10-njy bölüm: Ýaşlyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 10-njy bölüm: Ýaşlyk.

193. Pygamber alaýhyssalamdan rowaýat etmeklerine görä, «Jebraýyl alaýhyssalam oňa zülpükary getirip berende, «Zülpükardan başga kesgir gylyç, Alydan başga juwan ýigit bolmaz» diýipdir.

194. Hasan ibn Sabytyň goşgusy*:

«Zülpükardan başga gylyç bolmaz, hak söze habardar boluň,

Düşbilikde Alydan ýagşy ýigidiň ýokdugyny hem biliň».

195. Ýaşlyk hakda Agrabydan soralanda, ol: «Ýaşlyk seniň öňüňe goýlan tagam, ile sarp edilen sowgat, mylaýymlyk we päklik, aň we ynsap, ýagşylyk we ýardam, ile ezýet bermezlik» diýipdir.

196. Juwanlygyň binasy özüňi goramak we erkinlikdir. Onuň seňňeri bolsa gabanjaňlyk we gopbamlykdyr.

197. Ahmet ibn Abu Tahyryň goşgusy*:

 «Irden turup, iýip-içmek,

Agşam ýatanda, iýip-içmek ýagşy ýigide mahsus däldir.

 Gidende - gaýdyp gelende duşmanyna zyýan berýän,

 Dostuna hemaýat berýän ýigit ýagşy päldir».

198. Goşun serkerdesi Harp ibn Sagt şeýle diýdi: «Ýaşlygyň aslyýeti adamkärçilikdir. Adamkärçilik bolsa gözel ahlaklardan ybarat. Ýaşlygyň asly akyl bilendir, akylda bolsa Taňrydan we adamlardan utanç duýgusy bar. Ýaşlygyň başy gabahat işlerden goranyp bilmek, bezegi edep, kämilligi takwalyk, garyndaşlaryňy goramak, ene-ataňa ýagşylyk, haýyr işe yhlas etmek, goňşularyň bilen hoşniýetli ýaşamak, dymmany başarmak, kişi zadyna göz gyzdyrmazlyk, süýji we dogry sözli gezmek, dostlaryňa wepaly bolmak, amanady gaýtarmak, söhbetdeşiňi sylamak, syr saklap bilmek, bela-betere çydamly bolmak, görip bolmazlyk, namysyňy goramak, ynsabyňa wepaly bolmak, Hudaýa şükür etmek, onuň bagyş eden nygmatlarynyň gadyryny bilmek, Hudaýa ýakyn adamlara ýürekdeş bolmakdyr. Şu häsiýetleri özünde jemlän ýigit kämil ýigitdir».

199. Süleýman ibn Tyraz şeýle diýdi: «Ýaş ýigitde şu häsiýetler bolmaly däldir:

Naddah — taňňyrda elini ýuwup bolanyndan soňra, şol suwa dostlaryny ýuwundyrýan adam.

Messah (süpüregen) — elindäki hapany aýyrmak üçin, öl esgi bilen sürtäp-sürtäp owkalaýan adam.

Muhaddyr — dişini ak un bilen gowy edip ýuwýança, agzyny asla süpürmeýän adam.

Mukassyr — elini ýaglyga galtaşdyryp oňýan we süpürinmeýän adam.

Multakyt (çöplegen) — saçak aýrylandan soňra, düşege gaçan çörek we beýleki zatlaryň owuntygyny çöpläp iýýän adam.

Dellek (owkalagan) — elini suw ýa sabyn bilen arassalaman, esgä süpürmek bilen oňýan, tä esgiň özi hapalanýança, eliniň kirini süpürip aýyrmak isleýän adam.

 Lahhaz (seredegen) — «Nahar bişdimikä?» diýip, zol-zol gazana seredip duran hem-de ýoldaşlarynyň nahar iýişine tiňkesini dikýän adam.

Neşşal — çöregiň gyňagyny iýýän we ýagly-etli ýerine ýetende, ony taşlaýan adam.

Mükewkip — tüwiniň ýa-da çorbanyň uly lukmasyny öňüne süýşürip, agzyna atýan we ýene-de elini tabaga uzadýan adam.

