16-njy bölüm: Ähli işde ortatap bolmak. Okgunlylyk we perwaýsyzlyk.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 16-njy bölüm: Ähli işde ortatap bolmak. Okgunlylyk we perwaýsyzlyk.

310. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Ýoly düzüwlik, ahlagy päklik we tygşytlylyk — pygamberligiň ýigrimi bäşden bir bölegidir».

311. Mutarryf şeýle diýdi: «Iň ýagşysy — ähli işde aralyk bolmakdyr».

312. Selman şeýle diýdi: «Päk maksadyň bolsa we mydama şoňa görä hereket etseň, sen öňdebaryjy jomart bolarsyň».

313. Eksem ibn Saýfy şeýle diýdi*: «Adamlardan gysylmak duşmançylyk döreder. Çakdanaşa alçak bolsaň, ýaramaz dostlaryň köpeler».

314. Omar ibn Hattap Zyýat ibn Abu Sufýany Abu Musanyň kätipliginden aýrypdyr. Şonda Zyýat: «Eý, möminleriň emiri, meni ol ýerden gowşaklygym üçin aýyrdyňmy ýa-da bir ýaman iş etdimmi?» diýip sorapdyr. Omar oňa: «O-da däl, bu-da. Ýöne zyýada akylyň adamlary gozgalaňa salmagyny islämok» diýipdir.

315. Hasan şeýle diýdi: «Zyýat Omara meňzejek bolup çäkden çykdy. Hajjaj Zyýada meňzejek bolup hetden aşdy. Şeýdip, ikisi hem adamlary heläk etdi».

316. «Edep haçan ýoklugyndanam ýaman bolýar?» diýip, käbir hekimlerden soralanda: «Haçanda edep akyldanam artyk saýylanda» diýipdirler.

317. Käbir kişiler şeýle diýdi: «Adamyň ölümi ýaramaz häsiýetleriniň agdyk bolmagyna bagly. Düzüwligi häsiýetiniň kadalydygyna bagly».

318. Omar şeýle diýdi: «Artykmaç gepden saklanyp, artyk iş edýän adamy Alla ýalkar».

319. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Jennet iliniň aglabasy aralyk adamlardyr. Baýlaryň we garyplaryň köpüsi bolsa dowzahdadyr».

Pygamber alaýhyssalam Hudaýdan dileg edende: «Eý, Alla, azdyrýan baýlykdan we adamlygyňy unutdyrýan garyplykdan özüň gora» diýer ekeni.

320. Abu Mugtemir Sülemi şeýle diýdi: «Adamlar baý, pukara we aralyk diýen üç topara bölünýär. Hudaýyň kanagat sarpasy bilen gurplandyrmadyk garyby jansyzdyr. Özgeleriň towakgasyna ýüz bermeýän baýlar serhoşdyr. Haýryň köpüsi aralyk adamlaryň elindedir. Mätäçligiň peslik, baýlygyň ulumsylykdygy üçin, şeriň köpüsi baýlaryň we pukaralaryň elindedir».

321. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Nähili hem bolsa söýgüliňi ýeňil söý, (ýüregiňi bermän söý), ol bir gün ýigrenji birine öwrüläýmesin. Halamaýan adamyňy her näme-de bolsa, ýeňil ýigren, ol bir gün söýgüliň bolaýmasyn».

322. Omar ibn Hattap şeýle diýdi*: «Seniň söýgiň çakdanaşa bolmasyn, ýigrenjiň hem heläkçilige getirmesin. Hersiniň aralygyny tut».

323. Hüdbet Uzry şeýle diýdi*: «Eger söýjek bolsaň, golaýlaşman söý, sebäbi ondan haçan çetleşjegiňi bileňok. Eger ýigrenjek bolsaň, daşlaşman ýigren, sebäbi söýgiň haçan dolanjagyny bileňok. Sypaýylygyň magdany bol we ezýetlerden gorap saklamany başar».

324. Şeýtan Tak şeýle diýdi*: «Dostlaryňa bolan söýgiňde çäkden geçme, hatda duşmanyňam sypaýy ýigren. Sebäbi sen haçan dostuňy ýigrenjegiňi we duşmanyňy haçan bagyşlajagyňy bileňok. Şonuň üçin her bir işde akylly hereket et».

325. Aly ibn Abu Talyp şeýle diýdi: «Bilýän zady akylyndan artyk bolany ýigrenişim ýaly, gepleýän sözi bilýän zadyndan artyk bolan adamy hem halamaýaryn».

326. Medaýyny şeýle diýdi: «Asmagynyň gürrüň bermegine görä, araplar «Kämil häsiýetleriniň arasynda akyllylyk ýok bolan adam, özüniň «gözel» häsiýeti bilen heläk bolar» diýýärler. Men bu sözi olardan ýat bekledim. Mende hem şuňa meňzeş bir söz bolup, muny-da araplar aýdýar: «Kimiň akylyndan artykmaç häsiýeti bar bolsa, şol häsiýet onuň ölümine sebäp bolar». Men bu iki sözi Ahmet ibn Ýusubyň ýanynda aýtdym welin, ol: «Menem şuňa meňzeş bir sözi bilýärin. Araplar: «Adamyň akyly özündäki ýagşy häsiýetlerden üstün gelmese, ol şol ýagşy häsiýetler bilenem heläk bolar» diýýärler» diýdi.