11-nji bölüm: Hökümdarlyk we jomartlyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 11-nji bölüm: Hökümdarlyk we jomartlyk.

202. Hökümdarlyk hakda Ahnafa sorag berenlerinde, ol: «Haý-höwesiňe garşy gidip, ýakyn-u uzakdakylara sahylyk etmek, dostlaryň we ýoldaşlaryň bilen agzybir ýaşaşmak» diýipdir.

203. Abdylla ibn Mübärekden jomartlyk hakda soralanda: «Güler ýüzli bolup, ile azar bermezlik, kömegiňi gaýgyr­mazlyk» diýipdir.

204. Enes ibn Mälik şeýle diýdi: «Çarwa araplardan pukara biri Pygamberiň ýanyna dilegçilige barypdyr. Pygamber oňa kyrk sany goýun bermegi buýrupdyr. Obasyna dolanan arap ildeşlerine ýüzlenip: «Eý, obadaşlar, Yslama giriň, Muhammet garyplykdan gorkmaýanlara sowgat berýär» diýipdir.

205. Üç zady şert edip goýmazdan, Ibn Omar hiç kim bilen syýahata (ýola) çykmaýan eken. Ol zerur bolan çykdajylaryň we hyzmatlaryň ählisini hem-de azan aýtmagy öz üstüne alýan eken.

206. Abdylla ibn Japar biriniň durmuş toý dabarasyna 500 gyzyl dinary sowgat hökmünde iberip: «Ujypsyz sowgat edýänligi üçin» ötünç sorapdyr.

207. Günleriň birinde Esma ibn Haryja öýüne dolanyp gelende, howlusynyň gapysyny ýassanyp oturan saýyl-sergezdana gözi düşüpdir. «Bu ýerde ýassanyp oturmaga mejbur eden zat näme?» diýip, Esma ondan sorapdyr. «Ýok, oňatlyk-la» diýip saýyl jogap beripdir. Emma Esma oňa dogrusyny sözlemäge mejbur edipdir. Sergezdan oňa bakyp: «Mätäçlik zerarly gapy syryp ýörkäm, şu howlynyň derwezesini kakdym. Meniň habarymy almaga ýaş hyzmatkär gyz çykdy welin, onuň jemalyna gözüm kaklyşyp, aklym gitdi, ýüregime ot düşdi. Şondan bäri ýene birje gezek daş çyksa, didaryna gözüm düşse diýip otyryn» diýipdir. «Şol gyzy görseň tanarmyň?» diýip, Esma ondan sorapdyr. Sergezdanyň «Hawa» diýip baş atmasyndan soňra, Esma hyzmatkär gyzlaryň ählisiniň gelmegini we sergezdana görünmegini talap edipdir. Hälki gyza gözi düşen dessine «Ine, şu şol gyz» diýip, yşarat edipdir. Esma hyzmatkär gyza şol ýerde durmagy buýrup, özi öýe girip-çykypdyr. Ol sergezdana garap: «Bu hyzmatkär gyz meniň özüme degişli däl-de, käbir gyzlarymyň kenizidi, şonuň üçin üç müň dirhem töläp olardan satyn aldym. Elinden tutda, alyp git. Alla size döwlet bersin. Bagtly ýaşaň!» diýipdir.

208. Omar ibn Abu Rabyga haýsy guluna damaryndan gan aldyrsa, şony azat edipdir. Eger ol gul özüniňki bolmasa, eýesinden satyn alyp boşadypdyr. Erkin gezip ýören bolsa, köp mukdarda pul beripdir.

209. Habyp ibn Jerir şeýle diýdi: «Bir mejlisde otyrkam Talha ibn Ubaýdullanyň ýüz müň dirhem puly ile paýlandygyny gördüm. Geýim-gejiminiň ýeňini-zadyny hem Talhanyň özi tikýärdi».

210. Hammat ibn Abu Süleýman Remezan aýynyň her gijesinde elli sany garyp-pukarany öýüne çagyryp, hezzetlär ekeni. Agzaçar güni olara täze don-lybas geýdirip, her birine 100 dirhem pul berýän ekeni.

