18-nji bölüm: Asylly adamlary we myhmanlary hezzetlemek.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 18-nji bölüm: Asylly adamlary we myhmanlary hezzetlemek.

352. Sagyt ibn Sewadat Amyrydan hekaýat etmeklerine görä, ol şeýle diýdi: «Men bir baý zenana günlükçilik edýärdim. Kynlyklar we hor-homsulyk meni egbarladypdy. Bir gezek ol nämedir bir zatda şübhelense, beýleki gezek oňa ýalbaryp gün görmelidi. Agyr-u ýeňil işleriň arasynda gezip ýördüm. Bir gezek ähli goş-golamymy alyp, «Yrak täjirlerini we garamaýak adamlary görsem» diýip, ýola düşdüm. Gijäniň alagaraňkysynda Mekgä ýetdim. Haçanda, säheriň yşyklary uzakdan ýalpyldanda, daglara bäs edip duran gümmezlere gözüm düşdi. Ol ýerde semiz mallar soýulýardy, sürülýärdi. Aşpezler iş bilen meşguldy. Olar aşpezlere: «Boluň, tizräk işläň» diýip aýdýardylar. Görsem bir adam beýigräk ýere çykyp: «Eý Allanyň wekilleri, nahara» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrýardy. Başga biri bolsa ýol ýakasyndaky kertde durup: «Eger nahar iýmedik bar bolsa, agşamlyga howluksyn» diýýärdi. Bu gören zatlarym meni haýrana goýdy. Men taýpa serdarynyň ýanyna bardym. Ol özüne taýýarlanylan ýerde, donuny sag egnine atynyp otyrdy. Başynda gara reňkli, ýüpekden dokalan sellesi bardy. Sellesiniň astynda biten hoşa ýaly bolup, onuň tutuş keşbini synlaýardym. Onuň ýüzünde şygra[1] ýyldyzy dogan ýaly, nuranady. Onuň oturan ýerinde birnäçe garrylar bolup, hijisinden kelam agyz söz çykmaýardy. Gollary çermelgi hyzmatkärler, işlerini bitirjek bolup, ot-elekdi. Men garrylaryň birinden: «Bu kim?» diýip soranymda, ol «Abu Nadla (hemmelerden üstün) Haşym ibn Abdy Manaf» diýdi. Men içimden: «Ine şu hakyky mertebe we inkär edilmejek hormat» diýdim.

353. Adyý ibn Hatam Taý şeýle diýdi: «Bir gezek kakama bakyp: «Araplaryň içinde senden sahysy barmy?» diýip soranymda: «Olaryň ählisi hem menden jomart. Bir gije men on bäş goýnundan başga zady bolmadyk ýetim oglanyňkyda düşledim. Ol maňa bir goýny soýup, bişirip, getirip berdi. Men onuň ýiligini iýdim welin, biçak göwnüme ýarady. Men «Bäh, munuň süýjüdigini» diýdim. Ol çatmasyndan çykdy-da, kelle getirip başlady. Haçanda, daş çykamda, öýüň daş-töwereginiň gyzyl gan bolup ýatandygyna gözüm düşdi. Men ondan näme bolandygyny soramda, ol ähli zady gürrüň berdi. Asyl ol meniň üçin, on bäş goýnunam soýan eken. Men ony bir gyra çekdim-de: «Geň-taň göremok» diýdim. Soň oglana ýüzlenip: «Göwnüňe ýaraýan zat bar bolsa goýaýyn. Bu araplar üçin gelşiksizdir diýdim» diýip, gürrüň berdi.

Men kakama bakyp: «Sen ony näme bilen sylagladyň?» diýdim. Ol: «Üç ýüz düýe we bäş ýüz baş goýun berdim» diýdi. Men: «Walla, kaka sen ondanam sahy ekeniň-ä» diýdim. Onda kakam: «Ýok, oglum, beýle däldir. Sahylygyna ol menden sahydyr. Sebäbi ol özünde barynyň ählisini berdi, men bolsa köp baýlygymyň ujypsyzja bölegini bagyşladym» diýdi.

354. Muharrar ibn Abu Huraýra şeýle diýdi: «Abul Haýbary ady bilen tanalýan bir adam, öz kowmundan bolan birnäçe kişi bilen Hatam Taýynyň mazarynyň gapdalyndan geçip barýar eken. Ol ýoldaşlaryna ýüzlenip: «Geliň, Hatam Taýynyň guburynyň ýanynda düşläliň. Eşidişime görä, ol merhumam bolsa, şu ýerde düşlän adamy myhman alýarmyşyn» diýipdir. Olar şol ýerde düşläpdirler. Abul Haýbary Hatamyň mazaryny depgiläp: «Eý, eşek atasy, myhmanlaryňy hezzetle! Eý, eşek atasy myhmanlaryňa hödür et, ahyry!» diýip, ýaňsylap, üstünden gülmäge başlapdyr.

