ELLI ALTYNJY BAP BAÝRAM AÝYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ELLI ALTYNJY BAP BAÝRAM AÝYNYŇ SOGAPLARYNYŇ BEÝANY

Bu aýtda aýt namazyny ötürmän okamaklyga janypkeşlik ediň! Sebäbi onda sogap köpdir. Aýtdan öň eden ybadatlaryňyz aýt namazyny okanlygyňyz sebäpli kabul bolar. Aýt güni ötenden soň, alty gün oraza tutulsa, sogaby soňsuzdyr.

Abu Sagt Hudarydan (Alla ondan razy bolsun!) rowaýat etdiler

Resul Huda aýtdy:

— Her kim baýram aýynyň başynda oraza tutsa, Haktagala ol bendäniň tenini dowzahyň ataşyndan halas eder. Ol bendä ömrüňiň ahyryna çenli oraza bilen ötüreniň sogabyny berer. Haktagala ol bendäniň bir gün oraza tutany üçin kyrk ýylky tagatynyň sogabyny berer. Haktagala ol bendeden gör we kyýamatyň azabyny aýrar.

Her mömin baýram aýynyň başynda oraza tutsa, Allatagala ol bendä ähli Muhammet ymmatynyň ybadatynyň sogabyny berer. Behiştde ol bendäniň bir gün oraza tutanyna bir şäher bina eder. Ol şäheriň ululygy bu dünýä barabar bolar. Ol bende kyýamat gününde aç bolmagaý we suwsamagaý. Her kimiň bu aýda alty gün oraza tutmaga kuwwaty ýetgeý.

Rowaýat etdiler:

— Beni Ysraýylda bir derwüş bardy. Ol sebet dokap satardy. Ähli puluny maşgalasyna harç ederdi. Bir gün ol abyt[1] sebedini alyp bazara çykdy. Ol zamanda bir baý aýalyň kenizegi bardy. Ol kenizek bazara geldi. Abydy gördi we öýe gelip hanyma ol abydyň hoşroýlugyndan habar berdi. Eýse hanym aýtdy:

— Eý kenizek, bargyl ol sebetçini alyp gelgil. Men sebet aljak – diýdi. Kenizek abydy alyp geldi. Ony içeri girizdi. Hanym Taňrynyň bu bendesini gördi we oňa jan dil bilen aşyk boldy. Hatyn aýtdy:

— Eý sebetçi, men seni sebet dokamakdan dyndaryp, baý edeýin. Ýöne meniň bilen söhbet et! – diýdi.

Abyt aýtdy:

— Eý hatyn, men hiç wagt munuň ýaly işi etmändim, indi hem etmerin – diýdi. Ol wagt hatyn aýtdy:

— Işikleri mäkäm etgil. Kenizek işikleri mäkäm etdi.

Abyt aýtdy:

— Eý hatyn, meniň tenim palçyk bolupdyr. Maňa täret almaga suw bergil. Ol palçygy gidereýin. Ondan soň seniň bilen söhbet edeýin – diýdi.

Hatyn aýtdy:

— Eý kenizek, bar suw alyp gel. Kenizek aýdylan zatlary alyp geldi.

Hatyn aýtdy:

— Eý sebetçi, teniňi nirede ýuwarsyň?

Abyt:

— Öýden daşaryda ýuwaryn – diýdi.

Hatyn aýtdy:

— Eý sebetçi, bu sözi kime aýdar sen. Tam üstüne çykgyl. Onda ýuwungyl. Abyt naçar bolup, tamyň üstüne çykdy, gördi kim tamdan düşüp gidere hiç ýeri ýok. Tam zyýada belent ekeni.

Ol abyt aýtdy:

— Eý ten, munça ýaşy ýaşadyň? Indi zyna edip dowzaha baranymdan bu tamdan özümi taşlap ölenim ýagşyrakdyr – diýip, ol tamdan özüni taşlady. Haktagala perişdelere buýurdy:

«Ol bendäni zaýa etmän, ýere düşürmän tutuň» diýdi.

Ol wagt Jebraýyl alaýhyssalam ol abydy ýere salamat goýdy. Ol öýüne bardy. Satylmaly sebetler ol jaýda galdy. Abydyň hatyny aýtdy:

— Eý abyt, sebediň puly hany?

Abyt atdy:

— Ýok boldy.

Ol wagt hatyny aýtdy:

— Men goňşynyň öýüne baraýyn. Ol tamdyra ot ýakyp durandyr. Men onuň oduny ýakaýyn. Tamdyr gyzansoň, ol tamdyryň eýesine habar bereýin – diýip, öýe bardy.

Ol öýüň hatynyna aýtdy:

— Tamdyryňy gyzdyrdym, nanyňy ýapawergin – diýdi-de gaýdyberdi.

Özi tamdyryň ýanyna geldi. Eýse nan bişip dur. Ol wagt hatyn nany aldy we öýüne geldi. Oglanlaryna nan berdi. Bu işleriň hemmesi abydyň Allatagalanyň buýurmadyk işlerinden gaçanlygy sebäpli boldy.

Her kim Haktagalanyň buýurmadyk işlerinden gaçyp, ybadata boýun bolsa, Haktagala ol bendäni dünýäniň we ahyrýetiň nygmatyna eýe eder we dünýä hem ahyrýet belasyndan aman eder!

 


[1]Abyt – ybadathon.