14-nji bölüm: Dilegçilik peslikdir.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 14-nji bölüm: Dilegçilik peslikdir.

262. Ahnaf ibn Kaýs şeýle diýdi*: «Her bir haýyş öňki edilen ýagşylygyň nyrhydyr, hatda haýyş az, serpaý köpem bolsa».

263. Halyt ibn Abdylla haýyş bilen gelen, ýöne ýaýdanyp duran bir adama bakyp: «Menden haýyş etmegiňe näme päsgel berýär?» diýipdir Ol: «Senden haýyş etsem, eden ýagşylygyň bahasyny almaly bolarsyň» diýipdir. Halyt: «Baş üstüne, bitmän galanyndan, aklygyny kabul edenim ýagşy» diýipdir. Soňra onuň bilen gidip, haýyşyny bitiripdir.

264. Abu Temmam Taýynyň goşgusy*: «Dilegçilik bokurdagyňa tegek bolýan dertdir. Onuň yzyndan bolsa, agzyň gurap, demiň gysylar. Ýüzüň suwuny bir dökeniňden soň, isle eçil, isle gysyl, abraýyň öwezini dolup biljek zat ýokdur».

265. Asmagy şeýle diýdi: «Bir sergezdan arabyň ýanynda saklandym, onuň aýdýan sözlerini makulladym. Ondan: «Alla merhemet etsin, siz kim?» diýip soradym. Ol: «Hudaý günämizi ötsün, kimdigimizi aýtmaga mejalymyz ýok, gazanjyň ýaramazlygy garyndaşlyga böwet bolýar» diýdi.

266. Abul Atahyýa şeýle diýdi*:

«Hergiz ölüm belasyny ölmeklik saýmagyn,

Ölmeklik — bu adamlardan dilegçilik etmekdir.

Olaryň ikisem ölümdir welin,

Dilegçilik ölümdenem erbetdir».

267. Başga biri şeýle diýdi*:

«Dilegçilige ýüz urýan adam, haýyş bilen asmany çekse-de, öwezine näme alyp biler. Çaksyz garyp bolsaň, onda baýlygyny gysganmaýan jomartdan sora. Eger ähli eden ýagşylyklaryň bilen dilegçiligiň agramyny ölçäp görseň, dilegçilik agyr, ähli ýagşylyk ýeňil geler. Dilegçilik belasyna sataşan bolsaň, onda hormatly we sahy adamlara ýüz tut hem-de ykbal öwrümlerine sabyr et, garaş: Dilegçilikden ýüz öwürmegiň özi ähli bagly düwünleriň çözüldigidir».

268. Ahnafdan «Bitmeýän ýara ýaly agyr zat barmy?» diýip soranlarynda: «Hawa. Ol ýagşy adamlaryň binamyslara bolan mätäçligidir» diýipdir.

269. Muhammet ibn Japar şeýle diýdi: «Binamyslardan haýyş edeniňden, zir-zibiliň gumuny iýmek aňsatdyr».

270. Aly ibn Sabyt şeýle diýdi*: «Dilegçilikde we adamlara ýüzüňi saraltmakda uly biabraýlyk bar. Sylag-serpaýy ýüzüňi saraldyp almaly bolsa, oňa golaýlaşmagyn.Ujypsyz baýlygyň özüňe ýetýän bolsa, köp pula topulmak üçin pikirem etmegin. Bu durmuşdan mydama nägile bolup ýörme, ynjalyp ýat we parahat oýan».

271. Halyt ibn Safwan şeýle diýdi: «Nälaýyk adamdan haýyş edeniňden, şol talabyň bitmäni ýagşy».

272. Ahnafdan «Bitmeýän ýara ýaly agyr zat barmy?» diýip soranlarynda, ol: «Hawa. Ol ýagşy adamlaryň binamyslara bolan mätäçligidir» diýipdir. «Iň erbet (kemsitme) peslik näme?» diýenlerinde: «Abraýly adamlaryň kemakyllaryň gapysynda el serip durmagy» diýipdir.

273. Muberrit şeýle diýdi:

«Gaýalardan özüňi oklamak, egniňe äpet daşlary alyp aşak inmek, bela-betere sabyr etmek, Samarkant bilen Babylyň arasynda iki ýyllap aýakýalaň pyýada gezmek, haýyşyny bitirtmek üçin binamysa ýüz tutýan ýagşy adamyň görgüsinden ýeňildir».