Soň olar ýatypdyrlar welin, Abul Haýbary düýş görüpdir. Düýşünde kimdir biri oňa*:

«Eý, Abul Haýbary, sen ne beýle zalym, sögünjeň adam ekeniň. Sen güňläp ýatan mazardan hezzet isläp, dostlaryňy hem alyp geldiň. Biz iň gowy maly saýlap, myhmanlarymyza söwüş ederis» diýýärmişin. Gorkudan ýaňa tisginip oýanan Abul Haýbary, gözüni oňat açyp seretse, düýesi däbşenekläp, janhowluna bagyryp ýatyrmyşyn. Ol uly sesi bilen: «Haý, ýetişeweriň!» diýip, ýerinden galypdyr. Düýesi bolsa aýagyny kakyp, tizden-tiz damagy çalnaýmasa, haram öljekdenmişin. Ony dessine soýupdyrlar we uzyn gijäni etli nahar iýip geçiripdirler. Daň agarandan soň, ýola düşüpdirler.

Ýoldaşlarynyň ýagdaýy ýagşy hem bolsa, Abul Haýbarynyň keýpi ýok eken. Ol düýnki hereketine we agşamky wakalara haýran bolup, oýlanmalar deňzine çümüpdir. Olar şeýdip barýarkalar, birdenkä özlerine tarap gelýän ýolagçyny görüpdirler. Ol ýolagçy bularyň saklanmagyny haýyş edip, gygyryp gelýän eken. Sakga durup seretseler ol Hatam Taýynyň ogly Adyý eken. Onuň ýanynda ýene bir iner we yzyna tirkelen maýa bar eken. Adyý bulara garap: «Öten agşam kakamdan myhman almagyny soran sizmi?» diýipdir. Bular: «Hawa» diýip, geňgalyjylyk bilen jogap beripdirler. Adyý olara bakyp: «Agşam düýşüme kakam girdi. Ol maňa: «Men Abul Haýbarynyň düýesini soýup, olary hezzetledim. Şonuň deregine şu düýäni eltip ber» diýdi. Şony bermäge geldim» diýip, gapdaly bilen tirkäp getiren daýaw inerini we maýasyny Abul Haýbara gowşurypdyr hem-de yzyna dolanypdyr.

Olar bu bolýan hadysalara akyl ýetirip bilmändirler. Ýöne soňra bu waka il içine ýaýrapdyr. Hatamyň ogly Adyýyň eden işini öwüp, örän köp şahyrlar goşgy ýazypdyrlar.

Şolaryň biri hem Ibn Daratul Gatafanydyr. Ol şeýle diýdi*:

«Ataň haýryň gämisini gurujydy,

Tä ýogalýança adamlaryň ýanynda boldy.

Ýogalandan soňam ony ýatlap, köp mysallar aýdyldy.

Ol edil dirikä edişi ýaly.

Gabrynyň ýanynda düşlänleri-de,

Myhman aldy hormat bilen hezzetläp,

Beýle zada hiç kim duşmandy entäk».

355. Kaýs ibn Sagt ibn Ubada şeýle diýdi:

«Hal-ýagdaýymyzyň Şamda duşan adamymyza meňzemegini arzuw etdim. Bir kümäniň gapdalyndan geçip barýarkak, dem-dynç almak niýeti bilen, onuň agzyndan garadyk. Kümäniň içinde bir aýala gözümiz düşende, bu ýerde myhman bolmak pikirinden el çekipdik. Gelin bizi gördü-de: «Geliň, arkaýyn ornaşyň» diýdi. Ýöne biz şonda-da gelşiksiz görüp, tä adamsy gelýänçä daşarda oturdyk. Bir haýukdan soň onuň ýoldaşy uly bolmadyk sürini öňüne salyp, örüden geldi. Ol aýalyna bakyp: «Bular kimler?» diýdi. Gelin: «Bize gelen myhmanlar» diýip, jogap berdi. Ol bir düýäni getirdi-de, dyza çökerdi. Soň bize garap, soýuşmaga kömek etmegimizi sorady. Şeýdip, biz onuň iň oňat malynyň etini iýdik. Ertesi gün ol ýene bir düýäni getirip: «Hany munuňam damagyny çalalyň» diýdi. Biz: «Onsuzam et kän ahyry. Düýnki düýäň etem ýeterlik bar» diýdik. Onda öý eýesi: «Üstünden gün geçen et bilen (düýnki et bilen) myhman hezzetlemeýäris. Biz olara täze etden nahar äbermelidiris» diýdi.

Men ýoldaşlaryma ýüzlenip: «Eger bu ýerde uzak eglensek, onuň düýesi galmaz, şonuň üçin salymyny bermän ýola düşeliň» diýdim. Soň ýolbaşçymyza ýüzlenip, näçe puluň galandygyny soradym. Ol: «Dört ýüz dirhem» diýdi. Men ol puly we öz gapjygymdakyny hem goşup, (şol pullary) aýalyna gowşurdyk, sebäbi ol wagt adamsy öýde ýokdy.