Muhalkym — iýen lukmasy bogazyna baranda hem gürlejek bolýan adam. Gürlemäge maý bolýança sabyr edip oturmaýan adam.

Muhawwil (öwregen) — öz öňünde örän köp däne görse, ony bildirmän, dostlarynyňky bilen garyşdyrýan adam.

Massas (soragan) — gury süňki sorup oturan adam.

Mirsal (iberegen) — bogazyna yzly-yzyna lukma dykyp, hyrkyldap oturan, her gezek agzyna atanda, «Garnym, bu-da seniň üçin» diýýän adam.

Lekkam (ýumruklagan) — öňküsini çeýnäp bolmanka, agzyna ýene lukma dykyp oturan adam.

Kattag (kesegen, bölegen) — dişläp alan lukmasynyň galan bölegini naharyň içine atýan adam.

Lattag (ýalak) — Gazanyň ýa-da çanagyň düýbünde galan zatlary hem-de barmaklaryny ýalap oturan adam.

Bellag (ýuwdagan) — öňküsini gowy çeýnemänkä, ýene-de lukma çeýnemek isleýän adam.

Jerrar (çekegen) — ýoldaşynyň öňündäki tagamy öz öňüne çekýän adam.

Jerraf (penjeli) — barmaklaryny çarşak ýaly edip, penjeläp iýýän adam.

Naffah (üflegen) — gyzgyn tagamy üfläp sowatjak bolýan adam. Bu birnäçe tarapdan ýaramaz saýylýar. Diňe açgöz adamlar şeýle hereket edýär. Eger-de nahara üflese, onuň agzyndan porsy ys ýa-da tüýkülik çykyp, nahara gatylmagy mümkin. Ol bolsa beýlekileriň işdäsini kesjek. Bu diňe nadanlaryň edäýjek işidir.

Hasy (owurtlagan) — çorbaly tagamy sakgalynyň astynda goýup, owurtlap içýän adam.

Mubadyr (howlukmaç) — howlukmaçlyk bilen lukmalara ýapyşýan adam.

Mugarbyl (duzçyl) — duzly gaby alyp, naharyň üstünden eňterip duran adam.

Mutaffyl (süwümsiz)— çagyrylmasa-da, beýlekilere ilteşip nahara gelýän adam. Ol gelen wagty ili şatlandyryp, gürrüňi bilen ili özüne çekýänlerden hem däl.

Mirsal — birnäçe adam bolup, şahalary ýaýbaň ýa-da hurma agaçlarynyň arasyndan geçip barýan bolsalar, agaç şahasyny öz ýüzünden sowup, yzyndan gelýäniň ýüzüne şapyrdadyp goýberýän adam.

Miffan — tabakdaky eti saçagyň gyrasynda gizläp goýýan, soňra öňüne süýşurip, iýýän adam.

Raffaf — agzynda ýuwdulmadyk lukma barka, munuň üstesine suw içýän adam. Onuň agzyndan çörek owuntyklary çykyp, iliň suw içýän gabyna düşýär. Şeýdip ol nahardaşlarynyň ýüregini bulaýar.

Mükerrim — «Haý, Berekella», «Tüweleme», «Oňardyň-aý» ýaly sözler bilen ala-goh edip, iliň diňläsi gelen zadyny diňletmeýän adam.

Muwassyl — gürlän wagty sözüne söz, gepine gep goşýan, howlukman, süýkdürip, bizar edip gürleýän adam.

Mukary — saklar ýaly eýesi bolmadyk owadan ýüzli hyzmatkär. Ol erkin bolup, mydama ýaşlaryň töwereginde aýlanyp ýören, amatyny tapanda, olaryň öýüne zomap girýän adam.

Raffaş — sakgalynyň arasyny açyp, öňünden arkasy görüner ýaly seçelendirýän adam. Ol sakgalyny edil saçyň ikä bölünişi ýaly açyp goýýar.

Jibs — içi kitüwli, ahlagy ýaramaz pis adam.

Ryjs — ýakymsyz ysly, hapysa adam. Köplenç aşgarlamak, deri eýlemek bilen meşgullanýanlar, balykçylar we mal tebipleri ýakymsyz ysly bolýar.

