ALTMYŞ ÝEDINJI BAP HUDAÝA BIL BAGLAMAKLYGYŇ BEÝANY

Başy » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ALTMYŞ ÝEDINJI BAP HUDAÝA BIL BAGLAMAKLYGYŇ BEÝANY

Hezerti Omar (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy. Bendäniň Taňra bil baglamagy misli guşuň «balamy hiç zada bermerin» diýip durşy ýalydyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy: Haktagala dört zady – meger ol kişä duçar etse, şol dört zady özge hiç kişä bermez. Owwal, sözlemezlik. Ikinji, kanagat etmek. Üçünji, takwalyk. Dördünji-dünýäde her dürli bela bolsada sabyr etmek.

Baýezit Bistamy:

—    Taňra bil baglamaklyk Hudaýtagalanyň beren zadyna bendäniň razy bolmagydyr – diýdi.

Elbetde, sözüň dogrusyny beýik Taňry ýagşy bilýändir!

Bu kitap mülk eçiliji Taňrynyň beren ýardamy bilen tamam boldy.