12-nji bölüm: Duýgudaşlygyň täsiri.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 12-nji bölüm: Duýgudaşlygyň täsiri.

233. Abu Ymran Musa ibn Ymran Temimi bize şeýle gürrüň berdi. Oňa hem Abu Taýýyp Aly ibn Muhammet ibn Abu Hanajyr, oňa hem Muemmil ibn Ysmaýyl, oňa Sufýan Sewri, oňa bolsa Abdylla ibn Musawyr gürrüň beripdir. Onuň aýtmagyna görä, ol bir gezek Ibn Apbasyň Abdylla ibn Zübeýriň gysgançlygyny ýazgaryp durandygyny görüpdir. Ibn Apbas oňa: «Eýsem sen Pygamber alaýhyssalamyň «Özi dok, goňşusy aç ýatyp turýan adam musulman däldir» diýenini eşitmediňmi?» diýipdir.

234. Hasan şeýle diýdi: «Zadyňy gysganmak - Hudaýa betgüman bolmakdyr. Gylygy gözel adam, musulman doganlaryna göwünlik berýändir».

235. Etmesi sogaply işleriň iň oňady hakda Muhammet ibn Munkedire sorag berenlerinde: «Musulmanyň kalbyna şatlyk salmak» diýipdir. «Ondan soňra lezzetli näme bar?» diýenlerinde: «Dost-doganyňa ýagşylyk etmek» -diýip, jogap beripdir.

236. Hasanyň goşgusy*:

«Olaryň biri öz dogany üçin ýorganyny

ikä bölüp, kesip beripdi.

Bolmasa, özünde hem şondan başga

ýapynja ýokdy».

237. Möminleriň emiri Alynyň hyzmatkäri Gammar şeýle diýdi: «Bir ýyl erbet guraklyk (açlyk) bolupdy. Şonda möminleriň emiri jöhit goňşusynyň ýanyna baryp, ondan iýer ýaly zat bermegi sorapdyr. Onuň deregine bolsa, gyrkylan ýüňi egrip bermegä boýun bolupdyr. Jöhit goňşusy oňa gyrkylan ýüňi we onuň haky hökmünde dört goşawuç arpa beripdir. Aly arpany Patma getirip beripdir we ony döwekde döwmegi tabşyrypdyr. Bir goşawuç arpany döwenlerinden soňra, hyzmatkär gyza arpa unundan çörek ýapdyrypdyr. Agşamlyk namazyny okap, nahar üçin saçak başyna geçenlerinde, bir sergezdan gapyň agzyna gelip durupdyr. Ol: «Men bir gedaý adam» diýip, iýmäge bir zat bermeklerini haýyş edipdir. Aly elindäki lukmany gedaýa uzadypdyr-da, Patma bakyp*:

«Eý bilimdar hem-de sarpaly Patma,

Hudaý bize getiripdir bir misgin.

Bu gün oňa ýetdiginden tagam ber,

Hem-de ýardam sora ýalňyz Hudaýdan,

Elbetde ol Razzak[1], Müheýmin[2], Mugyn[3]» –

diýipdir.

Patma oňa jogap hökmünde*:

«Eý doganoglanym, seniň buýrugyň,

Meniň üçin hökmany bir togapdyr

Bolmaz mende binamyslyk ýa peslik,

Bolmaz mende bahyllyk ýa gysgançlyk.

Bizde hak goldawy — berk kanagatdyr» –

diýipdir.

Soňra olar ähli tagamy gedaýa berip, özleri aç garnyna uka gidipdirler. Şol wagt hem oraza wagty ekeni.

Ertesi gün hyzmatkär gyz ýene bir goşawuç arpany döwekden geçirip, çörek ýapypdyr. Iňrik garalyp, agyz açmaly wagty, olaryň gapysyny sergezdan ýetim kakyp, iýer ýaly zat bermeklerini sorapdyr. Aly elindäki lukmany ýetim bendä beripdir-de, Patma garap*:

«Eý, Patma, eý gyzy Mustapa-kerim[4],

Hudaý bize getiripdir bir ýetim.

Naharla sen ony, eçilip baryň.

Şuma duşar, her kim bolsa birehim.

Haýry bolmaz asla bir bigaýratyň» diýipdir.

Patma hem oňa jogap berip*:

«Bererin baryny, etmerin pikir,

Myhmany sylaryn, bolsamam pakyr.

Hem özgeler bilen egirerin ýüň,

Açlykdan gorkamok, çünki bu açlyk,

Bir maňa däl, ähli ile geldi deň» diýipdir.

Soňra olar ähli tagamlaryny ýetime berip, özleri ýene-de aç garna uka gidipdirler. Ertesi gün hyzmatkär gyz galan arpany hem döwekden geçirip, hamyr edip, çörek ýapypdyr. Agşamlyk edinmek üçin saçak başyna ornaşan wagtlary, bir ýesir gelip, iýer ýaly zat sorapdyr. Aly elindäki lukmany ýesiriň öňüde goýup, Patma bakypdyr-da*:

«Eý Patma, eý gyzy Muhammet-resul,

Alla bize getiripdir bir ýesir.