211. Hatam Taýynyň goşgusy*:

«Eliň ýuka bolsa hem çekinme,

Beýleki eller ýaly, ony tabaga uzat.

Ýakyn-u daşdan çöl söküp gelen,

Keseki, umytsyz bende bar bolsa,

Ilki iýdir, içir soňra işini düzelt.

Nahar gazanyňy oda atar, et gowur,

Ýagşy söhbet bilen oňa ber ömür.

Görüp, gelmegi üçin myhmany Hakyň,

Deräniň oduny uludan ýakyň».

212. Amyr ibn Tufeýl Kilaby şeýle diýdi*: «Eger malyň eti-süýdi bir bolsa-da, ony jöwher pyçak bilen soýup, söwüş edýäris. Özge adamlardan ýüz tapmadyk myhman gelende, ony hezzetleýäris. Bu biziň ata-baba däbimizdir. Olar myhman üçin örküçli düýeleriň damagyny çalardylar».

213. Abdylla ibn Apbas şeýle diýdi: «Tagam-duzuna sahylyk etmeýän adam bize ýolbaşçy bolmandy».

214. Ibn Äşe şeýle diýdi: «Abdylla ibn Amyr ibn Küreýziň myhmanlaryna her gije on gazan nahar gerek bolýardy. Etli naharlardan soňra bolsa, halwa-süýji ýaly zatlar çekilýärdi».

215. «Abdylla günortanlyk edinmek islese, saçagy giňden ýazmagy buýrup, «Alyň, iýiň» diýip, ýoldaşlaryny nahara çagyrýan eken. Ýoldaşlarynyň ählisi doly gelýänçä, Abdyllanyň özi nahar çekmän, oňa-muňa güýmenen bolup, wagt geçirýän eken. Ählisi saçak başyna jem bolanda, özi hem olaryň arasynda ornaşyp, «Iýip başlalyň» diýýän ekeni. Ol ýerden gerk-gäbe doýman gaýdýan hiç kim bolmandyr.

216. Günleriň birinde esgerleri bilen gezelenje çykan Mäti, bir sebäp bilen olardan yza galyp, azaşypdyr. Ekinzarlygyň içinde işläp ýören garra gözi düşüp, onuň ýanyna barypdyr. Saglyk-amanlyk soraşandan soňra, Mäti garra ýüzlenip: «Men bir geçip barýan taňry myhmany. Garnymy ýazar ýaly zadyň-a ýokdur-da?» diýipdir. Garry oňa arpa çöreginiň we poreýiň[1] barlygyny aýdypdyr. «Şu wagt ýagjagaz tapdyraýsa, üstüne goşup, gowrup iýseň hasam gowy bolardy» diýip, Mäti dillenipdir. Garry: «Mende bir jam ýag hem bar» diýip, ony getirip beripdir. Mäti atdan inip, çök düşüpdir we garrynyň beren naharyndan iýipdir.

Nahar iýip bolan dessine, Mätiniň atly esgerleri gelip, bularyň daşyny gurşap alypdyr. Bu ahwalatdan gorka düşen garry dyza çöküp: «Eý, möminleriň emiri, başymy aman goýaweri» diýip, özür diläp, ýer öpüpdir. Mäti garra ýüzlenip: «Başyňy göter, özüňem hiç zatdan gorkma» diýipdir. Soňra wezirlerine bu öýe serpaý ýapmagy buýrupdyr. Şol wagt wezirleriň biri «Arpa çöregi, poreý we ýag bilen hezzetleýäne serpaý ýapmalymy?» diýse, başga biri «Ýaramaz zat bilen hezzetläniň dulugyna iki ýa-da üç gezek çalmak gerek» diýipdir. Mäti olara bakyp: «Sen beýle ýaramaz söz diýmän, «Ýagşy hezzetläni üçin, on müň dirhemlik puldan iki ýa-da üç sanysyny bermek gerek» diýseň gowy bolardy*» diýipdir.

Myhman kabul eden garra otuz müň dirhem bermeklerini buýrup, Mäti yzyna dolanypdyr.

