15-nji bölüm: Gadyrbilmezlere ýagşylyk etmek.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 15-nji bölüm: Gadyrbilmezlere ýagşylyk etmek.

294. Mesih alaýhyssalam şeýle diýdi: «Mynasyp däl adamlara ýagşylyk etmek, günüň astynda çyra ýakan ýalydyr».

295. Ol ýene şeýle diýdi: «Mynasyp däl adamlara ýagşylyk etmek günädir».

296. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Ýagşylyk edilen adamlar onuň gadyryny bilip, şükür etmeseler, olaryň garşysyna edilen dileg kabul bolýandyr».

Soňra Pygamberimiz: «Eý, Alla, Bessam ogullaryna ýagşylyk etdim, emma onuň gadyryny bilmän, muňa şükür etmediler. Goý, olara demir gyzgynlygyny dadyr» diýipdir. Aýtmaklaryna görä, köp wagt geçmänkä, olaryň ählisi heläk bolupdyr.

297. Sufýan Sewri şeýle diýdi: «Ähli duşmançylygyň aslyýeti, mynasyp däl adamlara ýagşylyk etmek eken».

298. Kesra[1] mürzebanlaryny[2] ýanyna çagyryp: «Haýsy zada siz has beter ökünýäňiz?» diýip sorapdyr. Mürzebanlaryň her haýsy bir işiň adyny tutupdyr. Emma kesra bularyň hiç biri bilen ylalaşman: «Ýok, ol beýle däl. Iň uly ökünç gadyrbilmezlere ýagşylyk edeniňden soň ýüze çykýar» diýipdir.

299. Eýýup Syhtyýany şeýle diýdi: «Ýagşylyk edeniňe degmeýän adamlara haýyr-yhsan etmek, merhumlara aýdym aýdyp bermek ýa-da demriň ýagyny aljak bolup, ony gaýnadan ýalydyr».

300. Salyh ibn Abdylkuddus şeýle diýdi*: «Gadyr bilmez adama sahylyk etme, mynasyp däl adamdan gysganmak bahyllyk däldir. Eden ýagşylygyň gadyryny bilip, alkyş aýdýana gysganman eçilmek sahylykdyr».

301. Käbir hekimler şeýle diýdi: «Binamysa serpaý ýapmak, onuň pyssy-pyjurlygyny güýçlendirmekdir. Nejis adamlardan haýyş etmek, öz namysyňy basgylamakdyr. Nadana akyl öwretmek, nadanlygyňy artdyrmakdyr. Gadyrbilmeze ýagşylyk etmek, Hakyň nygmatyny harlamakdyr».

302. Halyt ibn Safwan şeýle diýdi*:

«Mynasyp däl adamlara ýagşylyk eden wagtyň

Ne sylag, ne alkyş bor, keçlige uçrar bagtyň ».

303. Dawut ibn Aly şeýle diýdi*: «Özüňiz badyhowa bolup, ýüz öwürýänçäňiz, size kemsiz ýagşylyk etdim. Edýän ýagşylyklarymy inkär edeňizsoň, size kekre ýaly ajylyk taýynladym. Indi ýanyma dolansaňyz, pürkere diňe zäherim bardyr».

304. Asmagy şeýle diýdi: «Amyr Temiminiň enesi, bir möjek çagajygyny goýun süýdi bilen ekläpdir. Möjek ulalansoň ýaňky goýnuň üstüne böküp, onuň garnyny silkipdir. Bu hadysany synlap, gorka gaplanan Amyryň enesi*:

«Süýt bilen eklendiň bizde, ösdüň, geldiň kemala,

Möjekdigňi undupdyryn, aklym berip şemala» diýipdir.

305. Käbir şahyrlar şuňa bagyşlap şeýle diýdiler*:

«Mynasyp däl adamlara ýagşylyk edýän adam,

Amyryň ejesiniň ýagdaýyndan kän dadar.

Möjek çagasy üçin taýynlany hoş ýerdi,

Onuň agzyna goýnuň süýdüni tutup berdi.

Tä amatly pursat döräp, örüsi giňeýänçä,

Gyýak diş-dyrnak bilen eýesin dalaýança,

Hezillikde ýaşady. Soňra galdy şu aýdym:

Ýagşylyk edýänlere bu hekaýaty aýdyň:

«Haýyr-yhsan etseňiz, gadyryn bilmezlere,

Şunuň ýaly jezalar garaşýandyr sizlere».

306. Käbir hekimler şeýle diýdiler: «Üç sany adama ýagşylyk etmäň: «Haramzadalar özüne edilen ýagşylygy «Bozuk işleri üçin gorkuzjak bolýandyr» diýip düşüner. Akmaklar bolsa, özüne edilen ýagşylygyň gadyryny bilmez. Binamyslar özüne edilen goldawy peýdalanyp, Hudaýa günä iş ederler. Iň gowusy päk göwünli adamlara haýyr-yhsan edip, ýagşylyk tohumyny ekiň we alkyş hasylyny ýygnaň».

307. «Gadyrbilmezlere ýagşylyk etmek, şor ýere tohum sepmekdir».

308. «Kösenýän zadynyň ýaramazdygyny duýmaýan adam, edilýän yhsanyň ýagşylykdygyny bilmez».

309. 1. Ýagşylyk hakda Abdylla ibn Japardan soralanda: «Haýryňy asylzadalara paýlamak we ýagşylyk edýäniň alkyşyny ýetirmek» diýipdir.

2. Hüseýin ibn Aly şeýle diýdi: «Gadyryny bilýäne edilen ýagşylyk, iň gözel işdir. Nygmatyň gadyryny duýmaýanlara edilen ýagşylyk, iň harap işdir».



[1]Kesra – gadymy pars patyşalary

[2]Mürzeban – serhet goraýjy