ALTMYŞ IKINJI BAP NYGMATA ŞÜKÜR ETMEGIŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ALTMYŞ IKINJI BAP NYGMATA ŞÜKÜR ETMEGIŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy. Her kimde dört zat bolsa dünýäniň we ahyrýetiň bar ýagşylygy ol bendededir. Owwal, dili zikrde bolsa. Ikinji, köňli nygmata ýalbaryjy we şükür ediji bolsa. Üçünji, teni sabyrly bolsa. Dördünji, ol kişiniň hatyny salyha (ýagşy aýal) bolsa.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ol bende Allatagalanyň beren nygmatyna razy bolup, gaýgysy köp bolsa «istigpary» aýtsa Taňry ol bendeden razy bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her bende bar zadyna şükür etmek gerek.

Ol:

— Owwal, eý bar Hudaýa, meni adam edeniňe şükür. Adam perişdeden has artykdyr – diýmeli. Ikinjiden, äriniň edeniňe şükür etmeli. Çünki är hatyndan ýagşyrakdyr. Üçünjiden – meni Muhammediň ymmatyndan edeniňe şükür. Muhammet ymmaty özge ymmatlardan artykdyr. Dördünjiden – meni musulman edeniňe şükür.

Şükür – hemişe wajypdyr. Şol dört şüküri amal ediň – diýmeli.