Müjawlyk (çuwallyk) — näçe iýse-de doýmaýan, garny edil çuwal ýaly adam.

Mükerdiş — süňk gemrip oturan adam.

Maşşaş — bir zady sorsa, agzyndan onuň owuntyklaryny, bölejiklerini çykaryp, zyňyp goýberýän adam.

Nehhaş (gemregen) — süňkleri edil syrtlan ýaly bolup, gemrip oturan adam.

Mukaşşyr — tüwi, juzap[1]ýa-da şekerli süýt iýip oturan bolsa, ondaky şekeri öz öňüne sürüp alyp, ile ýetirmän iýýän adam.

Metdat — bişmedik ete ýa-da süňke agyz urýan, ony dişi bilen gysyp, eli bilen zarply çekýän hem-de töwerekdäki tabakdaşlarynyň üstüne syçradyp oturan adam.

Musewwig — bir lukmany dişlän we tä suw içýänçä agzyny ýalap oturan adam.

Deffag — «Naharyň içini deňleýän» maksady bilen, tabakdaky uly süňki öz tarapyna çekip, onuň ýerine bir bölejik eti süýşürip goýýan adam.

Musellis — Adamlara getirilen ýassygy üç epläp, ýassanyp ýatýan, käteler bolsa ony deşip, ýyrtyp goýýan adam.

Munaggyl — bir bölek çöregi çemçe ýaly togalap, üstüne süýt, ýag we şoňa meňzeş zatlary guýup iýýän adam.

Wagyl — çagyrylmasa-da, ile goşulyp içişlige gelýän adam.

Muhaddys — gepe güýmenip, ile suw bermelidigini unudýan saky adam.

Mugalyt — biri suw äbermegi haýyş etse, ony başga birine berýän ýa-da bir özi içip goýberýän adam.

Mekkas — iýmek üçin bir zady alan bolsaň, olam şony aljak bolup elini uzadýan, yzysüre hem «Şuny iýesimem gelenok-la, doýamsoň ony näme edeýin» diýýän adam.

200. Ýusup ibn Zinji şeýle diýdi: «Süleýman ibn Tyraz ýaşlaryň kazysydy, il içinde abraýy-sylagy ýetik, ýagşy ahlakly adamdy. Bihuda gürleýänleri pälinden el çekmäge mejbur ederdi. Ol: «Özgelere artykmaç göz aýlamakdan saklanyň. Artykmaç nazar zerurlygy bolmadyk sözdür-galmagala sebäp bolýar» diýdi. Süleýman ibn Tyraz «Jynsy gatnaşygyň lezzetini duýanymdan soň, zyna işe baş uraýmaýyn» diýen gorky bilen, öýlenmekden ýüz öwren adamdyr.

Ýusup bu hakynda «Elbetde ol adamlaryň iň mäkämi we ýaşulusy däldi. Ýöne öňküleriň ýagşy ýoluna eýermekde şondan berk ýapyşýan hiç kim ýokdy» diýdi.

«Süleýman aradan çykaly bäri ýaşlar nogsanlyga ulaşan ýaly. Ol «Amanat zatlaryň içinde uýat ýeriň şerinden saklanmak ýaly, götermesi agyr we mähneti berk hiç zat ýok. Esasanam, owadan ýüzli, görmegeý birine çola ýerde sataşsaň, adam jynsyndan hiç kimsäň nazary düşmän, Hudaýdan başga kişi görmeýän bolsa, hasam agyrdyr. Şol ýerde özüňe erk edip, zyna işden saklanybilseň, ýigitlere ýolbaşçy bolmaga doly mynasypsyň» diýdi.

«Her bir oglanyň hormaty artyk we güýji köpem bolsa, onuň «Men pylanyň oglundan (gulundan) öwgä has laýykdyryn» diýmäge haky ýokdur. Hojaýynynyň diýenini edip, göwnüni göterýän bolsa, bir-birinden razy bolsalar, şol hem uly derejeleriň biridir. Adamlar dereje-dereje bolup, biri beýlekisinden beýikdir. Kim sylanýan bolsa, şol hem beýik saýylýar» diýdi.

