1-nji bölüm: Akylyň we akyllylaryň hormaty.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 1-nji bölüm: Akylyň we akyllylaryň hormaty.

1. Pygamber alaýhyssalamdan rowaýat etmeklerine görä, ol: «Akyly kämil bolmadyk musulmanyň imany we kalby düzüw däldir. Alla akyldan haýyrly hiç bir zady ýaratmady. Ynsan balasy akylyna görä alýar we berýär, akylyna görä jeza çekýär we sylaglanýar. Adam ogullarynyň ählisi akyllaryna görä jogap berýändir» diýipdir.

2. Pygamber alaýhyssalam: «Akyly ejiz bolan Taňry bendesi, nadanlygy bilen iň ýaramaz işlere baş urar. Kyýamat güni Taňry bendeleri akyllaryna we abraý-mertebelerine görä ýokarda goýuljakdyr» diýdi.

3. Pygamber alaýhyssalam: «Ertirki gün jennet on müň bölege bölünjekdir. Şonuň 9999 bölegi Allanyň buýruklaryna akyl ýetirenlere bagyş ediler. Jennet derejeleri olara Allanyň bagyş eden akylyna görä paýlanylar. Jennetiň diňe birje bölegi bolsa, dünýä eşretinden gapyl galan musulmanlar üçindir» diýdi.

5. Salyh ibn Abdylkuddus öz şygrynda şeýle diýdi*:

«Dostly bolmak isleseň,

Her kişiniň dostdygyna ynanma.

Olaryň arasynda özüňi ýitirseň,

Akyly bar adamlardan üzülme.

Asmandan inen zerli ýagyş hem bolsa,

Nadanlaryň hiç zadyna ezilme.

Edepsiz bendäni öz ugruna goý

Olardan başyňa ýetmez ýaly gaý».

6. Rowaýatlara görä, Jebraýyl alaýhyssalam akyly, utanjy we dogruçyllygy alyp, Adam atanyň ýanyna gelipdir. Ol Adam ata ýüzlenip: «Haýsysyny halaýan bolsaň saýla!» diýipdir. Adam ata akyldan haýyrly zady görmänsoň, şony saýlap alypdyr. Jebraýyl perişde utanç bilen dogruçyllyga bakyp: «Siz yzyňyza dolanyberiň» diýende, olar: «Ýok. Bize, akyl nirede bolsa, şonuň ýanynda bolmaklyk buýruldy» diýipdirler.

7. Sagyt ibn Wehp şeýle diýdi*:

«Nadan dostuň söýgüsinden dana duşmanyň ýagylygy ýagşy. Nadanyň betbagtlygy özüne-de, ile-de ýeter, diňe danadan gorkman bilersiň».

8. Abu Hazym: «Akyly bolmadygyň özi ýadar, öýi ýadar, perzendi ýadar (bizar bolar)» diýdi.

9. Bişr ibn Ýahýa: «Dana duşman nadan dostdan ýagşydyr» diýdi.

10. «Taňry bendesine bagyş edilýän zatlaryň iň haýyrlysy näme?» diýip, Ahnafdan soralanda, ol: «Kämil akyl» diýip, jogap beripdir. Ondan «Eger akyl bolmasa näme?» diýip soranlarynda, ol: «Onda, ýagşy edep» diýip aýdypdyr.

11. Mütenepbi şeýle diýdi*:

«Akyl bolmadyk bolsa, adam mertebesinden pesde bolan ýarak itçe-de bolmazdyk. Akylly adamlary saýgaryp bilmezdik. Naýzalaryň işini bolsa ganygyzmalaryň elleri ýerine ýetirerdi».

12. Başga biri şeýle diýdi*:

«Eýsem, adamyň akyly kalbynyň gözi dälmi?

Egerakyl bolmasa, açylmaz köňül gözi.

Men ýamanlyk edene ýamanlyk etjek bolsam,

Günäler oňa däl-de, maňa dolanýar göni».

13. Başga biri şeýle diýdi*:

«Eýsem, adam akylynyň gyny dälmi,

Ýöne, tygsyz gynyň peýdasy barmy?».

