21-nji bölüm: Myhman almakdan ýüz öwürmek we garasöýmezlik

Başy » Mertebeler we kemlikler » 21-nji bölüm: Myhman almakdan ýüz öwürmek we garasöýmezlik

393. Amyr ibn Ymran Dapby şeýle diýdi:

«Biziň bir goňşymyz asla myhman almaýardy. Ol bir güjük aldy. Myhman görse üstüne topulyp, egin-eşigini ýyrtmagy oňa öwretdi. Onuň özi hem bu hakda*:

«Itimiň sesi myhman gelýändigini buşlaýar,

Munuň ýaly gyzykly waka ähli günde duşmaýar.

Meni şeýle şatlandyrýar, parça-parça boljak köwşi,

Bu meniň eziz itimiň, täze myhman garşylaýşy.

Dişi bilen ýaňagyna, unutmaz, agyz salmagy,

Itime şeýdip öwretdim, myhmany garşy almagy» diýip, hiňlener eken.

394. Onuň ýene bir goşgusy*:

«Myhmanlar üçin meniň ýiti dişli itim bar,

Myhman dönýär yzyna, galýar gapa ýetilmän.

Geçäýende itimden, men hem ondan oňat däl.

Saýlasyn myhman birin: It dişi ýa sagat jan».

395. Hutaýýa bir çarwa arabyň ýanyndan geçip barýarka ondan: «Iýere zadyň barmy?» diýip sorapdyr. Ol: «Taýagym bilen gylyjym bar» diýipdir. Hutaýýa: «Men bir myhman ahyry» diýende, ol çarwa: «Wah, menem şony myhmanlara iýdirmek üçin taýýarladym-da» diýipdir.

396. Asmagy şeýle diýdi: «Garasöýmez bir adam maňa şuny aýtdy*:

— Eý, sen eşek, köpelipdir myhmanlar,

Akyp barýar, dirhem bilen dinarlar.

Garyplygyň näme edýänin synla,

Ol bir dertdir bitmez, ol aýyp hem ar,

Garyp ölsek, bize bolar ne mazar,

Ötüp barýan durmuşda bize şeksiz,

Gün goýmazlar, oňmarys biz köpeksiz.

Tümlükde gözi ýiti, dişlegen bir it,

Dişi gyýak, süýregen düşbi gerek,

Ýüzi hyýrsyz ýene hyňranyp duran,

Gözleri gyzaryp, dyňzanyp duran.

Gyýak dişi bolsun, ýiti penjesi,

Gyzaryp duran guduz gözünden ýaňa,

Ot syçrap duran bolsun çar ýana.

Şonda ekabyrlardyr batyrlaram,

Gullardyr azat adamlaram,

Biziň ýanymyzda kiçijik biri bolar».

397. Muhammet ibn Hammat ibn Hammat ibn Muemmil adamlaryň şunuň ýaly gabahat, binamys hereketlerini ýazgaryp şeýle diýdi*:

«Käbir adamlar nahar iýende, seslerini gizläp, öýüň we howlynyň gapysyny baglarlar. Myhman olaryň oduna çoýunmaga tama etmez. Goňşynyň hormaty üçin, ony ezýetden goramaz. Şeýle bir pis adamlar bar, eger itleri myhman görüp üýrse, olar: «Ene, turda oduň üstüne buşuk-da, öçür» diýmekden gaýtmazlar».

398. Binamys bir adam şeýle diýdi:

«Ullakan azyk-iýmiti däl-de, ýanymda oturanda öwünmekden başga zady bolmadyk myhmany ýigrenýärin. Geldiňmi, iýmit getir, şonuň gürrüňini et. Gerekmejek gepden garyn doýýarmy näme?».

399. Ibn Abu Şureýh Magyz obasyndan käbir garyndaşlaryny myhmançylyga çagyrypdyr. Emma hiç kim çakylyga gelmändir. Soň özi olaryň obasyna myhmançylyga gitse, hiç kim ony kabul etmändir. Yzyna lapykeç dolanan Ibn Şureýhiň gözi birdenkä günden gaçyp kölegede gybat edip oturanlara düşüpdir. Onuň gözleýän adamsy hem şol ýerde eken. Şonda ibn Şureýh*:

«Magyzdaky myhmanlarym meniň halymy soranok,

Gün olaryň üstüne gyzgyn şöhlesini taşlanda,

Onuň ýalnyndan olary gybat saýalaryndan başga hiç zat goranok» diýipdir.