201. Harp bilen Bilaly gören şyhlardan eşidip, Abdylmüslim ibn Reşit şeýle gürrüň berdi:

«Görk-görmegi zyýada, gözelligi göreni haýran edýän basraly bir ýaş ýigit, ýanyna on müň dirhem pul alyp, Bilalyň hyzmaty üçin ýola düşüpdir. Juwanlykda we mertebelikde uly derejelere ýetmek üçin, Bilalyň howlusynda hyzmatkär bolmaga, ähli dirhemini şol ýerde sarp etmäge taýyn eken.

Uzak ýol söküp, Bilalyň gaşyna baran ýigit oňa: «Mertebesi beýik we ýoldaşçylygy kämil ýigitlerden maslahat soranymda, seniň hyzmatyňda bolmagy salgy berdiler. Şonuň üçinem size bagly bolup, ýoluňyza mäkäm ýapyşmak üçin ýanyňyza geldim. Men hakda ýagşy pikirde bolmagyňyzy umyt edýärin» diýipdir.

Bilal oňa garap: «Eý oglum, kalbyňda arzuw-umydyň barlygy gowy zat. Ýöne arzuwlar, saňa bagly bolmanam üzülip bilýär. Ýalan söze bürenip bolmaz. Mertebe we häkimlik hakda söz açdyň. Şu ýerde başga biri bolmadyk bolsa-dy, onda bu mertebä elbetde mynasyp bolardym. Ine, goşun serkerdesi Harp ibn Sagdyň ýanyna bar, arzy-halyňy, haýyşyňy şoňa beýan et. Ýanyma geleňde häkimlik hakda söz açmadyk bolsaň, seni kabul ederdim. Ýöne häkimlikdir ýolbaşçylyga Harp mendenem has laýyk gelýär» diýipdir.

Ýaş ýigit Harbyň ýanyna gelip, özüni tanadypdyr. Bilally wakany bolşy ýaly gürrüň beripdir, onuň aýdan sözüni Harba ýetiripdir. Harp oňa: «Hökmürowanlygy özünden aýranlygyna garamazdan, onuň hormatdyr-häkimlige ukyby bar ahyry. Ony niýetläp geldiňmi, özüňi şonuň hyzmatyna bagyş etseň gowy bolardy» diýipdir.

Ýaş ýigit Bilalyň ýanyna nägile ýüz bilen dolanypdyr, Harbyň aýdan sözüni oňa ýetiripdir. Bilal oňa «Eý oglum, onuň sözüme garşy çykmasy, sypaýyçylyk üçindir. Bu zatlar onuň häkimlik we ýolbaşçylyk mertebesini kemeltmeýär. Onuň ýanyna bar» diýipdir. Ýaş ýigit Harbyň ýanyna gaýdypdyr. Harp hem oňa: «Bu zatlar hakda ikirjiňlenýän bolsaň, saňa özüm hem-de Bilal hakda gürrüň bereýin. Görşüň ýaly men-ä bir pugta, tutanýerli adam. Her bir dogry ýerdäki pugtalykda bolsa bähbit bar. Men ýaş ýigit, ol köpi gören goja. Gojalaryň tejribesi saňa ýaşlaryň pugtalygyndan has köp haýyrly bolar. Men iki işiň arasynda haýsyna ýapyşjagymy bilmän ikirjiňlenip durun, ol bolsa öz maksadyna ýeten ýaly, gaýym ýapyşýar. Söweş tilsimlerini bilmekde hem ol menden ussat» -diýipdir.

Ýaş ýigit Bilalyň ýanyna dolanypdyr. Bilal oňa: «Bularyň ählisi hormatyň, gursaklarynyň üstünde mäkäm kuwwatyň bardygyny we tutanýerli adamlary öz ornundan gozgap bolmajakdygyny subut edýär» diýipdir.

Şeýdip Bilal bilen Harp bu ýaş ýigidi tä iline dolanýança birek-biregiň ýanyna iberip durupdyrlar. Bu wakalardan aňly-başly netije çykaran ýaş ýigit köp zada akyl ýetirip, ene-atasyna gowşupdyr. Dogrusyny Alla bilýär».



[1]Juzap — şeker, tüwi we et garylyp, taýýarlanylýan nahar.