14. Abdylla ibn Mübärek şeýle diýdi:

«Danalar bilen söhbetdeş bolmakdan başga ähli lezzetler irizýändir. Biz akylly adamlar azdyr öýdýärdik, emma olar ýöne bir az hem bolman, örän az eken».

15. Başga biri şeýle diýdi*:

«Eger biri baky galýan bolsa, onda ilki bilen danalar galardy».

16. Abu Bekr Arzamy şeýle diýdi*:

«Taňrynyň paýlan zadynyň iň oňady akyldyr,

Özge ýagşy zatlardan haýsysy golaý geler?

Eger Rahman ynsanyň kämil etse aklyny,

Onuň ahlagy bilen pikiri kämil bolar.

Egergüzeran görmek ýigide düşse çetin,

Il içinde akly bilen bezener ol görnetin.

Egerýedi arkasy bolsa-da şan-şöhratly,

Akyly az il içinde gezer köp ýaman atly.

Hergiz gapyl bolmagyn, döwrüňdäki nadandan,

Bitirseňem haýyşyn, ýazgarar ol çar ýandan.

Daşlaşdygyň saýy ondan, daş bolarsyň derdinden,

Ýakyn gelseň, ebşitlär ýakaňdan hem gerdenden.

Gorkman baryp bilersiň, bir takwa duşmanyňa,

Hat-da içýan dek bolup, al salsa-da şanyňa».

17. Ýene biri şeýle diýdi*:

«Danalaryň bezeginiň akyldygyny görmeýärmiň, ýöne ynsanyň kämilligi diňe akylyna däl, tejribesiniň köplügine-de bagly».

18. Ýene biri şeýle diýdi*:

«Ömrüňden kasam bolsun, sen arzyly pursatlaryň birnäçesini gapyllyk zerarly elden giderýäň. Emma olary akyl bilen jylawlap bolýar».

19. Abdylla ibn Muhammet şeýle diýdi*:

«Eý, nadan, sen «akylyň öwezini tutýan birnäçe edep ylymlaryny bilýän» diýip pikir edýärsiň. Häzir bol-da, dogry sözle. Akyly bolmadyk alymyň hormaty ýokdur».

20. Ýahýa ibn Eksem şeýle diýdi:

«Akyly doly bolan adamyň güýç-kuwwaty, alkyş-abraýy kämil bolar. Ol gurply ýa-da sahydygyna garamazdan, kemakyl bolsa, nogsany aýan bolar. Ähli derdi-derman bilen bejerip bolýar, ýöne akmaklyk keseline şypa berjek derman ýokdur».

21. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp şeýle diýdi:

«Akylly adam elini açsa «sahy», elini ýumsa «tygşytly» diýerler. Agyz beklese «yhlasly dindar», agzyny açsa «ötünçli» diýerler. Akylly adam ýalňyşsa-da, dogry hereket etse-de, barybir ýagşylyga ýorarlar».

22. Anuşirwan patyşa Buzurgmehre garap:

«Adama berilýän iň ýagşy zat näme?» diýip soran. «Durmuşyna peýda berýän akyl» diýip, Buzurgmehr jogap beripdir. Anuşirwan: «Eger akyly bolmasa näme?» diýende, ol: «Onda aýbyny örtýän baýlyk ýagşy» diýipdir.

23. Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala perişdelere şöhwet bermän akyl berdi. Adam ogullaryna akyl bilen şöhwet, haýwanlara bolsa akyl bermän, diňe şöhwet berdi. Adam oglunyň akyly öz şöhwetinden üstün gelse, ol perişdelerdenem ýagşy görüler. Eger akyly ejiz bolup, şöhweti üstün gelse, onda haýwanlar ondan ýagşyrak görüler» diýdi.