 400. Hasan ibn Ybraýym şeýle diýdi: «Bir adam Mosulyň Birt obasynda düşläp, olaryň ählisinden özüni myhman almagy haýyş edipdir. Emma hiç biri ony kabul etmändir. Şeýdip ol gijesini erbet ýagdaýda geçiripdir. Jahan ýagtylansoň ýola düşüp, gidip barýan ol adam*:

«Meniň Birtde geçiren gijämi görmediňizmi, men ol ýerde ne duz datdym, ne bir lukma çörek iýdim, ne-de suw içip agzymy ölledim.

Birtiň ulularyna «Adamkärçiligiňiz şu bolsa siziň diýaryňyz bir gün ýumrular we erbet ýagdaýa düşersiňiz» diýip aýdyň. Tigriň we Zabynyň suwy birleşýän ýerde, suwuňy gysganyp oturmak gowulykmykan».

401. Işýakmazlaryň biri şeýle diýdi*:

«Biz myhmanlara agyr iş buýurmazdan gaçar ýaly, gaýdar ýaly edýäris. Öýleriň arasyndan olara itlerimizi küşgürýäris welin, görgüliler gelmekden bizar bolýarlar».

402. Asmagy şeýle diýdi: Kattal Kilabynyň aýaly bir gün adamsyna bakyp: «Saňa köşejigiň oňurgasyndan nahar ataraýynmy?» diýip sorapdyr. Onda Kattal: «Ýok, bu gün meni goňşym Abu Sufýan nahara çagyrdy, ol şu gün öýlendi» diýip, şolara gidipdir. Abu Sufýan bolsa öý tutunýandygyna garamazdan, hiç kimi çagyrman eken. Şeýdip Kattal öýüne aç dolanypdyr. Ol aýalyna bakyp*:

«Aslynda-da Abu Sufýan ýagşy zada toý tutjaklardan däl. Açlygymyzdan ýaňa ysgyn-rowgatym galmady. Şu wagt şol köşegiň oňurgasyny çigligine hem iýmäge taýyn» diýipdir.

Aýaly: «Ýene aýdyber» diýse, Kattal: «Başga aýdara sözüm ýok» diýipdir. Aýaly: «Onda men aýdaýaýynmy?» diýende, Kattal: «Baş üstüne, aýdyber» diýipdir. Aýaly oňa*:

«Ähli öýden-ä öz öýüň oňatdyr,

Goňşyň zyýapatyndan hem öz naharyň süýjüdir» diýipdir.

403. Abu Nemle şeýle diýdi*:

«Gapyň agzynda böwet ýaly oturan bu garasöýmez, her gelen adama köpek bolup hyňranýar. Adamlara ýigrenjinden ýaňa ol, göz bilen görejiň arasyna çykan çiş ýaly pis».

404. Käbir binamyslar şeýle diýdi*:

«Aç garnyna hezzet isläp, onuň ýanyna bardy,

Ony ham-hyýallary kemsiz aldawa saldy.

Garasöýmezlik edýänimiz üçin,

Gijesini şol ýerde bize gargap geçirdi».

405. Ýene bir işýakmaz şeýle diýdi*:

«Eger biçäre bende, merhemetimden umyt edip, boş garnyna we açlygyna myhman bolsa, oňa ýiti tygymyň gazaby bilen sürünerin welin, bende ajyny-süýjüni duýman, huşundan gider. Goňşyň doýup, sen aç oturmak gelşiksizdir. Baýlygyny çar ýana saçýanlar ahyry hor-homsulyga duçar bolarlar. Zadyňy gysganyp, husytlyga werziş bolmasaň, mertebä eýe bolmarsyň. Şonuň üçin menem hezzet hantama bolýan her bir ötegçä berk daraýaryn».