9-njy bölüm: Gaýratlylyk we ony ulanmak.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 9-njy bölüm: Gaýratlylyk we ony ulanmak.

174. Pygamber alaýhyssalamdan rowaýat etmeklerine görä, ol ýiti zehinli birinden «Siz mürewwet diýilende nämä düşünýärsiňiz?» diýip sorapdyr. Ol: «Ynsaply we ylalaşykly gezmäge» diýipdir. «Biz hem şeýle kabul edýäris» diýip, Pygamber dillenipdir.

175. «Dogumlylyk näme?» diýip, Ahnafdan soralanda, ol: «Gaharyň gelende sypaýy, başardygyňça hem geçirimli bolmaklyk» diýipdir.

176. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp: «Nebsini basyp bilýän adam batyrdyr» diýipdir.

177. Hasan Basry şeýle diýdi: «Söwda edende dostundan peýda görjek bolýan adama gerçek diýilmeýär».

178. Sufýan Sewri şeýle diýdi: «Durmuşyňy we diniňi düzeldip, garyndaşlaryň bilen gatnaşmak, dostuňy sylamak we nebsiňi basyp bilmek — gaýratlylygyň kämil sypatydyr».

179. Eksem ibn Saýfydan gaýratlylyk hakda soralanda: «Iliňe ýagşylyk edip, adamlaryň ýaramaz gylygyna sabyrly bolmak» diýipdir. Adamkärçilik hakda soralanda: «Ile ezýet bermän, goldaw bermek» diýipdir. Ynsaplylyk hakdaky soraga «Hudaýy tanamak we rehim-şepagatly bolmak» diýip, jogap beripdir.

180. Ahmet ibn Abu Tahyryň goşgusy*: «Owadan geýinmek we garnyň doklugy adamkärçilik däl, adamkärçilik ile kömek berip, ýagşylyk etmekdir. Eýsem sen solgun eşikli ýigidi göreňokmy? Onuň bar maksady takwalykda we ýagşylykda jemlenýän belent ahlaga ýetmekdir».

181. Käbir araplaryň goşgusy*:

«Biziň batyrlygymyz jem boldy, olaryň bolsa sözi azaşdy,

Mertligimiziň ýalkymyna köpleriň gözi gamaşdy.

Agzybirligiň bir özi nygmatdyr, hergiz az görmeýäris.

Hem-de biz atalarynyň günäsi üçin

olaryň nesillerini ýazgarmaýarys».

182. Totynyň sözleri*: «Elinde baýlygy bolmasa-da, kalbynda adamkärçiligi bolanlar soramankaň berer we dilegçilik derdinden saklar. Eger söz beren bolsa, wadasyna görä iş eder. Gözel häsiýetleriň birnäçesini özünde jemleýän oglan, iň ýagşy ýigitdir».

183. Mugawyýa ibn Abu Sufýan şeýle diýdi: «Adamkärçilik dört zatdan: Ahlak päkliginden, baýlygyňy ýagşy işe sarp etmekden, dostlaryňy goramakdan we goňşyňa goltgy bermekden ybaratdyr».

184. Käbir danalar şeýle diýdi: «Gaýratlylyk - bu gizlemän edeniňde utanjak işiňi gizlinlikde hem etmezlikdir».

185. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Ynsaby bolmadygyň imany bolmaz».

186. Omar ibn Hattap şeýle diýdi: «Adamkärçilik — dinde päkize bolmak we durmuşyňy ýagşy dolamakdyr».

187. Hasan ibn Aly şeýle diýdi: «Gaýratlylyk — diniňi abat saklamak, baýlygyňy ýagşy zada sarp etmek, eli açyklyk we adamlara söýgi bilen garamaklykdyr».

188. Ubaýdulla ibn Zyýat: «Siz adamkärçilik diýlende nämä düşünýärsiňiz?» diýip, bir parsdan sorapdyr. Ol: «Adamkärçilik diýlende dört häsiýeti göz öňünde tutýarys: Adamlara şübheli garamazlyk, çünki şübheli adam hor-homsy galar; Baýlygyňy ýagşy zada sarp etmek, çünki baýlygyny har tutýan adamyň akyly we dünýägaraýşy gowşak bolar; Öz maşgalasynyň mätäçligini aradan aýyrmak üçin alada etmek, çünki öýi özgä zar bolanyň gaýraty bolmaz; Adamlar bilen duşuşaňda süýji sözli bolmak».

189. Mugawyýa adamkärçilik hakda Zyýatdan soranda, ol: «Päklik we hünärlilik» diýip, jogap beripdir. «Ol nädip adamkärçilik bolýarmyşyn?» diýende, Zyýat: «Hudaýyň gadagan eden zatlaryndan özüni saklan adam päkize gezer, öz hünäri bilen Hudaýyň ygtyýar eden zatlaryndan gazanç eden adam il içinde eziz bolar» diýip, jogap beripdir.

190. Mamundan adamkärçilik hakda soralanda, ol: «Sabyrlylyk, takwalyk, batyrgaýlyk we sahylyk» diýipdir. «Asyllylyk näme?» diýlende bolsa: «Hemaýatçylara dogan bolup, duşmanlaryň göwnüni tapmak» diýipdir.

191. Adamkärçilik hakda Buzurgmehrden soralanda: «Adamlar bilen ýagşy gatnaşykda bolmak, birek-birege söýgi saklamak, zyýan ýetiribiljek zatdan daşda durmak» diýipdir.

192. Anuşirwan patyşa şeýle diýdi: «Hökümdarlaryň gaýratlylygy üç zada baglydyr: Ylymy we alymlary söýmek, ejiz adamlara goltgy bermek, abadanlyk üçin yhlas etmek».