Ajygypdyr bende, bakýar çar ýana,

Şu gün iýdirmäge zat tapan adam,

Ertir hökman zat tapar ol iýmäne» diýipdir.

Patma hem Ala garap*:

«Zat galmady öýde, gutardy arpa,

Bärde bolan jemagatyň bary aç.

Ýöne bizde sabyr hem kanagat bar,

Beriň bu ýigide, gorkupdyr bende,

Gurbatyna gelsin, galmasyn gallaç» diýipdir.

Şeýdip, ähli tagamy ýaňky ýesire beripdirler. Özleri bolsa suwdan başga zat datman, aç garna uka gidipdirler. Şonda Allatagala «Tagamy küýsäp — isläp dursalar-da, özleri iýmezden, misgine, ýetime we ýesirlere hödür ederler. Olar «Biz sizi ýalňyz Allanyň ýüzi üçin naharlarys. Bu işimiz üçin sizden hiç hili sylaga we minnetdarlyga garaşmaýarys» diýerler[5]» aýatyny inderipdir.

239. Abu Hüreýranyň aýtmagyna görä, bir bende Pygamberiň ýanynda açlygyndan zeýrenip, iýmäge zat sorapdyr. Pygamber ýanyndakylara ýüzlenip: «Bu gije muny kim myhman alar?» diýende, ensarylardan biri ýerinden turupdyr. Ýaňky garybyň elinden tutup, kümesine getiripdir. Aýalyny çagyryp, Pygamberiň myhmanyny hezzetlemegi tabşyrypdyr. Onuň aýaly «Öýde diňe çagalara ýeter ýaly sähelçe iýmit bar» diýip, ör-gökden gelipdir. Adamsy oňa: «Çagalary ýatyr-da, iýmiti myhmana hödürle, özümizem iýýän ýaly bolup, elimizi agzymyza ýetirip, hereketlendiren bolaly, bolmasa, biziň iýmeýänimizi görüp, myhman oňaýsyz ýagdaýa düşer. Sen pelteli çyrany düzeltjek bolup, ony söndüren kişi bol. Ähli nahary myhmanyň öňünde goý. Biziň zat iýmeýänimizi ol duýmasyn. Goý, arkaýyn naharlansyn» diýipdir. Aýaly munuň aýdyşy ýaly ýerine ýetiripdir. Ertesi ensary säher bilen Pygamberiň ýanyna ugrapdyr. Pygamber oňa garap: «Seniň agşamky hereketleriňden Hudaý hoşhal bolup ýylgyrdy hem-de saňa sylag hökmünde «Eger özlerinde her näçe zerurlyk bolsa-da, özlerini goýup, özgelere yhsan-ygtyýar ederler[6]» diýen aýaty iberdi» diýipdir.

240. Asmagynyň aýtmagyna görä, ol bir gezek Kehmesiň ýanyna oturmaga baranda, Kehmes oňa on bir sany kişmiş dänesini hödür edip: «Bu siziň doganyňyzyň sap zähmetindendir» diýipdir.

241. Bir sergezdan Mälik ibn Dinaryň ýanyna gelip, onuň üçin Hudaýdan ýagşy zatlary diläpdir, soňra hantama göz bilen seredip durupdyr. Mälik öýüne girip görse, ýekeje hurmadan başga hiç zat tapmandyr. Ol şony alyp, dilegçä beripdir. Sergezdan muňa monça bolup: «Alla razy bolsun, seni dowzah odundan gorasyn» diýip, alkyş-dileg edipdir. Bu dilege göwni göterilen Mälik: «Şu ýerde azajyk dur» diýip, ýene içeri giripdir. Mäligiň bir mahmaly bolup, ol ony tomsuna aşagyna düşek edinse, gyşyna ýorgan edip üstüne ýapynýan eken. Mälik şony alyp sergezdana beripdir. Sergezdan hem muňa begenip: «Alla seni iki dünýäniň ýaramazlyklaryndan gorasyn» diýipdir. Bu alkyşa monça bolan Mälik, başyndaky sellesini hem çykaryp, sergezdana beripdir. Sergezdan hem oňa: «Alla seni gazabyndan gorasyn» diýipdir. Şonda Mälik sergezdana garap: «Mende başga hiç zat galmady. Ýöne seniň ýagşy alkyşlaryňy boş goýasym gelenok. Elimden tut-da, meni islän bahaňdan sat, men saňa hyzmat etmäge-de taýyn» diýipdir. Sergezdan onuň ýanyndan şadyýan halda yzyna dolanypdyr.

242. Ýahýa ibn Mansur Hanafy şeýle diýdi*:

«Obalaryň arasynda gezsekde biz pyýada,

Myhman gelse kabul edýäris,

Ýumşak düşegiň üstünde oturdýarys.

Mylaýym bolsa-da, myhmansyz adam,

Biziň ilde saýylýar nadan.

Kemakyl bolsa-da, bolmasa zalym, saýylýar ol mylaýym».

243. Merwan ibn Abu Hafsa şeýle diýdi*:

«Özüm aç garna uka batsamam,

Öýümdäki azygy dostuma berenim gowy.

