19-njy bölüm: Itleriň üýrmegi we oduň ýalkymy myhmanlara ýolsalgydyr

Başy » Mertebeler we kemlikler » 19-njy bölüm: Itleriň üýrmegi we oduň ýalkymy myhmanlara ýolsalgydyr

360. Ile ýagşylyk edip sypaýy bolmakda, myhmany garşylap, duz hödürlemekde waspy ýetirilen Misgin Daramy şeýle diýdi*:

«Ilimiň gazany her gün, türkleriň jul atylan öýi ýaly, nygmatdan doly. Onuň aşagyna ot atýan ýigitler bolsa, şepbik-şire çalnan düýeler ýaly. Ellerinde demir susak bolan bu açyk göwünli adamlar, üzüm şerbetlerine reňk berýän şerapçylara meňzeýär».

361. Hatam Taýda şeýle setirler bar*:

«Bahylyň iti hyňranyp, agyz salar myhmanyna,

Itim az üýrýp duşana, ýalaklap, barar ýanyna.

Görmegi üçin ötegçiň, alaňda ýakýaryn odum,

Yşyk gözleýän saýyldan hem azaşan ötegçiden

Gysganmaryn gazanymy, açmasam, ýapman gapagyn.

Hezzetlärin, ýyladaryn, bererin demini-dynjyn,

Özümden egsik görmerin, görýänçä daňyň şapagyn».

362. Käbir araplar şeýle diýdi*:

«Atly görünse uzakdan,

Garşylaýan, çytman gaşym.

Salam berýärin özümden,

Öňüne uzadýan aşym.

Güler ýüzüm gyzgyn çorbaň

Tagamyna tagam goşýar.

Haýyr işi tiz eden ýagşy,

Bol bereketler garaşýar».

363. Hatam Taý şeýle diýdi*:

«Itlerden gorkup, uzaga aýrylan bolsaň,

Ol ýerde meniň günäm ýokdur».

364. Abu Nejmul Gyfary belent ýer bolmasa düşlemez eken. Her gije ol gury odunlary çöpläp, geçip barýan ýolag­çynyň şony görüp sowulmagy üçin, örän uly ot ýakypdyr. Ol mydam şeýle diýýän eken:

«Taýpalar şaýatdyr meniň,

Uzakdan ýakýan oduma.

Öýümi nazarlap gelen,

Görýändir öçmez alawym.

Gözüň sataşsa ötegçä,

Bir myhman tapsaň dadyma[1],

Getir dostum, çekinme-de,

Baryňy myhman alaryn».

365. Hatam Taý hem şeýdip öten-geçene özüni salgy beripdir. Ol şeýle diýdi*:

«Sährada azaşan biri däli ýaly gygyrdy,

Ýöne ol Mejnun däl-de, öz tapan hilesidi.

Öz ýiti sesi bilen ýatany oýarýardy.

Sesini eşidenimden mylaýym sesim bilen,

Süýji ahlagym bilen ýüzlendim oňa sary.

Ody uludan ýakyp, ýaýratdym şöhlesini,

Azaşanyň şol sesi eşidip bärik gelmegi üçin,

Oýaryp, ýatan itim, üýrdürdim, çekip bäri.

Ol meni göreninden, Hudaýy senalady,

Saýradyp göwün guşun, törümi penalady.

Men ony hoş garşylap, özüm guş kimin uçdum,

Uzak sowal bermedim, hezzetine girişdim.

Taňry myhmany üçin niýetläp goýan düýäm,

Soýup, gazan atardym.

Gowrup berdim bagryny, örküjini getirdim.

Şeýtmek bilen üýtgeşik iş etmedim,

Diňe, atamyň wesýetini ýerine ýetirdim».

366. Hatam ýene şeýle diýdi*:

«Bir ötegçi it sesini edip gygyrdy. Ýaň hem onuň owazyny gaýtalady. Men uly odunlar atyp, ot ýakdym. «Birden iller menden öňürdäýmesin» diýip, derrew ýerimden turdum. Men ony açlykdan we uzak ýoluň argynlygyndan sapladym. Dürli-dümen hödürläp, ýadawlyk derdinden gutardym. Ol meni alkyşlady, men hem oňa bolan hezzetimi has-da giňeltdim. Myhmany nahar bilen hormatla-da alkyş al».

367. Ahmet ibn Zufafe Gassany şeýle diýdi*:

«Meniň kowmum Haşym ogullarydyr,

Hem iň hormatlysy Abdy Manaf.

Odumy depäniň üstünde ýakýan,

Myhman gelsin bize, odumyz tanap».

368. Amr ibn Ahtam şeýle diýdi*:

« Uka batdy ulus, çekdi ýorganyn,

Düýşler gujagyna geripdir ili.

Itimi üýrdirdim, seleňe çekip,

Sesin eşdip geler, azaşan biri.

«Hoş geldiň, sag geldiň sapaly öýe,

Gel, geç myhman, bu il amandyr size»

Hödürläp duz-kerem, düşäp körpeçe,

Gonak çün tyg saldym düýä, örküje.