217. Abu Zühl ibn Azragyň kakasyndan eşidip gürrüň bermegine görä, Eset taýpasyndan bolan bir ýaş ýigit, Leýs ibn Sagt Kelbiniň gapysyny kakypdyr. Leýs onuň ýanyna hyzmatkärini iberip: «Gezelenç üçin geldimi ýa-da haýyş üçin?» diýipdir. «Men şonuň ikisi üçinem geldim» diýip, ýigit jogap beripdir. Ony sylag-hormat bilen töre geçiripdirler, bir gulamy ýanyna iberip, iýesi gelýän zadyny sorapdyrlar. Ol: «Bugdaý çöregi» diýipdir. «Haýsy nahary has oňat görýäň?» diýenlerinde, ol: «Etli nahary» diýipdir. «Haýsy haýwanyň etini has gowy görýäň?» diýenlerinde, ol: «Düýäniň etini» diýip, jogap beripdir. «Onuň haýsy ýerini halaýaň?» diýenlerinde, «Gapyrga etini», «Haýsy gapyrganyň etini?» diýip soranlarynda, ol: «Sag gapyrgasynyň etini» diýip, jogap beripdir.

Şeýdip, esetli ýigit Leýs ibn Sagdyň öýünde ýüz günläp myhman bolupdyr, iň gowy tagamlar bilen hezzetlenipdir.

Ýüzülenji gün tamamlanyp barýarka, birdenkä alysdan atlary bilen hatar gurap duran Leýsiň duşmanlary görnüpdir. Leýs onuň bilen garşylaşmak üçin atyna münende, esetli ýigit hem üzeňňä galypdyr. Leýs oňa: «Beýtmek gelşikli däl. Sen biziň myhmanymyz. Myhmany ulanmak ynsaplylyk däldir» diýende, esetli ýigit oňa: «Sen bir ýagşy adam. Bu gün bolsa eden ýagşylygyň üçin haklaşylýan pursat geldi. Ýagşylygyň öwezini şu gün alarsyň» diýipdir. Soňra gapdalyndakylara ýüzlenip: «Yzym bilen, öňe!» diýip, duşman sary at goýupdyr.

Ol duşmanyň içine kürsäp urupdyr, serkerdeleriniň gaşyna baryp, onuň sowudyndan ýapyşypdyr, zarp bilen özüne çekip, eýerden agdarypdyr. Esetli ýigit ony Leýsiň ýanyna gelýänçä, atyň öňüne basyp gaýdypdyr. Ol Leýse ýüzlenip: «Seniň duşmanyň şumy?» diýipdir. Leýs: «Hawa» diýip, baş atypdyr. Esetli ýigit oňa: «Onda muny ýanyňa al. Eden hezzetleriň üçin taňryýalkasyn. Goý, Alla size salamatlyk bersin» diýip, olar bilen hoşlaşypdyr-da, yzyna dönüpdir.

218. Çarwa araplaryň käbiriniň goşgusy*:

«Gazanymda özüm üçin nahar bar bolsa,

Duşmanymyň nesibesini hem goýardym.

Men diňe öz garny doklugymy däl,

Özgeleriň hoşlugynam söýerdim.

Başarmasaň zadyň dostuňa bölüp,

Onuň abraýyna-da bolmagyn şärik».

219. Ibn Semmak şeýle diýdi: «Abraýly adamlar azalsa, ýagşy adamkärçiligem gaýyp bolar».

220. Halyt ibn Abdylla Kasry şeýle diýdi: «Iline ýolbaşçy bolan hoja bolar, taýpasyna serpaý ýapan beg bolar, köpüň tagzym edeni dana bolar».

221. Muhammet ibn Beşir Haryjynyň aýdany*: «Gapysyna barsaň, eli açyk we edepli biri garşy alýan öý, iň döwletli howludyr. Eger şol adamyň dosty bilen doganyna gözüň düşse, olaryň haýsysynyň süýtdeş doganydygyny tanap bilmersiň».

