22-nji bölüm: Goňşy hormaty we haky.

Başy » Mertebeler we kemlikler » 22-nji bölüm: Goňşy hormaty we haky.

406. Möminleriň emiri Aly şeýle diýdi:

«Ýagşy ahlak, hoşniýetli goňşuçylyk we garyndaşlyk gatnaşygy ýurduňyzy düzeldip, ömrüňizi uzaldar».

407. Möminleriň emiri Omar ibn Hattap şeýle diýdi: «Her kim üç zada eýe bolsa, işi kämil bolar. Eger ony goňşusy, dosty we garyndaşy öwüp, alkyşlasa».

408. Eksem ibn Saýfy şeýle diýdi: «Diňe bir goňşyňa azar bermezlik däl, onuň azaryna sabyr-çydam etmek hem hoşniýetli goňşuçylykdyr».

409. Abu Sewret Tam şeýle diýdi: «Howlusyndaky garynjalara Adyý ibn Hatamyň çörek owradyp berýändigini gördüm. Men ondan munuň sebäbini soramda: «Bular meniň goňşularym. Goňşynyň haky bar» diýdi.

410. Müjähit şeýle diýdi: «Allatagalanyň «Dogan-garyndaşlaryňyza, ýetim-misginlere, garyndaş goňşa we bigäne goňşa, ýanyňyzdaky ýoldaşlaryňyza, ýolagçy mysapyra ýagşylyk ediň[1]» diýen sözündäki «Bigäne goňşy» — başga kowumdan bolan goňşy; «Ýanyňyzdaky ýoldaş» — ýola, gezelenje çykanyňyzdaky ýoldaş; «Ýolagçy mysapyr» — gapdalyňyzdan, üstüňizden geçip barýan ýolagçydyr».

411. Hasan şeýle diýdi: «Goňşularyňa ýagşylyk etmek isleseň, uzakdakydan däl-de, ýakynyndan başla».

412. Müjähit şeýle diýdi: «Abdylla ibn Omaryňka myhmançylyga baramda, ogullarynyň biri goýun soýup durdy. Abdylla şol oglana bakyp: «Soýup bolaňsoň, ilki bilen jöhit goňşymyzdan başlagyn» diýip, üç gezek dagy aýtdy. Öz kowmundan bolan biri: «Jöhidi näçe gezek dagy ýatladyň?» diýipdir. Onda Abdylla: «Pygamberimiz bize goňşy hakynda şeýle bir öwüt berýär, biz-ä indi goňşyny mirasdüşer ediň» diýer öýdübem çekinýäris» diýipdir.

413. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi: «Hudaýyň ýanynda iň ýagşy adam, goňşusy üçin ýagşy bolanydyr».

414. Sufýan şeýle diýdi: «Kyýamat güni gör näçe adamyň ykbaly goňşusyna baglydyr? Oňa gapysyny açmasa, ýagşylyk etmese haly teň bolar».

415. Hasan şeýle diýdi: «Goňşylaryňa sowgat etmek isleseň, ilki bilen gapysy ýakyn öýe bar».

416. Akyl ibn Ullafa Murry şeýle diýdi*:

«Men goňşularymdan zadymy gysganmaýaryn, olara gyýa göz bilen garamaýaryn.

Çagajyklaryna hem şarpyk çalmaýaryn, gamçy uzatmaýaryn.

Olary gyzykdyrmak we terbiýelemek üçin bolsa hoşamaý sözleri ulanýaryn».

417. Abu Temmam şeýle diýdi*:

«Goňşyň seň öýüňde keýik eti ýaly süýji bolsa,

Goňşym meň öýümde özüm ýalydyr».

418. Ýezit ibn Hekem, ogly Bedre öwüt berip, şeýle diýdi*:

«Eý Bedr, nakyllar diňe akylly we ýumşak häsiýetli adamlara aýdylýandyr. Öz dostuňa mydama söýgide bol, dowamsyz söýginiň haýry ýokdur. Goňşynyň hakyny öde, sebäbi onuň gadyryny diňe ýagşylar bilýär. Bir zady bil, goňşyň seni bir gün öwmegi ýa ýamanlamagy-da mümkin. Ýöne sen oňa özüniňki ýaly gaýtargy berjek bolmagyn».

419. Jahyz şeýle diýdi: «Dört hili baglanyşyk bar: Söýgi baglanyşygy, garyndaşlyk baglanyşygy, hünär-iş baglanyşygy we goňşy baglanyşygy».

420. Bir adam Kazy Abu Ýusubyň ýanynda: «Pygamber alaýhyssalam bize goňşy hakda şeýle bir ündeýärdi, tasdan ony mirasdüşer hem edipdi» diýipdir. Abu Ýusup ondan: «Bu hakda wesýet eden zady barmy?» diýip soranda, ol adam: «Her bir zatda oňa artykmaç hukugy bagyşlady» diýipdir.