274. Japar ibn Ýahýa şeýle diýdi: «Islän kişiňden baýlyk sora, onuň guly bolarsyň; Isläniňden haýyş et, şonuň mätäji bolarsyň; Isläniňe bagyş et, onuň begi bolarsyň».

275. Bu wakany maňa Abu Ymran gürrüň berdi. Oňa hem Mekhul Beýruty, oňa Ýusup ibn Sagyt, oňa Abdylla ibn Musa, oňa Sufýan, oňa hem Agmaş, oňa Abu Hüreýra gürrüň beripdir: «Resulalla şeýle diýipdir: «Adamlara dilegçilik edeniňden, boýnuňa ýüp atyp özüňi asanyň gowudyr».

276. Eksem ibn Saýfy şeýle diýdi*: «Demirdir daşlaryň arasynda işläp gördüm, ýöne, adamlaryň zadyny diläp almakdan agyr işi görmedim».

277. Kutaýba şeýle diýdi: «Haýyşymy bitirer» diýip, bahyla ýüz tutýanyň iň bärkije jezasy ýetmezçilik (mätäçlik) bolar».

278. Aly ibn Bessam şeýle diýdi*: «Alladan kasam edýärin, döwek döwmeklik, ajy maňzyň suwuny içmeklik, adamyň harsydünýäliginden we ýüzi tutuk adamlara dileg etmekden ezizdir. Ilden umydyň üz, gurply ýaşarsyň, şowly girdeji bilen şatlanarsyň. Garasöýmez adamlardan çetleşmek yzzatdyr. Takwalyk hökümdarlykdyr, nebis islegi bolsa, seni masgara eder. Kim bu dünýäniň wepaly guly bolsa, dünýä seni bir gün talap gidýändir».

279. Şakyk ibn Süleýk Esedi şeýle diýdi*: «Kesekilere ýalbarmak bilen mertebäňi ýaralama, olardan zat dileme, ýüzüň nagşyny pozma. Çörek owuntygy, abraýly namys, aç garyn – binamyslaryň peşgeşinden oňatdyr. Betnam hilegäriň üstüňe dökýän baýlygyndan, päk we ar-namysly aç gezmek ýagşydyr».

280. Käbir kätipler şeýle diýdi: «Dilegçiligiň ýaramazlygy we minnetiň agyrlygy birleşse, bedeniň we ýüzüň suwuna zyýan berer. Ýagdaýy bar ýagşy adam özünden bitýän goldawa göz ýumsa, oňa şondan beter hor-homsylyk ýokdur».

281. Abu Aly Fazl ibn Japar ibn Fazl ibn Ýunus Kufy şeýle diýdi*: «Öýdäkilere geň galdym, olar ýüzümiň suwuny döküp, gedaýçylyk edip, çörek gazanmagymy islediler. Ýöne men bu işe göwnemedim, gedaýçylyk etmedim. Eý adamlar, nebsiňizi durmuş lezzetinden sowuň we elimi binamyslaryň eline serdirmäň. Gündelik owkat bilen kanagat ediň, ertiriňiz üçin gaýga galmaň. Her näçe hars ursaň-da, toplanyň nesip edip durmaýar ahyryn».

282. Fudaýl şeýle diýdi: «Dünýäde üç hili el bardyr: Allanyň beýik eli, berýäniň ortalyk eli, dilegçiniň pes eli. Dilegçilik etmekden saklanjak bol!».

283. Osman ibn Affan içi pully haltany hyzmatkäriniň eline berip, Abu Zere eltip bermekligi tabşyrypdyr hem-de oňa: «Eger Abu Zer şu sowgady kabul etse, seni gulçulykdan halas edeýin» diýip, söz beripdir. Hyzmatkär oglan ony Abu Zere getirip beripdir, emma Abu Zer ony kabul etmändir. Hyzmatkär oňa ýalbaryp: «Sizi Alla ýalkasyn, gaýrat ediň-de alyň. Eger şuny alsaňyz, men azat bolýaryn» diýipdir. Onda Abu Zer: «Eger kabul etsem, onda men gul bolýaryn» diýipdir we haltany yzyna gaýtarypdyr.

284. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Dilegçiniň iki sany sylagy bar: biri sadakany alýanlygy, beýlekisi hor-homsulyk derejesinde durýanlygy üçindir».

285. Merwan ibn Hekem şeýle diýdi: «Ähli ajy zatlary dadyp gördüm, ýöne adamlara mätäç bolmakdan ajy zady görmedim».

286. Abul Atahyýa şeýle diýdi*:

«Binamys we hor-homsy gezenimden, ýiti çişleň arasynda ölmek maňa ýeňil görünýär. Özüňi erkin we dogumly alyp bar, atyň jylawyny goýberseň, çalt çapýandyr».

287. Muhammet ibn Beşir şeýle diýdi*: «Ýalaňaçlygymy göwşüllän köýnek bilen örtmek üçin, gurplylardan sülük bolup, sorup alaryn. Rysgymy çöplemek üçin, adamlaryň boýnuna bagly bolanymdan, özbaşyna yhlas edenim haýyrlydyr».

288. Gürrüň bermeklerine görä, Pygamber hezretleri öz kömekçisi Sewbany ýanyna çagyryp: «Kim maňa bir zady ýerine ýetirjekdigine söz berip, kepil geçse, şonuň jennete girjekdigini boýnuma alýaryn» diýipdir. Sewban: «O nähili işdir?» diýip, Pygamberden sorapdyr. Pygamber: «Adamlardan hiç zat haýyş etmezlik» diýipdir. Sewban şol işi ýerine ýetirjekdigine söz beripdir. Şondan soň onuň kimdir birinden nämedir bir zady haýyş edip duranyny gören adam bolmandyr. Düýesiniň üstünde otyrka, birdenkä gamçysy elinden sypyp gaçsa, düýeden eglip düşüp, gamçysyny özi alýar eken, şol ýerde adamlaryň bardygyna garamazdan, «şony oklap goýber» diýip, haýyş etmeýär eken.

289. Hammat ibn Usame şeýle diýdi: «Misgar ibn Kidam maňa bakyp: «Eý Abu Usame, eger-de çörek, sirke we gök ot iýmäge kanagat etseň, hiç kim seni gul etjek bolmaz» diýdi.

290. Jahza şeýle diýdi*:

«Dünýäden tamakin bolup, maýmynlara sežde etdik,

Ýöne pakyrlykdan başga, ne ýeke maksada ýetdik.

Boş dolandy barmaklarymyz, aýamyza ilmedi zat,

Biz gezen ekenik diňe peslik mertebesin isläp».

291. Başga biri şeýle diýdi*:

«Hiç kimsäniň öňünde tama bilen egilme,

Bu ýagdaý şeksiz seniň zaýalaýar diniňi.

Hakyň hazynasyndan eçilmegini dile,

«Bol!» diýse bolman galmaz, asan eder kynyňy».

292. Lepbady şeýle diýdi*: «Azat we edep-terbiýeli ýigidiň, ýagşylyk isläp, nadanyň gapysyny kakmasy, ala ýylanyň zäherinden ajydyr, kesgir gylyjyň zarbyndan awulydyr. Dünýäniň mülküni berende-de, binamysyň gapysyny kakmak akylly üçin nogsanlykdyr».

293. Selim ibn Kutaýba şeýle diýdi: «Meniň ýanyma Abu Duhman Galaby gelip, maňa*: «Men şeýle bir adamlary bilýärin, eger toprak ýuwutmagyň oňurganyň berkligine peýdalydygyny bilseler, «Tygşytlylyk edýäris» diýip, topragy diriligiň diregi hökmünde görerdiler. Olar, seniň ýanyňda maňa ýüregi awaýşy ýaly, meni senden saklabam bilýärler.Garyp gezip, Hudaýa golaý bolanym, baý ýaşap, ondan daş düşenimden haýyrlydyr. Hoşniýetli goldaw we şirin sözler bilen, Taňry bendelerine söýgiňi oýar. Sebäbi Taňry bendelerini söýmek, Taňrynyň özüni söýmekdir. Adamlara kitüwli gezmek, Hudaýdan öýkeli gezmekdir» diýdi.