ALTMYŞ BIRINJI BAP BEÝIK SAHABALARYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ALTMYŞ BIRINJI BAP BEÝIK SAHABALARYŇ BEÝANY

Abu Hüreýra (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi:

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Men magraja bardym. Her gat asmandan ötdüm. Özümiň hem atamyň adynyň ýazgysyny gördüm. Ondan soň dört ýarym müň adyň ýazgysyny gördüm.

Abu Bekr Syddyk (Alla ondan razy bolsun!) tamam malyny Resul Hudaýa berdi. Haktagala parz edipdir. Ol aýtdy:

— Men hormat eýesi bolan Taňrydan meniň beren zatlarymy görer – diýip utanýaryn. Men şonuň üçin berýärin.

Ol wagt Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý Abu Bekr Syddyk, maşgalaň üçin hiç zat alyp galmadyňmy?

Abu Bekr Syddyk aýtdy:

— Olary Hudaýtagala tabşyrdym. Bular bu sözdediler. Şol wagt Jebraýyl alaýhyssalam geldi. Olar bolsa ýaňadandan don geýip durdular.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý Jebraýyl, bu ne wakadyr?

Onda Jebraýyl alaýhyssalam aýtdy.

— Ýedi gat asman we ýedi gat ýeriň perişdeleri Abu Bekr Syddyky oňlap, oňa ýüň don geýdirdiler – diýdi.

Haktagala aýdar:

— Abu Bekr Syddyk menden razy bolsa, men Abu Bekr Syddykdan razydyryn – diýdi. Onda Abu Bekr Syddyk aýtdy:

— Men Haktagaladan razydyryn – diýip üç mertebe aýtdy.

Ibn Apbas Resulalladan rowaýat etdi.

Ol:Daň namazyny okandan soň ýaranlardan:«Abu Bekr Syddyk nirede?»diýip sorady. Hiç kim jogap bermedi. Ol halda ýene sorady:

— Ol nirededir?

Abu Bekr ahyrky saparda:

— Lepbeý, men bärde – diýip, jogap berdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Munda geliň.

Ol şol wagt Resul Hudanyň ýanyna geldi. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Eý Abu Bekr Syddyk, owwalky rekagaty meniň bilen bitirdiňmi ýa bitirmediňmi?

Abu Bekr:

— Owwalky rekagatda siziň bilen bolupdym – diýdi.

Şol wagt şeýtan oňa:

— Seniň täretiň syndy – diýdi.

Ol halda men täret almak üçin metjitden çykdym.

Yzymdan:

— «Eý Abu Bekr Syddyk, bu kündügi algyn» diýip bir owaz eşidildi. Arkama garasam bir ak kündük dur. Men ol kündügi aldym. Täret kyldym we size geldim. Heniz siz owwalky rekagatda ekeniňiz.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ol kündügi alyp gelen Jebraýyl alaýhyssalamdy – diýdi.

Ýene-de Abu Bekr Syddykdan rowaýat etdiler. Ol gündiz maslahatda bolardy, gije bolsa Haktagalanyň tagatyna meşgul bolardy. Sahabalar oňa:

— Gündiz bir sagat hem dynç almaýarsyňyz. Siz haçan uklaýarsyňyz? – diýdiler.

Ol aýtdy:

— Eger gündiz dynç alsam, raýatym harap bolar. Eger gije dynç alsam, ömrüm zaýa bolar – diýdi.

Hezreti Omardan rowaýat etdiler. Onuň halypalyk eden wagtynda sahabalar aýtdylar:

— Eý Omar, bir çeşme bardy. Ol çeşme adamdan gan bermeseň akmazdy – diýdi.

Omar hat ýazdy we:

— Eý, çeşme eger suwuňy akdyrsaň ýagşy sen, eger akdyrmasaň men seni harap ederin – diýdi. Ol haty çeşmä görkezdiler. Ondan soň ol çeşmäniň hergiz suwy kem bolmady.