Öýe myhman gelse artýandyr ömür,

Ýer hem darlyk etmez, giň bolsa göwün».

369. Käbir patyşalar hakda Hutaýýa şeýle diýdi*:

«Alaň üstündäki oduň alawy,

Syryp otyr perdesini tümlügiň.

Bilýän, ýigitleriň baýy däl bu baş,

Ýöne, onuň açyk göwni hem eli,

Bildirip dur munda kimiň - kimligin».

370. Hatam Taý şeýle diýdi*:

«Itimiň üýrmesi, ýagtysy oduň,

Tümlükde azaşan ötegçä salgy.

Ýüzün görüp, ellerini öpýänçäm,

Itim guýruk bular, oýnadyp ýamzy.

Bu gylyklar bize ýagşy adatdyr,

Myhman kabul edip, ynjaldýas kalby».

371. (Gysgaldyldy).

372. Eset taýpasynyň käbir adamlaryna, Müberrit şeýle diýdi*:

«Barly iller itlerini üýrdürip,

Ötegçini myhman almak isleýär.

Başyny çal bürän, bir goja geldi,

Bizden umyt gözlerini kesmeýär.

Mylaýym söz bilen, bol nygmat bilen,

Yhlas etdik, soýup uly düýäni.

Onuň aýdyp giden alkyşy üçin

Bermäge razy biz, ähli dünýäni».

373. Muhammet ibn Ymran Zapby şeýle diýdi*:

«Gijäniň tümlüginde it sesin eşiden bende,

Bu gije ýatalga isläp gygyrdy,

Men ody uludan ýakdym,

Muny görüp, gönügende,

Dişläp, ýarmazlygy üçin itlerimi sakladym».

374. Humaýt ibn Sewr Hilaly şeýle diýdi*:

«Agypdyr gije ýarymdan,

Ýoldaşy ýok ötegçini,

Ot ýakyp, çagyrdym bäri.

Ot hem tüssäniň ýalnynda,

Des-deň paýlap goýdum barym.

Dolduryp garnyn tagamdan,

Aşdan doýanda gerk-gäbe.

Syrtartdy, gurtpisint dişin,

Çalarly boldy çekgäme.

Bilimden syryp gylyjym,

«Saklan!» diýdim, çäkden ötme.

Sen bu ýerde şamlyk edin,

Ýöne, hiç hyýanat etme.

Sen gurt bolsaň, egsik saýma,

Garşydaşyň böri bilgin.

Gurt-hyýanat süýtdeş dogan,

Päliň bozsaň, örübergin».

375. Ybraýym ibn Herme şeýle diýdi*:

«Haçanda onuň iti myhman görse, oňa bolan söýgiden ýaňa, diline düşmese-de gürläýjek bolýar».

376. Käbir araplar şu manyda şeýle diýdi*:

«Myhmana mätäç bolmasagam, ol bize gerekdir,

Gözýetim tümlüge kemsiz bürenende,

kalbymyz janserekdir.

Alaňyň üstünde uly ot ýakyp, üýrdüreris itlerimiz,

Çagyrarys adamlary, käni biz.

Myhman almak bilen üýtgeşik zat edemzok,

Diňe dowam edýäris, ata-baba däbimiz».

377. Leýs ibn Sagt Kelbi şeýle diýdi*: «Garaňkyda ýoldaşlaryma öýümi salgy berýän iki sany delilim bar. Ol tüm garaňkydaky ot ýagtylygy we it sesidir. Bu ikisi myhmanlyk ýeri salgy bermekde, hatda ýolbelet ýoldaşdanam ýagşydyr. Azaşan adamlaryň gelmegi üçin, alaňyň üstünde uly ot ýakyp goýýaryn».

378. Dygbyl ibn Aly Huzagy şeýle diýdi*: «Eger itim üýrüp, myhmanlary çagyrsa, kalbymda şatlyk çeşmesiniň suwy joş urýar. Olary süýji söz, ýagşylyk we myhmansöýerlik bilen garşy alýaryn. Myhman getirýän it garasöýmez adamlardan haýyrlydyr».

379. It üýrmesiniň myhman üçin çagyryşdygy hakda Ahmet ibn Zufafe Gassany şeýle diýdi*:

«Itlerimiň üýrmegi howluma misgin-pukaralaryň, ötegçi ýolagçylaryň gelendigini aňladýar. Biz her myhmany güler ýüz, açyk göwün bilen kabul edýäris. Myhman islemeýän nadanlaram bar. Emma myhman getirýän itler olardan ýagşydyr».

380. Öz itini soran we oňa bagyşlan biri hakda Dygbylyň aýdany*:

«Bu ite gowy gara,

Köpdür ýagşy gylygy.

Üýrer, gije tümünde,

Getirer myhmanlary.

Öçse ojagyň ody,

Peselende alawy.

Gorjalap, ýakar ony,

Bu, itimiň edebi».



[1]Dadymlyga, nahara