Düşegimi oňa berýärin, özüm ýassanýaryn gumy,

Üstüme ýorgan edip gijäniň sowugyny.

Erte adamlaryň etjek gürrüňinden häzir bol,

Ýa-da gursagyna tarap, özüne çekse gubur».

244. Dureýt ibn Symma şeýle diýdi*:

«Garny aç ýalydyr, ýöne öýünde,

Taýyndyr iýmiti, azyk-nahary.

Irden ugrar, sal-sal geýimi bilen,

Geýinmez, tapsa-da, gymmatbahaly.

Ýöne, elindäki baryn zaýalar,

Tygşytly bolmagyň ugruny bilmän,

 Kynçylyk ýa açlyk dörän mahaly».

245. Hatam Taý şeýle diýdi: «Artykmaç zadyňy serpaý ýapmak sahylyk hasaplanmaýar. Ujypsyz zadyňy ilden gysganman paýlamak, ine şu hakyky jomartlykdyr».

246. Ýezit ibn Tasryýýe şeýle diýdi*: «Bir işi bitirmek üçin ynam edip iberseler, oňatlaryň biri dek bolup, jan ederdim. Düýäm garyp-gasaryň düýesi bolsa-da, getirjek peýdamyz baýlaryňkydan kem bolmaz».

247. Sewada Ýerbugy şeýle diýdi*: «Gysgançlyk adamyny baky ýaşatmaz. Ýagşy adamyny bolsa, onuň edýän işleri hergiz heläk etmez».

248. Başga biri şeýle diýdi: «Eger maňa myhman gelse we oňa yhlasymdan başga hödür edere zadym bolmasa, meniň ýazygym azalýandyr. Baryny bermäge çalyşýan garyp bilen, baýlykda ýüzüp ýören adam sahylykda deňdir».

249. Hatam Taý şeýle diýdi*: «Eger düýäň bar bolsa, ýoldaşyňy ýeke özi pyýada gitmäge goýma. Düýäňi çökerde üstüne mündür. Iki bolup münmek, düýe üçin jeza bolsa bolubersin».

250. Abul Kasym Nasr ibn Ahmet ibn Marjy-Mowsylynyň maňa 379-njy ýylda ýazan hatynda şeýle waka gürrüň berilýär. «Muny maňa Abu Ýagla Ahmet ibn Aly ibn Müsenne, oňa hem Ybraýym ibn Sagyt Jöwheri, oňa Abu Hazym Aşjagy, oňa bolsa Abu Hüreýre gürrüň beripdir:

«Bir adam Pygamberiň ýanyna gelip: «Eý, Resulalla, açlygymdan ýaňa mydarym galmady» diýipdir. Pygamber bir kişini aýallarynyň ýanyna iberip, iýer ýaly zat bermeklerini soradypdyr. Emma Pygamberiň öýünden hem iýere zat tapylmandyr. Şonda Resulalla: «Araňyzda myhmanymy kabul etjegiňiz ýokmy?» diýip soranda, ensarylardan biri: «Men bar» diýip, ýerinden turupdyr we ony elinden tutup, alyp gidipdir. Ýaňky ensary öýüne ýetende, aýalyna: «Bu Pygamberiň myhmany, hiç zat ýygnama-da, ählisini oňa hödür et» diýipdir. Aýaly oňa: «Dogrymy aýdýaryn, öýde diňe çagalara ýeter ýaly az-owlak iýmit galdy, başga zat ýok» diýipdir. Ensary oňa: «Çagalar agşamlyk edinmek isleseler, olary höre-köşe edip ýatyr. Soň özüň çyrany düzleýän kişi bol-da, ony söndür. Bu gijäni biz aç geçireris. Ýöne oňa bildirmezden, onuň arkaýyn iýip-içmegi üçin bizem, hamana, nahar iýýän kişiler ýaly elimizi agzymyza ýetiren bolarys, tä myhman doýýança, ähli zady bolmalysy ýaly ederis» diýipdir.

Ertesi ir bilen myhman Pygamberiň ýanyna baryp, oňa taňryýalkasyn aýdypdyr. Ensary hem ir bilen Pygamberiň gaşyna gelipdir. Pygamber oňa bakyp: «Öten agşam myhmanyma nämeler etdiň?» diýip sorapdyr. «Myhman özünden zeýrenip, Pygambere arz edendir» öýdüp, ensary iňkise gidipdir, gamlanypdyr. Pygamber oňa: «Gaýgylanma, gaýta begen. Allatagala ikiňiziň bolşuňyza şatlandy we size sylag hökmünde «Eger özlerinde her näçe zerurlyk bolsa-da, özlerini goýup, özgelere yhsan-ygtyýar ederler[7]» diýen, aýaty iberdi» diýipdir.



[1]Razzak – rysgal beriji

[2]Muheýmin — goraýjy.

[3]Mugyn — ýardamly. Bularyň ählisi Hudaýyň owadan atlary.

[4]Mustapa-kerim — Muhammet pygamberiň lakamlary.

[5]«Ynsan» süresi, 8-9 aýatlar

[6]«Haşr» süresi, 9-njy aýat

[7]«Haşr» süresi, 9-njy aýat