24. Enes ibn Mälik Pygamber alaýhyssalamdan eşidip, ondan Musa ibn Ubaýda, ondan hem Meýsere eşidip, Dawut ibn Muhapbara gürrüň berdi. Ol hem Harys ibn Usama, ol bolsa Ahmet ibn Ýusup ibn Hallada, ol hem şyh Abulhasan Muhammet ibn Ahmet Bagdady diýen adama, ol hem bize gürrüň berip, şeýle diýdi: «Bir adam Pygamberiň ýanyna gelip: «Eý, Resulalla, köp günäli, ýöne ýagşy gylykly adam bolup bilermi?» diýende, ol: «Ýalňyşlygy we ýazygy bolmadyk adam ýok. Ýöne akylly adama onuň günäleri zyýan bermez» diýipdir. «Ol nädip beýle bolýar?» diýende, «Akylly adam öz ýalňyşlygyny toba we ökünç bilen ýuwar, ähli günäsi aýrylar we diňe päkligi galar. Ol şonuň bilenem jennete girer» diýipdir.

25. Pygamber alaýhyssalam: «Akyl adamyň daýanjydyr. Akyly bolmadygyň dini hem bolmaz» diýdi.

26. Günleriň birinde Jerir ibn Abdylla Bejeli Pygamberiň ýanyna baryp, «Eý, Resulalla, Alla seni näme bilen pygamber edip iberdi?» diýende, ol: «Akyl bilen» diýipdir. «Alla saňa näme buýurdy?» diýende, «Akylly bolmagy» diýip, jogap beripdir. Abdylla oňa garap: «Janym saňa gurban bolmuş, bizde akyl nireden bolsun?» diýende, Pygamber: «Eý, Jerir, akylyň çägi bolmaz. Ýöne, Allanyň ygtyýar eden zatlaryny halal, gadagan eden zatlaryny haram saýýan adam hem akyllydyr. Mundan soňra, yhlas bilen ybadat etse dindar diýiler. Eý, Jerir, meni hak pygamber edip iberen Hudaýyň adyndan sözleýärin, akylly adamyň namazda bir gezek eglip-galmasy, nadanyň müň gezek eglip-galmasyndan zyýadadyr» diýdi.

27. Pygamber alaýhyssalam: «Gowy ýaşaýan biri hakda bir habar gulagyňyza ilse, ilki bilen onuň akylynyň gowudygyna göz aýlaň» diýdi.

28. Muny bize Kazy Abulkasym Jerir ibn Ahmet gürrüň berdi. Oňa Kazy Abulkasymyň kakasy, oňa Abu Ýusup Ýakup ibn Nagym, oňa Ahmet ibn Ýahýa Susy, oňa Dawut ibn Muhapbar, oňa hem Meýsere ibn Abdy Rapbih Äşeden eşidip, şeýle gürrüň berdi: «Bir gezek Äşe Pygambere ýüzlenip: «Eý, Resulalla, bu dünýäde adamlar biri-birinden nädip tapawutlanýar?» diýende, ol: «Akyllary bilen» diýipdir. Äşe: «Ahyretde näme bilen parhlanýar?» diýende, Pygamber ýene-de: «Akyl bilen» diýip jogap beripdir. Bu jogaba geňirgenmek bilen garan Äşe: «Eýsem olar eden işlerine görä sylanmaýarmy näme?» diýipdir. Pygamber alaýhyssalam: «Eý, Äşe, her kim akylyna görä iş edýär, akylyna görä hem sylanýar. Bu dünýäde we ahyretde akyldan zyýada näme bolup biler? Eýsem, adamlar Hudaýyň beren abraý-mertebesini öz akyllaryna görä gazanmadylarmy?» diýipdir.

29. Ýahýa ibn Abu Kesirden eşidişime görä, bir gezek Pygamber bir bölek goşuny ýola salyp, olara Huzaýl taýpasyndan bolan bir ýaş ýigidi ýolbaşçy saýlapdyr. Muňa nägile bolan käbir adamlar: «Eý, Resulalla, mundan ýaşulurak we akyllyrak birini belleseň bolmadymy?» diýenlerinde, ol: «Parasat[1] bilen synlanymda, bu ýigit akylly eken. Adamlaryň iň bilimlisi we hormatlysy olaryň iň akyllysydyr» diýdi.