Şeýdip ýola düşdük. Köp wagt geçmänkä, uzakdan ala-tozan bolup gelýän bir adama gözümiz düşdi. Biz biri-birimizden: «Bu kim?» diýip soraşdyk. Emma hiç kim ony uzakdan saýgaryp bilmedi. Golaýa gelenden soňra, onuň bizi myhman alan öý eýesidigini bilip galdyk. Ol atyň üstünde sarsman oturyp, bize naýza gezäp gelýärdi. Men: «Wah, bagtymyz ýatdy. Beren pulumyzy az görendir» diýdim. Ol ýanymyza gelip durdy, biziň tabşyryp gaýdan zadymyzy öňümize oklap: «Alla siziň aýbyňyzy örtsün, bu zatlar näme? Muny gaýdyp alyň» diýdi. Biz: «Dogrymyzy aýdýarys. Bizde mundan başga zat ýok ahyry» diýip, ötünç soramaga durduk. Ol bize bakyp: «Hudaý bar, hiç haçan siziň ýoluňyzdan ýöremerin. Men ýagşylygyny satýan adamlardan däl» diýdi. Ol ähli zatlary üstümize oklap, ötägitdi.

356. Ibn Apbas şeýle diýdi: «Abdylla ibn Japar Mugawyýanyň ýanyna gelýärkä, ýolda bir çarwa arabyňkyda düşläpdir. Onuň bar baýlygy ýekeje geçisi bolup, şonuň süýdi bilen gyzjagazyny emdirer eken. Myhman gelenini görüp, öý eýesi ýaňky geçini soýmak üçin ör turupdyr. Şol wagt gyzjagaz ýatan eken. Ol aýalyna ýüzlenip*:

«Gelin, meniň gyzjagazymy oýarma,

Oýaraýsaň, dessine aglap başlar.

Hem elimden tutup pyçagymy alar» diýipdir.

Soň geçiniň damagyny çalyp, hamyny sypyrypdyr. Nahar bişirip we gowuryp öňlerine äberipdir. Şeýdip olar bu ýerde agşamlyk edinipdirler. Irden ugrajak bolup durkalar, ol öz ýoldaşyna ýüzlenip: «Sende näçe pul galdy?» diýip sorapdyr. Ol: «Bäş ýüz dinar» diýende, onuň ählisini çarwa araba bermegi tabşyrypdyr. Emma arap ony almakdan kes-kelläm ýüz öwrüpdir.

Olar ýolda barýarkalar bu adama haýran galyp: «Gör nähili gowy adam ekeni. Bar baýlygy ýekeje geçisi, şony soýubam bizi naharlady» diýşipdirler.

Ibn Apbas başga bir söhbetinde şeýle diýdi:

«Çarwa arap ol puly kabul edip, oňa düýe we goýun satyn alypdyr. Yzyna dolanyp gelýän Abdylla ibn Japaryň ýoly ýene-de ýaňky garybyň üstünden düşüpdir. Öý eýesi muny garşylap, öýünde düşlemegini haýyş edipdir. Abdyllany myhman alan ýaňky çarwa oňa görlüp-eşidilmedik derejede zyýapat edipdir. Abdylla ertesi ýola düşjek mahaly, oňa ýene on müň dirhem pul bermekçi bolanda, öý eýesi ony kabul etmekden boýun towlapdyr. Ol: «Eý, hojam, mendäki zatlaryň ählisi Hudaý tarapyndan we sen sebäplidir» diýipdir. Abdylla oňa: «Sen dogrudanam asylly adam» diýip, oňa alkyş-doga edip, ýola düşüpdir.

Abdylla ibn Japar muňa bagyşlap şeýle diýdi*:

«Ümmi Mälik garyp ötegçini göwnihoş etdi,

Ot bilen gassabyň arasynda gatnap, nahar getirdi.

Iýilen tagam-duzuň hakyna,

Myhman hem onuň alkyşyny ýetirdi».

357. Rowaýatlara görä, myhman üçin mal soýan ilkinji adam Bähram Gurdyr.

358. Esma ibn Haryja şeýle diýdi*:

«Her gezek nahar bişirip, oňa adamlary çagyramda, gelenler garnyny ýazyp gidýänçäler göwnihoş bolup oturýaryn. Çakylygyma jogap bermeklerini hem uly sylag saýýaryn. Adamlar maňa mätäçlik bilen ýüz tutsalar-da, boş gaýtarmaryn. Men bu dünýäniň köp zadyny, maňa ynanyp eden haýyşlarynyň hatyrasyna hem bagyşlardym».

 359. Adyý ibn Hatam kiçiräk meýlis edip, özüniň ogluna: «Daş çykda geleni garşyla. Tanamaýanyňy yzyna gaýtar, tanaýanyňy öýe sal» diýipdir. Ogly muňa ör-gökden gelip: «Hudaý kessin, men beýdip bilmerin. Gelen adama tagam bermän gaýtarmak gowy däl» diýipdir. Adyý Hatam muňa monça bolup: «Tüweleme, sen mendenem paýhasly we sahy ekeniň» diýipdir.



[1]Sirius ýyldyzy