421. Bu wakany maňa Abulkasym Hasr ibn Ahmet ibn Marjy gürrüň berdi. Oňa hem Abu Ýagla Ahmet ibn Müsenne, oňa Abu Rabyg, oňa Salam ibn Sälim, oňa bolsa Muhammet ibn Abu Hamyt, oňa Muhammet ibn Münkedir, oňa hem Jabyr ibn Abdylla gürrüň beripdir: «Pygamber alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Üç hili goňşy bardyr. Bir hakly goňşy, iki hakly goňşy, üç hakly goňşy. Üç hakly goňşy iň ýagşysy hasaplanýar. Bir hakly goňşy Hudaýy bir bilmeýän, kapyr adam bolup, onuň diňe goňşy haky bardyr. Iki hakly goňşy musulman goňşyň bolup, onda goňşuçylygyň hem-de yslamyň haky bar. Üç hakly goňşy musulman bolan garyndaş goňşyňdyr. Onda goňşuçylyk, musulmançylyk we garyndaşlyk haky bar, ine şu goňşynyň haky seniň öňüňde iň beýigidir. Goňşyny sylamagyň iň bärkije edebi, gazanyňda gowran etiňden, onuň tabagyna guýmajak bolsaň, oňa dadyrmajak bolsaň, gowrulan etiň ysy bilen oňa ezýet bermezlikdir».

422. Muny maňa Abu Ymran Musa ibn Ymran Temimi gürrüň berdi. Oňa Abu Muhammet Dawut ibn Abdyrahman kätip, oňa Abu Sagyt Eşej, oňa Abu Halyt, oňa hem Isa ibn Meýsere, oňa Abu Zinat, oňa bolsa Enes ibn Mälik gürrüň beripdir: «Pygamber alaýhyssalam «Goňşynyň hakyny hökman ödäň» diýipdir.

423. Muny maňa Abu Ymran gürrüň berdi. Oňa Abu Sagyt Eşej, oňa Abu Hamyt Ahmar, oňa Muhammet ibn Ajlan, oňa hem atasyndan eşidip kakasy, atasyna bolsa Abu Hüreýre gürrüň beripdir: «Bir adam goňşusynyň berýän ezýetine çydaman, Pygamberiň ýanynda zeýrenipdir. Pygamber alaýhyssalam oňa: «Sabyr et, çyda» diýip, üç gezek dagy yzyna gaýtarypdyr. Halys bolmansoň, dördünji gezek ýanyna gelen adama: «Goş-golamyňy uly ýoluň üstüne dök» diýipdir. Ol adam aýdylyşy ýaly edip goşuny ýoluň üstüne döküp, gyrasynda oturyberipdir. Köçeden geçip barýan mähelle: «Saňa näme boldy? diýip soranlarynda: «Pylany azar berip, günüme goýanok» diýipdir. Adamlar ol adama gargynyp: «Ony Hudaý näletlesin, Hudaý ony uzakda saklasyn» diýip, hersi bir zat aýdyp, ötüp gidipdirler. Bir salymdan soň şol goňşysy gelip: «Goňşy, gaýrat et-de goşlaryňy öýüňe sal, galan ömrüme saňa sähelçe-de ezýet bermäýin» diýipdir.

424. Iýas ibn Eret şeýle diýdi*: «Myhmanlaryna we goňşusyna gaty-gaýrym söz diýmeýän ýigitligim üçin meni alkyşladylar. Men adamlaryň şöhradyna görä däl-de, adamkärçiligine görä goňşy tutýaryn. Howlynyň gowulygy goňşynyň gowulygyna bagly».

425. Başga biri şeýle diýdi*:

«Goňşusy onuň hyýanat ederinden çekinmeýär,

Birnäçe iş başyna düşse hem, oňa goldaw-hemaýat berýär».

426. Bir gezek Abuljehim howlusyny satmakçy bolupdyr. Alyjy bilen ikisi ylalaşyp, bahasyny çözmeli bolanda, Abuljehim oňa garap: «Goňşym Sagyt ibn Asy menden näçä satyn alarsyň?» diýipdir. Müşderi muňa haýran bolup: «Eý, Alla, geň-taň göremok, heý goňşam satylarmy?» diýipdir. Onda Abuljehim: «Üstümde Hudaý bar, goňşym meniň üçin howlymdan eziz. O näme üçin goňşy satylmaýarmyşyn? Zyýan berseňem, ýagşylyk edýän, bir zat dileseň, ýüzüni agraltman berýän, kynçylyga duşaňda goltgy berýän goňşyny nireden taparsyň?» diýipdir. Bu waka Sagyda baryp ýetende, ol Abuljehime ýüz müň dirhem iberip, howlusyny satmazlygy haýyş edipdir.

427. Pygamber alaýhyssalam şeýle diýdi:

«Goňşysyny howp-hatardan goramaýan adamyň, Hudaýa we kyýamat gününe ynandygy däldir».

428. Käbir edebiýatçylar şeýle diýdiler*:

«Üstümdäki goňşy hakyny, bütin ömrümde goraryn. Kyýamat güni Hudaý hem ilki bilen goňşularymyň haky hakda sorar. Goňşym maňa golaýlaşman, dawa-jenjel edip sögse-de, oňa ömrüm boýy sögmerin. Tä kepenim topragyň astyna gömülýänçä, goňşymyň syryny açjak bolmaryn. Goňşymyň syry meniň syrymdyr».

 



[1]Gurhan. «Aýallar» süresi, 36 aýat