222. Ujaýr Selulynyň aýdany*: «Ýagşy adamlar şeýle bolar: Zerurlygyň bolsa, hajatyňy bitirip, seni hoş eder. Boş gürleseň, ol hem sypaýy degişer. Mazlum bolsaň şatlandyrar, zalym bolsaňam razy eder. Üstüne ýüklän zatlaryň ählisini ýerine ýetirer. Eger myhman gelse, tä gazany boşaýança hezzet eder».

223. Kindi şeýle diýdi: «Eger binamyslar özüni açlyk bilen bezäp bilseler, men hem özümi bol naharlardan saklamany başarardym».

224. Abu Temmam Habyp ibn Aws Taýynyň ýatlamagyna görä, bir gün Hujaýýa ibn Muzarrap öýüniň öňünde otyrka, onuň hyzmatkär gyzy bir bedre süýt alyp, geçip barýan eken. Hujaýýa oňa: «Nirä barýaň?» diýip ýüzlenende, hyzmatkär gyz: «Agaň ýetim çagalaryna» diýipdir. Hujaýýa sesini çykarman, doňup galypdyr. Haçanda onuň düýeleri örüden gelende, Hujaýýa çopana bakyp: «Olaryň ählisini agam ogullaryna eltip beriň» diýipdir. Hujaýýa özüniň bu eden işinden göwni hoş bolup, şatlyk bilen öýe giripdir. Emma Hujaýýanyň aýaly bu hereketleri üçin ony ýazgaryp, ýüzüni sowup, öýkeläpdir. Şonda Hujaýýa şeýle diýipdir*: «Sen öýke-kine bilen kejirlik edýärsiň. Meni gaýgy-gamlardan halas eden baýlyk üçin igenýärsiň. Göwnüňe gelşine görä gazaba münýärsiň. Siz üçin entegem her çuwalda bol zat bar, ol ýetimlerde bolsa näçe sowgat edeniňde hem aýrylmajak mätäçlik bar. Şonuň üçin iki guluma ýüzlenip, düýeleri olaryň öýüne sürmegi buýurdym. Öýümi owal başdaky ýaly boşadaryn, tä gazanç edip ekleýänçäm, läbik suwy içmäge we garyplyga ýüzbe-ýüz durmaga kaýyldyryn. Şeýtmek bilen men doganymyň gabryny dikeltdim. Eger onuň ýumrulan mazaryna barsam, bu edýän işlerim üçin maňa göwünlik bererdi. Hat-da oňa şumluk dogasyny etsemem, sözümi boş goýmazdy» diýipdir.

225. Ýezit Harysynyň aýdany*: «Ajala duçar bolan bu ýigidiň abraýy bolmadyk bolsa, ol dünýä inmedik ýaly bolardy. Çünki onuň yzynda başga zat galmady. Ine, ak reňkli, giň lybasly birine duşdum, munuň ýalyny görmeseňem, ýeterlik boljak ekeni».

226. Abul Ferej Abdulwahyt ibn Nasr Al-Bepbaganyň aýdany*: «Mundan öň kelläme gelmedik zady ilki bilen senden öwrendim: Göriplerime eden ýamanlygym üçin indi olardan ötünç soraýaryn. Olaryň ýüzünde täze hilelere gözüm düşmese, elbetde olary bagyşlaryn. Geçirimlilikden ýagşy sylag-serpaý, at-abraýdan uly bähbit ýokdur.

Hudaý gowusyny edende, özgeleriň bozuklygy saňa ýagşylyk bolup ýeter. Gadymdan bäri keseden synlap, gyýa göz bilen garaýan ykbaly senden sowar».

227. Mütenepbiniň sözleri*: «Ýagşy adam saňa sowgat berip başlar, howlukdyrsaň, özi günäli bende ýaly ötünç sorar. Şan-şöhraty pespällik, pespälligi bolsa abraý biler.

«Haram gazanç bolaýmasyn» diýip ikirjiňlenýän adamy, berk pikirli adam ýeňýändir. Elindäki baýlygyny gysganmaýan adam! Zadyň barka eçil, ýamanlyk etme. Hat-da ýaramazlyklar hem ýetimlere nygmat bolup dolanýandyr. Goý adamlar saňa akylly diýsin, beýtulmal[2]seni musulman saýsyn.