30. Patyşa Anuşirwan bir gezek parslaryň danasy Buzurgmehre gaty gaharlanypdyr, ony öldürmek üçin ýanyna getirmeklerini buýrupdyr. Anuşirwan gaşyna getirilen Buzurgmehre garap: «Öleniňden soňra seni ýatlarymyz ýaly, bize öwüt ber» diýipdir. Buzurgmehr oňa bakyp: «Adam üçin iň haýyrly zat doga berlen akyldyr. Akyly ýok bolsa, durmuşyna peýda berýän edebi ýagşy. Eger edebi bolmasa, nadanlyk aýbyny örtýän baýlygy ýagşy. Eger baýlygy hem bolmasa, onda onuň üçin nadan nesil galdyrmaýan apat ýa-da heläkçilik ýagşy» diýipdir. Anuşirwan bu parasatly sözleri üçin onuň günäsini ötüpdir.

31. Kagbdan rowaýat etmeklerine görä: «Il arasynda abraýly, hormatly bolsa-da, görýän zadyna aň ýetirmeýän binamys adam, Melekut[2] asmanynda doňuz maslygyndan beter ýaramaz görüler. Il içinde gurpsyz we görmeksiz saýylýan, gabahat işler üçin Taňrynyň berjek azabyndan çekinýän, onuň buýruklaryny ýerine ýetirýän adama bu dünýäde «dana» diýiler, Melekut asmanynda bolsa iň hormatly we abraýly adam saýylar» diýdi.

32. Bera ibn Azypdan eşidişime görä, Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Jennetde perişdeleriň we pygamberleriň nazary düşmedik nurdan bolan şäher bar. Ondaky ähli zatlar: köşkler, otaglar, hüýr gyzlar, hyzmatkärler, dürli-dürli binalar — barça zatlar nurdan ýasalan. Beýik we gudratly Alla ony akylly adamlara niýetledi. Jennet ilini dowzahylardan tapawutlandyryşy ýaly, jennet iliniň danalaryny hem beýlekilerden artykmaç tutup, şol şäherde ýerleşdirer. Her bir kowum akylyna görä sylanar. Her derejäniň arasyndaky tapawut bolsa, gündogar bilen günbataryň aralygyndanam müň esse uzak bolar».

33. Wehp ibn Münepbih şeýle diýdi: «Meniň eşidişime görä, bir gezek jahan patyşasy Zülkarneýn öz terbiýeçisinden «Nadanlar bilen söhbetdeşlik» hakda sorapdyr. Terbiýeçisi oňa bakyp: «Akmak bilen söhbetdeş bolmak, merhumlara aýdym aýdyp beren kysmydyr, öwlüýäde ýatanlara zyýapat etmek, demiri gaýnadyp, ýagyny almak, gaýaň üstüne buşugyp, ony ezjek bolmak ýaly bir zatdyr. Dag başyndan daş daşamak nadanlar bilen söhbetdeş bolmakdan has ýeňildir» diýipdir.

34. Abu Ýezit şeýle diýdi: «Meniň eşidişime görä, Lukman Hekim «Edep-terbiýe akylly başyň dumanyny aýrar, akmagy bolsa dumana gaplar. Ol, edil gündiziň gözli adamlaryň görüşini artdyryp, ýarganatlaryň görejini peseldişi we garaňkylyk bilen örtüşi ýalydyr. Akylly adam her hili bela-beteriň öňünde sarsmaz gaýalar ýaly mäkäm durar, çekinmäni bilmez. Nadan adam bolsa, her öwsen şemalyň yrgyldadyp geçýän saman çöpünden gorkup, dowla düşer» diýdi.

35. Kagbdan eşitmeklerine görä, ol: «Allatagala pygamberleri[3]we mursallary[4]adam ogullarynyň öz Eýesini tanamaklary üçin iberdi. Dileg-dogasy çalt kabul bolýanlar, Taňry hakda ýagşy zatlary köp bilýän adamlardyr. Taňrynyň buýruklaryny gowy bitirýänler, olaryň iň danasy, sogaby kämili we iki dünýäde derejesi beýikleridir» diýdi.



[1]Parasat ylmy – adamyň daşky keşbine seredip, onuň häsiýetini kesgitleýän ylym

[2]Melekut – perişdeleriň we mukaddes ruhlaryň gezýän älemi

[3]Pygamber - Hudaýyň buýrugyny adamlara ýetirýänler.

[4]Mursal - hat we kitap iberilen pygamberler.