ALTMYŞYNJY BAP BIREHIMLIK EDENLERIŇ JEZASYNYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ALTMYŞYNJY BAP BIREHIMLIK EDENLERIŇ JEZASYNYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim bir pakyra rehim etmese, ol bendä Hudaýtagala hem rehim etmez.

Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Her kim bir pakyra Hudaýtagalanyň razylygy üçin bir teňňe berse, kyýamat güni ol bendä ýetmiş şehidiň sogabyny berer. Her kim bir pahyryň karzyny eda etse, ol bendäni Haktagala iki dünýäde beýik mertebeli eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Bir kişi bir iş sebäpli behişde girdi. Sahabalar aýtdylar:

— Eý Resulalla, ol niçik iş sebäpli behişde girdi?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Bir gün howa yssydy. Ol bir itiň guýynyň başynda suwsap ýatanyny gördi. Ol sellesini guýa sallady. Sellesini guýydan çykaryp ondaky suwy sykyp ite berdi. Haktagala bu bendäni ol it sebäpli, ýalkady.

Her kim göre tarap kyrk ädim ýörese, Haktagala ol bendäniň kyrk günäsini ýok eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy.

— Musulmanyň bir-birine alty haky bardyr. Eger bende ol alty haky berjaý etmesi, onuň jaýy dowzah bolar.

Owwal – çagyrsa jogap bermek gerek. Ikinji – hassa bolsa, onuň halyny soramak gerek. Üçünji – iki musulman ýoluganda biri-birine salam bermek gerek. Dördünji – bir musulman asgyrsa «Alhamdulilla» diýse, eşidiji «ýarhamukalla» (Alla saňa rehim etsin) diýmek gerek. Bäşinji – bir mömin bir mömine myhman düşse, ol mömin myhmany golundan gelýänçä doýurmak gerek. Altynjy – bir musulman ölse jynazasyna barmak gerek.

Bir gün Omar ibn Hattap Medinäniň töwereginde ýördi. Abdyrahman onuň öýüne bardy.

Abdyrahman:

— Eý Omar, bu jaýda bir bölek garyplar, ogrudan, garakçydan gorkup oturypdyrlar. Ikimiz daň atýança sakçy bolaly – diýip aýtdy.

Bir gün hezreti Omar (Alla ondan razy bolsun!) bir düýä münüp barýardy. Aly (Alla onuň ýüzüni nurana etsin!) aýtdy:

— Eý Omar, düýä münüp nirä barýarsyň?

Hezreti Omar aýtdy:

— Beýtilmaldan[1] bir düýe ýok bolupdyr. Ony yzlap barýaryn.

Aly aýtdy:

— Eý Omar, bir düýe üçin munça azap çekmeseňiz näme bolar? Onda hezreti Omar aýtdy:

— Eý Aly, eger beýtilmaldan bir owlak ýok bolsa, kyýamat güni Omary ol owlak üçin tutarlar.

Habarda şeýle getirilipdir. Haktagala Musa alaýhyssalama aýtdy:

— Eý Musa, saňa pygamberlik näme sebäpden ýetişdi?

Musa alaýhyssalam aýtdy:

— Eý bar Hudaýa, Seniň özüň muny ýagşyrak bilýändirsiň.

Haktagala aýtdy:

— Eý Musa, Şugaýbyň goýnuny bakaňda bir owlak çölüstanlyga gaçdy. Ol owlagy kowalap bardyň. Ol owlak saňa tiz tutdurmady. Sen ony köp azap bilen tutduň, ýöne, ony urmadyň, başyndan sypadyň. Ol owlagy enesiniň gaşyna alyp bardyň. Ol sebäpden saňa pygamberlik berdim – diýdi.

Sufýan Söwri bir gün Basrada gezip ýördi. Bir çaganyň golunda bilbil gördi. Ol onuň aýagyny baglapdyr. Sufýan Söwri aýtdy:

— Eý oglan, bu bilbili satarmysyň?

Oglan aýtdy:

— Men bäş teňňe berseň sataryň.

Sufýan Söwri bilbili bäş teňňä satyn aldy we ony azat etdi. Bilbil gündiz bolsa gitdi, gije bolsa, Sufýan Söwriniň öýüne geldi. Bir gün Sufýan Söwri dünýäden ötdi. Eýse ol bilbil üç güne çenli Sufýanyň göründe boldy. Üç günden soň, özüni göre urdy we öldi.

 

 


[1]Beýtilmal – hazuna, döwlet hazynasy.