Bu sözlere dilmaçsyz düşünýän bolsaň, meni unudyp, bulary ýadyňa sal».

228. Zuhri şeýle diýdi: «Abdylla ibn Mutygyň gyzy Talha ibn Abdylla ibn Awf Zührä garap: «Beýle haramzadalyk edip, senden sowaşmaga dostlaryňy näme mejbur etdi-kä?» diýipdir. Talha oňa «Diýýäniň näme, neçün beýle diýýärsiň?» diýipdir. Ol: «Baýan wagtyň ýanyňdan gidenoklar, eliň ýukalsa, taşlamany hiç zatça görenoklar» diýipdir. Talha oňa: «Walla, bu-da bir jomartlyk ahyry. Doýurmaga gurbatymyz barka gelýärler. Oňa ýagdaýymyz ýok-ka, taşlap gidýärler» diýipdir.

Talha ibn Abdylla adamlaryň iň sahysy we hormatlysydy.

229. Abu Akyldan «Osman ibn Hekemi niçik gördüň?» diýip soralanda: «Onuň maňa bolan minnetdarlygy bagyş eden haýyr-yhsanyndan, meniň haýyşymy bitirjek bolşy, öz yhlasymdan has ýokarda durýar» diýipdir.

230. Hişam ibn Abdylmälik Halyt ibn Safwana örän köp mukdarda baýlyk bagyş edipdir. Şonda Halyt Hişama garap: «Eý, möminleriň emiri munça baýlyk berdiň, sen adam däl ýaly-la»[3]-diýipdir.

231. Hatam Taýynyň goşgusy*:

«Goňşumyz bilen odumyz-ojagymyz birdir,

Goňşy keramatdyr,öwülýä.

Oduň üstüne goňşy däl,

Diňe gazan goýulýar».

232. Amr ibn Bahrul Jahyz şeýle diýdi: «Ybraýym ibn Sindi Kufäniň abraýly adamlarynyň birine sowal bilen ýüzlenipdir. Bu adam şol ulusyň sylaglysy, adamlaryň haýyşyny bitirip, ejiz adamlara goldaw bermekde säginmäni bilmeýän, hat-ýazuwyny togtatmaýan, erjel, şirin sözlülikde bäsleşmäge taý tapylmaýan, perişde pisint adam eken. Ybraýym oňa: «Adamlaryň haýyşyny bitirmekde ýadawlygyňy duýdurmaýan, bitmesi agyr işleri ýeňil görkezýän zat näme?» -diýipdir. Ol: «Ýagşylyk eden adamymyň alkyşy, meniň üçin, säher çagy baglaryň şahasynda saýraýan guşlaryň sesinden, bag şahalarynyň saz guralynyň kirşi kimin zarňyldysyndan, mylaýym sesli aýdymçy gyzlaryň hiňlenmesinden lezzetlidir. Bahar gülleriniň ählisini synlap çykdym, ýöne olaryň hiç biri ýagşylyk edene aýdylýan alkyş ýaly süýji we owadan däl ekeni» diýipdir.

Ybraýym oňa: «Nähili ajap ýigit ekeniň. Saňa sahylygyň demi siňipdir, Alla seniň jomartlygyňy artdyrsyn. Ýöne, bu işleri süýrenjeňlige salman, tiz bitirmäge nädip endik etdiň?» diýipdir. Ol: «Men hiç haçan zorluk etmeýärin, gerekmejek zatlary soramaýaryn. Haýyşyny bitirip bilmesem, ony başarmaýandygym üçin ötünç soramak, edil berlen wadany bitirmek bilen des-deňdir. Mätäje gargamak – saýyl-sergezdana zat bermän, ony kemsiden ýalydyr» diýipdir.

«Öz ornunda şundan jaýdar aýdylan söze ömrümde duşmandym» diýip, Ybraýym dillenipdir.



[1]Poreý - sarymsaga meňzeş ösümlik

[2]Beýtulmal — döwlet hazynasy.

[3]Munça baýlyk berip, beýleki adamlardan däl ýaly bolduň