym. Men siziň öňüňizde uklapdyryn. Meniň ýanyma bir näzenin zenan geldi we aýtdy:

— Eý Syrry Sakaty, orazaňyzy sowuk suw bilen açyarsyňyz. Eger-de jennetiň päk şeraby bilen açmaklyga we biziň ýaly hüýrleri guçmaklyga arzuwyň bar bolsa mundan el çek. Men Hüýr al-aýndyryn.[3] Haktagala bizi siziň üçin ýaradypdyr. Biz size taýýar bolup durarys. Bu sowuk suw bilen özüne zynat, rahat bereniň bize hoş gelmeýär – diýdi. Ondan soň men bu küýzäni döwdüm. Eý Jüneýt Bagdady, indi hergiz sowuk suw bilen agzymy açmayaryn. Oňa siz güwä bolduňyz – diýdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Men mynajat etdim.

— Eý bar Hudaýa, Sen meniň ymmatyma näme iş edersiň? Ol wagtda Haktagalladan perman geldi:

— Eý Muhammet, seniň ymmatyňa ýedi zat şert etdim. Owwal seniň ymmatyňdan kim maňa tagat etse, ol tagaty men kabul ederin, yzyna gaýtarmaryn. Sahylyk bilen onuň muzdyny we sogabany bererin. Ikinji, her kim günäden toba etse, men ol tobany kabul ederin we günäden päk ederin. Üçünji, endamynynyň edi agzasyna gararyn. Ol bendäniň alty agzasy günäde bolsa, bir agzasy tagatda bolsa, men ol alty agzasyny bir agzasyna bagş ederin, dowzaha ibermerin. Dördünji, men ol bendäniň köňlüne gararyn. Eger eden günäsini ýadyna getirip, puşman edip gamgyn bolsa, onda ol eden günälerini geçerin. Bäşinji, ol bendäni dertdir-azap, ýas bermek bilen günäsini ýok ederin. Altynjy, bir ýylda dowzahy iki ýola açaryn. Onuň bir tarapy tomusdyr, bir tarapy bolsa gyşdyr. Ol bende bu iki wagtda özüni yssy we sowga tutup, maňa tagat etse, ol bendeleri kyýamat güni dowzahda köýdürmerin. Ýedinji, eý, Muhammet, seniň ymmatyňdan hasaby hormat bilen tutaryn, adalatsyzlyk bilen tutmaryn. Eger bendäniň günäsi tagatyndan köp bolsa, ol günäni şeýle kişileriň boýnuna salaryn. Ol kişiler dünýäde musulmanlara zulum edenler we musulmanlaryň malyny alanlardyr. Şonuň ýaly-da zalymlardyr. Ol zalymlary dowzaha ibererin. Mazlumlary behişde ibererin.

— Eý Muhammet, seniň ymmatyň hakynda munça ýagşylyklar etdim. Seniň ymmatyň Maňa tagat eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim otuz gijäni tarawa bilen ötürse, Haktagala kyýamat güni aýdar:

— Eý oraza tutup, tarawa okan bendeler, sizi ärlerden, hatynlardan, bendelerden geljek we beyleki azaplardan azat etdim hem dowzahyň odundan halas etdim – diýer.

Hezreti Aly (Alla onuň ýüzüni nurly etsin!) aýtdy:

— Eger Haktagala ymmata azap salar bolsa-dy, onda remezan aýyny bu bendelere bermezdi. Bu sedäpden, eger ol kişiler Muhammediň ymmaty bolsalar, olara dowzah odynyň haramlygy mälim boldy. Olar:

— Hakdan her zat Muhammet alaýhyssalama gelip dursa, hemmesini ykrar etseler, oňa ynansalar we hak bilseler, hem gadyr bilen amal etseler we şeýtandan bolan hemme işleri terk etseler, ol terk bolan işleri nähak bilip şeýtana duşman bolsalar, hakyky ymmat bolarlar.

Ymam Abu Hanypa (Alla ondan razy bolsun!) ençeme mesele ýat edipdir. Ol meseläni bu mezhebiň ulamalary bu halklara beýan edipdirler. Ol mesele isle aňsat bolsun, isle kyn bolsun, hemmesini hak bilsin. Emma ylmy gaýyp bilen amal etmesin. Uçmahy we dowzahy, rahaty we azaby hak bilse, dini ylymlary duşman tutmasyn. Eger kişi bu sözleriň birden birine ýüregi bilen ynanmasa, emma diňe dili bilen ykrar etse, ol ymmat bolmaz we mynapyk (iki ýüzli bolar). Mynapyklary kyýamat güni bolanda dowzaha salarlar.

Eý Taňrymyz, hemmäni haklykdan çykarmagyl. Ämin!

Resul alaýhyssalam aýtdy. Gijeleriň serweri Gadyr gijesidir. Gadyr gijesi remezan aýynyň ýigrimi ýedinji gijesidir.

Aly (Taňry onuň ýüzüni nurly etsin!) Resul alaýhyssalamyň şu sözýni aýtdy:

Ol şeýle sogaply gijedir, ýagny ol gijede yhsan we keramat köpdür. Ol gijä «Gadyr gijesi» diýerler. Haktagala gadyr gijesinde birinjiden, Muhammet ymmatynyň günäsini bagyş eder. Ikinjiden, ol gije Magraç gijesi bolup, Haktagala wada edip:

— Eý Muhammet! Men seniň ymmatyňyň günälerini geçdim – diýer. Üçünjiden, ol gije bolanda kapyrlar Seýit Älemden «aýy iki bölek et» diýerler. Resul Huda mübärek barmaklary bilen aýa yşarat eder. Aý iki bölek bolar. Ol gije Allatagala hem Muhammet ymmatynyň günäsini geçer. Her wagty gadyr gijesi bolsa Jebraýyl alaýhyssalam perişdeler bilen geler. Sidretilmüntehadan[4] gelen ol perişdeleriň hasabyny diňe Allatagala biler. Özge kimse bilmez. Ol gelen perişdelerde dört müň baýdak bolup, onda arap elipbisinde «Lä ilahä illallahy, Muhammet Resulalla» diýen ýazgy bardyr. Ol wagt Jebraýyl alaýhyssalam olara:

— Baryň, jahany seýran ediň – diýip aýdar. Ol perişdeler jahany seýran ederler we gündogardan günbatara çenli aýlanarlar. Her jaýda ärden we aýaldan mömin bar bolsa, olar Haktagalanyň ýady bilen oturan bolsalar, olara Haktagalanyň rehmetini dökerler. Emma olar käbir kişilere rehmetden dökmezler. Ýagny bir kişiniň başga kişide haky bolsa, ol haky zorluk bilen bermeýän bolsa, ýa-da bir kişä jennet ýar bolsa, emma ol kişi ýatyp uklasa, ýa-da ol öýde haram mal bolsa, heniz toba etmedik bolsa, ol jemagatlar beýle rehmetden binesip bolarlar.

Gadyr gijesinden soň daň atandan ol perişdeler asmana çykarlar. Ol perişdelerden Haktagala sowal eder:

— Eý perişdeler, siz nireden gelýärsiňiz? Hoş geldiňiz! Ol perişdeler aýdarlar:

— Muhammet ymmatyna seniň rehmetiňi ýetirip gelýäris. Onda Haktagala aýdar:

— Eý perişdelerim, siz näme iş etdiňiz? Perişdeler aýdarlar:

— Sen danasyň: Sen aýan bilijisiň! Bendeleriň Seniň ýadyň bilen boldular.

Haktagala aýdar:

— Onuň ýaly bolsa siz güwä boluň. Men ol bendelerimiň günäsini geçdim. Olary didaryma duçar ederin we behişdi bagyş ederin – diýdi.

Gadyr gijesi edilen tagatyň sogaby müň aýyň gijesinde edilen tagatyň sogabyndan ýagşyrakdyr.

Imam Japar (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat etdi. Resul Huda aýtdy:

— Her mömim bende dört rekagat namaz okasa gadyr gijesinde her rekagata bir ýola «Fatyha», ýigrimi bäş ýola «Kulhuwallahu ahady» okasa, namazdan boşandan soň ýüz ýola «istygpar» okasa, ol bende gadyr gijesiniň sogabyny tapgaý. Ýene onuň orazasyny we namazyny kabul eder. Ýene ol bende üçin behiştde bir şäher bina eder. Ol bende okan her aýaty we eden her sejdesi üçin bir şehidiň sogabyny tapar. Ol bende şol gadyr gijesi bilen geljekki gadyr gijesiniň arasynda ölse şehit bolar.

Enes bin Mälik (Alla ondan razy bolsun!) Resul Hudadan rowaýat etdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her mömin gadyr gijesi dört rekagat namaz okasa, her rekagatda bir ýola «Fatyha», bäş ýola «Innä enzelnahu», bäş ýola hem «Kulhuwalla», bäş ýola hem «Kul ýa eýýuhel-käfiruny» okasa, sogaby şunuň ýaly bolar:

Müň haj edeniň, müň guly azat edeniň sogabyny we müň ýalaňajy geýdireniň sogabyny berer. Wagtynda ol bende namazyny okasa Haktagaladan asmandaky perişdelere:

— Eý, perişdelerim, güwä boluň, men ol namaz okan bendäni ýalkadym. Ol bendeden razy boldum– diýip wada eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Aýt (baýram) gijesinde her mömin dört rekagat namaz okasa, her rekagatda bir ýola «Fatyha», üç ýola «Aýatul kürsini» okasa, Haktagala ýer ýüzündäki musulmanlaryň, tamam oraza tutanlaryň we namaz okanlaryň nähili mukdarda sogaby bar bolsa, bu namaz okanlara hem şol mukdar sogap berer.

 


[1]Şeraban tehuran – Jennetiň päk şeraby.

[2]Olaryň perişdeleri görjek günlerini ýatlaň! Ol günde günäkär kimseler üçin birem hoşhabar bolmaz we perişdeler olara diýerler: «Her hili hoşhabar siz üçin bütinleý haramdyr». (Furkan süresi, 22-nji aýat).

[3]Hüýr al-aýn - Taňrynyň has yhlasly bendelere hyzmat etmek üçin niýetlän jennetiň hüýr gyzy.

[4]Sidret ilmunteha - Asmanyň iň aňyr çägi.